«Ýüzükleriň hökümdarynyň" täze filminde Frodo bilen Gendelf gaýdyp geler
19.08.2025 18:54
4.6k+

«Ýüzükleriň hökümdarynyň" täze filminde Frodo bilen Gendelf gaýdyp geler

“Ýüzükleriň hökümdary” (The Lord of the Rings) franşizasyndaky indiki filminde hobbit Frodo we jadygöý Gendelf sahna çykar. Bu barada Gendelfiň keşbini ýerine ýetirýän aktýor Ien Makkellen Londonda geçirilen “For the Love of Fantasy” atly duşuşykda mälim etdi
FIFA Klublaýyn dünýä çempionatyny 48 kluby gatnaşdyryp, her iki ýyldan geçirmek mümkinçiligini öwrenýär
19.08.2025 18:40
10k+

FIFA Klublaýyn dünýä çempionatyny 48 kluby gatnaşdyryp, her iki ýyldan geçirmek mümkinçiligini öwrenýär

FIFA 2029-njy ýyldan başlap Klublaýyn dünýä çempionatyny her iki ýyldan bir gezek geçirmegi ara alyp maslahatlaşýar diýip, The Guardian neşiri habar berýär. Bu teklip ilkibaşda “Real” kluby tarapyndan orta atyldy
Montereýde Pebble Beach 2025 bäsleşiginde dünýäde iň kaşaň awtomobil saýlandy
19.08.2025 18:29
7.4k+

Montereýde Pebble Beach 2025 bäsleşiginde dünýäde iň kaşaň awtomobil saýlandy

Montereý şäherinde Awtomobil hepdeliginiň çäginde geçirilen meşhur Pebble Beach kaşaňlyk bäsleşiginde baş baýragy 1924-nji ýylda öndürilen, Tulipwood Torpedo kuzowly Hispano-Suiza H6C modeli aldy. Bu nusgawy awtoulagyň kuzowy fransuz kompaniýasy Nieuport-Astra tarapyndan döredildi
Bitkoin 124 müň dollara ýetenden birnäçe gün soň 115 müň dollara düşdi
19.08.2025 18:12
3k+

Bitkoin 124 müň dollara ýetenden birnäçe gün soň 115 müň dollara düşdi

Bitkoiniň bahasy geçen hepde rekord 124 496 dollara ýetenden soň, 2% - 115 527 dollara çenli pese düşdi diýip, CNBC habar berdi. Duşenbe güni söwdalaryň dowamynda ol 114 706 dollara çenli peseldi. Öz gezeginde, Ethereum 4%, 4290 dollara çenli arzanlady
Alp Arslan Begenjow dünýä çempiony titulyny gorap bilmedi
19.08.2025 15:53
30k+

Alp Arslan Begenjow dünýä çempiony titulyny gorap bilmedi

Erkin göreş boýunça türkmen pälwany Alp Arslan Begenjow (79 kg çenli agram kategoriýasy) 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda göreş boýunça ýaşlar dünýä çempionatynyň dörtden bir finalyndan geçip bilmedi. Ýaryş 17 – 24-nji awgust aralygynda Bolgariýanyň Samokow şäherinde 650 türgeniň gatnaşmagynda geçirilýär
Geçen hepdede Türkmenistanyň birža söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 4 million dollardan gowrak boldy
19.08.2025 15:38
2.7k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň birža söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 4 million dollardan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 38 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 48-si hasaba alyndy. Bu barada TDH agentligi habar berýär. Daşary ýurt puluna Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar
Dubaýda dünýäde ikinji iň beýik bina bolan "Burj-Aziziniň" taslamasynyň jikme-jiklikleri mälim edildi
19.08.2025 15:16
11k+

Dubaýda dünýäde ikinji iň beýik bina bolan "Burj-Aziziniň" taslamasynyň jikme-jiklikleri mälim edildi

