Subaru ýangyç bakynyň gapagy sebäpli 69 müňden gowrak krossoweri yzyna çagyrýar
01.03.2026 13:01
3.1k+

Subaru ýangyç bakynyň gapagy sebäpli 69 müňden gowrak krossoweri yzyna çagyrýar

Subaru kompaniýasy ABŞ-da 69 153 gibrid krossoweri yzyna çagyrýar. Yza çagyryş 2026-njy ýylyň Crosstrek Hybrid we 2025-nji ýylyň Forester Hybrid modellerine degişlidir. Yza çagyryş ýangyç bakynyň gapagyndan ýangyjyň syzmagynyň mümkindigi sebäpli geçirilýär
Amerikaly ussalar Rolls-Royce Cullinan-y «prezident» limuzinine öwürdiler
01.03.2026 12:12
6.4k+

Amerikaly ussalar Rolls-Royce Cullinan-y «prezident» limuzinine öwürdiler

Amerikaly ussalar Rolls-Royce Cullinan modelini alyp, ony hakyky «prezident» limuzinine öwürýärler. ABŞ-nyň iki kompaniýasy — premium awtomobiller hyzmaty bolan «PML Chauffeur Services» we «Platinum Motorsport» awtobezeg atelýesi Presidential diýlip atlandyrylan bilelikdäki taslamany yglan etdiler
Indi onuň önümlerine «ýapon telewizorlary» diýilmez: Panasonic TW biznesini Hytaýyň brendine geçirýär
01.03.2026 11:55
4.7k+

Indi onuň önümlerine «ýapon telewizorlary» diýilmez: Panasonic TW biznesini Hytaýyň brendine geçirýär

Ýaponiýanyň Panasonic korporasiýasy ABŞ-da we Ýewropada telewizor biznesini dolandyrmagy resmi taýdan Hytaýyň Skyworth kompaniýasyna berýär diýip, Financial Times ýazýar. Ylalaşygyň şertlerine görä, aprel aýyndan başlap Skyworth bellenen sebitlerde ýapon brendiniň önümleriniň logistikasyny, marketingini we satuwyny doly öz boýnuna alar
«Karib deňziniň garakçylary 6» gijigýär. Sebäbi – Tom Kruzly «Top Gan 3»
01.03.2026 11:37
5.4k+

«Karib deňziniň garakçylary 6» gijigýär. Sebäbi – Tom Kruzly «Top Gan 3»

Prodýuser Jerri Brukhaýmer Collider-e beren interwýusynda «Karib deňziniň garakçylarynyň» altynjy bölüminiň näme üçin gijigýändigini aýtdy. Brukhaýmeriň sözlerine görä, häzir onuň esasy ünsi Tom Kruzyň gatnaşmagyndaky «Top Gan» filminiň üçünji seriýasyna gönükdirilen
2025-nji ýylyň ahyryna Puma-nyň girdejisi 20%-den gowrak peseldi
01.03.2026 11:24
1.5k+

2025-nji ýylyň ahyryna Puma-nyň girdejisi 20%-den gowrak peseldi

Sport eşikleriniň meşhur brendi Puma 2025-nji ýyl üçin maliýe netijelerini hödürledi. Ýylyň jemleri boýunça kompaniýanyň söwda dolanyşygy 8,1% peselip, 2024-nji ýyldaky 8,39 milliard ýewro garanyňda 7,29 milliard ýewro pese düşdi
Er-Riýadda iki kilometrlik Rise Tower gökdirän binasynyň taslamasy görkezildi
01.03.2026 11:08
9.4k+

Er-Riýadda iki kilometrlik Rise Tower gökdirän binasynyň taslamasy görkezildi

Saud Arabystany Er-Riýadda bina edilmegi meýilleşdirilýän Rise Tower gökdirän binasynyň renderlerini görkezdi. Taslama görä, binanyň beýikligi, takmynan, iki kilometr bolar. Ony durmuşa geçirmek başartsa, ol ýer ýüzüniň iň beýik desgasy bolar we Dubaýdaky Burj Halifa we häzirki wagtda gurulýan Jeddah Tower-den hem öňe geçer
Aleksandr Usik Müsür piramidalarynyň ýanynda «kikboksyň şasyna» garşy urşar
01.03.2026 11:00
7.8k+

Aleksandr Usik Müsür piramidalarynyň ýanynda «kikboksyň şasyna» garşy urşar

Ukrain boksçysy Aleksandr Usik 2026-njy ýylyň ýazynda nederlandly Riko Werhuwene garşy uly söweş geçirer diýip, Ring žurnaly habar berýär. Resmi taýdan "Glory in Giza" diýlip atlandyrylan söweşi 23-nji maýda geçirmek meýilleşdirilýär
«Barselonanyň»  wingeri Lamin Ýamal karýerasynda ilkinji gezek het-trik etdi
01.03.2026 10:48
8k+

