Ägirt uly aýsberg A23a Antarktidanyň kenarynda saýdan çykyp, ýene ýüzüp başlady
05.06.2025 10:12
10k+

Ägirt uly aýsberg A23a Antarktidanyň kenarynda saýdan çykyp, ýene ýüzüp başlady

Ululygy boýunça Lýuksemburgyň çägi bilen deňleşýän A23a ägirt uly aýsbergi  Günorta ummanyň suwlarynda ýene-de hereket edip başlady. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-gözleg institutynyň metbugat gullugy habar berdi
Marsyň üstündäki Perseverance enjamy tozan tüweleýiniň täze suratyny aldy
05.06.2025 10:10
5.3k+

Marsyň üstündäki Perseverance enjamy tozan tüweleýiniň täze suratyny aldy

NASA-nyň Marsdaky Perseverance enjamy Ýere Gyzyl planetanyň üstünden täze selfi iberdi. Surata “tozan arwahy” düşdi – planetanyň üstündäki gyzgyn howa akymlarynyň täsiri bilen emele gelýän uly bolmadyk, aýlanýan tüweleýler şeýle diýlip atlandyrylýar
Goal “Altyn topa” dalaşgärleriň sanawyny täzeledi: oňa Hwiça we Due goşuldy
05.06.2025 10:09
10k+

Goal “Altyn topa” dalaşgärleriň sanawyny täzeledi: oňa Hwiça we Due goşuldy

Goal internet neşiri 2025-nji ýylyň “Altyn top” baýragyna esasy dalaşgärleriň sanawyny täzeledi. Ilkinji onlukda Çempionlar ligasynyň finalyna gatnaşan Milanyň “Interiniň” ýekeje-de oýunçysy ýok. Ýaryşyň ýeňijisi “PSŽ” boldy
Saharadan galyňlygy 4 km bolan ägirt uly tozan buludy Amerikanyň üstünden iner
05.06.2025 10:05
10k+

Saharadan galyňlygy 4 km bolan ägirt uly tozan buludy Amerikanyň üstünden iner

Şu hepde Saharadan uly tozan buludy Atlantik ummanynyň üstünden geçip, Karib basseýnini örtdi we indi ABŞ-a tarap barýar. Tozan bulutlary her ýyl Sahara howa gatlagy diýlip atlandyrylýan atmosfera hadysasynyň netijesinde emele gelýär diýip, Science Alert habar berýär
Samsung ultra-inçe kitapça smartfony Galaxy Z Fold 7 Ultra-nyň relizine taýýarlanýar
05.06.2025 10:03
2k+

Samsung ultra-inçe kitapça smartfony Galaxy Z Fold 7 Ultra-nyň relizine taýýarlanýar

Samsung eplenýän smartfonlaryň hatarynda Galaxy Z Fold 7 Ultra adyny alyp biljek “kitapça” görnüşli täze modeliň peýda bolup biljekdigine yşarat etdi. Ozal bu hatarda kompaniýa diňe adaty wersiýalary çykarypdy
Collider soňky 30 ýylyň iň ýaramaz düşürilen gorkunç filmlerini saýlady
05.06.2025 09:35
4.1k+

Collider soňky 30 ýylyň iň ýaramaz düşürilen gorkunç filmlerini saýlady

Collider amerikan neşiri soňky 30 ýylda çykan iň ýaramaz düşürilen gorkunç filmleriň sanawyny hödürledi. Iň ýaramaz horror “Winni-Puh: Gan we bal” (Винни-Пух: Кровь и мед) filmi boldy. Collider ony “arassa ýaltalyk we içgysgynçlyk” hökmünde häsiýetlendirip, “Bu göz öňüne getirip boljak iň bir ýürekgysgynç we bir görnüşli horror-tejribeleriniň biri” diýip belledi
66 sagatlap dowam eden magnit tupany tamamlandy
04.06.2025 16:13
11k+