Birleşen Arap Emirliklerinde Dubaýda guruljak “Burj-Azizi” diýlip atlandyrylýan beýik binanyň funksional zolaklaşdyrylyş nusgasy köpçülige ýetirildi. Binanyň beýikligi 725 metre barabar bolar. Bina taslamany durmuşa geçirýän Azizi Developments kompaniýasynyň ady bilen atlandyryldy
Paleontologlar 5 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen keýigiň galyndylaryny tapdylar
19.08.2025 15:09
4.1k+

Paleontologlar 5 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen keýigiň galyndylaryny tapdylar

Tennessiniň (ABŞ) Greý şäherindäki Greý fosil muzeýiniň paleontologlary, takmynan, 5 million ýyllyk keýigiň galyndylaryny tapdylar. Bu barada Palaeontologia Electronica žurnalynda çap edilen ylmy işde aýdylýar
Mercedes kaşaň ulaglardan ünsi sowup, köpçülikleýin bazar üçin 36 sany täze model çykarar
19.08.2025 15:04
9.1k+

Mercedes kaşaň ulaglardan ünsi sowup, köpçülikleýin bazar üçin 36 sany täze model çykarar

Mercedes-Benz girdejileri azalandan soň strategiýasyny üýtgedýändigini mälim etdi. Handelsblatt portalynyň habar bermegine görä, kompaniýa 2027-nji ýyla çenli köpçülikleýin bazar üçin niýetlenen 36 täze awtoulag çykarmagy meýilleşdirýär
Çagany näme üçin CuriooKids-e bermeli? Okuw merkeziniň aýratynlyklary
19.08.2025 14:49
171k+

Çagany näme üçin CuriooKids-e bermeli? Okuw merkeziniň aýratynlyklary

CuriooKids — bu halkara okuw merkezleri bolup, çagalar we ýetginjekler üçin goşmaça okuw maksatnamalaryny hödürleýär. Brendiň esasy wezipesi – okuwçylary geljek üçin taýýarlamak, olara döredijilikden, tankydy pikirlenmekden, aragatnaşykdan we hyzmatdaşlykdan ybarat möhüm başarnyklaryny ösdürmeklerine goldaw bermekden ybarat
Robot "ene": Hytaýda göwresinde çaga götermäge ukyply Android bar
19.08.2025 14:32
7.7k+

Robot "ene": Hytaýda göwresinde çaga götermäge ukyply Android bar

Hytaýyň Guançžouda ýerleşýän Kaiwa Technology kompaniýasy adam düwünçegini göwrelilikden başlap, dogulýança götermäge ukyply emeli ýatgyly robotyň döredilendigini habar berdi. Önümiň bahasy 14000 dollardan gymmat däl bolup, 2026-njy ýylda bazara çykar diýlip garaşylýar
GMA-nyň iň seýrek giperkarlarynyň hemmesi bir müşderi tarapyndan sekundyň içinde satyn alyndy
19.08.2025 14:28
5.9k+

GMA-nyň iň seýrek giperkarlarynyň hemmesi bir müşderi tarapyndan sekundyň içinde satyn alyndy

Gordon Murray Automotive kompaniýasy 2025-nji ýylyň Montereý awtoulag hepdeliginde Special Vehicles bölümi tarapyndan döredilen täze GMA S1 LM giperkaryny hödürledi. Model T.50-ä esaslanýar we 1995-nji ýylda Le-Manda ýeňiji bolan McLaren F1 GTR-iň stilinde ýerine ýetirildi
Hytaýyň metan ýangyjynda işleýän raketa göterijisi synag wagty heläkçilige uçrady
19.08.2025 14:27
6.4k+

Hytaýyň metan ýangyjynda işleýän raketa göterijisi synag wagty heläkçilige uçrady

Hytaýyň LandSpace Technology kompaniýasy suwuk kislorodda we metanda işleýän Zhuque-2E Y3 raketa göterijisiniň synagynyň şowsuz tamamlanandygyny habar berdi. Uçuryş 15-nji awgustda Szýusýuan kosmodromynyň 96A meýdançasyndan amala aşyryldy
Kremniý jülgesinde EKO-da düwünçekleri IQ boýunça saýlamaga gyzyklanma artýar
19.08.2025 14:23
1.9k+

