Amerikan kompaniýasy penjiresiz hususy uçar konseptini görkezdi
09.06.2025 19:57
10k+

Amerikan kompaniýasy penjiresiz hususy uçar konseptini görkezdi

«Otto Aviation» amerikan kompaniýasy illýuminatorlary (adaty ýolagçy penjireleri) bolmadyk «Phantom 3500» atly täze hususy uçarynyň taslamasyny görkezdi. «The War Zone» maglumat çeşmesiniň habar bermegine görä, gözýaş şekilli göwresi bolan bu uçar raýat maksatly taýýarlanan bolsa-da, harby ugurlar üçin hem peýdaly bolup biler
Volvo XC90 krossoweriniň ikinji nesliniň millionynjy nusgasyny çykardy
09.06.2025 19:49
3.5k+

Volvo XC90 krossoweriniň ikinji nesliniň millionynjy nusgasyny çykardy

Volvo özüniň XC90 krossoweriniň ikinji nesliniň millionynjy nusgasynyň goýberilendigini habar berdi. Ýubileý modeli Şwesiýadaky zawodyň konweýerinden çykdy. Krossower model hatarynda 2002-nji ýylda peýda bolupdy
Android-lerde Crocodilus wirusy ýaýraýar. Ol özüni programma görnüşinde gizläp, maglumatlary ogurlaýar
09.06.2025 19:44
7.2k+

Android-lerde Crocodilus wirusy ýaýraýar. Ol özüni programma görnüşinde gizläp, maglumatlary ogurlaýar

Jenaýatçylar Crocodilus zyýanly programma üpjünçiligini bank we kriptowalýuta hasaplaryna girmek üçin kanuny programmalar hökmünde gizläp, bütin dünýäde Android ulanyjylarynyň arasynda ýaýradýarlar. Bu barada TechSpot neşiri habar berýär
Şwesiýada çagalarynyň dişine dogry ideg etmändigi üçin ene-atasyna temmi çäresi görüldi
09.06.2025 19:30
7.4k+

Şwesiýada çagalarynyň dişine dogry ideg etmändigi üçin ene-atasyna temmi çäresi görüldi

Şwesiýanyň kazyýeti üç çagasynyň dişine dogry seretmändigi üçin ene-atany sekiz aý azatlykdan mahrum etdi. Bu barada Aftonbladet gazeti habar berdi. Boros şäherinde işleýän diş lukmany öz kabul edişligine gelen çagalaryň dişini görenden soň degişli edaralara ýazan arzasy derňew işlerine başlanmagyna sebäp boldy
Ženewada Türkmenistanyň halkara zähmet başlangyçlaryna goşulmagynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
09.06.2025 19:25
3.3k+

Ženewada Türkmenistanyň halkara zähmet başlangyçlaryna goşulmagynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň wekiliýeti 5-nji iýunda Ženewada Halkara Zähmet Maslahatynyň 113-nji mejlisiniň çäklerinde Halkara Iş berijiler Guramasynyň (IOE) we Halkara Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Konfederasiýasynyň (ITUC) wekilleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi
Birinji ýarymynda ýagyş, +39 gradus yssy...: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (09.06 - 15.06)
09.06.2025 14:54
12k+

Birinji ýarymynda ýagyş, +39 gradus yssy...: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (09.06 - 15.06)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar
Galaxy S25 Edge-i söküp, Samsung-yň smartfony nämäniň hasabyna inçeltmegi başarandygy anyklanyldy
09.06.2025 14:51
9k+

Galaxy S25 Edge-i söküp, Samsung-yň smartfony nämäniň hasabyna inçeltmegi başarandygy anyklanyldy

YouTube blogeri JerryRigEverything Samsung Galaxy S25 Edge smartfonynyň sökülýän widesoyny neşir etdi. Ol Galaxy S25 Ultra bilen deňeşdirilende 2,4 mm inçelip, enjamyň ýogynlygynyň bary-ýogy 5,8 mm-e çenli nädip inçeldilendigini anyklady
Beýik britaniýaly alymlar tozan bölejigine barabar skripka şekilini döretdiler
09.06.2025 14:49
5.2k+