66 sagatlap dowam eden magnit tupany tamamlandy

1-nji iýunda sagat 5:00 töweregi başlanan magnit tupanlary 3-nji iýunda 23:00 töweregi tamamlandy. Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň maglumatlaryna görä, olaryň umumy dowamlylygy 66 sagat boldy
“Inter” Simone Indzaginiň baş tälimçi wezipesinden gidendigini mälim etdi
04.06.2025 16:12
8.9k+

“Inter” Simone Indzaginiň baş tälimçi wezipesinden gidendigini mälim etdi

Simone Indzagi ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda “Interiň” baş tälimçisi wezipesini terk etdi. Maglumat italýan klubunyň resmi saýtynda tassyklandy. Indzagi “Intere” 2021-nji ýylyň tomsundan bäri ýolbaşçylyk etdi
Ýamal CIES tarapyndan dünýäniň iň gymmat futbolçysy diýlip atlandyryldy
04.06.2025 16:10
10k+

Ýamal CIES tarapyndan dünýäniň iň gymmat futbolçysy diýlip atlandyryldy

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lamin Ýamal Halkara sport gözlegleri merkeziniň (CIES Football Observatory) wersiýasy boýunça dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy. “Barselona” bilen täze şertnama baglaşandan soň, onuň transfer bahasy 402,3 mln ýewro diýlip hasaplandy
The Weeknd we Nespresso bilelikde kofe kolleksiýasyny çykardy
04.06.2025 15:50
2k+

The Weeknd we Nespresso bilelikde kofe kolleksiýasyny çykardy

Aýdymçy The Weeknd (hakyky ady – Eýbel Makkonen Tesfaýe) «Nespresso» kofe brendi bilen hyzmatdaşlyga başlady. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde olar çäkli sanda kofe garyndylaryny, syýahat üçin kružkalary we ýörite bulgurlary çykardylar diýip, «Hypebeast» neşiri habar berýär
Beýniniň rak keseli üçin täze immunoterapiýa hassalaryň ömrüni bir ýyldan gowrak uzaltdy
04.06.2025 15:47
4.4k+

Beýniniň rak keseli üçin täze immunoterapiýa hassalaryň ömrüni bir ýyldan gowrak uzaltdy

"Gaýtadan düzülen" T öýjüklerine esaslanýan goşa immunoterapiýa beýniniň rak keseli bolan glioblastoma keselli näsaglaryň ömrüni 12 aýdan gowrak uzaltdy. Bu barada Pensilwaniýa döwlet uniwersitetiniň (PSU) lukmançylyk mekdebiniň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berdi
Dolce & Gabbana brendi täze ugurlara 150 million ýewro maýa goýar
04.06.2025 15:44
3k+

Dolce & Gabbana brendi täze ugurlara 150 million ýewro maýa goýar

Dolce & Gabbana işini giňeltmek üçin 150 million ýewro (170 million dollar) möçberinde goşmaça maliýe serişdesini aldy. Bu barada BOF neşiri habar berdi. Kompaniýa birnäçe aý bäri bank karz berijileri bilen gepleşik geçirýär
Heýwere keseli Amerikada Kolumbyň ekspedisiýasyndan müňlerçe ýyl öň peýda bolupdyr
04.06.2025 15:41
4.1k+

Heýwere keseli Amerikada Kolumbyň ekspedisiýasyndan müňlerçe ýyl öň peýda bolupdyr

Taryh okuw kitaplarynda heýwere keseliniň Täze Dünýä ispaniýaly deňizde ýüzüji Kristofer Kolumbyň yklymy açmagy bilen ýewropaly kolonizatorlar we XV asyrda ispan basybalyjylary tarapyndan getirilen diýip hasaplanýar
«Ahyrky nokat: Gan baglanyşyklary» filmi iýunyň ortalarynda sanly görnüşde çykar
04.06.2025 15:36
2.4k+