Kremniý jülgesinde EKO-da düwünçekleri IQ boýunça saýlamaga gyzyklanma artýar

Kremniý jülgesinde geljekki çaganyň aň derejesini çaklamagy wada berýän düwünçekleriň genetiki barlagyny ulanmak tejribesi giňden ýaýraýar. Şeýle hyzmatlaryň bahasy alty müňden elli müň dollara çenli bolup, barly maşgalalaryň arasynda isleg döredýär diýip, The Wall Street Journal ýazýar
“Skibidi”, “delulu” we “tradwaýf” näme? Kembrij sözlüginde täze sözler peýda boldy
19.08.2025 14:13
1.7k+

“Skibidi”, “delulu” we “tradwaýf” näme? Kembrij sözlüginde täze sözler peýda boldy

Kembrij sözlügine “skibidi”, “tradwaýf” we “delulu” sözleri girdi. Bu internet medeniýetiniň iňlis diline ýetirýän täsiriniň artýandygyny görkezýär diýip, The Guardian habar berýär. “Internet medeniýeti iňlis dilini üýtgedýär we bu hadysa syn etmek, onuň netijelerini bolsa sözlükde bellige almak gyzykly” – diýip, sözlügiň leksik programmasynyň ýolbaşçysy Kolin Makintoş belledi
Özbegistanda Afrikanyň çäginden daşary ýaýyň ulanylmagynyň iň gadymy yzlary tapyldy
19.08.2025 14:11
3.7k+

Özbegistanda Afrikanyň çäginden daşary ýaýyň ulanylmagynyň iň gadymy yzlary tapyldy

Halkara ylmy gözlegçileriň topary Özbegistanyň çäginde gadymy adamlaryň ýaý bilen oky, takmynan, 80 müň ýyl ozal ulanandygyny anyklady. Bu şeýle ýaragyň Afrikanyň çäginden daşary ulanylandygyna iň irki subutnamalaryň biridir diýip, RYA-nyň Sibir bölüminiň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär
Zak Kreggeriň “Ýaraglar” horror filminiň kassa ýygymy býujetden üç esse ýokary boldy
19.08.2025 14:09
2.8k+

Zak Kreggeriň “Ýaraglar” horror filminiň kassa ýygymy býujetden üç esse ýokary boldy

Režissýor Zak Kreggeriň “Ýaraglar” (Орудия) horrory dünýä prokatynda meşhur boldy. Ikinji hepdäniň ahyryna çenli onuň kassa ýygymy 38 mln dollar býujetde 148 mln dollara ýetdi. Bu bolsa önümçilik çykdajylaryndan üç esse ýokarydyr diýip, Variety habar berýär
Ronaldunyň kluby “Al-Nasr” Günden we çölden ylham alyp döredilen täze eşigini görkezdi
19.08.2025 13:48
11k+

Ronaldunyň kluby “Al-Nasr” Günden we çölden ylham alyp döredilen täze eşigini görkezdi

“Al-Nasr” saud futbol kluby 2025/2026 möwsümi üçin öý eşigini resmi taýdan hödürledi. Tanyşdyryşa toparyň öňdebaryjy oýunçylary, şol sanda Kriştianu Ronaldu, Sadio Mane we toparyň täze oýunçysy Žoau Feliks gatnaşdy diýip, Footy Headlines habar berýär
Lamborghini 3,5 mln dollara öz taryhynda iň tiz Fenomeno giperkaryny çykarar
18.08.2025 19:35
7.5k+

Lamborghini 3,5 mln dollara öz taryhynda iň tiz Fenomeno giperkaryny çykarar

Lamborghini brendiň taryhynda iň tiz ýol awtomobili boljak Fenomeno giperkarynyň çykaryljakdygyny habar berdi. “Bu häzire çenli döredilen iň kuwwatly V12 hereketlendirijisi we iň tiz Lamborghini” – diýip, kompaniýa belledi
ChatGPT goşundysy OpenAI-e $2 mlrd getirdi – bu bäsdeşleriň umumy girdejisinden 30 esse köp
18.08.2025 19:32
3.2k+

