Apple iPhone 11 Pro Max-y we Watch Series 3-i könelişen gurluşlaryň sanawyna goşdy

02.10.2025, 19:133,096

Apple iPhone 11 Pro Max-y we Watch Series 3 akylly sagady goşmak bilen, wintaž enjamlarynyň sanawyny giňeltdi.

Şeýle-de bolsa, iPhone 11 Pro entek bu sanawa goşulmady, munuň sebäbi  Apple-iň bu model bilen üçünji tarapyň satyjylaryny, beýleki enjamlara garanyňda, has uzak wagtlap üpjün etmegi bilen baglanyşyklydyr.
Kompaniýanyň düzgünlerine görä, enjam çykanyna bäş ýyldan gowrak wagt geçse, wintaž hasaplanýar. Apple we ygtyýarly hyzmat merkezleri şeýle enjamlary bejerip bilerler, ýöne muny diňe zerur bölek şaýlary bar bolan ýagdaýynda edip bilerler.
Apple Watch Series 3 barada aýdylanda bolsa, olar 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda çykdy we 2022-nji ýylyň sentýabryna çenli arzan görnüşi bolmagynda galdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.