Magtymguly adyndaky TDU okuwa girmek isleýänleri “Açyk gapylar” gününe çagyrýar

20.04.2025, 18:136,175

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti orta mekdepleriň uçurymlaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary, ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýänleriň ählisini “Açyk gapylar” gününe çagyrýar.

“Açyk gapylar” güni 2025-nji ýylyň 3-nji we 10-njy maýynda sagat 15:00-da geçiriler.
“Açyk gapylar” gününde uniwersitete gelen ýaşlar ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, uniwersitetde öwredilýän hünärler, okuw otaglary, ylmy-barlag we okuw merkezleri, muzeýler, talyplar sport klubunyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler. Şeýle hem olar uniwersitetiň durmuşy baradaky wideofilme, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlaryna, fakultetler tarapyndan taýýarlanan sergilere tomaşa edip bilerler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.