Türkmenistanyň tebigy gazyny Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly Türkiýä, soňra bu ýurduň ösen gaz geçiriji ulgamlarynyň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna ibermek Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň energetika hyzmatdaşlygynyň geljekki strategik ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilýär. Bu barada Türkiýäniň BOTAŞ döwlet kompaniýasynyň baş direktory Abdulwahit Fidan aýtdy.
Ol Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatyndaky eden çykyşynda 2025-nji ýylda türkmen gazynyň Türkiýä iberilip başlanmagynyň iki doganlyk ýurduň energetika hyzmatdaşlygynda täze tapgyry açandygyny nygtap, munuň uzak möhletleýin hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň binýadyny döredendigini belledi.
Şeýle hem maslahatda Aşgabatda geçirilen Türkmenistan bilen Türkiýäniň Hökümetara ykdysady toparynyň 9-njy mejlisinde gazanylan ylalaşyklaryň bu ugurdaky işleri işjeňleşdirmek üçin ähmiýetli bolandygy aýdyldy. Abdulwahit Fidan sebit energetika arabaglanyşygyny pugtalandyrmagyň Türkiýäniň energetika syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridigini belläp geçdi.
Türkiýäniň giň gaz geçiriji ulgamlary hem-de ösen infrastruktura mümkinçilikleri türkmen gazyny täze ugurlar boýunça halkara bazarlara eltmek üçin amatly şertleri döredýär. Bu mümkinçilikleri amaly taslamalara öwürmek üçin bolsa gaz öndürijileriň, ulag-üstaşyr düzümleriniň we sarp edijileriň arasynda tehniki hem-de täjirçilik meseleleri boýunça özara ylalaşygy gazanmak zerur diýlip, maslahatda bellenildi.