«Barselonanyň» wingeri Lamin Ýamal karýerasynda ilkinji gezek het-trik etdi

Ispaniýanyň çempionatynyň 26-njy tapgyrynda «Barselonanyň» oýunçylary öz meýdançasynda geçirilen oýunda «Wilýarrealy» 4:1 hasaby bilen ýeňdi. Bu duşuşykda 18 ýaşly Lamin Ýamal karýerasynda ilkinji gezek het-trik etmegi başardy
Ýewropa we Hytaý bazarlaryny elden gidirýän Tesla üçin Mask Aýyň ýüzünde zawod gurmak isleýär
01.03.2026 10:42
9.8k+

Ýewropa we Hytaý bazarlaryny elden gidirýän Tesla üçin Mask Aýyň ýüzünde zawod gurmak isleýär

Ilon Mask Tesla kompaniýasynyň geljekki 20 ýylyň dowamynda Aýda önümçilik zawodyny gurmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Ol bu barada Giga Berlin zawodynyň ýolbaşçysy bilen bolan söhbetdeşlikde aýtdy we maýadarlaryň kompaniýanyň uzak möhletli geljegine üns bermelidigini belledi
Multfilm diýjeksiň!: «Haýwanlar şäheri 2» 1,85 milliard dollar bilen «Minecraft kinoda» filminden öňe geçdi
28.02.2026 20:02
6.4k+

Multfilm diýjeksiň!: «Haýwanlar şäheri 2» 1,85 milliard dollar bilen «Minecraft kinoda» filminden öňe geçdi

ABŞ-da prokatyň takmynan üç aýynyň dowamynda «Haýwanlar şäheri 2» multfilmi 424,2 million dollar girdeji toplady we «Minecraft kinoda» ($424 million) filminden geçip, 2025-nji ýylda Amerikanyň kinoteatrlarynda iň köp girdeji getiren tomaşa boldy
Twitter-i esaslandyryjy EA zerarly täze kompaniýasynyň işgärleriniň ýarysyny işden çykarar
28.02.2026 19:51
5.3k+

Twitter-i esaslandyryjy EA zerarly täze kompaniýasynyň işgärleriniň ýarysyny işden çykarar

Tehnologiýa kompaniýasy Block emeli aň guralynyň işjeň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda işgärleriniň takmynan ýarysyny işden boşadar. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy, Twitter-i esaslandyryjy Jek Dorsi X sosial ulgamynda habar berdi
60 millionda biri: Hytaýda ýaş zenan tebigy göwrelilik bilen bäşem çaga dünýä indirdi
28.02.2026 19:43
17k+

60 millionda biri: Hytaýda ýaş zenan tebigy göwrelilik bilen bäşem çaga dünýä indirdi

Hytaýyň Uhan şäherinde 26-njy fewralda lukmanlaryň «täsinden täsin» diýlip atlandyran hadysasy bolup geçdi. Sinzýan-Uýgur awtonom sebitiniň 24 ýaşly Dili atly ýaşaýjysy birbada bäş çaganyň — dört gyzyň we bir oglanyň enesi boldy
$110 mlrd meseläni çözdi: Warner Bros. kompaniýasy bilen Paramount ahyr elleşdi
28.02.2026 19:26
4.9k+

$110 mlrd meseläni çözdi: Warner Bros. kompaniýasy bilen Paramount ahyr elleşdi

Warner Bros. Discovery kompaniýasy Paramount Skydance bilen bahasy 110 milliard dollara deň bolan birleşmek baradaky şertnamany baglaşdy. Bu barada Paramount kompaniýasynyň resmi saýtynda habar berilýär. Indi bu şertnama Ýewropa komissiýasynyň tassyklamagyna garaşýar
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
28.02.2026 19:21
5.4k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

27-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejededigini nygtady
Türkmenistanda ilkinji gezek: Ýörite biznes üçin awtomatlaşdyrylan satyn alyş hyzmaty
28.02.2026 18:41
8k+

Türkmenistanda ilkinji gezek: Ýörite biznes üçin awtomatlaşdyrylan satyn alyş hyzmaty

