“Tottenhem” “Brentforddan” Tomas Franky baş tälimçi wezipesine belledi
14.06.2025 10:23
2.1k+

“Tottenhem” “Brentforddan” Tomas Franky baş tälimçi wezipesine belledi

“Tottenhem” Tomas Frankyň baş tälimçi wezipesine bellenendigini yglan etdi. 51 ýaşly daniýaly hünärmen bilen şertnama 2028-nji ýyla çenli hereket eder. Frank täze wezipede Enj Postekogluny çalyşdy. KHBS-iň maglumatlaryna görä, “Brentford”, takmynan, 12 mln ýewro möçberde öwez tölegine tälimçini goýbermäge razy boldy
Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýada halkara ykdysady foruma gatnaşar
14.06.2025 10:19
1.5k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýada halkara ykdysady foruma gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, wise-premýer N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasynda gulluk iş saparynda bolar. Sapar 2025-nji ýylyň 17 — 21-nji iýuny aralygynda amala aşyrylar
Türkmenistan Ýakyn Gündogarda emele gelen dartgynly ýagdaý bilen baglanyşykly aladalanmasyny bildirýär - DIM
14.06.2025 10:03
10k+

Türkmenistan Ýakyn Gündogarda emele gelen dartgynly ýagdaý bilen baglanyşykly aladalanmasyny bildirýär - DIM

  Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ysraýylyň 2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Eýranyň çäginde ýerleşýän ilatly nokatlara we desgalara raketa zarbalaryny amala aşyrmagy bilen baglylykda, resmi beýanat bilen çykyş etdi
Suwda ýüzüji Makintoş 5 günde üçünji dünýä rekordyny goýdy
14.06.2025 09:53
2.5k+

Suwda ýüzüji Makintoş 5 günde üçünji dünýä rekordyny goýdy

Üç gezek Olimpiýa çempiony Sammer Makintoş Kanadanyň çempionatynda 400 metr aralyga toplumlaýyn ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi. Täze netije 4 minut 23,65 sekunt boldy. Bu aralykda öňki rekord hem onuň özüne degişlidi
Google, Spotify, ChatGPT we beýleki hyzmatlaryň işinde global näsazlyk ýüze çykdy
14.06.2025 09:50
1.9k+

Google, Spotify, ChatGPT we beýleki hyzmatlaryň işinde global näsazlyk ýüze çykdy

Downdetector platformasynyň maglumatlaryna görä, 12-nji iýun gijesi uly sanly hyzmatlaryň birnäçesiniň işinde giň gerimli näsazlyk ýüze çykdy. Ulanyjylar Google hyzmatlaryny – Cloud, Drive, Meet, Gmail, şeýle-de gözleg ulgamy we YouTube wideohostingini ulanmaga synanyşanlarynda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolandyklaryny habar berdiler
Microsoft Windows 11-de täze funksiýalar bilen süýşürilýän «Başlat» menýusyny synag edýär
14.06.2025 00:39
1.8k+

Microsoft Windows 11-de täze funksiýalar bilen süýşürilýän «Başlat» menýusyny synag edýär

Microsoft korporasiýasy Windows 11 operasion ulgamynyň synagçylary üçin täzelenen «Başlat» (Start) menýusyny Dev Channel arkaly hödürledi. Täze görnüşli menýu has ulaldy, süýşürmäge ukyply interfeýs bilen üpjün edildi we sazlama degişli birnäçe täze mümkinçilikler girizildi
Ýewropada maglumat geçiriş tizliginde rekord goýuldy: 3500 km aralykdan 1,2 Tbit/sek
14.06.2025 00:35
2.7k+

Ýewropada maglumat geçiriş tizliginde rekord goýuldy: 3500 km aralykdan 1,2 Tbit/sek

Ýewropaly alymlar rekord goýdy – CSC (Finlýandiýa), SURF (Niderlandlar) we Nokia konsorsiumy 3500 kilometr aralykdan maglumatlary 1,2 Tbit/sek tizlikde geçirmegi başardy. Bu üstünlik superkompýuterleriň işini tizleşdirer we maglumatlaryň kwant goragyny üpjün eder diýip, Interesting Engineering ýazýar
Kewin de Brýoýne resmi taýdan “Napoliniň” oýunçysy boldy
13.06.2025 17:42
9.4k+

Kewin de Brýoýne resmi taýdan “Napoliniň” oýunçysy boldy

Belgiýaly ýarymgoragçy Kewin de Brýoýne “Napoliniň” oýunçysy boldy. Bu barada italýan klubunyň metbugat gullugy habar berdi. “Şa Kew şu ýerde” – diýlip, “Napoliniň” X sosial ulgamyndaky (ozal Twitter) habarynda aýdylýar
Balkanabatda mugallymlaryň festiwaly geçirildi
13.06.2025 17:37
7.7k+

