Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
01.07.2025 19:20
6.9k+
Dyson ýylboýy ýertudana ösdürip ýetişdirmek üçin adaty bolmadyk ferma-maşyn döretdi
Dyson kompaniýasy ýylyň ähli paslynda ýertudana ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýän innowasion enjamyny tanyşdyrdy. Täze enjam Angliýanyň gündogar bölegindäki Linkolnşir graflygynyň golaýyndaky aýna ýyladyşhana oturdyldy diýip, Interesting Engineering neşiri ýazýar
01.07.2025 19:10
6k+
Täze agent 007-niň keşbine dalaşgärleriň arasynda Tom Holland, Jeýkob Elordi we Harris Dikinson bar
Amazon täze Jeýms Bonduň keşbi üçin 30 ýaşdan kiçi britaniýaly aktýor gözleýär. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Neşiriň maglumatlaryna görä, dalaşgärleriň arasynda Jeýkob Elordi («Soltbern»), Tom Holland («Möý adam») we Harris Dikinson («Erbet gyz») bar
01.07.2025 19:01
5.4k+
Pekinde gumanoid robotlaryň arasynda ilkinji futbol ýaryşy geçirildi
Hytaýyň paýtagtynda gumanoid robotlaryň gatnaşmagynda özboluşly futbol ýaryşy geçirildi. Olar diňe emeli aň tarapyndan dolandyrylmak bilen, hiç hili daşarky gatyşyk bolmazdan meýdançada özbaşdak hereket edip, topy alyp, derwezä depdi
01.07.2025 18:49
10k+
Give me Sport häzirki wagtda dünýäniň iň gowy futbolçysyny atlandyrdy
Give me Sport iňlis neşiri häzirki wagtda dünýäniň iň gowy futbolçylarynyň sanawyny hödürledi. Reýtingde birinji orny “Barselonanyň” ispaniýaly wingeri Lamin Ýamal eýeledi. Ikinji orunda Usman Dembele (“PSŽ”) ýerleşdi
01.07.2025 18:45
5.6k+
Forbes üstünlige özbaşdak ýeten iň baý 50 zenanyň sanawyny hödürledi
Forbes žurnaly karýerasyny özbaşdak guran dünýäniň iň baý 50 zenanynyň sanawyny hödürledi. Sanawa girmek üçin zenanlaryň baýlygy azyndan 2,1 mlrd dollar bolmalydy. Reýtingde birinji orny Şweýsariýadan 80 ýaşly Rafaela Aponte-Diamant eýeleýär
01.07.2025 18:26
4.1k+
«Lion» FK 1-nji Ligadan düşürilensoň prezidentini üýtgetdi
Geçen hepde «Lion» futbol kluby maliýe kynçylyklary sebäpli, Fransiýanyň 1-nji Ligasyndan ikinji diwiziona düşürildi. L'Équipe gazetiniň maglumatlaryna görä, klubuň bergisi 175 mln ýewro barabar. Klubuň düşürilmegi baradaky karary Milli administratiw gözegçilik departamenti (DNCG) kabul etdi
01.07.2025 18:17
7.1k+
“Bawariýa” erkin agent hökmünde klubdan giden Zane we Daýer bilen hoşlaşdy
Mýunheniň “Bawariýasy” merkezi goragçy Erik Daýer we winger Leroý Zane bilen hoşlaşdy. Futbolçylaryň ikisiniň hem nemes kluby bilen şertnamasy 2025-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýärdi. Şeýlelikde, oýunçylar kluby erkin agent hökmünde terk etdi
01.07.2025 18:15
3.5k+
Kýonigsegg Jesko giperkarynyň iň ýowuz wersiýasyny çapyşyk atynyň hormatyna atlandyrdy
Şwesiýanyň Koenigsegg kompaniýasy Jesko giperkarynyň iň ekstremal görnüşini - Sadair’s Spear atly modeli hödürledi. Täze modeliň ady esaslandyryjynyň kakasy we kompaniýanyň başlygy Ýesko fon Kýonigseggiň iň gowy görýän atynyň ady bilen baglanyşyklydyr
01.07.2025 18:13
5k+
Neýrofiziologlar beýniniň nädip sözlerden sözlem düzýändigini düşündirdiler
Nýu-Ýork uniwersitetiniň (ABŞ) alymlary adam beýnisiniň nädip aýry-aýry sözleri sözlemlere öwürýändigini anyklamaga kömek edýän barlagy geçirdiler. Neýrolingwistika şu çaka çenli, esasan, aýry sözleriň emele getirilişini öwrenipdi, ýöne olaryň many berýän zynjyrlara birleşiş prosesini öwrenmändi
01.07.2025 18:05
3.8k+
Mercedes-AMG 1360 at güýji bolan GT XX ulagynyň nusgasyny görkezdi
Mersedes-AMG 2026-njy ýyla çenli önümçilik sedanyna öwrüljek aşa güýçli dört gapyly kupesini - GT XX konsepsiýaly elektrik awtoulagyny hödürledi. Täze model Porsche Taycan, Xiaomi SU7 Ultra we beýleki ýokary öndürijilikli elektrik awtoulaglary bilen bäsleşmek üçin döredildi