Ýerli B2B platformasy 📈ALSAT, täjirçilik teklibini almak üçin awtomatik gabat getirmek funksiýasyny işe girizdi. Türkmen topary tarapyndan döredilen sanly hyzmat kompaniýalara satyn alyşyň täze formatyny hödürleýär: bir haryt sanawy, katalog bilen awtomatik deňeşdiriş we birnäçe sagadyň dowamynda saýlamanyň taýýarlygy barada habarnama
Aşgabatda «Zemin görki zenandyr» ady bilen suratkeş zenanlaryň bäsleşik-sergisi geçiriler
28.02.2026 16:56
2.8k+

Aşgabatda «Zemin görki zenandyr» ady bilen suratkeş zenanlaryň bäsleşik-sergisi geçiriler

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Zemin görki zenandyr» atly bäsleşik-sergi yglan edildi. Çäräni Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi, Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde gurnaýar
NASA Aýa gonmagy 2028-nji ýyla çenli yza süýşürdi
28.02.2026 16:14
2.2k+

NASA Aýa gonmagy 2028-nji ýyla çenli yza süýşürdi

NASA ýarym asyrdan bäri ilkinji gezek astronawtlary Aýa düşürmegi 2027-nji ýyldan 2028-nji ýyla geçirdi. Karar «Artemis» Aý maksatnamasynyň düýpli guralmagy we ekipažy Aýyň üstüne ugratmazdan ozal howpsuzlyk ulgamlarynyň goşmaça barlaglaryny geçirmegiň zerurlygy bilen baglydyr
Türkmenistan we Azerbaýjan hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdy
28.02.2026 16:05
2k+

Türkmenistan we Azerbaýjan hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdy

27-nji fewralda Baku şäherinde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow we Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary S
Ford kompaniýasy Mustang Mach-E-niň öňdäki bagažyny tölegli etdi
28.02.2026 16:01
5.4k+

Ford kompaniýasy Mustang Mach-E-niň öňdäki bagažyny tölegli etdi

Ford kompaniýasy 2026-njy ýylyň modeli bolan Mustang Mach-E elektrik krossoweriniň gurnama bölümini täzeledi. Şoňa görä, indi öňdäki goşhana standart enjamlaşdyrmanyň düzüminden aýryldy we tölegli bölege öwrüldi
Londonda Türkmenistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşmagynda işewürlik kabul edişligi boldy
28.02.2026 15:53
3.9k+

Londonda Türkmenistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşmagynda işewürlik kabul edişligi boldy

26-njy fewralda Lankaster-haus binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Britaniýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen geçirilen işewürlik kabul edişligine gatnaşdy
Türkmenistan we Pakistan parlamentara hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
28.02.2026 15:51
2.5k+

Türkmenistan we Pakistan parlamentara hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

25-nji fewralda Pakistanyň Parlament binasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Mowlämow Yslam Respublikasynyň Senatynyň başlygy Saýed Ýusuf Reza Gilani bilen  duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi
«Sezar» baýragynyň ýeňijileri yglan edildi: baş baýragy «Ysnyşyk» dramasy aldy
28.02.2026 15:47
2.3k+

«Sezar» baýragynyň ýeňijileri yglan edildi: baş baýragy «Ysnyşyk» dramasy aldy

Režissýor Karin Tardýonyň «Ysnyşyk» (L’Attachement) atly fransuz maşgala dramasy «Iň gowy film» kategoriýasynda baş «Sezar» baýragyny aldy. Baýragyň 51-nji gowşurylyş dabarasy 26-njy fewralda Parižde geçirildi diýip, Deadline habar berýär
«Galkynyş» topary dabaraly ýörişini Mary welaýatynda dowam etdirdi
28.02.2026 15:40
3.4k+

«Galkynyş» topary dabaraly ýörişini Mary welaýatynda dowam etdirdi

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary ýurt boýunça dabaraly ýörişiniň çäginde Mary welaýatynda çykyş etdi. Mundan ozal döredijilik topary Arkadag şäherinde, şeýle hem Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda boldy
Google emeli aň üçin Meta kompaniýasyna milliardlarça dollarlyk çip berer
28.02.2026 15:20
1.3k+

Google emeli aň üçin Meta kompaniýasyna milliardlarça dollarlyk çip berer

Alphabet Inc holdingine degişli bolan Google kompaniýasy özüniň tensor prosessorlaryny kireýine bermek boýunça Meta Platforms korporasiýasy bilen ylalaşyk baglaşdy diýip, The Information neşiri geleşiklere gatnaşyjylaryň sözlerine salgylanyp habar berýär
Jim Kerri kino sungatyna goşan goşandy üçin «Sezar» hormat baýragyna mynasyp boldy
28.02.2026 14:13
4.4k+

Jim Kerri kino sungatyna goşan goşandy üçin «Sezar» hormat baýragyna mynasyp boldy