«Ahyrky nokat: Gan baglanyşyklary» filmi iýunyň ortalarynda sanly görnüşde çykar

«Ahyrky nokat: Gan baglanyşyklary» («Final Destination Bloodlines») horror filmi 17-nji iýunda sanly görnüşde elýeterli bolar diýip, «WhenToStream» portaly habar berýär. «Warner Bros.» studiýasynyň filmi ilkinji gezek maý aýynyň ortalarynda dünýä boýunça prokata çykdy we 50 million dollarlyk býujeti bilen 229 million dollar gazandy
Germaniýada bir şäher isleg bildirýänlere mugt ýaşaýyş jaýlaryny teklip edýär
04.06.2025 15:35
16k+

Germaniýada bir şäher isleg bildirýänlere mugt ýaşaýyş jaýlaryny teklip edýär

2025-nji ýylyň 6-20-nji sentýabry aralygynda Germaniýanyň Aýzenhýuttenştadt şäheriniň häkimiýetleri isleg bildirýänlere doly enjamlaşdyrylan mugt ýaşaýyş jaýlaryny, gezelençleri, şeýle hem tejribe geçmek ýa-da iş tapmak üçin kömek hödürlär
Arktikada gadymy guşlaryň höwürtgeländiginiň ilkinji subutnamasy tapyldy
04.06.2025 15:29
7.5k+

Arktikada gadymy guşlaryň höwürtgeländiginiň ilkinji subutnamasy tapyldy

Amerikaly we kanadaly paleontologlar Alýaskanyň demirgazygynda Giçki hek döwrüniň guşlarynyň süňkleriniň böleklerini tapdylar. Olaryň içinde uly guşlara degişlisi-de, jüýje guşlara degişlisi-de bar. Bu guşlaryň polýar tegeleginiň daşynda, takmynan, 73 million ýyl ozal höwürtgeläp başlandyklary baradaky ilkinji subutnamasy boldy, bu bolsa öň pikir edilişinden 30 million ýyl öň boldugydyr
BMW kemçilikli howpsuzlyk ýassygy sebäpli 2010-2012-nji ýyllarda çykan 3 Series-i yzyna çagyrýar
04.06.2025 15:25
5.1k+

BMW kemçilikli howpsuzlyk ýassygy sebäpli 2010-2012-nji ýyllarda çykan 3 Series-i yzyna çagyrýar

BMW Australia Takata-nyň kemçilikli howpsuzlyk ýassyklary sebäpli 2010-2012-nji ýyllarda çykan 3 Series modellerini yzyna çagyrýar. Yza çagyryş PSDI-5 howpsuzlyk ýassygy, sport ruluny öz içine alýan goşmaça sport bukjaly 2947 sany ulaga degişli
Barlaglar döredijilik sapaklarynyň çagalaryň sözleýiş ukybyny gowulandyrýandygyny görkezdi
04.06.2025 15:21
1.6k+

Barlaglar döredijilik sapaklarynyň çagalaryň sözleýiş ukybyny gowulandyrýandygyny görkezdi

Russiýanyň Witus Bering adyndaky Kamçatka döwlet uniwersitetiniň barlagçylary döredijilik taslamalarynyň sözleýişinde bozulmalary bolan mekdebe çenli ýaşly çagalaryň bu ukybyny gowulandyrmaga kömek edýändigini subut etdiler
Amazoniýada altynyň bikanun gazylyp alynmalary tokaýyň dikelmegine päsgelçilik döredýär
04.06.2025 15:15
5.1k+

Amazoniýada altynyň bikanun gazylyp alynmalary tokaýyň dikelmegine päsgelçilik döredýär

Amazon tokaýlarynda bikanun altyn gazyp almalar tokaýlaryň dikelişini haýalladýar. Alymlaryň anyklamagyna görä, metaly çykarmagyň iň giň ýaýran usuly topragyň güýçli zaýalanmagyna we aşa gyzmagyna sebäp bolýar
Toyota täze ultra-ykjam Aygo X krossowerini hödürledi
04.06.2025 15:06
3.2k+