01.07.2025 18:01
6.5k+
Dünýäde sanjym edilişiniň peselmegi millionlarça çaganyň kesele garşy gowşak bolmagyna getirýär
Çagalara howply ýokançlyklara garşy sanjym edilişiniň dünýä boýunça derejesi ösmegini bes etdi. Kä ýurtlarda bolsa, hatda aşaklap başlady. Bu barada The Lancet ylmy žurnalynda çap edilen barlaga salgylanýan Bi-bi-si habar berýär
01.07.2025 17:55
4.5k+
Alymlar dinozawrlaryň täze görnüşini tapdylar. Olar itiň ululygynda bolupdyr
Alymlar labrador-retriwerden (itiň bir tohumy) uly bolmadyk dinozawryň täze görnüşini tapdylar diýip, CNN habar berýär. Dinozawr Enigmacursor mollyborthwickae diýlip atlandyryldy we takmynan, 150 million ýyl ozal - ýura döwründe stegozaurlar we diplodoklar bilen birlikde häzirki Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň çäginde ýaşap geçipdir
01.07.2025 17:52
5.4k+
Ýapon arheologlary gadymy gurallardan kanoe ýasap, daş asyrynyň adamlarynyň geçen ýoluny gaýtaladylar
Ýapon we taýwan arheologlary paleolit döwrüniň adamlarynyň, takmynan, 30 müň ýyl ozal amala aşyran syýahatyna meňzeş howply deňiz syýahatyny amala aşyrdylar. Olar öz synaglaryny Science Advances žurnalynda beýan etdiler
01.07.2025 17:09
7.6k+
Ýewropany yssy gurşap aldy: Birnäçe ýurtda howa howpunyň iň ýokary derejesi yglan edildi
30-njy iýunda Ýewropada aşa yssy howa boldy, temperaturanyň mundan beýläk hem ýokarlanmagyna garaşylýar. Ispaniýada, Portugaliýada, Italiýada, Fransiýada, Germaniýada we Beýik Britaniýada howa duýduryşlary yglan edildi
01.07.2025 14:51
11k+
Türkmenistanda 2025-nji ýylyň I ýarymy üçin pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hasaplaşyk döwri başlandy
Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere 2025-nji ýylyň I ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär. Telekeçiler pensiýa gatançlaryny 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda tölemelidirler
01.07.2025 14:18
5.7k+
Tesla elektromobili ilkinji gezek alyjysynyň öýüne özbaşdak bardy
Tesla kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask Tesla Model Y elektrik awtoulagynyň öz-özüni ilkinji gezek müşderä gowşurandygyny habar berdi. Bu barada ol özüniň X sosial ulgamyndaky (öňki Twitter) sahypasynda ýazdy
01.07.2025 14:08
8k+
Merhum Pol Uokeriň gahrymany “Forsažyň” iň soňky filminde peýda bolar
Merhum Pol Uokeriň gahrymany “Forsaž” film sagasynyň soňky bölüminde ýene peýda bolar. Muny Win Dizel Los-Anjelesdäki festiwalda mälim etdi. Onuň sözlerine görä, Braýan O'Konneriň keşbi ilkinji görkezilişi 2027-nji ýylyň aprelinde çykmagy meýilleşdirilýän jemleýji filmde gaýdyp geler
01.07.2025 14:06
1.9k+
Scorpions rok topary hakynda "Wind Of Change" baýopiginde oýnajak aktýorlar belli boldy
Germaniýanyň Scorpions rok topary barada ýakynda çykjak terjimehal filmiň esasy aktýorlar düzümi yglan edildi diýip, Deadline habar berýär. Toparyň agzalary bolan Rudolf Şenkeriň, Klaus Maýneniň, German Rarebelliň
01.07.2025 14:03
10k+
Awstraliýanyň gowaklaryndan ilkinji gözsüz ary we geň mumiýalanan möýler tapyldy
Alymlar Awstraliýanyň Nallarbor düzlüginden içinde ozal görülmedik jandarlaryň mumiýalanan galyndylary bolan täsin gowaklary tapdylar. Tapyndylaryň arasynda gadymy möýler, saçakçylar, kyrkaýaklar we arylaryň dünýäde ilkinji asla gözsüz görnüşi bar
01.07.2025 13:52
2.2k+
Türkmenistanda “Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi
“Watan” gazetiniň redaksiýasy hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli eziz Diýarymyzda tebigatyň gözelliklerini gorap saklamak, onuň baýlyklaryndan
01.07.2025 13:46
2.3k+
Raşid Meredow Zambiýanyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
30-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Zambiýa Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Mulambo Haimbe bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegi barada pikir alşyldy
01.07.2025 13:42
10k+
Ägirt “bulut-sunami” Portugaliýanyň kenarlaryndaky adamlary gorkuzdy
Portugaliýanyň asmanynda seýrek atmosfera hadysasy – rulon görnüşli bulut peýda boldy. Bu hadysa Powoa-de-Warzin, Wila-du-Kondi, Figeýra-da-Foş we Owar sebitleriniň kenarlarynda dynç alýan adamlary hem haýran galdyrdy, hem gorkuzdy diýip, Notícias ao Minuto habar berýär
01.07.2025 13:33
7.2k+
Klublaýyn dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda “Inter” “Fluminenseden”, “ManSiti” “Al-Hilýaldan” utuldy
ABŞ-da geçirilýän futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionatynyň 1/8 final oýnunda Milanyň “Interi” garaşylmadyk ýagdaýda “Fluminenseden” 0:2 hasabynda utuldy. Toparlar Şarlottdaky “Bank of Amerika” stadionynda oýnady
01.07.2025 08:11
4.6k+
Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň General-gubernatoryny Kanadanyň güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatory hanym Meri Saýmona we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Kanadanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden
01.07.2025 08:04
9.7k+
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze bellenen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
30-njy iýunda Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legari Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär
01.07.2025 08:00
6.4k+
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
30-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär
30.06.2025 19:40
15k+
Jessika Linniň ýolbaşçylygyndaky amerikaly kantri-rok topary Aşgabatda iki sany konsert bilen çykyş eder
Amerikan sungat ussady Jessika Linniň ýolbaşçylygyndaky kantri rok žanrynda çykyş edýän aýdym-saz topary 2025-nji ýylyň 2-7-nji iýuly aralygynda Türkmenistana sapar bilen geler. ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, saparyň dowamynda Aşgabatda konsert bilen çykyş eder
30.06.2025 19:24
7.2k+
Blue Origin kosmosa 6 syýahatçy iberdi. Indi orbita 750 adam çykyp gördi
Blue Origin kompaniýasy ýolagçylar bilen 13-nji suborbital uçuşyny üstünlikli geçirdi. Bortunda alty syýahatçy bolan New Shepard raketasy 29-njy iýunda ABŞ-nyň merkezi wagty (CDT) bilen 9:39-da Günbatar Tehasdaky Launch Site One meýdançasyndan uçuşa başlady
30.06.2025 19:19
6.9k+
Toyota RAV4 dünýäde iň köp satylan awtomobil boldy
Toyota RAV4 ýapon krossoweri 2024-nji ýylda dünýäde iň köp satylan awtomobil boldy. Ol birinji orundan geçen ýylky lider Tesla Mode Y-ny gysyp çykardy. JATO Dynamics analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde iki modeliň arasyndaky satuw tapawudy 2 müň awtomobilden gowrak boldy
30.06.2025 19:16
11k+
Türkmenistanly bilýardçy Kadyrberdi Çalyýew halkara ýaryşda bürünç medal gazandy
Türkmenistanly bilýardçy Kadyrberdi Çalyýew «Stawropol ülkesiniň gubernatorynyň kubogy» atly bilýard boýunça halkara Dünýä kubogy ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, erkekleriň arasynda bürünç medal gazandy. Ýaryş 23-30-njy iýun aralygynda Stawropolda geçirildi
30.06.2025 18:48
3.8k+
Huawei kompaniýasy Pura 80 hatarynyň global tanyşdyryş senesini yglan etdi
Huawei kompaniýasy täze Pura 80 smartfon hataryny 10-njy iýulda dünýä bazaryna hödürlär. Dünýä boýunça tanyşdyrylyş dabarasy Dubaýda geçiriler. Bu barada kompaniýanyň resmi beýannamasyna salgylanyp, Gizmochina portaly habar berdi
