Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Moda we stil
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Moda we stil
11.11.2025 15:13
3.8k+
Pantone 2026-njy ýylyň ýaz–tomus möwsüminiň esasy reňk öwüşginlerini yglan etdi
Pantone reňk instituty 2026-njy ýylyň ýaz–tomus möwsüminiň moda ugurlary baradaky hasabatyny çap etdi. Bilermenleriň bellemegine görä, geljek möwsümiň esasy äheňi gülgüne we ýaşyl reňkleriniň utgaşmasy bolar. Bu iki reňk tebigatda hem-de häzirki zaman dizaýn giňişliginde tebigy görnüşde sazlaşýar
06.11.2025 22:07
2.3k+
Saint Laurent dünýäniň iň köp isleg bildirilýän moda brendi boldy
Saint Laurent 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde Lyst Index tarapyndan düzülen dünýäniň iň köp isleg bildirilýän brendleriniň reýtinginde birinji orny eýeledi. Ol ilkinji gezek Miu Miu we Loewe brendlerinden öňe geçdi diýip, WWD habar berýär
06.11.2025 11:13
4.1k+
Hublot suratkeş Deniel Arşamyň art-dizaýny bilen täze goşar sagadyny hödürledi
Şweýsariýanyň Hublot sagat kompaniýasy bilen amerikaly suratkeş Deniel Arşam ikinji bilelikdäki işini – Hublot MP-17 Meca-10 Arsham Splash Titanium Sapphire goşar sagadyny hödürledi. Arşam häzirkizaman predmetlerini daşa öwrülen ýa-da “heläkçilikden soňky geljegiň tapyndylary” ýaly şekillendirýän sungat obýektleri bilen tanalýar
28.10.2025 19:42
2.7k+
Samsung moda äýnek brendleri bilen hyzmatdaşlykda Android XR akylly äýneklerini çykarar
Samsung Android XR platformasynyň esasynda işleýän täze görnüşli akylly äýneklerini taýýarlap başlandygyny resmi taýdan mälim etdi. Täze enjam giňeldilen hakykat (AR) mümkinçilikleriniň gündelik durmuşda, işde we güýmenjede amatly ýagdaýda ulanylmagyny göz öňünde tutýar
27.10.2025 16:06
3.6k+
Post Malone öz moda brendini döredip, ilkinji egin-eşik kolleksiýasyny hödürledi
Repçi Post Malone tarapyndan döredilen Austin Post brendi The Permanent Collection ady bilen ilkinji egin-eşik kolleksiýasyny hödürledi. Onuň görkezilişi Pariždäki Moda hepdeliginde geçdi diýip, Hypebeast habar berýär
22.10.2025 14:26
1.9k+
Juzeppe Marsoççi Giorgio Armani modalar öýüniň täze başlygy boldy
Juzeppe Marsoççi Giorgio Armani toparynyň baş müdiri wezipesine bellendi. Onuň bellenilmegi 16-njy oktýabrda geçirilen mejlisde direktorlar geňeşi tarapyndan tassyklandy. Marsoççi Pantaleo Dell’Orko ýolbaşçylyk edýän direktorlar geňeşine hasabat berer
22.10.2025 14:11
3.6k+
Casio “Formula-1-den” ylham alan täze sagatlaryny hödürledi
Casio “Formula-1” bolidleriniň dizaýnyndan ylham alan täze Edifice Sospensione sagat seriýasyny çykardy. Modeller sport stilini tehniki nepislik bilen utgaşdyryp, Edifice hatarynyň adaty funksiýalaryny saklaýar diýip, Notebookcheck
19.10.2025 22:28
3.3k+
Prada ýarym gymmat bahaly daşlar bilen bezelen täze şaý-sepler toplumyny taýýarlaýar
Prada modalar öýi şu aýda Couleur Vivante atly täze şaý-sepler toplumyny satuwa çykarar diýip, brendiň resmi web sahypasynda habar berilýär. Toplumda ametist, akwamarin, sitrin, morganit we peridot daşlary bilen bezelen sallanýan gulakhalkalar, soliter ýüzükleri, bilezikler we riwýer görnüşindäki monjuklar bar
17.10.2025 17:29
2.8k+
Loewe Parfumes Crafted atly täze hoşboý ys hataryny çykardy
Loewe Parfumes brendi Crafted atly täze hoşboý ys toplumyny hödürledi. "Bagyşla, bala" («Прости, детка») filmindäki we "Milliarder" («Миллиардер») serialyndaky keşpleri bilen tanalýan aktrisa Ýewa Wiktor toplumyň ýüzi boldy diýip, Hypebae habar berýär
17.10.2025 00:20
3.4k+
Mariýa Grasiýa Kýuri Dior-da sekiz ýyldan soň Fendi-niň ýolbaşçysy boldy