Toyota täze ultra-ykjam Aygo X krossowerini hödürledi

Toyota Ýewropa bazary üçin örän ykjam Aygo X krossoweriniň täzelenen görnüşini hödürledi. Esasy üýtgeşme Yaris modeliniň gibrid güýç enjamyna geçmegi boldy. Öňki kuwwaty 72 at güýji bolan bir litrlik hereketlendirijiniň deregine indi awtomobilde jemi 116 at güýjüni berýän 1,5 litrlik benzin hereketlendirijisi bilen gibrid ulanylýar
Karlsen ilkinji gezek Gukeşden ýeňlip, özüni saklap bilmedi: ýumruk bilen stola urup, dessine çykyp gitdi
04.06.2025 14:34
8.9k+

Karlsen ilkinji gezek Gukeşden ýeňlip, özüni saklap bilmedi: ýumruk bilen stola urup, dessine çykyp gitdi

Magnus Karlsen 19 ýaşly hindi grossmeýsteri Gukeş Dommarajudan ýeňleninden soň duýgularyna erk edip bilmedi. Oýundan soň ol ýumruk bilen stola urdy, metbugat wekilleri bilen gürleşmän, çaltlyk bilen ýaryşyň geçirilýän ýerini terk etdi
Türkmenistanyň DIM-nde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
04.06.2025 14:18
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-nde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

3-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Wagyz işleri boýunça bölüminiň başlygynyň orunbasary Hu Hepin bilen duşuşdy
Türkmenistanyň dürli ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary welosipedli ýörişleri geçirdiler
04.06.2025 14:13
4.9k+

Türkmenistanyň dürli ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary welosipedli ýörişleri geçirdiler

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary sport çärelerini we welosipedli ýörişleri guradylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. 1-nji iýunda Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasy tarapyndan Daşkent şäherinde welosipedli ýöriş geçirildi
Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy
04.06.2025 13:51
2.9k+

Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

3-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Palestina Döwletiniň ilçisi Hossein Ali Mostafa Gannam bilen duşuşdy diýip, türkmen daşary syýasat edarasynda habar berdiler
Günorta Koreýanyň täze Prezidenti demokrat Li Çže Mýon boldy
04.06.2025 13:47
6.9k+

Günorta Koreýanyň täze Prezidenti demokrat Li Çže Mýon boldy

Oppozision Demokratik partiýadan dalaşgär Li Çže Mýon Günorta Koreýanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Ol 49%-den gowrak ses aldy diýip, Bi-bi-si habar berýär. Onuň esasy garşydaşy – “Halkyň güýji” dolandyryjy partiýasyndan dalaşgär Kim Mun Su 41% ses alyp, ýeňlendigini boýun aldy we ýeňijini gutlady
Nvidia ýene Microsoft-dan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy
04.06.2025 13:43
1.8k+

Nvidia ýene Microsoft-dan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy

Nvidia bazar bahasy boýunça ýene-de dünýäniň iň uly kompaniýasy boldy. Şu hepde onuň bazar bahasy 3,45 trln dollara ýetdi we netijede Microsoft-dan öňe geçdi. CNBC-niň habar bermegine görä, Microsoft söwda sessiýasyny 3,44 trln dollar görkeziji bilen ýapdy
Türkmenistanyň ilçisi Monakonyň Şazadasyna ynanç hatlaryny gowşurdy
04.06.2025 13:30
4.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Monakonyň Şazadasyna ynanç hatlaryny gowşurdy

30-njy maýda Türkmenistanyň Monako Knýazlygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýew Monakonyň Şazadasy Alber II-ä ynanç hatlaryny gowşurdy. Ilçi diplomatik işini Parižde oturýan ýerinden alyp barar
Türkmenistanly karateçiler Samarkantda halkara ýaryşynda 15 medal gazandylar
04.06.2025 13:24
4.6k+

