Hytaýda 10G ulgamy eýýäm işe girizildi: 8K filmi bir minutda ýükläp alyp bolýar
21.04.2025 12:28
5.7k+

Hytaýda 10G ulgamy eýýäm işe girizildi: 8K filmi bir minutda ýükläp alyp bolýar

Huawei we China Unicom Sýunan sebitinde ilkinji giň zolakly 10G ulgamyny işe girizdi. Ol dünýäde şeýle derejeli ilkinji çözgüt bolan 50G PON tehnologiýasyna esaslanýar. Täze ulgam geçiriş ukybyny adaty gigabit derejesinden 10G çenli artdyrmaga mümkinçilik berýär, gijikdirme bolsa millisekunta çenli azalýar
Bagama adalaryndan 1976-njy ýylda ýazylyp, çüýşede taşlanan hat tapyldy
21.04.2025 12:26
7k+

Bagama adalaryndan 1976-njy ýylda ýazylyp, çüýşede taşlanan hat tapyldy

Doganlar Klint we Ewan Baffington Bagamalaryň kenarynda çüýşede 1976-njy ýylda ýazylan haty tapdylar. Bu barada olar WCVB-TV teleýaýlymynda gürrüň berdiler. Bu tapyndy birnäçe hepde mundan öň, kenarýakada gezelenç wagtynda ýüze çykaryldy
Towuk öndürýan kompaniýa Trampyň wezipä girişmek dabarasyna iň köp pul beren kompaniýa boldy
21.04.2025 12:16
9.7k+

Towuk öndürýan kompaniýa Trampyň wezipä girişmek dabarasyna iň köp pul beren kompaniýa boldy

ABŞ-da iň uly towuk öndürijileriniň biri bolan Piligrim’s Pride kompaniýasy Prezident Donald Trampyň wezipä girişmek dabarasyna 5 mln dollar bagyş etdi. Bu şeýle goldawy beren ähli kompaniýalaryň  arasynda iň uly mukdardyr
Tailandda ilkinji “robokop” asudalygy goramaga çykdy
21.04.2025 12:15
9.4k+

Tailandda ilkinji “robokop” asudalygy goramaga çykdy

Tailandda emeli aňly ilkinji polisiýa-robot hödürlendi. Ol Songkran baýramynyň bellenilen wagtynda synagdan geçirildi diýip, Interesting Engineering portaly habar berýär. Robot Pol Col Nakhonpathom Plod Phai adyny aldy, bu bolsa “Nakhonpathom howpsuz ýagdaýda” diýmegi aňladýar
Apple iPhone 16e-de öz öndürýän düzüm böleklerini beýleki modellerden has köp ulanypdyr
21.04.2025 12:11
3.5k+

Apple iPhone 16e-de öz öndürýän düzüm böleklerini beýleki modellerden has köp ulanypdyr

iPhone 16e smartfony diňe bir Apple-iň öz işläp taýýarlan modemine eýe bolan ilkinji model däl. Counterpoint Research analitikleri onuň, eýsem kompaniýa tarapyndan döredilen komponentleriň paýy boýunça-da rekord eýesidigini anyklady
Arheologlar Tehasda 6500 ýyllyk gadymy awçy esbaplarynyň buky ýerini tapdylar
21.04.2025 12:08
6.4k+

Arheologlar Tehasda 6500 ýyllyk gadymy awçy esbaplarynyň buky ýerini tapdylar

Arheologlar Tehas ştatynyň (ABŞ) günbatarynda ýerleşen Marfa şäheriniň golaýyndaky San-Esteban gaýa gowagyndan gadymy aw esbaplarynyň toplumyny tapdylar. Bu buky ýer, takmynan, 6500 ýyl mundan ozal taşlanyp gidilipdir diýip, Sul-Ross döwlet uniwersitetinde habar berdiler
Eşidişi dikeltmäge niýetlenen täze çeýe neýroimplantat makakalarda üstünlikli synag edildi
21.04.2025 12:01
3.2k+

Eşidişi dikeltmäge niýetlenen täze çeýe neýroimplantat makakalarda üstünlikli synag edildi

Ýewropanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň barlagçylary beýniniň sesleri kabul edýän bölegine birikdirilýän çeýe elektrodlar we elektronika toplumyny döretdiler. Enjam makaka-rezuslarda üstünlikli synag edildi diýip, Lozannanyň Federal politehniki mekdebiniň (EPFL) metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berýär
Pnewmaçekiçden şikes alan erkek adam bir aýlap garnynda üç sany çüý göterip gezipdir
21.04.2025 11:55
8.4k+

Pnewmaçekiçden şikes alan erkek adam bir aýlap garnynda üç sany çüý göterip gezipdir

Gündogar Tennessi Döwlet uniwersitetiniň (ABŞ) klinikasynyň hirurglary bir hassanyň başyndan geçen adaty bolmadyk kliniki hadysa hakynda habar berdiler. 53 ýaşly bir adam garyn boşlugynyň biynjalyk edýändiginden zeýrenip gelipdir
Piastri Saud Arabystanynyň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Lekler “Ferrarä” ilkinji baýrakly orny getirdi
21.04.2025 10:11
2.5k+

Piastri Saud Arabystanynyň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Lekler “Ferrarä” ilkinji baýrakly orny getirdi

Saud Arabystanynda 2025-nji ýyl möwsüminiň “Formula-1” çempionatynyň bäşinji tapgyry geçirildi. Ýaryşda birinji orny 50 aýlawy 1 sagat 21 minut 6.758 sekuntda geçen “Maklarenden” Oskar Piastri eýeledi. Bu onuň möwsümde üçünji ýeňşidir
Howa maglumaty: Türkmenistanda şu hepde +39 gradusa çenli gyzar (21.04 - 27.04)
21.04.2025 08:07
9k+

Howa maglumaty: Türkmenistanda şu hepde +39 gradusa çenli gyzar (21.04 - 27.04)

Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar
«Tesla Model 3» 2025-nji ýylyň iň tygşytly elektromobili diýlip ykrar edildi
20.04.2025 23:43
3.2k+

«Tesla Model 3» 2025-nji ýylyň iň tygşytly elektromobili diýlip ykrar edildi

Zutobi analitika kompaniýasynyň geçiren gözlegine görä, «Tesla Model 3» ulagy 2025-nji ýylyň iň tygşytly elektromobili boldy. Gözlegiň çäklerinde ABŞ-da elektrik energiýasynyň ortaça bahasy göz öňünde tutulyp, 100 mil (160 km) ýol geçmegiň çykdajylary deňeşdirildi
Hytaý Gobi çölünde toriý ýangyjy bilen işleýän reaktory üstünlikli işe girizdi
20.04.2025 23:39
2.8k+

Hytaý Gobi çölünde toriý ýangyjy bilen işleýän reaktory üstünlikli işe girizdi

Hytaý Gobi çölünde toriý ýangyçly 2 MWt-lyk synag üçin niýetlenen ergin-duzly reaktory (EDR) üstünlikli işe girizdi. Bu barada «South China Morning Post» neşiri habar berýär. Şanhaýyň amaly fizika instituty tarapyndan dolandyrylýan reaktor hiç hili durmazdan, öz ýangyjyny doly ulanyp, soňra täzeden dolduryp, doly iş tapgyryny tamamlady
Arzan bahadan aerotaksi hyzmaty Hytaýda eýýäm şu ýylyň ahyryna çenli işe girizilip bilner
20.04.2025 23:38
4.6k+

Arzan bahadan aerotaksi hyzmaty Hytaýda eýýäm şu ýylyň ahyryna çenli işe girizilip bilner

Mart aýynyň ahyrynda Hytaýyň EHang kompaniýasy ýolagçylary howa arkaly gatnatmak üçin ýurduň degişli edaralaryndan resmi taýdan rugsat aldy. Bu rugsat kompaniýa şu ýylyň ahyryna çenli Hytaýyň iki sebitinde «awiagezelençleri» ýola goýmaga hem-de bu hyzmat üçin töleg almaga mümkinçilik berýär
Nike we Hyperice massažly krossowkalary satuwa çykardy
20.04.2025 23:32
4.5k+

