Hadysalar

1883-nji ýylda Krakatau wulkanynyň atylmagy taryhda iň gaty ses diýlip atlandyryldy
11.12.2025 09:42
6.1k+

1883-nji ýylda Krakatau wulkanynyň atylmagy taryhda iň gaty ses diýlip atlandyryldy

Ýerde häli-häzire çenli hasaba alnan iň gaty ses 1883-nji ýylda Indoneziýada Krakatau wulkan adasynyň atylmagy boldy. Partlama 3 müň kilometrden gowrak aralykda eşidildi we dünýädäki barometrler onuň planetany ýedi gezek aýlanan zarba tolkunyny hasaba aldy diýip, Live Science neşiri ýazýar
7-nji ýanwarda planetalaryň ýörişi bolar we ol indiki gezek 2267-nji ýylda gaýtalanar
10.12.2025 09:53
6k+

7-nji ýanwarda planetalaryň ýörişi bolar we ol indiki gezek 2267-nji ýylda gaýtalanar

2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda planetalaryň ýörişi bolar: Gün, Wenera we Mars bir hatara diýen ýaly düzüler, olaryň arasyndaky burç aralygy bolsa bir gradusa çenli azalar. Bu astronomik hadysanyň indiki gezek diňe XXIII asyrda gaýtalanmagyna garaşylýar diýip, RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizikasy institutynyň metbugat gullugy habar berdi
Ýaponiýanyň demirgazygynda şu ýylda iň güýçli ýertitremesi boldy, sunami howpy yglan edildi
09.12.2025 06:49
11k+

Ýaponiýanyň demirgazygynda şu ýylda iň güýçli ýertitremesi boldy, sunami howpy yglan edildi

Ýaponiýada 7,2 magnitudaly ýertitreme bolup geçdi. Bu barada NHK habarlar gullugy habar berýär. Ýertitremäniň ojagy Honşu adasynyň demirgazyk böleginden takmynan 80 kilometr gündogarda, deňizde ýerleşdi. Iň güýçli sarsgynlar Aomori prefekturasynyň ýaşaýjylary tarapyndan duýuldy
Cloudflare ýene hatardan çykdy – hatda Downdetector işlemedi
06.12.2025 09:48
2.2k+

Cloudflare ýene hatardan çykdy – hatda Downdetector işlemedi

Dünýäde köp sanly internet serwisleriniň işini üpjün edýän Cloudflare kompaniýasynyň işinde uly bökdençlik ýüze çykdy. Bu hem onlarça saýtlaryň we programmalaryň işine zyýan ýetirdi diýip, The Economic Times habar berýär
Malaýziýa 11 ýyl mundan ozal ýiten Boeing uçarynyň gözlegine gaýtadan başlaýar
05.12.2025 18:06
13k+

Malaýziýa 11 ýyl mundan ozal ýiten Boeing uçarynyň gözlegine gaýtadan başlaýar

Malaýziýanyň hökümeti 11 ýyldan gowrak ozal ýiten Malaysia Airlines uçaryny gözlemek işini gaýtadan dikeltmek kararyna geldi. Gözleg işleri şu ýylyň 30-njy dekabrynda başlar. Bu barada ýurduň Ulag ministrligine salgylanyp, The Guardian neşiri habar berýär
Serdar Berdimuhamedow Şri-Lankanyň Prezidentine tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi
03.12.2025 10:07
12k+

Serdar Berdimuhamedow Şri-Lankanyň Prezidentine tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi
Dekabrda Ýeriň ýaşaýjylary Superaýy, Ýupiteriň hemralaryny we sagatda 150-ä golaý meteory görüp biler
03.12.2025 09:20
10k+

Dekabrda Ýeriň ýaşaýjylary Superaýy, Ýupiteriň hemralaryny we sagatda 150-ä golaý meteory görüp biler

