Alymlar derini, süňkleri we beýleki dokumalary 3D bio çap etmek üçin täze materiallary döretdiler
31.05.2025 16:39
2.6k+

Alymlar derini, süňkleri we beýleki dokumalary 3D bio çap etmek üçin täze materiallary döretdiler

N.I.Lobaçewskiý adyndaky Milli barlag Nižegorod döwlet uniwersitetiniň himikleri (UNN) derini, süňkleri, gan damarlaryny we beýleki dokumalary 3D bio çap etmek üçin material döretdiler. Bu barada uniwersitetiň metbugat gullugy habar berdi
Kia täze EV3 elektroulagynyň hatyrasyna XCeed krossowerini önümçilikden aýrar
31.05.2025 16:23
2.1k+

Kia täze EV3 elektroulagynyň hatyrasyna XCeed krossowerini önümçilikden aýrar

Kia kompaniýasy ykjam XCeed krossowerini ýygnamagy bes etmek kararyna geldi. Bu model üstümizdäki ýylda önümçilikden aýrylar. Munuň sebäbi, elektrik ulaglary segmentinde markanyň strategiýasynyň möhüm bölegine öwrüljek täze Kia EV3 elektrik ulagyny satuwa çykarmak ugrundaky taýýarlyklar bilen baglanyşykly
Finlýandiýada gadymy rus galasy 1 ýewro satyldy
31.05.2025 16:21
10k+

Finlýandiýada gadymy rus galasy 1 ýewro satyldy

Finlýandiýanyň Kotka şäherinde ýerli hökümet Senaatti-kiinteistöt döwlet kompaniýasyndan gadymy Kýuminlinna (Kýumenegorod) galasyny satyn aldy. Şertnamanyň bahasy simwoliki 1 ýewro boldy. Öňki eýesi çykdajysynyň aşa köpdügi sebäpli emlägi saklamakdan ýüz öwürdi diýip, RBK ýazýar
Urguda gataýan ýumşak motosikl şlemi döredildi
31.05.2025 16:19
3.4k+

Urguda gataýan ýumşak motosikl şlemi döredildi

«D3O» kompaniýasy dünýäde ilkinji gezek nenýuton materialyndan taýýarlanan podkladkaly motosikl şlemini işläp düzdi. Adaty ýagdaýda ol ýumşak bolýar, emma urgy wagtynda tiz wagtda gatap, goragy üpjün edýär. Täze önümiň 2027-nji ýylda satuwa çykarylmagyna garaşylýar diýip, «ITHome» habar berýär
NASA-nyň öňki inženeri kosmosdan selfi edýän mugt hyzmaty ýola goýdy
31.05.2025 16:17
3.4k+

NASA-nyň öňki inženeri kosmosdan selfi edýän mugt hyzmaty ýola goýdy

NASA-nyň öňki inženeri Mark Rober kosmosdan selfi etmäge mümkinçilik berýän mugt hyzmaty ýola goýdy. Surata Sat Gus hemrasynda oturdylan kamera arkaly düşürilýär diýip, CrunchLabs kompaniýasynyň web sahypasynda habar berilýär
Ýaralanan, göze görünmeýän gahrymanlar: Environmental Photography Award 2025-iň ýeňijileri
31.05.2025 15:59
7.2k+

Ýaralanan, göze görünmeýän gahrymanlar: Environmental Photography Award 2025-iň ýeňijileri

Environmental Photography Award 2025 bäsleşiginiň (“Daşky gurşawyň fotosuraty baýragy 2025”) guramaçylary ýeňijileri we finalçylary yglan etdi. Baýrak ekologiýa, tebigaty goramak we ýitip barýan görnüşleri goramak meselelerine ünsi çekmek üçin Monakonyň knýazy Alber II-niň gaznasy tarapyndan döredildi
Benksi täze graffitisini görkezdi, ýöne onuň ýerleşýän ýerini aýan etmedi
31.05.2025 15:51
2.6k+