Beýik britaniýaly alymlar tozan bölejigine barabar skripka şekilini döretdiler

Lafboro uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) fizikleri uzynlygy 35 mikron we ini 13 mikron bolan skripkanyň şekilini döretdiler, bu adam saçynyň tarynyň galyňlygyndan ýa-da tihohodkanyň ululygyndanam kiçi diýmekdir
Nýu-Ýorkuň howa menziline ilkinji gezek doly elektrikleşdirilen uçar gondy
09.06.2025 14:48
4.5k+

Nýu-Ýorkuň howa menziline ilkinji gezek doly elektrikleşdirilen uçar gondy

Nýu-Ýorkuň Jon F.Kennedi adyndaky halkara howa menziline ilkinji gezek doly elektrikleşdirilen uçar gondy. Beta Technologies tarapyndan işlenip düzülen Alia CX300 dört ýolagçyny we piloty getirdi. Uçuş 45 minut dowam etdi diýip, Reuters habar berýär
Balenciaga Britni Spirs bilen hyzmatdaşlykdaky işini hödürleýär
09.06.2025 14:39
2.6k+

Balenciaga Britni Spirs bilen hyzmatdaşlykdaky işini hödürleýär

Balenciaga amerikan pop ýyldyzy Britni Spirs bilen hyzmatdaşlykda döredilen resort 2026 kapsula kolleksiýasyny hödürledi. Bu Demna Gwasaliýanyň brendiň döredijilik müdiri hökmündäki soňky işidir diýip, Hypebae neşiri habar berýär
Hindistanda köne köşgüň aşagyndan 50 müň kitaply ýerasty kitaphana tapyldy
09.06.2025 14:38
8.5k+

Hindistanda köne köşgüň aşagyndan 50 müň kitaply ýerasty kitaphana tapyldy

Hindistanyň Tikamgar şäherinde (Madhýa-Pradeş ştaty) öňki Tal Koti köşgüniň binasynyň aşagyndan 50 000 sany seýrek kitap ýygyndysy bolan gizlin kitaphana tapyldy. Gymmatly tapyndy hakda Times of India ýazýar. Tal Koti binasy häzir kollej hökmünde ulanylýar
Meta «Aria Gen 2» synag smart-äýnekleriniň tehniki aýratynlyklaryny mälim etdi
09.06.2025 14:29
2.6k+

Meta «Aria Gen 2» synag smart-äýnekleriniň tehniki aýratynlyklaryny mälim etdi

Meta kompaniýasy goşmaça hakykat (augmented reality), emeli aň we robotehnika üçin gözleg platformasy hökmünde taýýarlanan «Aria Gen 2» smart-äýnekleri barada jikme-jik maglumat berdi. Bu barada «The Verge» habar berýär
The Guardian: Melburndaky barlag ylmy AIW-e garşy bejergini tapmaga ýene bir ädim ýakynlaşdyrdy
09.06.2025 13:55
2.9k+

The Guardian: Melburndaky barlag ylmy AIW-e garşy bejergini tapmaga ýene bir ädim ýakynlaşdyrdy

Awstraliýanyň Melburn şäherindäki Piter Doerti adyndaky Ýokanç we immunitet institutynyň alymlary ak gan öýjükleriniň (leýkositleriň) içinde adamyň immunýetmezçilik wirusyny (AIW) ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän usuly işläp düzdüler
Arheologlar Gazagystanda mongollaryň çozuşy wagtynda ýakylan şäheriň galyndylaryny tapdylar
09.06.2025 13:51
7.4k+

Arheologlar Gazagystanda mongollaryň çozuşy wagtynda ýakylan şäheriň galyndylaryny tapdylar

Gazagystanyň günortasyndaky Žetysu oblastynda orta asyr şäheriniň harabalyklary tapyldy. Bu barada "Petroglif awçylary" respublikan jemgyýetçilik gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Olga Gumirowa habar berdi. "Her kimiň köpden bäri gözleýän orta asyr şäherini tapaýdyk öýdýän
Mercedes-Maybach meşhur dizaýner Wirjil Ablowuň hatyrasyna S-Class sedanynyň ýörite wersiýasyny çykardy
09.06.2025 13:48
8.8k+