Nike we Hyperice massažly krossowkalary satuwa çykardy

Nike we Hyperice kompaniýalary türgenler üçin niýetlenen, myşsalaryň türgenleşikden öň taýýarlanylmagyna we türgenleşikden soň çalt dikeldilmegine ýardam berýän ýokary tehnologiýaly Hyperboot krossowkalaryny satuwa çykarandyklaryny habar berdiler
Android 16 täzelenmesini aljak Samsung smartfonlarynyň sanawy
20.04.2025 23:24
3.7k+

Android 16 täzelenmesini aljak Samsung smartfonlarynyň sanawy

Samsung ýakyn wagtda Galaxy AI emeli aň mümkinçilikleri bilen enjamlaşdyrylan One UI 7 täzelenmesini tanyşdyrdy we ony aprelden başlap ýaýradyp başlady. Häzirki wagtda bolsa öndüriji eýýämden One UI 8.0 täzelenmesiniň üstünde işleýär
Tesla satuwynyň pesdigi sebäpli, Cybertruck-yň önümçiligini azaldýar
20.04.2025 23:22
6.7k+

Tesla satuwynyň pesdigi sebäpli, Cybertruck-yň önümçiligini azaldýar

Tesla kompaniýasy Tehas ştatynyň (ABŞ) Ostin şäherindäki zawodynda «Cybertruck» elektropikabynyň önümçiligini azaltmaga karar berdi. Kompaniýanyň bu ädimi ätmeginiň sebäbi, Demirgazyk Amerikada islegiň örän pes bolmagy we halkara derejesindäki düzgünleşdiriji çäklendirmeler bilen baglanyşykly
Kitap dükany göçürmegiň özboluşly usuly: ýüzlerçe adam zynjyra düzülip, 9100 kitaby daşapdyr
20.04.2025 23:12
7.1k+

Kitap dükany göçürmegiň özboluşly usuly: ýüzlerçe adam zynjyra düzülip, 9100 kitaby daşapdyr

ABŞ-nyň Miçigan ştatynyň Çelsi şäherinde, takmynan, 300 adam «Serendipity Books» atly kitap dükanynyň köne binasyndan, golaýdaky köçede ýerleşýän täze binasyna 9100 sany kitaby göçürmek üçin birleşdiler. Ýaşaýjylar kitaplary elden-ele geçirip, janly zynjyr döretdiler diýip, «The Guardian» habar berýär
Aýa aýak basan ilkinji adamyň altyn sagady auksionda 2,187 mln dollara satyldy
20.04.2025 22:44
8.4k+

Aýa aýak basan ilkinji adamyň altyn sagady auksionda 2,187 mln dollara satyldy

ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň Kembrij şäherinde geçirilen RR Auction auksionynda, Aýa aýak basan ilkinji adama – Nil Armstronga degişli bolan altyn «Omega Speedmaster Professional» sagady satyldy. Ol 2,1875 million dollara satyldy we bu görkeziji astronawtlara degişli sagatlar boýunça täze rekord hasaplanýar diýip, «Space
21-nji aprelden Aşgabatda №18 we №77 awtobuslaryň gatnaw ugurlaryna üýtgeşme giriziler
20.04.2025 22:21
10k+

21-nji aprelden Aşgabatda №18 we №77 awtobuslaryň gatnaw ugurlaryna üýtgeşme giriziler

2025-nji ýylyň 21-nji aprelinden başlap, Aşgabatda iki awtobusyň hereket edýän ugruna üýtgeşmeler giriziler. Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň habar bermegine görä, bölekleýin üýtgeşmeler 18-nji "Parahat 7 – Howa menzili" we 77-nji "Teke bazar - Awtokombinat" ugurlaryna giriziler
Oguljahan Atabaýewa «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň wekilleri bilen duşuşdy
20.04.2025 22:12
15k+

Oguljahan Atabaýewa «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň wekilleri bilen duşuşdy

19-njy aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Rizwan Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy
Toyota gümrük paçlaryndan gaça durmak üçin RAV4-iň önümçiligini ABŞ göçürmegi meýilleşdirýär
20.04.2025 21:59
5.5k+