Ýeriň ýaşaýjylary dekabryň başynda birnäçe täsin astronomik hadysalara: Superaýa, Geminid meteor akymyna we Ýupiteriň iň uly hemralaryna syn edip biler. Bu barada UrFU okuw astronomiýa obserwatoriýasynyň inženeri Wladilen Sanakoýewe salgylanyp, TASS habar berýär
Türkmenistanyň Prezidenti suw joşgunlaryndan ejir çeken tailandyň halkyna medet beriji sözlerini beýan etdi
02.12.2025 11:39
13k+

Türkmenistanyň Prezidenti suw joşgunlaryndan ejir çeken tailandyň halkyna medet beriji sözlerini beýan etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi
Günde 2025-nji ýylyň iň güýçli alawlamalarynyň biri hasaba alyndy
01.12.2025 17:28
7.8k+

Günde 2025-nji ýylyň iň güýçli alawlamalarynyň biri hasaba alyndy

Günde şu ýylda iň güýçli alawlamalaryň biri hasaba alyndy, onuň iň ýokary derejesi Aşgabat wagty bilen 7:49-da boldy. Bu barada “FOBOS” howa merkeziniň hünärmeni Mihail Leus habar berdi. Ir ertir Günde X derejeli güýçli alawlama hasaba alyndy diýip, Mihail Leus öz Telegram kanalynda ýazdy
Hytaý taryhynda ilkinji halas ediş kosmos missiýasyny uçurdy
25.11.2025 17:22
4k+

Hytaý taryhynda ilkinji halas ediş kosmos missiýasyny uçurdy

2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda ýerli wagt boýunça 12:11-de (Aşgabat wagty bilen 09:11) Hytaý gyssagly ýagdaýda “Şençžou-22” kosmos gämisiniň “Týangun” orbital stansiýasyna uçuşyny amala aşyrdy. Gämi “Çançžen-2F” raketasynda Szýusýuan kosmodromyndan ekipažsyz uçup, orbita üstünlikli çykdy
Hindi kinosynyň iň meşhur aktýorlarynyň biri Dharmendra aradan çykdy
25.11.2025 12:46
20k+

Hindi kinosynyň iň meşhur aktýorlarynyň biri Dharmendra aradan çykdy

Mumbaýda 89 ýaşynda Bolliwud kinosynyň ýyldyzy Dharmendra (doly ady – Dharmendra Kewal Krişan Deol) aradan çykdy. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Dharmendra hindi kinosynyň iň esasy şahsyýetleriniň biridi
Uelsdäki muzeýden bürünç asyrynyň altyn şaý-sepleri ogurlandy
21.11.2025 23:45
6.2k+

Uelsdäki muzeýden bürünç asyrynyň altyn şaý-sepleri ogurlandy

Uelsiň paýtagty Kardiff şäherindäki muzeýden bürünç asyrynyň altyn şaý-sepleri ogurlandy. Bu barada ýerli polisiýa salgylanyp, Telegraph gazeti habar berdi. Gazetiň maglumatlaryna görä, bürünç asyrynyň birnäçe özboluşly predmetleri Keramatly Fagan galasynyň çägindäki Milli taryh muzeýiniň baş edarasyndaky witrinadan ogurlandy
NASA 3I/ATLAS kometasynyň Ýere howp salmaýandygyny aýdyp, onuň emeli gelip çykyşyny ret etdi
20.11.2025 18:49
6.7k+

NASA 3I/ATLAS kometasynyň Ýere howp salmaýandygyny aýdyp, onuň emeli gelip çykyşyny ret etdi

3I/ATLAS kometasy Gün ulgamyndan daşary ýerden geldi diýip, brifingde NASA-nyň ýolbaşçysynyň orunbasary Amit Kşatriýa habar berdi. Agentligiň esasy ylmy işgäri Tom Stetler kometanyň Gün ulgamyndan ep-esli gadymy bolan ýyldyz ulgamynda emele gelip bilendigini aýdýar
Tähran rekord derejede gurakçylyk sebäpli ewakuasiýa edilmäge ýakyn
20.11.2025 14:04
19k+