Balkanabatda mugallymlaryň festiwaly geçirildi

Balkanabat şäherinde “Kämil mugallym – kämil nesil” atly mugallymlaryň festiwaly geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de “Kämil Bilim” okuw merkeziniň bilelikde guramagynda geçirilen bu çäre ýurdumyzyň günbatar sebitiň orta mekdeplerinde bilim berýän mugallymlaryň ýüzden gowragyny bir ýere jemledi
Türkmenistanda ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
13.06.2025 17:31
5.5k+

Türkmenistanda ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
Serdar Berdimuhamedow ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak hakynda Karara gol çekdi
13.06.2025 13:02
6.7k+

Serdar Berdimuhamedow ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak hakynda Karara gol çekdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda Karara gol çekdi. Şu ýyl bäsleşigiň emin agzalary hödürlenen işleri seljerip, jemi 118 sany ýaş alymy ýeňiji diýip yglan etdiler
Tramp 5 mln dollara “altyn kart” almak üçin arzalary kabul ediş saýtyny işe girizdi
13.06.2025 12:24
18k+

Tramp 5 mln dollara “altyn kart” almak üçin arzalary kabul ediş saýtyny işe girizdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çarşenbe güni bahasy bäş million dollar bolan “altyn karty” – ABŞ-da  hemişelik wizany almak maksady bilen arzalary tabşyrmak üçin saýtyň işe girizilendigini habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, wiza almak üçin nobat eýýäm açyk
Aleksander-Arnold “Realyň” oýunçysy boldy we 12-nji belgini aldy
13.06.2025 12:19
13k+

Aleksander-Arnold “Realyň” oýunçysy boldy we 12-nji belgini aldy

12-nji iýunda “Real Madrid Sitide” Madridiň “Realynyň” täze gyraky goragçysy Trent Aleksander-Arnoldyň resmi tanyşdyrylyşy geçirildi. 26 ýaşly angliýaly futbolçy bilen şertnama alty ýyl hereket eder. Täze klubda Trent 12-nji belgi bilen oýnar
Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň ýolbaşçylaryna awiaheläkçilik zerarly gynanç bildirdi
13.06.2025 12:12
22k+

Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň ýolbaşçylaryna awiaheläkçilik zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Ahmedabad şäherinde ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi
Hytaýda giriş synaglary döwründe emeli aň programmalarynyň käbir funksiýalary öçürildi
13.06.2025 10:58
4.8k+

Hytaýda giriş synaglary döwründe emeli aň programmalarynyň käbir funksiýalary öçürildi

Hytaý kompaniýalary milli giriş synagy bolan Gaokaonyň adalatly geçmegini üpjün etmek maksady bilen, meşhur çat-botlarynda şekil tanamak funksiýalaryny wagtlaýyn öçürdiler. Bu synag 7-10-njy iýun aralygynda mekdeplerde geçirildi diýip, «Bloomberg» agentligi habar berýär
«Inoue» teleskoby Günüň fotosferasyny öň görlüp-eşidilmedik jikme-jiklikde görkezdi
13.06.2025 10:53
8.6k+

«Inoue» teleskoby Günüň fotosferasyny öň görlüp-eşidilmedik jikme-jiklikde görkezdi

«Inoue» teleskoby Günüň fotosferasynyň häzire çenli düşürilen iň jikme-jik suratlaryny aldy we ilkinji gezek, takmynan, 20 kilometrlik inçe magnit zolaklaryny görkezmegi başardy. Bu zolaklar Günüň granullarynyň – konweksion öýjükleriň diwarlary boýunça uzalyp gidýär
Chanel galyndylar bilen işlemek boýunça täze bölümçäni işe girizdi
13.06.2025 10:47
2.8k+

Chanel galyndylar bilen işlemek boýunça täze bölümçäni işe girizdi

Chanel fransuz moda öýi galyndylar bilen işlemek, gerekmejek materiallary peýdaly ulanmak we gaýtadan işlenilýän materiallary döretmek boýunça täze bölümçäniň işe girizilendigini habar berdi. Ol Nevold (Never Old sözlerinden gysgaltma) adyny aldy
“Tanyş görünýär”: Samsung iOS 26-nyň täze funksiýalarynyň anonsy üçin Apple-i ýene ýaňsylady
13.06.2025 10:45
6.2k+

“Tanyş görünýär”: Samsung iOS 26-nyň täze funksiýalarynyň anonsy üçin Apple-i ýene ýaňsylady