Benksi täze graffitisini görkezdi, ýöne onuň ýerleşýän ýerini aýan etmedi

Britaniýaly strit-art (köçe sungaty) suratkeşi Benksi täze işini hödürledi. Instagramda ýerleşdirilen suratda goňras diwaryň ýüzüne trafaret bilen çekilen maýak görünýär. Onuň üstünde bolsa: «Men siziň mende görýän zadyňyz bolasym gelýär» diýlip ýazylan
Netflix «Pyçaklar çykaryldy» filminiň trikweli üçin syrly tizerleri paýlaşdy
31.05.2025 15:49
2.9k+

Netflix «Pyçaklar çykaryldy» filminiň trikweli üçin syrly tizerleri paýlaşdy

Netflix striming hyzmaty «Pyçaklar çykaryldy: Oýan, merhum» («Wake Up Dead Man: A Knives Out Mystery») atly filme degişli iki sany tizer paýlaşdy. Bu meşhur detektiw Benua Blank barada düşürilýän franşizanyň üçünji bölümi bolup, onuň keşbini ýene-de Deniel Kreýg ýerine ýetirýär
Land Rover Defender 2026 tanyşdyryldy: BMW-den V8 hereketlendiriji we 635 at güýji
31.05.2025 15:23
5.1k+

Land Rover Defender 2026 tanyşdyryldy: BMW-den V8 hereketlendiriji we 635 at güýji

Land Rover 2026-njy ýyl üçin täzelenen Defender modelini tanyşdyrdy. Bu barada «Carscoops» habar berýär. Täze model täze görnüşli LED çyralar we garaldylan yzky yşyklar bilen enjamlaşdyrylan. Täze reňk görnüşleriniň goşulmagy bilen, ulagyň daşky görnüşi has-da özüne çekiji boldy: «Woolstone», «Borasco» we «Sargasso» ýaly täze öwüşginler goşuldy
Space Epoch dessin ýükleri eltiji raketanyň ilkinji böküş synagyny geçirdi
31.05.2025 15:15
1.7k+

Space Epoch dessin ýükleri eltiji raketanyň ilkinji böküş synagyny geçirdi

29-njy maýda Hytaýyň Space Epoch kompaniýasy YXZ-1 göteriji raketanyň ilkinji böküş synagyny geçirdi. Geçen ýyl ol Alibaba Group bilen gaýtadan ulanylýan raketalary ulanyp, tutuş dünýä boýunça harytlary dessin eltmek barada şertnama baglaşdy
Bloomberg: Apple kompaniýasy iOS 19-a derek göni iOS 26-ny çykarar
31.05.2025 15:00
1.6k+

Bloomberg: Apple kompaniýasy iOS 19-a derek göni iOS 26-ny çykarar

Apple kompaniýasy operasion ulgamlary belgileýiş usulyny düýpgöter üýtgetmegi meýilleşdirýär diýip, Bloomberg agentligi habar berýär. Agentligiň çeşmeleriniň sözlerine görä, Apple-yň indiki operasion ulgamlary wersiýa belgisi boýunça däl-de, çykaryljak ýylyndan soňky ýyl boýunça atlandyrylar
Heýli Biber Rhode kosmetika brendini 1 milliard dollara satdy
31.05.2025 14:57
3.9k+

Heýli Biber Rhode kosmetika brendini 1 milliard dollara satdy

e.l.f. Beauty kompaniýasy bir milliard dollara amerikaly model Heýli Biber tarapyndan esaslandyrylan Rhode gözellik brendini satyn aldy diýip, CNN habar berýär. Şertnama e.l.f. Beauty-ä 800 million dollara düşdi, galan 200 million dollary kompaniýa Biber-e satuwlaryň bahasy ýokarlanan ýagdaýynda tölär
Ilaty has bilimli ýurtlaryň reýtingi çap edildi
31.05.2025 14:55
12k+

