Hytaýyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

22.07.2025, 09:574,354
1 / 2

21-nji iýulda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowa özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

A.Gurbanow ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde gerekli goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Gepleşikleriň dowamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň syýasy dialogyň güýçlenmegine goşant goşýandygyny bellediler.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň çäginde taraplar energetika pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge ygrarlylyklaryny tassykladylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.