Mariýa Grasiýa Kýuri Fendi-niň täze döredijilik müdiri boldy. Onuň brend üçin ilkinji kolleksiýasy – güýz-gyş 2026 – fewral aýynda Milandaky moda hepdeliginde görkeziler. Dizaýner üçin bu karýerasynyň başlan ýerine gaýdyp gelmek boldy: Kýuri hut şu ýerde 1989-njy ýylda işläp başlady we on ýyl zähmet çekdi
17.10.2025 00:05
3k+
Ýewropa Bileleşigi Gucci, Chloé we Loewe brendlerine 157 mln ýewro jerime saldy
Ýewrokomissiýa bäsdeşlige garşy nyrh emele getiriş tejribesi üçin Gucci, Chloé we Loewe brendlerine umumylykda 157 mln ýewro jerime saldy. Bu barada ÝK-nyň beýanynda aýdylýar. Derňew bu brendleriň garaşsyz satyjylara harytlar üçin öz bahalaryny goýmaga mümkinçilik bermändigini görkezdi
09.10.2025 18:16
4.3k+
Nikol Kidman 20 ýyldan soň ýene Chanel-iň ilçisi boldy
Nikol Kidman ýene Chanel-iň ilçisi boldy. Soňky gezek aktrisa brend bilen 20 ýyldan gowrak ozal hyzmatdaşlyk edip, Chanel № 5 hoşboý ysynyň meşhur mahabatyna gatnaşypdy. Aktrisa täze döredijilik müdiri Matýe Blaziniň gözýetimi bilen tanyşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy
08.10.2025 14:24
3.8k+
Polo Ralph Lauren Ýamaýkadan ylham alan täze kolleksiýany hödürledi
Polo Ralph Lauren 2026-njy ýylyň ýaz-tomus kolleksiýasynyň lukbugyny (suratlar toplumy) hödürledi. Suratlar WWD neşiri tarapyndan neşir edildi. Kolleksiýa dizaýneriň Ýamaýka gezelenjinden ylham alýar. Şonuň üçin onda syýahat ruhy we adanyň rahat atmosferasy utgaşýar
07.10.2025 16:20
5.6k+
Adidas itler we pişikler üçin eşikleriň güýz toplumyny çykardy
Adidas öý haýwanlary üçin eşikleriň täze güýz toplumyny çykardy. Toplumda wetrowkalar, ýyly žiletler we brendiň firma dizaýny goýlan sport kostýumlary bar diýip, HypeBeast habar berýär. Kompaniýa şu ýylyň maý aýynda öý haýwanlary üçin niýetlenen eşikleriniň ilkinji hataryny çykardy we häzirki wagtda görnüşlerini giňeldýär
05.10.2025 17:07
5.9k+
Reebok we Kodak 90-njy ýyllaryň äheňinde eşikleriň we krossowkalaryň toplumyny çykardylar
Reebok bilen Kodak bilelikde kapsulalar toplumyny çykardy. Bu hatar eýýäm Reebok-yň web sahypasynda we brendiň firma dükanlarynda elýeterlidir diýip Hypebae habar berýär. Toplum Reebok Classic Nylon we Club C 85 krossowkalaryna täze many berýär
05.10.2025 12:35
3.2k+
Bvlgari müňlerçe Swarovski kristallary bilen täze ýantorba we aksessuar kolleksiýasyny görkezdi
Bvlgari 2026-njy ýylyň ýaz-tomus möwsümi üçin deri önümleriniň we aksessuarlarynyň täze kolleksiýasyny hödürledi. Ilkinji modeller eýýäm indiki ýylyň ýanwarynda satuwa çykar. Kolleksiýanyň esasy modeli indiki ýylyň fewralynda ýiti benewşe reňkinde çykjak täzelenen Serpenti Cuore 1968 torbasy boldy
04.10.2025 15:51
3.6k+
Zara dünýäniň meşhur adamlarynyň 50-siniň gatnaşmagynda döredilen ýubileý toplumyny çykarar
Zara 50 ýaşyny giň gerimli taslama - moda, sungat, binagärlik, kino we aýdym-saz boýunça 50 meşhur şahsyýet bilen bilelikde döredilen toplumy bilen bellemäge taýýarlanýar diýip, Wallpaper habar berýär. Hyzmatdaşlaryň
30.09.2025 17:48
3.2k+
Guççiniň maşgalasy barada täze serial surata düşüriler
Italiýanyň Sky telekompaniýasy Guççiniň maşgalasy barada serialyň taýýarlanýandygyny habar berdi. “Guççi: Oýun gutardy” (“Гуччи: Игра окончена”) atly alty bölümli taslamanyň surata düşürilişi 2026-njy ýylyň ýazynda başlanar diýip, Variety habar berýär
25.09.2025 15:09
4.5k+
Dewid Bekhem we Hugo Boss bilelikdäki toplumyny çykardy
Hugo Boss we Dewid Bekhem täze Beckham x Boss toplumyny hödürlediler. Ol eýýäm satlyga çykdy diýip, WWD habar berýär. Bu eýýäm olaryň hyzmatdaşlygynyň ikinji netijesi - ilkinji bilelikdäki toplum 2025-nji ýylyň aprelinde çykypdy
15.09.2025 09:52
9.4k+
Armani iki wesýetnama goýup gitdi: onuň imperiýasyny kim miras alar?