Ilaty has bilimli ýurtlaryň reýtingi çap edildi

Ýurduň abadançylygy köp babatda zähmete ukyply ilatyň bilim derejesine baglydyr. Bilimli hünärmenler köplenç ýokary netijeliligi gazanýarlar, innowasiýalary ornaşdyrýarlar we ykdysady ösüşe goşant goşýarlar. Olaryň goşandy döwletiň ösüşi üçin durnukly esas döredýär
“Tom we Jerriniň” anime wersiýasy YouTube-da mugt görkeziler
31.05.2025 13:58
1.8k+

“Tom we Jerriniň” anime wersiýasy YouTube-da mugt görkeziler

Warner Bros. kompaniýasy Tom & Jerri Gokko anime serialynyň treýlerini – syçan bilen pişigiň tükeniksiz oňşuksyzlygy hakyndaky meşhur “Tom we Jerri” multserialynyň täze wersiýasyny hödürledi. Bu treýlerde gahrymanlar, nusgawy multserialdaka garanyňda, biraz dostlukly gatnaşyklara ýykgyn edýärler
Skorseze we DiKaprio “Karfagen ýegsan edilmeli” filmine prodýuserlik eder
31.05.2025 11:09
3.1k+

Skorseze we DiKaprio “Karfagen ýegsan edilmeli” filmine prodýuserlik eder

Martin Skorseze bilen Leonardo DiKaprio “Karfagen ýegsan edilmeli” (Карфаген должен быть разрушен) atly täze uruşly filme prodýuserlik eder. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Film üçin ssenarini “Ouşeniň on bir dosty” (Одиннадцать друзей Оушена) filminiň awtory hökmünde tanalýan Ted Griffin ýazdy
Audi önümçiligi we logistikany kämilleşdirmek üçin EA-ny işjeň ulanyp başlady
31.05.2025 11:08
3.2k+

Audi önümçiligi we logistikany kämilleşdirmek üçin EA-ny işjeň ulanyp başlady

Audi emeli aňy önümçilik we logistika işlerine işjeň ornaşdyryp başlady. Häzirki wagtda kompaniýa awtomobil ýygnamak işini tizleşdirmäge, hili ýokarlandyrmaga we wagty tygşytlamaga gönükdirilen 100-den gowrak taslamany durmuşa geçirýär
Mekgede robot-ýolbelet peýda boldy: ol zyýaratçylara kömek edýär we 11 dilde gürleýär
31.05.2025 11:06
12k+

Mekgede robot-ýolbelet peýda boldy: ol zyýaratçylara kömek edýär we 11 dilde gürleýär

Hajyň öňüsyrasynda Mekgedäki Al-Haram metjidinde Manara atly gumanoid robot peýda boldy. Ol zyýaratçylary ugrukdyrmaga kömek edip, arap, iňlis, urdu, bengal we malaýýa ýaly 11 dilde soraglara jogap berýär. 2025-nji ýylda haj möwsümi 4 – 9-njy iýunda geçirilýär
Jeki Çan karate boýunça gara guşagyň eýesi boldy
31.05.2025 11:03
10k+

Jeki Çan karate boýunça gara guşagyň eýesi boldy

Gonkongly aktýor Jeki Çan karate boýunça gara guşak aldy. Dabara Nýu-Ýorkda “Karateçi oglanjyk: Ussatlar” (Каратэ-пацан: Легенды) filminiň premýerasy wagtynda geçirildi diýip, Bütindünýä karate federasiýasynyň (WKF) saýtynda habar berildi
Massimiliano Allegri ýene-de “Milana” tälimçi bellendi
31.05.2025 10:59
3.9k+