Mercedes-Maybach meşhur dizaýner Wirjil Ablowuň hatyrasyna S-Class sedanynyň ýörite wersiýasyny çykardy

Mercedes-Benz özüniň flagman S-Class sedanynyň ýörite görnüşlerini çykarmagyny dowam etdirýär. Bu gezek kompaniýa 2021-nji ýylda aradan çykýança «Maybach» taslamasyna gatnaşan meşhur dizaýner Wirjil Ablowuň hormatyna ýörite model çykardy
NASA we Pentagon SpaceX-iň raketalarydyr kosmos gämilerine oruntutar gözleýär
09.06.2025 13:47
2.5k+

NASA we Pentagon SpaceX-iň raketalarydyr kosmos gämilerine oruntutar gözleýär

NASA we Pentagon (ABŞ-nyň Goranmak ministrligi) SpaceX bilen bäsleşýän kompaniýalara ýüzlenip, olary öz raketa daşaýjylarynyň we kosmos gämileriniň işlenip taýýarlanyşyny çaltlandyrmaga çagyrdy. Bu ýagdaý SpaceX kompaniýasynyň eýesi Ilon Mask bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň arasyndaky düşünişmezlikden soň ýüze çykdy
Alkaras “Rolan Garrosyň” 5,5 sagat dowam eden finalynda Sinnerden üstün çykdy
09.06.2025 11:43
5.1k+

Alkaras “Rolan Garrosyň” 5,5 sagat dowam eden finalynda Sinnerden üstün çykdy

Dünýäniň ikinji raketkasy, ispaniýaly Karlos Alkaras Fransiýanyň tennis boýunça Açyk çempionatynda (“Rolan Garros”) ATP reýtinginiň lideri, italiýaly Ýannik Sinneri utdy. Oýun Parižiň toprak kortunda geçip, 4:6, 6:7 (4:7), 6:4, 7:6 (7:3), 7:6 (10:2) hasabynda tamamlandy
Portugaliýa penalti tapgyrynda Ispaniýany utup, Milletler ligasynyň ýeňijisi boldy
09.06.2025 11:13
12k+

Portugaliýa penalti tapgyrynda Ispaniýany utup, Milletler ligasynyň ýeňijisi boldy

Portugaliýanyň milli ýygyndysy UEFA-nyň Milletler ligasynyň finalynda Ispaniýanyň toparyny utup, ýaryşda iki gezek ýeňiji bolan ilkinji topar boldy. Mýunhende geçirilen final oýnunyň esasy wagty 2:2 hasabynda tamamlandy
Raşid Meredow «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
08.06.2025 23:27
4.8k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar
Fransiýa Germaniýany utup, UEFA Milletler ligasynyň bürünç medallaryny aldy
08.06.2025 23:21
9.6k+

Fransiýa Germaniýany utup, UEFA Milletler ligasynyň bürünç medallaryny aldy

UEFA-nyň Milletler ligasynyň üçünji orny ugrunda geçirilen duşuşykda Fransiýanyň milli ýygyndysy Germaniýany ýeňlişe sezewar etdi. Oýun 8-nji iýunda Ştutgartda geçirildi we Didýe Deşamyň şägirtleriniň peýdasyna 2:0 hasap bilen tamamlandy
Ultra-inçe Galaxy S25 Edge ýere gaçmak synagyndan geçmedi
08.06.2025 21:20
9.2k+

Ultra-inçe Galaxy S25 Edge ýere gaçmak synagyndan geçmedi

Samsung täze Galaxy S25 Edge smartfonynyň inçeligini bäsdeşlerinden artykmaçlyk hökmünde görkezýär. Onuň ýogynlygy bary-ýogy 5,8 mm barabar. Ýöne şeýle ykjam korpus iş ýüzünde onuň esasy ýetmezçiligi bolup çykdy – ol gurluşyň aşak gaçanda berkligine täsir edýär
Volvo akylly howpsuzlyk kemerini döretdi. Ol her adama görä awtomatik sazlanýar
08.06.2025 21:13
5.3k+

