30-31-nji oktýabrda Frankfurtda Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri geçiriler

03.10.2025, 11:164,114

30-31-nji oktýabrda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri işewürlik çäresi geçiriler. Onuň esasy maksady Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň hem-de dünýäniň beýleki döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we söwda-ykdysady gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak bolup durýar.

Bu çäre Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Gündogarlyk komitetiniň we Türkmenistanyň Germaniýadaky Konsullygynyň goldawy bilen, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de “Türkmen maslahatçylar topary” hojalyk jemgyýetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň netijesinde amala aşyrylýar.
Iki günlük meýilnamanyň çäginde Türkmenistanyň hem-de çäräniň geçirilmegi meýilleşdirilýän ýurduň işewürlik we döwlet edaralarynyň wekillerini, şeýle-de gyzyklanma bildirýän giň gerimli bilermenler toparyny özünde jemlär.
Germaniýa we Türkmenistan strategik ähmiýete eýe bolan m
aliýe we bank hyzmatlary, saglygy goraýyş we derman senagaty, söwda, ulag we aragatnaşyk, nebitgaz we nebithimiýa senagaty, 0ba hojalygy, dokma we ýeňil senagaty ýaly ugurlarda özara hyzmatdaşlygy has-da berkidmegi maksat edinýär.
Forum milli ykdysady mümkinçilikleri beýan etmek, geljegi uly taslamalary giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de özara bähbitli şertnamalary baglaşmak üçin amaly meýdança hökmünde hyzmat eder. Bilelikdäki başlangyçlar üçin täze gözýetimleri açyp, innowasiýalaryň durmuşa geçirilmegine we öňdebaryjy tejribäni alyş-çalşygyna aýratyn ähmiýet berler. 
Guramaçylar habarlaşmak we maglumat üçin cci.gov.tm we tmt.tm saýtlaryny teklip edýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.