Massimiliano Allegri ýene-de “Milana” tälimçi bellendi

Italýan futbol kluby “Milan” Massimiliano Allegriniň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini habar berdi. Ýylyň başynda “Milana” ýolbaşçy bolan portugaliýaly hünärmen Seržiu Konseýsau bir gün öň işden çykaryldy
29-30-njy maýda 2024-nji ýyldan bäri iň dowamly magnit hadysasy boldy: ol 27 sagatlap dowam etdi
31.05.2025 10:57
5.5k+

29-30-njy maýda 2024-nji ýyldan bäri iň dowamly magnit hadysasy boldy: ol 27 sagatlap dowam etdi

29-njy maýda 05:00-dan 30-njy maýda 08:00-a çenli (Aşgabat wagty) Ýer magnit hadysasynyň täsirine düşdi. Ol 2024-nji ýylyň maý aýynda bolup geçen rekord hadysadan soň iň dowamlysy boldy diýip, RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizika institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň saýtynda habar berilýär
“Real” Trent Aleksandr-Arnoldyň geçendigini resmi taýdan yglan etdi
31.05.2025 10:54
6.3k+

“Real” Trent Aleksandr-Arnoldyň geçendigini resmi taýdan yglan etdi

Madridiň “Realy” “Liwerpulyň” ýetişdiren oýunçysy we Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Trent Aleksandr-Arnoldyň topara geçendigini resmi taýdan yglan etdi. Futbolçy bilen şertnama 2031-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli möhlet bilen baglaşyldy
Türkmenistan we Italiýa arheologik barlaglar babatynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyk baglanyşdylar
31.05.2025 10:42
4.2k+

Türkmenistan we Italiýa arheologik barlaglar babatynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyk baglanyşdylar

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Italiýanyň degişli düzümleri bilen arheologik barlaglar babatynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklary gazandy. Ylalaşyklary özara alyşmak dabarasy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana iş saparynyň çäklerinde geçirildi
Serdar Berdimuhamedowyň Astanada «Merkezi Aziýa — Italiýa» birinji sammitinde eden çykyşy
31.05.2025 09:06
7.9k+

Serdar Berdimuhamedowyň Astanada «Merkezi Aziýa — Italiýa» birinji sammitinde eden çykyşy

(Astana şäheri, 2025-nji ýylyň 30-njy maýy) Hormatly Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri hanym Jorja Meloni! Hormatly Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary! Wekiliýetleriň agzalary! Hanymlar we jenaplar
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammitine gatnaşdy
31.05.2025 09:01
6.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammitine gatnaşdy

30-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy. Sammitiň geçirilen ýeri bolan «Garaşsyzlyk» köşgüniň eýwanynda Türkmenistanyň Prezidentini Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew garşylady
Serdar Berdimuhamedow Italiýa bilen hyzmatdaşlygy ulgamlaşdyrmak boýunça tekliplerini beýan etdi
31.05.2025 08:44
7.5k+

Serdar Berdimuhamedow Italiýa bilen hyzmatdaşlygy ulgamlaşdyrmak boýunça tekliplerini beýan etdi

30-njy maýda Gazagystanda «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki sammite gatnaşmagynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloni bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow Astanada Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy
31.05.2025 08:33
3.8k+

Serdar Berdimuhamedow Astanada Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy

30-njy maýda Gazagystana iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Söhbetdeşler sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, hususan-da, parahatçylygy
Toyota öz awtomobillerinde hususy operasion ulgamyny ulanyp başlar
30.05.2025 17:02
9.3k+

Toyota öz awtomobillerinde hususy operasion ulgamyny ulanyp başlar

Toyota awtomobiller üçin öz Arene operasion ulgamynyň üstünde işleýär. Ony indiki ýylyň mart aýynda kompaniýanyň iň meşhur modelleriniň biri bolan täze nesil RAV4 ulagyna ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Financial Times-yň habar bermegine görä, Arene-niň işlenip taýýarlanmagy ýedi ýyl bäri dowam edýär
Nýu-Ýorkuň merkezine tölegli giriş ýylyň başyndan bäri $217 mln getirdi
30.05.2025 16:59
6.7k+

