Kümşüň bahasy soňky 14 ýylda ilkinji gezek 47 dollardan geçdi

29.09.2025, 13:384,294

Kümşüň bahasy soňky 14 ýyl dört aýda ilkinji gezek bir unsiýa üçin 47 dollardan geçdi. Duşenbe güni Comex biržasynda dekabr aýyndaky üpjünçilik bilen kümüş üçin fýuçersler 1,62% gymmatlap, iň ýokary derejesinde bir unsiýa üçin 47,41 dollara ýetdi.

Soňky gezek metal bu derejeden ýokarda 2011-nji ýylyň 2-nji maýynda satylypdy.
Aşgabat wagty bilen 12:17-ä çenli ýagdaýa görä, dekabr aýyndaky üpjünçilik bilen kümüş üçin fýuçersler 0,97% gymmatlap, bir unsiýa üçin 47,11 dollardy.
Ýatlap geçsek, kümüş üçin taryhy iň ýokary baha 2011-nji ýylyň 25-nji aprelinde hasaba alyndy. Şol wagt ol bir unsiýa üçin 49,82 dollar bolupdy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.