Volvo akylly howpsuzlyk kemerini döretdi. Ol her adama görä awtomatik sazlanýar

Şwesiýanyň Volvo kompaniýasy adamyň indiwidual aýratynlyklaryna görä sazlanmaga ukyply bolan akylly howpsuzlyk kemerini döretdi. Bu barada The Verge neşiri habar berýär. Täze ulgam ýolagçynyň agramyny, boýuny, bedeniniň massasyny we hatda oturyş ýagdaýyny kesgitleýän datçikleri ulanýar
Beýik Britaniýada Uilýam Terneriň bir ýarym asyr mundan öň ýitirilen suraty tapyldy
08.06.2025 21:09
4.9k+

Beýik Britaniýada Uilýam Terneriň bir ýarym asyr mundan öň ýitirilen suraty tapyldy

Beýik Britaniýada iňlis suratkeşi Uilýam Terneriň 150 ýyl bäri hiç hili maglumat bolmadyk suraty tapyldy. Bu tapyndy barada Sotheby’s auksion öýüne salgylanyp, BBC News we The Guardian habar berýär. Ýagly reňk bilen çekilen surat “Göterilýäm harasat” (The Rising Squall) diýlip atlandyrylýar
«Tottenhem» 17 ýyldan soň kluba ilkinji kubogyny gazandyryp beren tälimçisini wezipeden boşatdy
08.06.2025 21:07
9.5k+

«Tottenhem» 17 ýyldan soň kluba ilkinji kubogyny gazandyryp beren tälimçisini wezipeden boşatdy

Enj Postekoglu Londonyň «Tottenhem» futbol klubunyň baş tälimçiliginden gitdi. 59 ýaşly gresiýaly hünärmeniň wezipeden boşadylandygy barada toparyň metbugat gullugy resmi taýdan habar berdi. Postekoglu «Tottenhemiň» Ýewropa ligasynda ýeňiş gazanmagyndan iki hepde soň işden boşadyldy
Hindistanda dünýädäki iň beýik demir ýol köprüsi guruldy. Ol uçutdan 359 metr belentlikde
08.06.2025 21:05
8.6k+

Hindistanda dünýädäki iň beýik demir ýol köprüsi guruldy. Ol uçutdan 359 metr belentlikde

Hindistanda Çinab demir ýol köprüsiniň resmi açylyşy boldy. Onuň konstruksiýasy  dünýäde iň beýik demir ýol geçelgesi hökmünde ykrar edildi. Ol Kaşmir jülgesindäki Çinab derýasynyň üstünden 359 metr belentlikden geçýär
Forbes dünýäniň iň baý zenanlarynyň reýtingini hödürledi
08.06.2025 21:03
10k+

Forbes dünýäniň iň baý zenanlarynyň reýtingini hödürledi

“Forbes” amerikan žurnaly dünýäniň iň baý zenanlarynyň ýyllyk reýtingini hödürledi. Reýtingde birinji orny telekeçi Diana Hendriks – ABC Supply gurluşyk kompaniýasynyň eýesi eýeledi. Onuň baýlygy 22,3 mlrd dollar diýlip hasaplanýar
Ford howply kemçilik sebäpli ýarym milliona golaý Explorer krossowerini yzyna çagyrýar
08.06.2025 21:02
4.7k+

Ford howply kemçilik sebäpli ýarym milliona golaý Explorer krossowerini yzyna çagyrýar

Ford kompaniýasy 492 145 sany Explorer krossoweriniň yzyna çagyrylýandygyny habar berdi. Mesele 2016-2017-nji ýylda goýberilen modellere degişli. Bu awtoulaglaryň kuzowynyň orta sütüniniň nakladkasynyň ýelimi gopup biler diýip, Car and Driver habar berýär
Denzel Waşington Marvel-iň “Gara Babyr 3” filminde düşer
08.06.2025 20:59
3.3k+