Amerikaly aktýor we komik Jim Kerri karýerasynda gazanan üstünlikleri üçin Fransiýanyň «Sezar» hormat kinobaýragy bilen sylaglandy. Sylag gowşurylyş dabarasy Parižde geçirildi. Baýragy aktýora «Arassa aňyň baky şuglasy» (Вечное сияние чистого разума) filminiň režissýory Mişel Gondri gowşurdy
Melaniýa Tramp BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde başlyklyk eder
28.02.2026 14:10
8.7k+

Melaniýa Tramp BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde başlyklyk eder

ABŞ-nyň birinji hanymy Melaniýa Tramp 2-nji martda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde başlyklyk eder. Bu barada ABŞ-nyň BMG-däki wekilhanasy X sosial ulgamynda habar berdi. «Birinji hanym parahatçylygy ilerletmekde bilimiň ornuny nygtamak üçin ABŞ-nyň Howpsuzlyk Geňeşindäki başlyklygy öz üstüne alyp, BMG-niň taryhyna girer» diýlip, habarda bellenilýär
Döwlet Baştutany 2052-nji ýyla çenli ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň strategiýasyny taýýarlamagy tabşyrdy
28.02.2026 14:08
4.4k+

Döwlet Baştutany 2052-nji ýyla çenli ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň strategiýasyny taýýarlamagy tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026–2052-nji ýyllar üçin Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň Milli strategiýasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Degişli tabşyryk anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde berildi diýip, TDH habar berýär
Beýik Britaniýanyň ilçihanasy sanly wiza ulgamyna geçilýändigini mälim etdi
28.02.2026 14:06
4.3k+

Beýik Britaniýanyň ilçihanasy sanly wiza ulgamyna geçilýändigini mälim etdi

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýurduň wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi. 2026-njy ýylyň 25-nji fewralyndan başlap, Beýik Britaniýanyň immigrasiýa ulgamy sanly görnüşe geçdi. Diplomatik wekilhananyň berýän maglumatyna görä, Beýik Britaniýa girmek üçin wiza talap edilýän ähli daşary ýurt raýatlary indi diňe elektron wiza (eVisa) alar
«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň barlaghanalary halkara akkreditasiýadan geçiriler
28.02.2026 13:00
3.7k+

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň barlaghanalary halkara akkreditasiýadan geçiriler

Türkmenistanda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan tapgyrlaýyn geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H
Köp çagaly enelere 8-nji mart baýramy mynasybetli täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşurylar
28.02.2026 12:54
14k+

Köp çagaly enelere 8-nji mart baýramy mynasybetli täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşurylar

Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, şeýle hem welaýatlarda baýramçylyk dabaralary geçiriler. Olaryň çäginde sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň nyşanlary we döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşurylar
Aşgabatda Ogulabat ejäniň el hünärine bagyşlanan sergi geçiriler
28.02.2026 10:54
4.6k+

Aşgabatda Ogulabat ejäniň el hünärine bagyşlanan sergi geçiriler

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk işleri dowam edýär. Geçiriljek dabaralaryň maksatnamasy barada Ministrler Kabinetiniň anna güni bolan mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa hasabat berdi diýip, TDH habar berýär
Instagram ýetginjekleriň dürli temalardaky gözlegleri boýunça ata-enelere goldaw funksiýasyny girizmekçi
28.02.2026 10:20
2.1k+

Instagram ýetginjekleriň dürli temalardaky gözlegleri boýunça ata-enelere goldaw funksiýasyny girizmekçi

Instagram-da ýetginjekleriň özüne zeper ýetirmek ýa-da şoňa meňzeş beýleki howply ýagdaýlar bilen bagly temalar boýunça maglumatlary gözleýändikleri barada ata-enelere duýduryş berýän täze funksiýa peýda bolar
Türkiýe 7 milliard dollara yklymlarara demir ýol gurar
28.02.2026 10:13
9.8k+

Türkiýe 7 milliard dollara yklymlarara demir ýol gurar

Türkiýe Demirgazyk aýlaw demir ýolunyň gurluşygy üçin alty halkara guramadan 6,75 milliard dollar maliýe serişdesini almak boýunça deslapky ylalaşyga ýetdi. Bu taslama Bütindünýä banky, Aziýa infrastruktura maýa goýum banky, Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky, OPEK-iň Halkara ösüş gaznasy we Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky tarapyndan maliýeleşdiriler
Uber-iň işgärleri başlyklarynyň emeli aň-ekiz taýyny döretdiler
27.02.2026 21:58
3.8k+