Türkmenistanly karateçiler Samarkantda halkara ýaryşynda 15 medal gazandylar

30-njy maý 1-nji iýun aralygynda Samarkantda (Özbegistan) kiokuşinkaý karate boýunça halkara ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş etdi. Erkekleriň agram derejelerinde türkmen türgenleri ýokary netijeleri görkezdiler
Counter-Strike 2-de maý aýyndaky täzelenmeden soň ýalňyşlyklar we näsazlyklar ýygjamlaşdy
04.06.2025 11:05
2.7k+

Counter-Strike 2-de maý aýyndaky täzelenmeden soň ýalňyşlyklar we näsazlyklar ýygjamlaşdy

Dünýäniň dürli künjeklerinden Counter-Strike 2-niň oýunçylary tehniki näsazlyklaryň artandygyny habar berýärler. Bu näsazlyklar oýna düýpli täsir etmeýän hem bolsa, olaryň aglabasy häzire çenli düzedilmän galýar
Tibetiň asmanynda ýyldyrymyň seýrek görnüşi bolan "gyzyl spraýt" surata düşürildi
04.06.2025 10:59
6.9k+

Tibetiň asmanynda ýyldyrymyň seýrek görnüşi bolan "gyzyl spraýt" surata düşürildi

Tebigy hadysaly suratlary bilen tanalýan hytaýly astro suratçy Dun Şuçan seýrek atmosfera hadysasyny - gyzyl spraýty surata düşürdi. Surat Tibet platosynda deňiz derejesinden 5000 metrden gowrak belentlikden düşürildi
Kýolnda Ikinji jahan urşy döwrüniň partlaman galan bombalary tapyldy: 20 müň adam ewakuasiýa ediler
04.06.2025 10:51
9.9k+

Kýolnda Ikinji jahan urşy döwrüniň partlaman galan bombalary tapyldy: 20 müň adam ewakuasiýa ediler

Germaniýada 20 müň töweregi adam Ikinji jahan urşy döwrüniň ok-därileriniň tapylmagy sebäpli ewakuasiýa ediler. Bu barada ýerli administrasiýa salgylanyp, Bild habar berýär. 2-nji iýunda Kýolnyň Doýs sebitinde alnyp barlan geologiki işleriň dowamynda hünärmenler üç amerikan awiabombasyny tapdy
Sisiliýada Etna wulkany 2014-nji ýyldan bäri iň güýçli ýagdaýynda atylyp başlandy
04.06.2025 10:46
6.7k+

Sisiliýada Etna wulkany 2014-nji ýyldan bäri iň güýçli ýagdaýynda atylyp başlandy

Sisiliýada Etna wulkany atylyp başlandy. Bu barada Italiýanyň Milli geofizika we wulkanologiýa institutyna salgylanyp, ANSA agentligi habar berýär. Wulkan atylmazdan öň krateriň bir bölegi opuryldy, bu hem piroklastik akymyna getirdi – bu gyzgyn gazlaryň, külüň we daşlaryň garyndysydyr
UEFA 2025/26 möwsümiň öň ýanynda klublaryň täzelenen koeffisentli jedwelini neşir etdi
04.06.2025 08:16
11k+

UEFA 2025/26 möwsümiň öň ýanynda klublaryň täzelenen koeffisentli jedwelini neşir etdi

UEFA soňky bäş möwsümiň netijeleri boýunça täzelenen klub koeffisentleriniň reýtingini çap etdi. 2025/26 möwsüm başlamazyndan ozal bu sanawyň birinji basgançagynda Madridiň "Real" topary ýerleşýär. UEFA-nyň koeffisentleri klublaryň soňky bäş ýylda Ýewropa kuboklarynda gazanan üstünliklerini görkezýär
Ýerden Günüň ozal görlüp-eşidilmedik takyklykdaky wideosy alyndy
04.06.2025 08:06
9.8k+

