Ilkinji eplenýän displeýli elektron kitap tanyşdyryldy – mooInk V

20.04.2025, 19:112,345
1 / 3

Taýwanly Readmoo kompaniýasy köpçülikleýin önümçilige taýýar, reňkli E-Ink displeýli ilkinji eplenýän elektron kitap bolan mooInk V-ni tanyşdyrdy. Bu barada «The Verge» neşiri habar berýär.

Enjamyň işlenip düzülmegi üçin dokuz ýyl sarp edilipdir. Bu enjam 200 müň gezek epläp-açmaga çydamly ekrany bolan dünýädäki ilkinji elektron kitapdyr.
Kitap açyk ýagdaýda 8 dýuýmlyk E-Ink Gallery 3 tehnologiýasyna esaslanýan sensorly ekrana eýe bolup, 300 ppi dykyzlykda 50 müňden gowrak reňk öwüşgünini görkezmäge ukyplydyr.
Deňeşdirsek, Kindle Colorsoft ýaly adaty reňkli riderler bary-ýogy 4096 reňk öwüşgünini görkezýän Kaleido 3 panellerini ulanýarlar.

Korpusy ýeňil alýumin-magniý splawyndan ýasalan. Agramy 225 gram, adaty Kindle-a garanyňda birneme agyr. Gurluşy kitap ýaly 90° burçda açylmaga ýa-da klassyky okaýyş üçin doly açylmaga mümkinçilik berýär.
Enjam doly ýapylmaýar, eplenende arasynda azajyk boşluk galýar. Bu bolsa näzik E-Ink displeýine düşýän basyşy azaltmaga kömek edýär.
mooInk V-niň bahasy we satuwa çykjak senesi heniz aýan edilmedi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.