ChatGPT goşundysy OpenAI-e $2 mlrd getirdi – bu bäsdeşleriň umumy girdejisinden 30 esse köp

OpenAI-iň ChatGPT ykjam goşundysy 2023-nji ýylyň maý aýynda işläp başlany bäri 2 milliard dollar gazandy. Bir ýükläp gurnamadan ortaça girdeji 2,91 dollar boldy. Bu barada Appfigures kompaniýasyna salgylanyp, TechCrunch ýazýar
Jud Bellingem Louis Vuitton-yň täze ýaz/tomus toplumyny hödürledi
18.08.2025 19:29
6.5k+

Jud Bellingem Louis Vuitton-yň täze ýaz/tomus toplumyny hödürledi

Louis Vuitton 2026-njy ýylyň ýaz-tomus möwsüminiň mahabat kampaniýasyny görkezdi. Madridiň “Realynyň” we Angliýanyň ýygyndysynyň ýarym goragçysy Jud Bellingem onuň ýüzi boldy diýip, Hypebeast habar berýär. Toplumda agras nusgawy şekiller - penjekler, balaklar we köýnekler - žakkard bomberler, trikotaž we minimalistik aýakgap ýaly häzirki zaman elementleri bilen sazlaşýar
Volkswagen benzin bilen işleýän we gibrid modellerine hytaý tehnologiýasyny uýgunlaşdyrýar
18.08.2025 19:27
5.5k+

Volkswagen benzin bilen işleýän we gibrid modellerine hytaý tehnologiýasyny uýgunlaşdyrýar

Volkswagen we Xpeng awtoulaglaryň elektron arhitekturasy boýunça bilelikdäki işini giňeltjekdiklerini habar berdiler. Öň ol diňe Hytaý üçin niýetlenen CMP we MEB platformalaryndaky elektrik ulaglary üçin ulanylýardy, indi ony plagin gibridleri we şol ýurtda satylýan benzin hereketlendirijili awtoulaglar üçin ulanmak meýilleşdirilýär
Russiýada kömelegiň ozal näbelli  görnüşi tapyldy
18.08.2025 19:26
8.5k+

Russiýada kömelegiň ozal näbelli  görnüşi tapyldy

Russiýanyň alym-mikologlary Sihote-Alin goraghanasyna ekspedisiýa wagtynda kömelegiň ozal näbelli görnüşini tapdylar. Bu barada goraghananyň Telegram kanalynda habar berildi. Täze görnüş goraghananyň işgäri Wladimir Sokolowyň hormatyna Sokolowyň krepidotusy (Crepidotus sokolovii) diýlip atlandyryldy
Hytaý dünýäde iň uly ýapyk görnüşli wodorod energiýa ulgamynyň gurluşygyna başlady
18.08.2025 19:24
6.3k+

Hytaý dünýäde iň uly ýapyk görnüşli wodorod energiýa ulgamynyň gurluşygyna başlady

Pekinden 300 km uzaklykda, Içki Mongoliýanyň günortasynda ýerleşýän Ordos şäherinde diňe wodorod bilen işleýän 30 megawatt kuwwatly turbinanyň gurluşygyna başlandy. Ol dünýädäki iň uly ýapyk görnüşli wodorod energiýa ulgamynyň düzümine girer
Hindi ýazyjysy diňe 2114-nji ýyla ýetilende okalyp bilinjek kitaby ýazar
18.08.2025 19:23
9.2k+

Hindi ýazyjysy diňe 2114-nji ýyla ýetilende okalyp bilinjek kitaby ýazar

Meşhur hindi ýazyjysy Amitaw Goş “Geljegiň kitaphanasy” taslamasynyň 12-nji gatnaşyjysy boldy. Onuň indiki golýazmasy, 2114-nji ýyla çenli, ýagny 89 ýyllap okyjylar üçin elýeterli bolmaz diýip, The Guardian habar berýär
Arheologlar uniwersitetiň çäginde ýerli amerikalylaryň gadymy düşelgesini tapdylar
18.08.2025 19:03
3.4k+

Arheologlar uniwersitetiň çäginde ýerli amerikalylaryň gadymy düşelgesini tapdylar