Uber-iň işgärleri başlyklarynyň emeli aň-ekiz taýyny döretdiler

Uber kompaniýasynyň işgärleri kompaniýanyň baş direktorynyň keşbini gaýtalaýan, emeli aňa esaslanýan çat-bot döretdiler. Bu barada Uber-iň ýolbaşçysy Dara Hosrowşahi «The Diary of a CEO» podkastyna beren interwýusynda gürrüň berdi diýip, «TechCrunch» portaly habar berýär
Bentley ýapon bazary üçin 10 sany «toý» Bentayga krossowerini çykarar
27.02.2026 21:47
6.7k+

Bentley ýapon bazary üçin 10 sany «toý» Bentayga krossowerini çykarar

Bentley markasy diňe Ýaponiýanyň bazary üçin niýetlenen «Something Blue Collection» atly çäkli nusgada Bentayga krossowerlerini tanyşdyrdy. Bu seriýanyň ady XIX asyryň iňlis toý däp-dessurlaryna esaslanýar; oňa görä, gelniň bagtly durmuşy üçin onuň ýanynda gök reňkli bir zadyň bolmagy zerurdyr
Google Nano Banana 2-ni tanyşdyrdy: 4K çözgüdi we Gemini-niň ähli bilimleri indi elýeterli
27.02.2026 21:33
8.7k+

Google Nano Banana 2-ni tanyşdyrdy: 4K çözgüdi we Gemini-niň ähli bilimleri indi elýeterli

Google kompaniýasy özüniň täze Nano Banana 2 neýroulgamyny tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler bu täze önümi "şekillendiriş pudagynda iň döwrebap we ösen model" diýip atlandyrýarlar. Bu tehnologiýa ýakyn wagtda korporasiýanyň ähli serwislerine we hyzmatlaryna ornaşdyrylar
Näme üçin Marsda diňe ýeralma bilen oňup bolmaz? Geljekki missiýalaryň esasy kynçylyklary
27.02.2026 21:08
9.6k+

Näme üçin Marsda diňe ýeralma bilen oňup bolmaz? Geljekki missiýalaryň esasy kynçylyklary

Köp adamlar geljekki kosmos missiýalaryny «Marsly» (Марсианин) filmi arkaly göz öňüne getirýär: gyzyl tozan, ýalňyzlyk we astronawtyň janyny halas eden ýeralma joýalary. Emma, hakykatda, uzak kosmosda ýaşamak diňe bir zatlar ösdürip ýetişdirmegi öwrenmekden has çylşyrymly meseledir
Tirannozawr reks: sekiz tonnalyk «towuk» ýaly hereket edipdir
27.02.2026 20:58
3.4k+

Tirannozawr reks: sekiz tonnalyk «towuk» ýaly hereket edipdir

"Ýura döwrüniň seýilgähindäki" (film) ýeri sarsdyryp ýöreýän agyr tirannozawr reks baradaky düşünjämizi gaýtadan gözden geçirmeli bolarys. Royal Society Open Science žurnalynda çap edilen täze ylmy barlag, hek asyrynyň bu gazaply ýyrtyjysynyň häzirki zaman guşlaryna meňzeş ýagdaýda, ýagny aýaklarynyň barmaklarynyň ujunda hereket edendigini subut edýär
Barlag: Ýaşlar ekranda supergahrymanlary däl-de, aladaçyl kakalary görmek isleýärler
27.02.2026 20:51
3k+

Barlag: Ýaşlar ekranda supergahrymanlary däl-de, aladaçyl kakalary görmek isleýärler

10-24 ýaş aralygyndaky ýaş tomaşaçylar ekranda däp bolan «çydamly we dymmaga meýilli» gahrymanlary däl-de, eýsem mähirli kakalary we terbiýeçileri görmek isleýärler. Bu barada Los-Anjelesdäki Kaliforniýa uniwersitetiniň (UCLA) geçiren barlagynda aýdylýar
Boýy 16 sm, kuwwaty 120 Wt: Xiaomi yzlygyna zarýad berýän akylly kabel çykardy
27.02.2026 20:48
4.3k+

Boýy 16 sm, kuwwaty 120 Wt: Xiaomi yzlygyna zarýad berýän akylly kabel çykardy

Xiaomi kompaniýasy yzlygyna zarýad beriş tehnologiýasy üçin niýetlenen, bary-ýogy 1,5 dollardan satylýan gysga we akylly USB-C kabelini hödürledi. Bu täze önümiň uzynlygy bary-ýogy 16 sm. Ol yzlygyna zarýad berýän wagty iki smartfony birleşdirmek üçin ýörite gysga edildi