Ýerden Günüň ozal görlüp-eşidilmedik takyklykdaky wideosy alyndy

Astronomlar Ýerden Günüň iň jikme-jik şekillerini almagy başardy. Munuň üçin olar ABŞ-da ýerleşýän «Uly Aýy» obserwatoriýasyndaky (Big Bear Solar Observatory) «Goode Solar» teleskobynyň kämilleşdirilen adaptasiýaly optika ulgamyndan peýdalandy, diýip «EurekAlert» ýazýar
Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
04.06.2025 07:58
5.8k+

Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

3-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabatda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Welosipedli ýöriş Aşgabatdaky Saglyk ýolundan badalga aldy. Ýörişe gatnaşyjylar Arçabil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen ýola düşdüler
Galaxy S25 Edge ultra-inçe korpusyna garamazdan, çydamlylyk synagyndan geçdi
03.06.2025 21:17
9.4k+

Galaxy S25 Edge ultra-inçe korpusyna garamazdan, çydamlylyk synagyndan geçdi

Ultra-inçe Galaxy S25 Edge tehnobloger Zak Nelsonyň (JerryRigEverything) çydamlylyk synagyndan üstünlikli geçdi. Korpusynyň ýogynlygynyň bary-ýogy 5,8 mm we agramynyň 163 g bolmagyna garamazdan, smartfon berk bolup çykdy
Iň güýçli i4: BMW Ferrari-niň ýagty Rosso Corsa öwüşgünindäki M60 kupesini tanyşdyrdy
03.06.2025 21:11
4.7k+

Iň güýçli i4: BMW Ferrari-niň ýagty Rosso Corsa öwüşgünindäki M60 kupesini tanyşdyrdy

BMW elektrikli gran-kupäniň iň güýçli wersiýasy bolan i4 M60 modelini hödürledi. Täze model Maserati-niň we Ferrari-niň ýaryş awtoulaglaryndan ylham alnan ýagty Rosso Corsa reňkinde tanyşdyryldy. Täze model öňki i4 M50-niň ornuna geldi we birnäçe möhüm täzelikler bilen çykdy
Hytaýyň Geely kompaniýasynyň akkumulýatory 36 tonnalyk tankyň basyşyna çydady
03.06.2025 21:09
10k+

Hytaýyň Geely kompaniýasynyň akkumulýatory 36 tonnalyk tankyň basyşyna çydady

Hytaýyň Geely awtoulag öndürijisi «Galaxy E5» elektromobili üçin niýetlenen «Aegis Gold Brick» akkumulýatoryny adatdan daşary synagdan geçirdi. Akkumulýatoryň üstünden 36 tonnalyk «ZTZ-59D» tankynyň birnäçe gezek geçendigine garamazdan, oňa hiç hili zeper ýetmedi diýip, «Interesting Engineering» habar berýär
Argentinadaky gazuw-agtaryş işlerinde «garynja adamyň» galyndylary tapyldy
03.06.2025 21:02
11k+

Argentinadaky gazuw-agtaryş işlerinde «garynja adamyň» galyndylary tapyldy

Argentinanyň Katamarka prowinsiýasynyň San-Fernando şäherinde gurluşyk işleri alnyp barylýan wagty, işçiler içinde adam galyndylary bolan iki sany jaýlama urnasyny tapdylar. Olaryň birinde şekili örän uzyn bolan kelleçanak hem bardy
Siriýada 4500 ýyllyk gadymy çaga oýnawaçlary tapyldy
03.06.2025 21:00
4.4k+

Siriýada 4500 ýyllyk gadymy çaga oýnawaçlary tapyldy

Daniýanyň Milli muzeýinden arheologlar 1930-njy ýyllarda Siriýanyň Hama şäherinden tapylan käbir keramika bölekleriniň, aslynda, çagalaryň şaňňyrdy oýnawaçlary bolandygyny ýüze çykardy. 4500 ýyl ozal bäbekler bu şakyrdawuklar bilen oýnapdyr
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.