Arheologlar Demirgazyk Karolinadaky Appalaçi döwlet uniwersitetiniň çäginde ýerli amerikalylaryň düşelgesiniň galyndylaryny tapdylar. Tapyndylar b.e. öňki 8000-1000-nji ýyllaryň giçki arhaik we wudlend döwürlerine degişlidir diýip, Archaeology magazine ýazýar
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (18.08 - 24.08)
18.08.2025 16:25
11k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (18.08 - 24.08)

Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky döwlet gullugynyň çaklamalaryna görä, awgust aýynyň 18-inden 24-i aralygyndakky hepdede ýurdumyzda üýtgäp durýan howa bolar. Käbir ýerlerde gysga wagtlaýyn ýagyşlaryň bolmagy ahmal
Aşgabatda robot gämi ýaryşy geçirildi
18.08.2025 16:16
12k+

Aşgabatda robot gämi ýaryşy geçirildi

Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebinde ýaşlaryň arasynda robot gämi ýaryşy geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi bilen “Döwrebap maslahat” hususy kärhanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşik ýurdumyzyň çar künjünden ýaşlaryň 60-a golaýyny bir ýere jemledi
Mitsubishi 20 ýyldan soň Montero ulagyny yzyna getirýär
18.08.2025 16:03
7.2k+

Mitsubishi 20 ýyldan soň Montero ulagyny yzyna getirýär

Mitsubishi kompaniýasy käbir bazarlarda Pajero ady bilen tanalýan Montero ulagyny çykarmaga taýýarlanýar. Muny internet torunda peýda bolan prototipiň suratlary delillendirýär. Bu soňky ýigrimi ýylda Montero-nyň ABŞ-da ilkinji gezek peýda bolmagy bolar, Ýewropada bolsa 2025-nji ýylyň ahyryna çenli çykmagyna garaşylýar
Hytaýdan totuguş Sýaoguý reňkleri tapawutlandyrmak ukyby bilen Ginnesiň kitabyna girdi
18.08.2025 16:02
3.4k+

Hytaýdan totuguş Sýaoguý reňkleri tapawutlandyrmak ukyby bilen Ginnesiň kitabyna girdi

Hytaýdan totuguş Sýaoguý reňkleri çalt tapawutlandyrmak başarnygy bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol 10 reňkden ybarat ýumuşdan 33,5 sekuntda baş çykaryp, guşlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi. Synag wagtynda Sýaoguýa 10 sany kiçiräk gap we şol bir reňklerdäki 10 top berildi
Lokarnodaky kinofestiwalyň baş baýragyny “Iki möwsüm, iki nätanyş” ýapon filmi aldy
18.08.2025 15:59
2.6k+

Lokarnodaky kinofestiwalyň baş baýragyny “Iki möwsüm, iki nätanyş” ýapon filmi aldy

Lokarnoda (Şweýsariýa) geçirilen 78-nji kinofestiwalyň baş baýragyny – “Altyn barsy” režissýor Sýo Miýakeniň “Iki möwsüm, iki nätanyş” (Два сезона, два незнакомца) ýapon filmi aldy. Bu barada abraýly kinofestiwalyň guramaçylary habar berdi
Günde tegmilleriň sany ep-esli azaldy, ol alawlama işjeňligini gowşadyp biler
18.08.2025 15:56
4.2k+

Günde tegmilleriň sany ep-esli azaldy, ol alawlama işjeňligini gowşadyp biler

Günüň Ýere bakýan tarapynda Gün tegmilleri asla galmady diýen ýaly. Bu barada RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi. Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, ýokary takyklykdaky suratlarda häzir dört sany tegmilli ýeri görmek bolýar
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň döwlet tapgyrynda Mary welaýatyna Hojanepes Ataýew we Remezan Işankulyýew wekilçilik eder
18.08.2025 15:46
6.8k+

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň döwlet tapgyrynda Mary welaýatyna Hojanepes Ataýew we Remezan Işankulyýew wekilçilik eder