Denzel Waşington Marvel-iň “Gara Babyr 3” filminde düşer

Amerikaly aktýor Denzel Waşington “Gara Babyr” franşizasynyň üçünji bölüminde surata düşer. Bu maglumaty super gahrymançylykly filmiň režissýory Raýan Kugler "E News" gazetine beren interwýusynda tassyklandy. Waşingtonyň özi ozal Kugler üçin ýörite keşp döretmek isleýändigini aýdypdy
Hermès Birkin-iň ilkinji torbasy auksionda çykarylar. Ol Jeýn Birkiniň özüne degişli
08.06.2025 20:55
2.8k+

Hermès Birkin-iň ilkinji torbasy auksionda çykarylar. Ol Jeýn Birkiniň özüne degişli

Aktrisa we aýdymçy Jeýn Birkine degişli bolan Hermes Birkin torbasy 10-njy iýulda Sotheby’s auksionynda satylar. Bu barada The New York Times habar berdi. Torba ilki Manhettendaky auksion öýünde görkeziler, soňra Pariže iberiler
Hyundai emeli aňly, awtopilot funksiýaly we täze dizaýnly Sonata 2026-ny tanyşdyrar
08.06.2025 20:52
4.8k+

Hyundai emeli aňly, awtopilot funksiýaly we täze dizaýnly Sonata 2026-ny tanyşdyrar

Hyundai 2026-njy ýylda görkezilmegine garaşylýan Sonata sedanynyň restaýlingi baradaky jikme-jiklikleri mälim etdi. Esasy täzelikler - Pleos operasiýa ulgamy, kämilleşdirilen multimediýa we awtonom sürüliş funksiýalary
Mercedes-Benz ýük ulagy yzlygyna 125 km ýol geçip, rekord goýdy
08.06.2025 20:49
5.3k+

Mercedes-Benz ýük ulagy yzlygyna 125 km ýol geçip, rekord goýdy

Germaniýanyň Oşersleben ýaryş ýolunda «Mercedes-Benz eActros» elektrikli ýük ulagy ýarym tirkeg bilen yzlygyna 124,7 kilometr ýol geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada «New Atlas» habar berýär. Ulagyň rulunda 50 ýaşly awtoýaryşçy Marko Hellgrewe otyrdy
NASA 2024 YR4 asteroidiniň Aý bilen çaknyşmak ähtimallygyny ýokarlandyrdy
08.06.2025 20:44
3.8k+

NASA 2024 YR4 asteroidiniň Aý bilen çaknyşmak ähtimallygyny ýokarlandyrdy

NASA 2024 YR4 asteroidiniň traýektoriýasyna gaýtadan seredip, onuň Aýa gaçmak ähtimallygyny ýokarlandyrdy. Geçen ýylyň ahyrynda ýüze çykarylan 2024 YR4 asteroidi ilkibaşda asteroid howpuna gözegçilik etmegiň taryhynda Ýer üçin iň çynlakaý howp diýlip ykrar edildi
Kanadaly suwda ýüzüji Makintoş 400 m erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny goýdy
08.06.2025 20:11
3.2k+

Kanadaly suwda ýüzüji Makintoş 400 m erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny goýdy

Kanadaly Sammer Makintoş 400 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy. Kanadada geçirilen ýaryşda 18 ýaşly türgen bu aralygy 3 minut 54,18 sekuntda geçdi. Öňki dünýä rekordy Awstraliýadan dört gezek Olimpiýa çempiony Ariarna Titmusa degişlidi
RAV4-üň premium görnüşi: Toyota Harrier 2027-nji ýylda täze dizaýn we turbomotor bilen çykar
08.06.2025 17:43
4.3k+

RAV4-üň premium görnüşi: Toyota Harrier 2027-nji ýylda täze dizaýn we turbomotor bilen çykar

