Eurostat ÝB ýurtlarynyň durmuş derejesiniň düýpli tapawutlanýandygyny görkezdi

09.04.2026, 06:484,094
1 / 3

2025-nji ýylyň maglumatlaryna görä, ÝB ýurtlarynyň arasynda ilat başyna düşýän girdeji we durmuş derejesi boýunça düýpli parhlanýar. Eurostat-yň barlagynda bahalaryň arasyndaky tapawutlar hem hasaba alyndy.

Şoňa görä, Lýuksemburgda durmuş derejesi ÝB-niň ortaça görkezijisinden 2,39 esse ýokary. Şeýle-de Irlandiýa (237%) we Niderlandlar (134%) iň baý ýurtlaryň hatarynda durýar.

Bolgariýa we Gresiýa ÝB-niň iň pes görkezijilerine eýe bolup, olar ortaça derejäniň diňe 68%-ine ýetýärler.

ÝB boýunça ortaça görkeziji 100 diýlip kabul edildi. Bu diýmek, Lýuksemburgyň ýaşaýjysy bolgariýaly ýa-da gresiýaly ýaşaýjydan ortaça 3,5 esse köp haryt we hyzmat satyn alyp bilýär.

Eýsem, ýagdaý iri ykdysadyýetlerde nähili?

  • Germaniýa: ortaça derejeden ýokary — 115%;
  • Fransiýa: ortaça derejä golaý — 98%;
  • Italiýa: 96%;
  • Ispaniýa: 92%.

Pes görkezijili beýleki ýurtlar: Latwiýa (71%), Slowakiýa (75%), Wengriýa (76%), Rumyniýa we Estoniýa (79%), Polşa we Portugaliýa (81%) ýaly ýurtlar ortaça derejeden 20%-den hem esli aşakda durýarlar.

Lýuksemburgyň we Irlandiýanyň görkezijileriniň aşa ýokary bolmagyna şol ýerlerde işleýän daşary ýurtly işçileriň we uly taslamalary alyp barýan halkara kompaniýalarynyň täsir edýändigi-de bellemek gerek.

ÝB-niň 27 ýurdundan diňe 10 döwlet ortaça derejeden ýokary ýagdaýda ýaşaýar. Bu bolsa, bileleşigiň ilatynyň takmynan 34%-i (her üç adamdan biri) diýmekdir.

Şonuň ýaly-da ÝB-de ilat başyna düşýän ortaça girdeji takmynan 41 600 ýewro diýlip hasaplanyldy. Bu görkeziji Bolgariýada 28 300 ýewro, Lýuksemburgda bolsa 99 300 ýewro barabardyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.