Tähran rekord derejede gurakçylyk sebäpli ewakuasiýa edilmäge ýakyn

Tähran güýçli gurakçylyk sebäpli ewakuasiýa edilmäge ýakyn. Häkimiýet ýurtda ýagyş ýagdyrmak üçin bulutlary emeli ýagdaýda “ekip” başlady diýip, IRNA agentligi habar berýär. The Guardian neşiriniň maglumatlaryna
Alymlar: Kosmos zyňyndylary Ýeriň atmosferasyny metallar bilen çalt hapalaýar
20.11.2025 10:55
3.1k+

Alymlar: Kosmos zyňyndylary Ýeriň atmosferasyny metallar bilen çalt hapalaýar

Nemes alymlarynyň halkara barlaglarynyň netijelerine görä, Ýeriň atmosferasy kosmos galyndylary sebäpli metallar bilen barha köp hapalanýar. Orbital mega-toparlaryň döremegi we uçuşlaryň köpelmegi bu prosesi has-da güýçlendirýär
Üç taýkonawt orbitada galdy: olaryň kapsulasyna kosmos zibili zeper ýetirdi
19.11.2025 23:07
8.2k+

Üç taýkonawt orbitada galdy: olaryň kapsulasyna kosmos zibili zeper ýetirdi

“Şençžou-21” missiýasynyň üç hytaýly astronawty Ýere gaýdyp gelmek üçin işläp duran kapsula bolmazdan “Týangun” kosmos stansiýasynda galdy we ol ýerde azyndan bir hepde eglener. Kosmos missiýasy garaşylmadyk ýagdaýa duçar boldy: ekipažyň aşak düşmek üçin işleýän enjamy ýok
2025-nji ýyl magnit tupanlarynyň sany boýunça rekorda golaýlaýar
15.11.2025 14:55
6.7k+

2025-nji ýyl magnit tupanlarynyň sany boýunça rekorda golaýlaýar

2025-nji ýyl soňky onýyllykda güýçli magnit tupanlarynyň sany boýunça rekordly bolup biler. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasyna salgylanyp, TASS habar berýär
Şwesiýada suratkeş Karl Millesiň 125 kg-lyk bürünç heýkeli ogurlandy
15.11.2025 00:33
11k+

Şwesiýada suratkeş Karl Millesiň 125 kg-lyk bürünç heýkeli ogurlandy

Şwesiýada belli suratkeş Karl Millesiň "Emigrantlar" atly bürünçden ýasalan heýkeli ogurlandy. Bu barada "Smålandsposten" gazeti habar berdi. Bu eser Wekşýö şäherindäki Emigrantlar öýüniň ýanynda ýerleşýärdi. Onuň ýitendigini 10-njy noýabrda ir bilen "Smoland" seýilgähiniň müdiri Lennart Ýuhansson ýüze çykardy
Hytaýda ýakynda açylan 758 metrlik köpri ýykyldy
13.11.2025 22:41
51k+

Hytaýda ýakynda açylan 758 metrlik köpri ýykyldy

Hytaýyň Syçuan welaýatynda ýerleşýän Hunsi köprüsiniň ýol örtügi we birnäçe aralygy ýykyldy. Bu köpri welaýat sebitini Tibet platosy bilen baglanyşdyrýardy. Köpriniň gurluşygy 2025-nji ýylyň başynda tamamlanypdy
Günde 2025-nji ýylda iň güýçli alawlama hasaba alyndy
12.11.2025 00:21
6k+

Günde 2025-nji ýylda iň güýçli alawlama hasaba alyndy

11-nji noýabrda Günde 2025-nji ýylyň iň güýçli alawlamasy bolup geçdi. Onuň güýçlüligi X5.1 diýlip hasaplanýar. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasyna salgylanyp, TASS habar berýär
Ýuwaş ummanynda tektoniki plitanyň dargap başlamagy hasaba alyndy
09.11.2025 23:06
5.7k+

