Türkmenistanda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnama tassyklanyldy

19.07.2025, 07:2916,939

«Türkmenistanda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça 2025 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminama ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak, adamyň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, bu ugurda netijeli we toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edildi.
Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň hem-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine meýilnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.