Nýu-Ýorkuň merkezine tölegli giriş ýylyň başyndan bäri $217 mln getirdi

2025-nji ýylyň başynda Nýu-Ýorkda awtomobil sürüjileri üçin girizilen töleg şäher gaznasyna 4 aýda 217 mln dollar getirdi. Bu barada Nýu-Ýorkda şäher transport ulgamyna jogap berýän şäheriň ulag edarasyna (Metropolitan Transportation Authority, MTA) salgylanyp, Bloomberg habar berýär
Alymlar Bethoweniň kelleçanagynyň suraty esasynda onuň ýüzüni gaýtadan dikeltdiler
30.05.2025 16:58
7.5k+

Alymlar Bethoweniň kelleçanagynyň suraty esasynda onuň ýüzüni gaýtadan dikeltdiler

3D modelirleme boýunça britaniýaly hünärmen Sisero Moraes ilkinji gezek Lýudwig wan Bethoweniň (1770-1827) kelleçanagynyň esasynda onuň daşky keşbini gaýtadan dikeltdi. Onuň aýtmagyna görä, portret “bellibir derejede agras” boldy, kompozitory döwürdeşleri-de hut şeýle suratlandyrypdy diýip, OrtogOnLineMag žurnalyna salgylanyp, Daily Mail ýazýar
“Ahyrky nokat: Gan baglanyşygy” horror-franşizanyň iň köp girdeji gazanan bölümi boldy
30.05.2025 16:57
7.4k+

“Ahyrky nokat: Gan baglanyşygy” horror-franşizanyň iň köp girdeji gazanan bölümi boldy

“Ahyrky nokat: Gan baglanyşygy” (Пункт назначения: Узы крови) filmi meşhur horror-franşizanyň iň girdejili bölümi boldy. Filmiň dünýädäki kassa ýygymy 189 mln dollardan geçdi. Muny BoxOfficeMojo portalynyň maglumatlary delillendirýär
Russiýada glaukoma operasiýalary üçin dünýäde ilkinji mikrostent döredildi
30.05.2025 16:54
5.7k+

Russiýada glaukoma operasiýalary üçin dünýäde ilkinji mikrostent döredildi

Russiýada glaukomany hirurgiki bejermek üçin dünýäde ilkinji mikrostent döredildi. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň (RYA) prezidenti Gennadiý Krasnikow 28-30-njy maý aralygynda Moskwada geçirilýän RYA-nyň umumy ýygnagynda mälim etdi
Xiaomi arassa girdejisini 64% artdyryp, I çärýekde smartfon satuwlaryny ýokarlandyrdy
30.05.2025 16:50
1.8k+

Xiaomi arassa girdejisini 64% artdyryp, I çärýekde smartfon satuwlaryny ýokarlandyrdy

«Xiaomi» kompaniýasy birinji çärýek boýunça maliýe netijelerini çap etdi. Kompaniýanyň umumy girdejisi 111,3 mlrd ýuana (15,4 mlrd dollara) ýetip, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 47% köpeldi. Arassa girdeji bolsa 64,5% ýokarlanyp, 1,48 mlrd dollara ýetdi
Höwesjeňler ilkinji Macintosh-yň mini-nusgasyny döretdiler: ol indi eliň aýasyna sygýar
30.05.2025 16:46
5.2k+

Höwesjeňler ilkinji Macintosh-yň mini-nusgasyny döretdiler: ol indi eliň aýasyna sygýar

1bitrainbow taslamasyna gatnaşyjylar ilkinji Apple Macintosh kompýuteriniň 5,5 esse kiçeldilen nusgasyny hödürledi. Ol Pico-mac-nano diýip atlandyrylýar we bu mini PK-nyň boýy bary-ýogy 62 mm bolup, eliň aýasyna sygýar
Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Italiýa» sammitine gatnaşmak üçin Gazagystana bardy
30.05.2025 16:41
10k+

Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Italiýa» sammitine gatnaşmak üçin Gazagystana bardy

Şu gün, 30-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Gazagystana iş sapary bilen ugrady.  Aşgabadyň halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar
“Bir Supra” çörek önümleri dükany Gurban baýramy mynasybetli arzanlaşyk yglan etdi
30.05.2025 13:16
12k+

“Bir Supra” çörek önümleri dükany Gurban baýramy mynasybetli arzanlaşyk yglan etdi

Aşgabatda «Bir Supra» ady bilen hereket edýän çörek we çörek önümleri dükanlary Gurban baýramy mynasybetli däp bolan arzanlaşyk aksiýasyny yglan etdi. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen arzanlaşyklar bu ýyl iýun aýynyň 1-inden 30-y aralygynda hereket eder
Instagram Android-de batareýany çalt çökerip başlady: Google eýýäm çözgüt tapdy
30.05.2025 13:15
4.7k+

Instagram Android-de batareýany çalt çökerip başlady: Google eýýäm çözgüt tapdy

Android ulanyjylary Instagram goşundysynyň has köp energiýa sarp edip başlandygyna üns berdi. Bu mesele Reddit-de we beýleki platformalarda işjeň ara alnyp maslahatlaşyldy. Ulanyjylar deň wagtda ulanmak bilen dürli goşundylaryň energiýany sarp edişini deňeşdirdi
Apple-iň özbaşdak bejeriş programmasy indi iPad-e hem degişli boldy
30.05.2025 13:13
1.5k+

Apple-iň özbaşdak bejeriş programmasy indi iPad-e hem degişli boldy

Apple kompaniýasy Self Service Repair özbaşdak bejeriş programmasyny giňeltdi, indi ol iPad planşetlerini hem öz içine alýar. Mundan beýläk ätiýaçlyk şaýlary we abatlaýyş gurallary dürli modeller, şol sanda esasy wersiýa, mini, Air we Pro modelleri üçin elýeterlidir
Beýik Britaniýada uçýan taksi ilkinji gezek açyk asmanda synag edildi
30.05.2025 13:12
8.2k+

Beýik Britaniýada uçýan taksi ilkinji gezek açyk asmanda synag edildi

Britaniýanyň Vertical Aerospace kompaniýasy Ýewropada açyk howa giňişliginde ilkinji gezek howa taksisiniň uçuşyny amala aşyrdy. Bu barada The Daily Telegraph gazeti habar berýär. VX4 elektrouçarynyň prototipi Angliýanyň gündogar-günbataryndaky Kotsuolds sebitiniň asmanyna göterildi
BMW-niň ähli modelleri 3,5 ýylda Neue Klasse dizaýnyna geçer
30.05.2025 13:09
8.4k+

BMW-niň ähli modelleri 3,5 ýylda Neue Klasse dizaýnyna geçer

BMW kompaniýasy 5-nji seriýadan başlap, model hatarynyň uly täzelenmesi barada habar berdi. Üç ýarym ýylyň içinde markanyň ähli awtomobilleri, şol sanda benzin ulaglary Neue Klasse dizaýnyna we tehnologiýalaryna geçer
iPhone 16 2025-nji ýylyň I çärýeginde dünýäde iň köp satylan smartfon boldy
30.05.2025 13:07
3.7k+

iPhone 16 2025-nji ýylyň I çärýeginde dünýäde iň köp satylan smartfon boldy

iPhone 16 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde dünýäde iň köp satylan smartfon boldy. Bu barada Counterpoint Research habar berýär. Ýaponiýada we Afrika ýurtlarynda islegiň artmagy we Apple-iň üstünlikli baha strategiýasynyň netijesinde esasy iPhone modeli ikiýyllyk arakesmeden soň birinji orna gaýdyp geldi
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.