Ýuwaş ummanynda tektoniki plitanyň dargap başlamagy hasaba alyndy

Ýuwaş ummanynyň düýbünde ýerleşýän Eksplorer atly tektoniki plita böleklere dargap başlady. Bu tebigy geologik prosesiň netijesi bolup, onuň sebäbi bir plitanyň beýlekiniň aşagyna süýşmegi bilen baglanyşyklydyr
Ýere Gün plazmasynyň zyňyndylary golaýlaýar: güýçli magnit tupany bolup biler
06.11.2025 18:59
8.6k+

Ýere Gün plazmasynyň zyňyndylary golaýlaýar: güýçli magnit tupany bolup biler

7-nji noýabrda Ýeri Gün plazmasynyň uly zyňyndysy gurşap alar. Ol 5-nji noýabrda Aşgabat wagty bilen 16:00 töweregi bolup geçen M7.4 derejeli alawlamadan soň ýüze çykdy. Bu barada Russiýanyň ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi
Tehasyň Hökümeti autizm bilen bagly hakykaty gizlemekde aýyplap, Johnson & Johnson-a garşy kazyýet arzasyny berdi
04.11.2025 14:20
3.8k+

Tehasyň Hökümeti autizm bilen bagly hakykaty gizlemekde aýyplap, Johnson & Johnson-a garşy kazyýet arzasyny berdi

Tehas ştatynyň (ABŞ) resmileri Johnson & Johnson (J&J) we onuň öňki bölümi Kenvue kompaniýasyna garşy kazyýete ýüz tutdy. Olaryň berýän aýyplamalaryna görä, kompaniýalar Tylenol (asetaminofen) dermanynyň çagalaryň arasynda autizmiň döremegine sebäp bolup biljek ähtimallygy barada maglumatlary gizläpdir
Owganystanda güýçli ýertitreme bolup geçdi
03.11.2025 16:58
24k+

Owganystanda güýçli ýertitreme bolup geçdi

Owganystanyň demirgazygynda 6,3 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi. Bu barada Ýewropa-Ortaýer deňzi seýsmologiýa merkezi (EMSC) habar berdi. Ýerasty sarsgynlar Aşgabat wagty bilen 01:28-de hasaba alyndy. Ýertitremäniň merkezi Balh welaýatynda, Mazari-Şarif şäheriniň golaýynda we Taşkurgan şäherinden dokuz kilometr uzaklykda 28 km çuňlukda ýerleşdi
Amerikan uçarmanlary “Melissa” harasatyny içinden wideo düşürdi
30.10.2025 19:20
15k+

Amerikan uçarmanlary “Melissa” harasatyny içinden wideo düşürdi

ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň “Harasat awçylary” hökmünde belli bolan 53-nji meteorologiki gözleg eskadrilýasynyň uçarmanlary gözegçiligiň tutuş taryhynda Atlantikada iň güýçli harasatlaryň biri bolan “Melissa” tupanynyň merkezinden uçdy
Ýamaýka bilen Kuba taryhynda iň güýçli harasat aralaşdy
29.10.2025 13:47
14k+

Ýamaýka bilen Kuba taryhynda iň güýçli harasat aralaşdy

Sişenbe güni Ýamaýkanyň üstünden “Melissa” atly harasat geçip gitdi. Ol suw joşmalaryna we köpçülikleýin elektrik kesilmelerine sebäp boldy. "Melissa" bu ada döwletiniň taryhynda iň güýçli harasat boldy. ABŞ-nyň Harasat gözegçilik Milli merkeziniň (NHC) maglumatlaryna görä, 29-njy oktýabrda irden harasat Kubanyň kenaryna ýetdi
Islandiýada ilkinji gezek çybynlar peýda boldy
24.10.2025 16:48
8.8k+

Islandiýada ilkinji gezek çybynlar peýda boldy

Islandiýada ilkinji gezek çybynlar ýüze çykaryldy. Häzire çenli ýurt dünýäde olardan azat bolan iki ýeriň biri hasaplanýardy – indi ýeke-täk şeýle ýer Antarktida bolup galdy. Ilkinji çybynlar Reýkýawikden günorta-günbatarda Kýos buzluk jülgesinde göründi
Täze Zelandiýanyň asmanynda seýrek “gyzyl spraýt” surata düşürildi
24.10.2025 16:46
6.2k+