Toyota gümrük paçlaryndan gaça durmak üçin RAV4-iň önümçiligini ABŞ göçürmegi meýilleşdirýär

Toyota täze nyrhlar we ýenanyň kursunyň durnuksyzdygy sebäpli RAV4-i ýygnamagy ABŞ-a göçürmegi meýilleşdirýär. Ozal bu model Ýaponiýada we Kanadada ýygnalýardy, ýöne indi Kentukki zawody ileri tutulýan ugur boldy
Kianu Riwz Weezer rok topary hakdaky komediýa baýopiginde zalymyň keşbini ýerine ýetirer
20.04.2025 21:56
2k+

Kianu Riwz Weezer rok topary hakdaky komediýa baýopiginde zalymyň keşbini ýerine ýetirer

Kianu Riwz Weezer rok topary baradaky komediýa mokýumentarisinde zalymyň keşbini janlandyrar. Bu barada žurnalist Jeff Snaýder Consequence of Sound neşirine habar berdi. "Mokýumentari" adalgasy dokumental filmleri aňlatmak üçin ulanylýar
Şwesiýada 7500 ýyl ozal söweş paltasy hökmünde ulanylan şah tapyldy
20.04.2025 21:54
3.3k+

Şwesiýada 7500 ýyl ozal söweş paltasy hökmünde ulanylan şah tapyldy

Şwesiýada arheologlar Strandwegen ýerinden tapylan 7500 ýyllyk sugun şahyny öwrendi. Sekiz ýyl mundan ozal tapylan artefakt döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen öwrenildi. Ylmy gözlegiň netijeleri barada Live Science neşirine Lund uniwersitetinden arheolog Lars Larssen gürrüň berdi
1872-nji ýyldan bäri işleýän iň gadymy üç Michelin ýyldyzly restoran bir ýyldyzyny ýitirdi
20.04.2025 21:53
7.7k+

1872-nji ýyldan bäri işleýän iň gadymy üç Michelin ýyldyzly restoran bir ýyldyzyny ýitirdi

Wonna kommunasynda ýerleşýän Georges Blanc restorany üç Michelin ýyldyzynyň birini ýitirdi. Ol 1981-nji ýyldan bäri iň ýokary bahany saklaýardy. Bu maglumaty CNN-e Michelin Guide-iň we restoranyň wekilleri tassyklady
Ilkinji gezek 40 alym zenanyň ady Eýfel diňinde ebedileşdiriler
20.04.2025 21:51
3.2k+

Ilkinji gezek 40 alym zenanyň ady Eýfel diňinde ebedileşdiriler

Eýfel diňinde ilkinji gezek 40 alym zenanyň adyny oýup ýazmak meýilleşdirilýär. Mundan öň ýadygärlikde hormat bilen ýatlananlar diňe erkeklerdi. Parižiň häkimi Ann Idalgo, SETE kompaniýasy we Femmes & Sciences assosiasiýasy bu başlangyjy goldady
1980-nji ýyllaryň äheňinde Mercedes-Benz G-Class «Gelendwagen» tanyşdyryldy
20.04.2025 20:13
7.4k+

1980-nji ýyllaryň äheňinde Mercedes-Benz G-Class «Gelendwagen» tanyşdyryldy

Mercedes-Benz kompaniýasy «Stronger Than The 1980s» (1980-nji ýyllardanam güýçli) atly çäkli nusgada çykaryljak G-Class modelini hödürledi. Bu model 1979-njy ýylda öndürilip başlanan taryhy «W460» ulagyndan ylham alnyp taýýarlanyldy
Kia 531 km ýol ätiýaçlygy bolan täze EV4 elektrosedanyny tanyşdyrdy
20.04.2025 19:13
2.8k+

Kia 531 km ýol ätiýaçlygy bolan täze EV4 elektrosedanyny tanyşdyrdy

Kia kompaniýasy Nýu-Ýorkdaky (ABŞ) awtosalonda täze elektrosedany «EV4-iň» global görnüşini hödürledi. Bu dört gapyly model «Tesla Model 3» bilen bäsleşmek üçin ýörite taýýarlanyldy. «EV4-iň» dizaýny Kia-nyň «EV6» we «EV9» modellerine meňzeýär, ýöne bu model has sport äheňde işlenip düzülipdir
Ilkinji eplenýän displeýli elektron kitap tanyşdyryldy – mooInk V
20.04.2025 19:11
2.3k+