Samsung-yň amerikan bölümçesi iOS 26-nyň tanyşdyrylyşyna seslenip, bäsdeşini ýene ýaňsylamak mümkinçiligini elden bermedi. WWDC 2025 konferensiýasynyň dowamynda Apple täzelenen operasion ulgamlary we emeli aňa esaslanýan täze funksiýalary hödürledi
Hytaýda gök reňkli 131 santimetrlik Labubu gurjagy 1,08 mln ýuana satyldy
13.06.2025 10:40
4.6k+

Hytaýda gök reňkli 131 santimetrlik Labubu gurjagy 1,08 mln ýuana satyldy

Hytaýda geçirilen ýazky “Ýunle” onlaýn auksionynda boýy 131 sm bolan gök plastik Labubu gurjagy 1,08 mln ýuana (takmynan, $150 müň) satyldy. Bu gurjak heýkeliniň şu görnüşde ýeke-täk nusgasydyr diýip, “Keçuanban žibao” neşiri ýazýar
Google Chrome täzelenmeleri käbir köne iPhone we iPad modelleri üçin elýeterli bolmaz
13.06.2025 10:38
1.5k+

Google Chrome täzelenmeleri käbir köne iPhone we iPad modelleri üçin elýeterli bolmaz

Meşhur Google Chrome brauzeri indi köne Apple enjamlarynda täzelenmez. MacRumors portalynyň habar bermegine görä, bu birnäçe iPhone we iPad modellerine degişli bolar. Deslapky maglumatlara görä, geljekki Chrome wersiýalary aşakdaky enjamlary goldamaz: iPhone X; iPhone 8; iPhone 8 Plus; 5-nji nesil iPad; Birinji nesil 9,7 dýuýmlyk iPad Pro; Birinji nesil 12,9 dýuýmlyk iPad Pro
Repçi Snup Dogg barada baýopik düşüriler
13.06.2025 10:35
3.4k+

Repçi Snup Dogg barada baýopik düşüriler

Repçi Snup Dogg özi baradaky filmiň surata düşüriş işlerine gatnaşar. Bu filmde onuň dünýä meşhurlygyna alyp baran ýoly we aýdym-saz pudagyndaky ilkinji ädimleri barada gürrüň berler diýip, Deadline neşiri habar berýär
BMW million kilometre barabar ýol geçen 5 Series E39 modelini görkezdi
13.06.2025 10:29
14k+

BMW million kilometre barabar ýol geçen 5 Series E39 modelini görkezdi

BMW Blog web saýty 1996-njy ýylyň 10-njy iýunynda çykan we Finlýandiýada hasaba alnan BMW 5 Series E39 sedany barada habar berdi. Bu awtoulagyň odometri 940 müň 503 kilometr görkezýär. Blogda bellenilişi ýaly, awtoulag ýylda ortaça 35 müň kilometr ýol geçipdir
Türkiýede patyşa Midas bilen baglanyşykly 2800 ýyllyk mazar tapyldy
13.06.2025 10:27
9.1k+

Türkiýede patyşa Midas bilen baglanyşykly 2800 ýyllyk mazar tapyldy

Ankaranyň günorta-günbatarynda ýerleşýän gadymy Gordion şäherinde arheologlar, takmynan, 2800 ýyl mundan ozalky döwre degişli mazar tapdylar. Hünärmenleriň pikirine görä, bu mazar ady rowaýata öwrülen patyşa Midasyň garyndaşlaryna degişli bolup biler diýip, Live Science ýazýar
Çikagonyň haýwanat bagynda delfiniň dogluşynyň seýrek pursatlaryny wideo aldylar
13.06.2025 10:24
8.8k+

Çikagonyň haýwanat bagynda delfiniň dogluşynyň seýrek pursatlaryny wideo aldylar

Çikagodaky Brukfild haýwanat bagynyň gözegçileri hepdäniň ahyrynda çüýşeburun delfiniň çagasynyň dünýä inişiniň seýrek pursatlaryny wideo aldylar diýip, Associated Press ýazýar. Wideoýazgyda Elli lakamly 38 ýaşly afaliniň haýwanat bagyndaky  ýaşaýan ýerinde çagasyny dünýä indirişi görünýär
“Bawariýa” adidas-dan täze öý eşigini görkezdi
13.06.2025 10:14
4.9k+

“Bawariýa” adidas-dan täze öý eşigini görkezdi

Mýunheniň “Bawariýasy” 2025/2026 möwsümi üçin täze öý eşigini hödürledi. Klubuň tehniki hemaýatkäri bolup Germaniýanyň adidas kompaniýasy çykyş edýär. Täze eşik toplumy adaty gyzyl-ak reňklerde ýerine ýetirildi, ýöne onda “M” harpyny emele getirýän özboluşly “glitç” effekti bar
Müňlerçe ulagly Morning Midas gämisi bir hepde bäri Ýuwaş ummanda ýanmagyny dowam edýär
13.06.2025 09:50
22k+

Müňlerçe ulagly Morning Midas gämisi bir hepde bäri Ýuwaş ummanda ýanmagyny dowam edýär

Bir hepde mundan ozal Alýaskanyň kenarlaryndaky Ýuwaş ummanda ot alan Morning Midas ýük gämisi ýanmagyny we ýüzmegini dowam etdirýär. ABŞ-nyň kenar goragy edarasy tarapyndan alnan surat gämä düýpli zyýan ýetendigini görkezýär
Hindistanda dünýäde ilkinji gezek Boeing Dreamliner heläkçilige uçrady, ýekeje ýolagçy diri galdy
13.06.2025 09:48
22k+

Hindistanda dünýäde ilkinji gezek Boeing Dreamliner heläkçilige uçrady, ýekeje ýolagçy diri galdy

12-nji iýunda Hindistanyň günbataryndaky Gujarat ştatynda Air India awiakompaniýasynyň Boeing 787-8 Dreamliner ýolagçy uçary heläkçilige uçrady. Ol Ahmadabat şäherinden Londona gatnaw edýärdi. Heläkçilik uçar howa menzilinden uçandan gysga wagtdan soň bolup geçdi
Dubaýda 2029-njy ýyla çenli dünýäde iň beýik metro stansiýasy gurlar
12.06.2025 22:42
9.7k+

Dubaýda 2029-njy ýyla çenli dünýäde iň beýik metro stansiýasy gurlar

Dubaýda täze metro liniýalarynyň gurluşygy başlandy. Taslama şäheriň demirgazyk-gündogar bölegini özgertmäge, transport ýüküni azaltmaga we halkara howa menzili bilen göni aragatnaşygy üpjün etmäge gönükdirilendir
Huawei üýtgeşik kameraly Pura 80 Ultra flagmanyny hödürledi
12.06.2025 22:38
6.9k+

Huawei üýtgeşik kameraly Pura 80 Ultra flagmanyny hödürledi

Huawei resmi taýdan Pura 80 flagman smartfon hataryny hödürledi. Oňa Pura 80, 80 Pro, 80 Pro+ we Pura 80 Ultra modelleri girdi. Tanyşdyrylyş dabarasynda esasy täzelik iki dürli periskopik obýektiw bilen işläp bilýän bir sensora eýe bolan Ultra modeli boldy
Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirilýär
12.06.2025 22:28
2.7k+

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirilýär

Şu gün, 12-nji iýunda Aşgabatda «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ylym, teh­ni­ka we in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar» hal­ka­ra ylmy mas­la­ha­t öz işine başlady. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň yl­my jemgyýet­çi­li­giniň we­kil­le­rini, şeýle hem iki günlük foruma gatnaşyjylary gutlady
Şa gyzy Diananyň garderobyndan 100-den gowrak zat auksiona çykarylar
12.06.2025 22:10
3.4k+

Şa gyzy Diananyň garderobyndan 100-den gowrak zat auksiona çykarylar

Iýul aýynyň ahyrynda Bewerli-Hillzde (Kaliforniýa ştaty, ABŞ) Princess Diana's Style & A Royal Collection auksiony geçiriler. Onda şa gyzy Diananyň garderobyndan ýüzden gowrak egin-eşik predmeti we aksessuarlar hödürlener diýip, CNN habar berýär
Jaguar içinden ýandyrylýan hereketlendiriji bilen soňky awtomobilini çykarar: ol 60 nusga bilen çäklener
12.06.2025 22:05
4.7k+

Jaguar içinden ýandyrylýan hereketlendiriji bilen soňky awtomobilini çykarar: ol 60 nusga bilen çäklener

Jaguar içinden ýandyrylýan hereketlendiriji bilen soňky awtomobilini çykarar diýip, Carscoops habar berýär. Bu F-Pace SVR 575 Ultimate Edition krossoweriniň çäkli toplumy bolup, bary-ýogy 60 nusga hödürlener. Olar diňe Awstraliýa üçin niýetlenýär
2026-njy ýylyň “Formula-1” möwsüminde Madridde hem ýaryş geçiriler
12.06.2025 22:04
2.3k+

2026-njy ýylyň “Formula-1” möwsüminde Madridde hem ýaryş geçiriler

Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) we “Formula-1-iň” ýolbaşçylygy 2026-njy ýyl möwsüminiň dünýä çempionatynyň senenamasyny hödürledi. Geçenki üç ýylda bolşy ýaly jemi 24 ýaryş meýilleşdirilýär. Möwsüm 6-8-nji martda Awstraliýadaky tapgyrdan başlar we 4-6-njy dekabrda Abu-Dabide tamamlanar
Kann kinofestiwaly indiki ýyl üçin senäni tassyklady
12.06.2025 18:20
3k+

Kann kinofestiwaly indiki ýyl üçin senäni tassyklady

2026-njy ýylda Kann kinofestiwaly 12-nji maýdan 23-nji maý aralygynda geçiriler. Bu barada ýakynda 78-nji möwsümini tamamlan festiwalyň resmi sosial ulgamlarynda habar berilýär. Kann kinobazarynyň geçiriljek senesi heniz belli däl
Apple-yň WWDC 2025 tanyşdyrylyşy soňky 10 ýylda iň gysgasy boldy
12.06.2025 12:35
4.9k+

Apple-yň WWDC 2025 tanyşdyrylyşy soňky 10 ýylda iň gysgasy boldy

Apple-iň WWDC 2025 konferensiýasyndaky tanyşdyrylyşy 92 minut dowam etdi – bu soňky on ýylda iň gysga tanyşdyrylyş diýlip, kompaniýanyň resmi YouTube kanalynda habar berilýär. 2015-nji ýyldan 2019-njy ýyl aralygynda tanyşdyrylyşyň dowamlylygy 140 – 145 minut boldy
Coldplay, Jeý Balwin, Doja Cat we Tems dagy Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalynyň arakesmesinde çykyş eder
12.06.2025 12:31
4.6k+

Coldplay, Jeý Balwin, Doja Cat we Tems dagy Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalynyň arakesmesinde çykyş eder

Nýu-Jersi ştatynyň Ist-Rezerford şäher okrugyndaky MetLife stadionynda FIFA-nyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň final oýnunyň arakesmesinde aýdym-sazly şüweleň bolar. FIFA 13-nji iýulda boljak konsertde kolumbiýaly aýdymçy Jeý Balwiniň, repçi aýdymçy Doja Cat-yň we nigeriýaly artist Temsiň esasy hedlaýnerler boljakdygyny habar berdi
Amerikan restoranynda azatmahynyň emeli eti hödürlenip başlandy
12.06.2025 12:26
8.7k+

Amerikan restoranynda azatmahynyň emeli eti hödürlenip başlandy

ABŞ-nyň Azyk önümlerine we derman serişdelerine gözegçilik edarasy (FDA) Wildtype kompaniýasynyň barlaghanasy tarapyndan döredilen “ýabany azatmahynyň” (losos) emeli etiniň satuwyny tassyklady. Önüm howpsuz diýlip ykrar edildi we eýýäm Oregon ştatynyň Portlend şäherindäki Kann restoranynda myhmanlara hödürlenýär diýip, The Verge habar berýär
Disney+ Marvel-den “Demir ýürek” mini-serialynyň täze treýlerini görkezdi
12.06.2025 12:25
2.9k+

Disney+ Marvel-den “Demir ýürek” mini-serialynyň täze treýlerini görkezdi

Disney+ “Gara babyr: Wakanda baky” (Чёрная Пантера: Ваканда навеки) filminiň dowamy bolan “Demir ýürek” mini-serialynyň ikinji treýlerini çykardy. Sýužetiň merkezinde Demir ýürek hökmünde tanalýan 15 ýaşly okuwçy we oýlap tapyjy Riri Uilýams durýar
Serdar Berdimuhamedow ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini gutlady
12.06.2025 12:07
6.2k+

Serdar Berdimuhamedow ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini gutlady

Pre­zi­den­t Ser­dar Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­la­ry­ny yl­my iş­ler bo­ýun­ça ge­çi­ri­len bäs­le­şik­de ga­za­nan uly üs­tün­lik­le­ri­ bi­len gut­la­dy. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, bi­lim
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň bugdaý meýdanlarynda orak möwsümi başlandy
12.06.2025 10:13
7.7k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň bugdaý meýdanlarynda orak möwsümi başlandy

11-nji iýunda Türkmenistanyň Da­şo­guz we Bal­kan we­la­ýat­la­ry­nyň bug­daý meý­dan­la­ryn­da orak möw­sü­mi­ne ba­dal­ga be­ril­di. Da­şo­guz hem-de Bal­kan we­la­ýat­la­ryn­da ora­gyň baş­lan­ma­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da