Kristin Fonlýupt Aşgabatda konsert berer

09.04.2026, 18:415,474
1 / 3

10-njy aprelde Aşgabatda fransuz pianinoçysy Kristin Fonlýuptyň konserti geçiriler. Bu barada Türkmenistandaky Fransuz instituty habar berdi.

Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahnasynda geçjek konserte Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri  gatnaşar.

Bu çäre «Frankofoniýa-2026» maksatnamasynyň çäginde guralyp, pianinoçynyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna edýän saparynyň bir bölegidir.

Saz söýüjiler üçin taýýarlanan meýilnamada Klod Debýussi, Moris Rawel, Žorž Bize, Mel Boni, Sesil Şaminad ýaly meşhur fransuz kompozitorlarynyň eserleriniň ady bar.

Saz agşamy sagat 19:00-da başlanýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.