Mary şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde guralýan «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Mary welaýat tapgyry geçirildi
Aşgabatda taekwondo boýunça Koreýa Respublikasynyň ilçisiniň kubogy ugrunda ýaryş tamamlandy
18.08.2025 15:42
2.8k+

Aşgabatda taekwondo boýunça Koreýa Respublikasynyň ilçisiniň kubogy ugrunda ýaryş tamamlandy

Aşgabatda Olimpiýa şäherçesinde çagalaryň we ýetginjek türgenleriň arasynda taekwondo boýunça Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň kubogy ugrunda geçirilen ýaryş tamamlandy
Patyşa Karl III itler üçin tagamlaryň söwdasyny ýola goýdy
18.08.2025 15:36
3.5k+

Patyşa Karl III itler üçin tagamlaryň söwdasyny ýola goýdy

Britan patyşa maşgalasynyň Şotlandiýadaky rezidensiýasynda, Balmoral galasynyň web sahypasyndaky onlaýn dükanda önümleriň täze görnüşleri peýda boldy. Indi markaly çaý önümleri, deri önümleri, oýnawaçlar we çagalar üçin kitaplar bilen birlikde itler üçin hem dürli önümleri satyn alyp bolýar
Meksikada Maýýa medeniýetiniň pese gaçmagyna sebäp bolan aýylganç gurakçylygyň yzlary tapyldy
18.08.2025 15:29
6.1k+

Meksikada Maýýa medeniýetiniň pese gaçmagyna sebäp bolan aýylganç gurakçylygyň yzlary tapyldy

Meksikanyň Ýukatan ýarym adasyndaky gowakdaky stalagmit sebitde köp sanly gurakçylyklaryň bolandygyny, şol sanda olaryň biriniň 13 ýyl dowam edendigini ýüze çykardy. Bu gurakçylyk, takmynan, müň ýyl ozal Maýýa medeniýetiniň pese gaçmagynda möhüm rol oýnap biler diýip, barlagyň awtorlary Science Advances žurnalynda habar berdiler
Google-e degişli kompaniýanyň lazerli interneti gury ýerde we deňizde 100 Gbit/sek geçmegi başardy
18.08.2025 15:27
4k+

Google-e degişli kompaniýanyň lazerli interneti gury ýerde we deňizde 100 Gbit/sek geçmegi başardy

Alphabet Loon ýapyk taslamasy esasynda 2022-nji ýylda döredilen Aalyria kompaniýasy maglumatlary geçirmegiň Tightbeam lazer ulgamyny üstünlikli synagdan geçirdi. Synaglaryň dowamynda tehnologiýa hakyky ýagdaýlara ýakyn şertlerde 100 Gbit / s tizlikde durnukly internet birikmesini üpjün etdi
“Google Terjime” Duolingo-nyň garşysyna çykýar: onda dil öwrenmek režimi peýda bolar
18.08.2025 15:23
2.5k+

“Google Terjime” Duolingo-nyň garşysyna çykýar: onda dil öwrenmek režimi peýda bolar

“Google Terjime” programmasy daşary ýurt dillerini öwretmek üçin döredilen “Praktika” (Practice) atly täze funksiýany synagdan geçirýär diýip, Android Authority portaly habar berdi . Žurnalistler ony programmanyň iň soňky wersiýasynda işjeňleşdirmegi başardylar
Alymlar äpet penjeli guşa meňzeş dinozawryň täze görnüşini tapdylar
18.08.2025 15:21
4.7k+

Alymlar äpet penjeli guşa meňzeş dinozawryň täze görnüşini tapdylar

Mongoliýada uly dyrnakly, guşa meňzeş dinozawryň galyndylary tapyldy. Täze görnüş Shri rapax diýlip atlandyryldy we dromeozawrid maşgalasyna degişlidir. Bu açyş barada Historical Biology žurnalynda habar berildi
Serdar Berdimuhamedow Indoneziýany Garaşsyzlyk gününiň 80 ýyllygy bilen gutlady
18.08.2025 10:26
4.2k+

Serdar Berdimuhamedow Indoneziýany Garaşsyzlyk gününiň 80 ýyllygy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianto ýurduň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi