FIFA-nyň yklymara kubogynyň jemleýji ýaryşy Katarda geçiriler

30.09.2025, 12:433,325

Katar FIFA-nyň 2025-nji ýylda geçiriljek yklymara kubogynyň jemleýji ýaryşyny kabul eder. Bu barada Halkara Futbol Federasiýasynyň resmi web sahypasynda yglan edildi.

Ýaryşyň soňky üç oýny Katarda geçer. 10-njy dekabrda "Iki Amerikanyň derbisi" geçiriler: meksikaly “Krus Asul” şu ýylky Libertadoresiň Kubogynyň ýeňijisi bilen bäsleşer. Bu oýnuň ýeňijisi 13-nji dekabrda FIFA-nyň Challenger Cup ýaryşynyň  çäklerinde Müsüriň “Piramidsy”  bilen oýnar. 17-nji dekabrda boljak aýgytlaýjy oýunda Fransiýanyň “Pari Sen-Žermeni” bu oýnuň ýeňijisi bilen duşuşar.
Jemleýji tapgyryň ilkinji iki oýny “Ahmed bin Ali” stadionynda geçer. Jemleýji oýnuň geçjek ýeri biraz soň kesgitlener.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.