Toyota Harrier krossoweri 2027-nji ýylda doly täzelenme alar. Ol täze hereketlendiriji we kupe görnüşli dizaýn bilen has uly, sessiz we tygşytly bolar. BestCarWeb ýapon neşiriniň habar bermegine görä, model ýörite gibrid we birikdirilýän gibrid ulgamlar üçin döredilen 1,5 litrlik dört silindrli turbo hereketlendirijisini alar
“Barbini” döredijiler kinostudiýa açdy we eýýäm oýnawaçlar barada 14 taslama taýýarlaýar
08.06.2025 17:41
2.4k+

“Barbini” döredijiler kinostudiýa açdy we eýýäm oýnawaçlar barada 14 taslama taýýarlaýar

Mattel oýnawaç öndürijisi Mattel Studios ady bilen hususy kinostudiýasynyň açylandygyny mälim etdi. Ol kompaniýanyň meşhur oýnawaçlarynyň esasynda filmleri we seriallary düşürer diýip, Deadline habar berýär.  Täze bölümçe kompaniýanyň kino we teletaslamalaryň önümçiligi bilen meşgullanýan ähli bar bolan ugurlaryny birleşdirer
Gemini 2.5 intonasiýa düşünmegi we söhbetdeşliklerde emosiýa bermegi öwrendi
08.06.2025 17:38
1.8k+

Gemini 2.5 intonasiýa düşünmegi we söhbetdeşliklerde emosiýa bermegi öwrendi

Google I/O konferensiýasynda multimodal EA modeli Gemini 2.5-iň täzelenen görnüşi hödürlendi. Indi ol hakyky wagtda audio döretmegi we emosiýalary göz öňünde tutup gürrüňdeşligi alyp barmagy başarýar. Bu funksiýalar Google AI Studio we Vertex AI arkaly işläp düzüjiler üçin elýeterlidir
Apple AirPods nauşniklerine kamerany dolandyrmak mümkinçiligini we uky detektoryny goşar
08.06.2025 17:37
1.8k+

Apple AirPods nauşniklerine kamerany dolandyrmak mümkinçiligini we uky detektoryny goşar

Apple kompaniýasy AirPods nauşnikleri üçin uly täzelenme taýýarlaýar. The Verge-iň maglumatlaryna görä, nauşnikleriň kömegi bilen iPhone ýa-da iPad kamerasyny dolandyryp bolar. Ulanyjylar AirPods-yň “aýagyna” basyp, surata düşürip biler
Merab Dwalişwili rewanşda Şon O’Mellini ýeňip, iň ýeňil agramda UFC-niň çempiony titulyny gorady
08.06.2025 17:30
10k+

Merab Dwalişwili rewanşda Şon O’Mellini ýeňip, iň ýeňil agramda UFC-niň çempiony titulyny gorady

8-nji iýuna geçilen gije Nýuarkda (Nýu-Jersi, ABŞ) garyşyk başa-baş söweş boýunça UFC 316 ýaryşy geçirildi. Agşamyň esasy wakasynda iň ýeňil agramda UFC-niň çempiony Merab Dwalişwili bu diwizionda öňki çempion Şon O’Mellä garşy titul goragyny geçirdi
“Keseki: Ýer” serialynyň doly derejeli treýleri çykdy
08.06.2025 11:23
6.1k+

“Keseki: Ýer” serialynyň doly derejeli treýleri çykdy

FX studiýasy şouranner Noa Houliden “Keseki: Ýer” (Чужой: Земля) serialynyň ilkinji doly derejeli treýlerini hödürledi. Onuň premýerasy 12-nji awgustda bolar. Serialda waka “Prometeýden” birnäçe ýyl we franşizanyň ilkinji filminden 30 ýyl öň bolup geçýär
Bred Pitt we Çenning Tatum howply motoýaryşlar barada filme prodýuserlik eder
08.06.2025 11:18
3.4k+

Bred Pitt we Çenning Tatum howply motoýaryşlar barada filme prodýuserlik eder

Aktýorlar Çenning Tatum we Bred Pitt dünýäde iň howply ýaryşlaryň biri bolan meşhur Isle of Man TT motoýaryşy baradaky filmiň prodýuserleri bolup çykyş eder. Bu barada Deadline habar berýär. Bu filmde baş keşbi Tatum ýerine ýetirer
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.