Täze Zelandiýanyň asmanynda seýrek “gyzyl spraýt” surata düşürildi

Täze Zelandiýada üç fotosuratçy seýrek tebigy hadysany – “gyzyl spraýt” ýyldyrymyny surata düşürdi. Gyrmyzy reňkli öwüşginler adanyň asmanynda 11-nji oktýabrda peýda boldy diýip, The Guardian habar berýär. Fotosuratçy Tom Reý ispaniýaly kärdeşleri Dan Zafra we Hose Kantabrana bilen bilelikde Omaramanyň toýun gaýalarynyň üstünde Akmaýanyň ýoluny surata düşürmegi meýilleşdiripdi
Fransiýada Luwrdan soň ýene bir muzeý talandy
22.10.2025 21:41
5.3k+

Fransiýada Luwrdan soň ýene bir muzeý talandy

Fransiýada ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Langr şäherinde “Deni Didronyň magaryf öýi” muzeýi talandy. Bu waka barada France Info habar berýär. 20-nji oktýabrda irden işe gelen muzeý işgärleri giriş gapysynyň we altyn hem kümüş teňňeli witrinalaryň döwlendigini gördi
2025-nji ýylyň iň ýagty kometasy 21-nji oktýabrda Ýere golaý geler
20.10.2025 14:54
5.5k+

2025-nji ýylyň iň ýagty kometasy 21-nji oktýabrda Ýere golaý geler

21-nji oktýabrda täze dogan Aý ýagty kometa bolan C/2025 A6 Lemmon-a syn etmek üçin örän gowy şertleri döreder – bu gün asman jisimi Ýere iň ýakyn aralykdan – takmynan, 89 million kilometrden geçer diýip, TASS habar berýär
Kaliforniýada kenara Günorta ýarymşarda duşýan syrly, iki tonnalyk balyk zyňlyp çykdy
20.10.2025 10:23
20k+

Kaliforniýada kenara Günorta ýarymşarda duşýan syrly, iki tonnalyk balyk zyňlyp çykdy

Demirgazyk Kaliforniýanyň kenarynda ýerli ýaşaýjylar kenara zyňlyp çykan uly, adaty bolmadyk balygy tapdylar. Soňra anyklanyşyna görä, bu adatça Günorta ýarym şarda ýaşaýan seýrek gudwinker güneş balygy (Mola tecta) bolup çykdy
Eýranda 700 müň ýyl ozal sönen hasaplanan Taftan wulkany oýandy
20.10.2025 10:11
6.6k+

Eýranda 700 müň ýyl ozal sönen hasaplanan Taftan wulkany oýandy

Eýranda 700 müň ýyldan gowrak ozal sönen diýlip hasaplanan Taftan wulkany hereket edip başlady. Bu barada Geophysical Research Letters amerikan ylmy žurnalynda neşir edilen dokladda aýdylýar. Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň iýulyndan 2024-nji ýylyň maýyna çenli wulkanyň çür depesi tas 9 santimetr ýokary galdy
ABŞ-da “Titan” batiskafynyň heläkçilige uçramagynyň sebäbi anyklandy
17.10.2025 20:57
11k+

ABŞ-da “Titan” batiskafynyň heläkçilige uçramagynyň sebäbi anyklandy

ABŞ-nyň Ulag howpsuzlygy boýunça milli geňeşi (NTSB) 2023-nji ýylyň iýunynda “Titanik” gämisiniň galyndylarynyň ýanyna çümen wagty ýarylan “Titan” batiskafynyň heläkçilige uçramagynyň sebäpleri barada hasabatyny hödürledi
Hytaýda maýlama sebäpli XXI asyryň ahyrynda tutuş ýurtda çaý ösdürip ýetişdirip bolar
16.10.2025 10:42
7.4k+

Hytaýda maýlama sebäpli XXI asyryň ahyrynda tutuş ýurtda çaý ösdürip ýetişdirip bolar

2090-njy ýyla çenli Hytaýda çaý ösdürip ýetişdirmek üçin amatly 137 müň inedördül kilometre golaý täze ýer peýda bolup biler diýip, Günorta-Günbatar uniwersitetiniň alymlary N+1 neşirine beren maglumatynda aýdýarlar
Filippinlerde 7,6 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi: sunami howpy yglan edildi
10.10.2025 17:50
18k+

Filippinlerde 7,6 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi: sunami howpy yglan edildi

Filippinleriň kenarynda anna gününe geçilen gije güýçli ýertitreme bolup geçdi. Onuň ululygy 7,6 bal boldy diýip, Filippinleriň wulkanologiýa we seýsmologiýa instituty (Pholvolcs) habar berdi. Ýertitremäniň ojagy Dawao portundan, takmynan, 144 km uzaklykda, deňiz düýbünden 58 km töweregi çuňlukda ýerleşýär
Indoneziýada uly meteorit gaçdy
07.10.2025 14:59
10k+

Indoneziýada uly meteorit gaçdy

Duşenbe gününe geçilen gije Indoneziýanyň Çirebon şäheriniň ýaşaýjylary ýiti ýagtylygyň we güýçli sesiň şaýady boldy. Asmandan uly meteor uçup geçip, Ýawa deňzine gaçdy diýip, Milli gözleg we innowasiýa agentliginden (BRIN) astronomiýa professory Tomas Jamaluddin habar berdi
“Akylly” Galaxy Ring ýüzüginiň batareýasy eýesiniň barmagynda wagty çişdi
02.10.2025 18:03
7.6k+

“Akylly” Galaxy Ring ýüzüginiň batareýasy eýesiniň barmagynda wagty çişdi

Samsung Galaxy Ring-i ulanyjylaryň biriniň ýüzük barmagynda wagty litiý-ion batareýasy çişdi, şol sebäpli ýüzük onuň barmagyny pugta gysdy we ahyrynda ony aýyrmak üçin lukmanyň kömegi gerek boldy. Waka uçara münmezden öň bolup geçdi, şol sebäpli ýolagçy uçuşyny-da sypdyrdy
Günden soň iň ýagty ýyldyz ýakyn wagtda Ýerden hatda gündiz hem görner
25.09.2025 20:00
8.1k+

Günden soň iň ýagty ýyldyz ýakyn wagtda Ýerden hatda gündiz hem görner

Astronomlar uzak wagt bäri sorag döredýän adaty bolmadyk ýyldyz ulgamynyň syryny açdylar. Gürrüň Betelgeýze — Günüň yzysüre asmandaky iň ýagty ýyldyz — we onuň ýaş egindeş ýyldyzy barada barýar. Alymlaryň pikirine görä, birnäçe ýyldan Betelgeýze supernowa hökmünde partlap biler we onuň ýalynyny Ýerden hatda gündiz hem görmek mümkin bolar
Bangkokda köçäniň bir bölegi aşak çöküp, uly oý emele geldi
24.09.2025 23:51
22k+

Bangkokda köçäniň bir bölegi aşak çöküp, uly oý emele geldi

24-nji sentýabrda irden Bangkokyň taryhy böleginde Wajir hassahanasynyň golaýynda uly oý emele geldi. Onuň çuňlugy, takmynan, 50 metre, diametri bolsa 30 metre barabar. Köçäniň bir böleginiň aşak çökmegi netijesinde awtomobiller we elektrik geçiriji liniýalaryň sütünleri ýeriň aşagyna gitdi
Awstraliýada 1,5 mln adam umman derejesiniň ýokarlanmagy sebäpli howp astynda
19.09.2025 14:55
5.8k+

Awstraliýada 1,5 mln adam umman derejesiniň ýokarlanmagy sebäpli howp astynda

Awstraliýanyň klimat gullugy global ýylamanyň netijeleri barada çaklamasyny hödürledi. Maglumatlara görä, 2050-nji ýyla çenli umman derejesiniň ýokarlanmagy ýurduň 1,5 million ýaşaýjysynyň janyny howp astyna goýup biler diýip, The Guardian habar berýär
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.