21-nji aprelden Aşgabatda №18 we №77 awtobuslaryň gatnaw ugurlaryna üýtgeşme giriziler

20.04.2025, 22:2110,476

2025-nji ýylyň 21-nji aprelinden başlap, Aşgabatda iki awtobusyň hereket edýän ugruna üýtgeşmeler giriziler. Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň habar bermegine görä, bölekleýin üýtgeşmeler 18-nji "Parahat 7 – Howa menzili" we 77-nji "Teke bazar - Awtokombinat" ugurlaryna giriziler.

Täze tertibe görä, awtobuslar Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugry bilen hereket edip, Amyderýa köçesine günorta tarapa öwrülip, "Jahan döredijilik merkezine" bararlar. Soňra olar Alma-ata köçesiniň ugruna tarap hereketi dowam edip, Weli Ahmedow köçesine demirgazyga tarap ugruny dowam edip, Hoja Ahmet Ýasawy köçesi bilen öňki ugry boýunça öz hereketlerini amala aşyrarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.