Ilkinji eplenýän displeýli elektron kitap tanyşdyryldy – mooInk V

Taýwanly Readmoo kompaniýasy köpçülikleýin önümçilige taýýar, reňkli E-Ink displeýli ilkinji eplenýän elektron kitap bolan mooInk V-ni tanyşdyrdy. Bu barada «The Verge» neşiri habar berýär. Enjamyň işlenip düzülmegi üçin dokuz ýyl sarp edilipdir
Renault we Geely içinden ýandyrylýan hereketlendirijini halas etjek uniwersal gibrid moduly teklip etdiler
20.04.2025 19:08
2.9k+

Renault we Geely içinden ýandyrylýan hereketlendirijini halas etjek uniwersal gibrid moduly teklip etdiler

Renault bilen Geely-niň bilelikdäki kärhanasy bolan Horse Powertrain 2025-nji ýylyň Şanhaý awtoulag sergisinde Future Hybrid Concept modully gibrid hereketlendirijisini hödürledi. Ol elektrokarlary iň ýeňil platforma üýtgemeleri bilen gibrid ulaglara öwürmek üçin niýetlenendir
GM podweskasynda howply kemçilik sebäpli Cadillac Lyriq-y yzyna çagyrýar
20.04.2025 19:06
2k+

GM podweskasynda howply kemçilik sebäpli Cadillac Lyriq-y yzyna çagyrýar

General Motors 2022-nji ýylyň aprelinden 2024-nji ýylyň dekabry aralygynda öndürilen Cadillac Lyriq elektrik ulaglarynyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Munuň sebäbi öňdäki podweskanyň stabilizatorynyň boltlarynyň gowşaklygy bilen bagly
Hytaýda 125 million ýyl ozal ýaşap geçen adaty bolmadyk ýelekli dinozawrlaryň galyndylary tapyldy
20.04.2025 19:04
5k+

Hytaýda 125 million ýyl ozal ýaşap geçen adaty bolmadyk ýelekli dinozawrlaryň galyndylary tapyldy

“Independent” neşiriniň habaryna görä, 125 million ýyl ozal ýaşap geçen iki sany öň mälim bolmadyk ýelekli dinozawryň galyndylary tapyldy diýip, Independent ýazýar. Olara Sinosauropteryx lingyuanensis we Huadanosaurus sinensis diýip at berildi
Alymlar ýokary patogenli guş dümewine garşy täsirli nano sanjymyny döretdiler
20.04.2025 18:42
2.1k+

Alymlar ýokary patogenli guş dümewine garşy täsirli nano sanjymyny döretdiler

Amerikaly we kanadaly alymlar ýokary patogenli H5N1 guş dümewine garşy nano-waksinany işläp taýýarladylar. Ýagly nanobölejiklere we keseliň ýokary patogen ştamlarynyň beloklaryna esaslanýan derman syçanlarda üstünlikli synag edildi diýip, Buffalo uniwersitetiniň metbugat gullugy habar berýär
Curiosity mars roweri Geýl kraterinden karbonatyň iri ýataklaryny tapdy
20.04.2025 18:38
2.8k+

Curiosity mars roweri Geýl kraterinden karbonatyň iri ýataklaryny tapdy

Curiosity mars roweri Geýl kraterinden karbonat-sideritleriň ägirt uly ýataklaryny tapdy. 12 ýyldan gowrak mundan ozal NASA-nyň dördünji roweri şu ýere gonupdy. Täze açyş Marsyň asyl atmosferasynyň ep-esli böleginiň bu minerallaryň ýataklaryna öwrülendigini görkezýär diýip, Kanadanyň Kalgari uniwersitetiniň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berýär
Singapurda ýagyş damjalaryndan elektrik energiýasyny öndürmegi başardylar
20.04.2025 18:25
3.8k+

Singapurda ýagyş damjalaryndan elektrik energiýasyny öndürmegi başardylar

Singapurly alymlar ýagyş damjalaryndan elektrik energiýasyny öndürmegiň usulyny işläp düzdüler diýip, «Interested Engineering» habar berýär. Bu usul suwuklygyň birmeňzeş tizlikde we şol bir ugra tarap turba boýunça hereket edýän mahaly ýüze çykýan porşen akymy täsirinden peýdalanýar
Magtymguly adyndaky TDU okuwa girmek isleýänleri “Açyk gapylar” gününe çagyrýar
20.04.2025 18:13
6.2k+

Magtymguly adyndaky TDU okuwa girmek isleýänleri “Açyk gapylar” gününe çagyrýar

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti orta mekdepleriň uçurymlaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary, ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýänleriň ählisini “Açyk gapylar” gününe çagyrýar
Mercedes-Benz «CLA» modeliniň önümçiligine meýilleşdirilenden öň başlady
20.04.2025 17:57
2.1k+

Mercedes-Benz «CLA» modeliniň önümçiligine meýilleşdirilenden öň başlady

Mercedes-Benz kompaniýasy Raştatt şäherindäki (Germaniýa) zawodynda täze elektrikli «CLA» modeliniň köpçülikleýin önümçiligine meýilleşdirilen senesinden öň başlady. Ilkinji meýilnama görä, satuwlar iýun aýynda başlanmalydy, ýöne sargytlary kabul etmek garaşylmadyk ýagdaýda 29-njy aprele geçirildi
Huawei we SAIC kompaniýalary arzan bahaly täze elektrokar brendi bolan "Shangjie-ni" işe girizýär
20.04.2025 17:52
1.2k+

Huawei we SAIC kompaniýalary arzan bahaly täze elektrokar brendi bolan "Shangjie-ni" işe girizýär

Hytaýyň Huawei tehnoägirdi bilen SAIC awtokonserni hyzmatdaşlykda Shangjie atly täze elektromobil brendiniň döredilýändigini yglan etdiler. Bu brendiň ilkinji awtoulagy 2025-nji ýylyň güýzünde satuwa çykar. Bu barada Huawei Consumer Business Group-yň ýolbaşçysy Riçard Ýu Hytaýda geçirilen çäräniň dowamynda habar berdi
300 dollara Samsung Galaxy M56 hödürlendi: 6 ýyl täzelenme, inçe korpus, 5000 mA/sag, 45 Wt
20.04.2025 14:46
7.4k+

300 dollara Samsung Galaxy M56 hödürlendi: 6 ýyl täzelenme, inçe korpus, 5000 mA/sag, 45 Wt

Samsung kompaniýasy Galaxy M56 smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Gurluş One UI 7.0 interfeýsi bilen Android 15-de işleýär. Kompaniýa täze smartfonyň alty ýyl täzelenmesini kepillendirýär. Smartfon durulygy Full HD+ we täzelenme ýygylygy 120 Gs bolan Super AMOLED displeýi bilen enjamlaşdyryldy
Porsche 911 GT3 mehanika ulaglarynyň arasynda “Nýurburgringiň” rekordyny goýdy
20.04.2025 14:42
2.8k+

Porsche 911 GT3 mehanika ulaglarynyň arasynda “Nýurburgringiň” rekordyny goýdy

2025-nji ýylyň Porsche 911 GT3 ulagy mehaniki hereket gutusy bolan köpçülikleýin awtomobiller üçin Nýurburgring ýolunda täze aýlaw rekordyny goýdy. Ulagy Porsche-niň zawod ýaryşa gatnaşyjysy Ýorg Bergmaýster dolandyrdy
Jeep ýene “Ýuwentusyň” hemaýatkäri bolmagy meýilleşdirýär
20.04.2025 14:37
5.6k+

Jeep ýene “Ýuwentusyň” hemaýatkäri bolmagy meýilleşdirýär

Jeep brendiň logotipiniň Turiniň “Ýuwentus” futbol klubunyň eşik toplumynda ýene peýda bolmagy üçin ýylda, takmynan, 25 mln ýewro tölemäge taýýar. Bu barada Reuters agentligi habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, şertnama taraplaryň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygy gaýtadan dikelder