30.06.2025 18:46
5.7k+
“Mugthorlar” kinematografçylar tarapyndan XXI asyryň iň gowy filmi hökmünde saýlandy
The New York Times žurnaly Golliwuddan we bütin dünýäden kinematografçylaryň pikiri boýunça XXI asyryň iň gowy 100 filminiň sanawyny hödürledi. Pikir soraşma kinopudagyň 500-den gowrak wekili, şol sanda režissýorlar, aktýorlar we ssenariçiler gatnaşdy – olaryň arasynda Pedro Almodowar, Sofiýa Koppola, Barri Jenkins, Gilýermo Del Toro, Jon Turturro we Julianna Mur bar
30.06.2025 18:38
5.1k+
Baş keşpde Bred Pittiň düşen “Formula 1” filmi dünýä prokatyny eýeleýär
Bred Pittiň baş keşbi janlandyrmagynda täze “Formula 1” filmi ABŞ-da we Kanadada 55,6 million dollar, dünýäde bolsa 88,4 million dollar girdeji gazandy diýip, The Hollywood Reporter habar berýär. Filmiň dynç günleriniň umumy girdejisi 144 million dollardan geçdi we bu prodýuserleriň garaşyşlaryndan ep-esli ýokary boldy
30.06.2025 18:26
13k+
Ay Yola, Simge, Edis we beýleki dünýä belli aýdymçylar Arkadag şäherinde konsertde çykyş etdiler
29-njy iýunda agşam “Arkadag Binasynyň” öňündäki baýramçylyk meýdançasynda Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygyna bagyşlanyp ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan we Başgyrdystan Respublikalaryndan, Türkiýeden, Özbegistandan gelen ussatlaryň ýerine ýetiren aýdymlarydyr tanslary tomaşaçylar üçin baýramçylyk sowgady boldy
30.06.2025 17:43
5.9k+
Arkadagda şäheriň iki ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi
29-njy iýunda Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri we dabaraly maslahat geçirildi. Täze şäheriň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde köp sanly ýaşaýjylara döwrebap jaýlardan ýokary amatlykly öýleriň açarlary gowşuryldy
30.06.2025 17:34
3.6k+
Türkmenistanda ynsanperwerlik wehimlerine jogap bermek boýunça tegelek stol geçirildi
28-nji iýunda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasy we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy bilen bilelikde tegelek stol geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi
30.06.2025 17:28
15k+
Tramp TikTok üçin alyjy tapandygyny aýtdy – ol «örän baý adamlardan» ybarat topar
Donald Tramp TikTok üçin mümkin bolan alyjynyň – «örän baý adamlardan ybarat toparyň» bardygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu geleşigiň amala aşmagy üçin Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň razyçylygy gerek bolar diýip, Reuters agentligi habar berýär
30.06.2025 17:17
12k+
Plantyň soňky wesýeti: ABŞ-nyň bir şäherinde dikuçardan 50 müň dollar seçildi
27-nji iýunda ABŞ-nyň Miçigan ştatynyň Detroýt şäheriniň merkezinde dikuçardan dollar seçildi. «Fox 2 Detroit» teleýaýlymynyň habaryna görä, waka günortan şäheriň iň gatnawly çatryklarynyň birinde bolup geçipdir
30.06.2025 17:06
3.8k+
“28 ýyl soň” zombi franşizasynyň iň girdejili filmi boldy
“28 ýyl soň” (28 лет спустя) filminiň dünýädäki kassa ýygymy 100 mln dollardan geçdi. Režissýor Denni Boýluň kartinasy bu görkezijä 20-nji iýunda bolan premýerasyndan soň dokuz günüň içinde ýetmegi başardy. Film franşizada eýýäm iň köp girdeji gazanan boldy
30.06.2025 11:22
2.4k+
Lando Norris “Formula-1-iň” Awstriýanyň Gran-prisi tapgyrynyň ýeňijisi boldy
“Maklareniň” britaniýaly sürüjisi Lando Norris “Formula-1” çempionatynyň 11-nji tapgyry bolan Awstriýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş Şpilbergde geçirildi. Ikinji orny onuň topardaşy awstraliýaly Oskar Piastri eýeledi (2,695 sekunt yza galdy)
«
1
…
245
246
247
…
1118
»
«
1
…
242
243
244
245
246
247
248
249
250
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.