4-nji sentýabrda 91 ýaşynda aradan çykan Jorjo Armani iki wesýetnama galdyrdy. Modelýeriň çagasy ýok, diňe üç ýegeni we kiçi uýasy bar. Şol bir wagtyň özünde, Armani Italiýanyň iň baý adamlarynyň biri bolupdy we ýakynda onuň şahsy baýlygy 11,6 mlrd dollar diýlip hasaplandy
14.09.2025 19:04
3.5k+
Balenciaga ýene parfýumeriýa gaýdyp gelýär we 1947-nji ýylyň hoşboý ysyny dikeltmek isleýär
Balenciaga fransuz modalar öýi ýokary derejeli parfýumeriýa toplumynyň çykandygyny habar berdi. Balenciaga 1947-nji ýylda döreden Le Dix atly ilkinji hoşboý ysyny gaýtadan çykarmagy meýilleşdirýär. Täze çüýşeler ilkinji atyryň taryhy dizaýnyny gaýtalaýar
11.09.2025 19:49
7.3k+
Modelýer Jorjo Armani barada film düşüriler
“Ferrari” filmini döredijileriň biri bolan italýan prodýuseri Andrea Ýerwolino modelýer Jorjo Armani barada terjimehal filminiň düşüriljekdigini mälim etdi. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Film XX we XXI asyrlaryň iň abraýly moda dizaýnerleriniň biri diýlip atlandyrylýan Armaniniň şahsy we hünär durmuşyna bagyşlanar
07.09.2025 15:56
4.6k+
Ýaponiýaly dizaýner Soşi Osuki LVMH Prize 2025 baýragyny aldy
Soshiotsuki brendini esaslandyryjy, ýaponiýaly dizaýner Soşi Osuki LVMH Prize-yň ýeňijisi boldy. WWD-iň habar bermegine görä, ol 400 müň ýewro we LVMH toparynyň bilermenlerinden bir ýyllyk halypalyk sapagyny alar
05.09.2025 17:24
3.4k+
Prada täze Couleur Vivante şaý-sepler toplumyny satuwa çykarar
Prada brendi täze Couleur Vivante şaý-sepler toplumynyň satuwa çykarylýandygyny habar berdi. Ol oktýabr aýynda satuwa çykar. Ýygyndyda ametistlerden, akwamarinlerden, hrizolitlerden, gülgüne morganitlerden we madeýra sitrininden ýasalan gulakhalkalar, ýüzükler, bilezikler we monjuklar bar
04.09.2025 19:43
9.4k+
Giorgio Armani moda öýüni esaslandyryjy Jorjo Armani 91 ýaşynda aradan çykdy
Italiýaly modelýer, Giorgio Armani moda öýüniň esaslandyryjysy Jorjo Armani 91 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada La Repubblica gazeti habar berýär. Kompaniýa Instagram sahypasynda onuň öz maşgalasynyň arasynda “rahat ýagdaýda” jan berendigini habar berdi
03.09.2025 17:06
6.1k+
Hloýa Mal Vogue žurnalynyň baş redaktory boldy. Bu wezipede ol Anna Wintury çalyşdy
Vogue amerikan žurnalynyň täze baş redaktory Hloýa Mal boldy. Ozal Mal žurnalyň baş saýtynyň – Vogue.com-yň redaktory wezipesini eýeleýärdi. Saýtdan daşary 2022-nji ýyldan bäri Mal Britaniýada çykýan Vogue-nyň ýolbaşçysy Çioma Nnadi bilen bilelikde žurnalyň “The Run-Through with Vogue” podkastyny alyp barýardy
01.09.2025 17:05
5.4k+
Daşkentde ýaponiýaly binagär Tadao Andonyň taslamasy boýunça muzeý gurlar
Ýaponiýaly binagär, abraýly Pritzker baýragynyň eýesi Tadao Ando Özbegistanyň Milli muzeýiniň binasyny taslar. Muzeý 2028-nji ýylyň martynda Daşkentde açylar diýip, Hypebeast ýazýar. Bu Andonyň Merkezi Aziýada ilkinji taslamasy bolar
24.08.2025 18:01
5.9k+
Giorgio Armani «Ýuwentusyň» oýunçylary üçin resmi eşikleri taýýarlar
Giorgio Armani «Ýuwentus» futbol kluby üçin resmi eşikleri taýýarlar. Hypebeast neşiriniň habar bermegine görä, 2025/2026 we 2026/2027 möwsümlerinde oýunçylar meýdandan daşardaky ähli çärelerde bu markanyň kostýumlaryny geýer
24.08.2025 17:00
6.2k+
Jastin Biber SKYLRK markasy bilen köçe mebellerini öndürip başlar
Jastin Biber özüniň SKYLRK atly markasynyň astynda köçe mebellerini çykarmak baradaky meýillerini mälim etdi. Aýdymçy sosial ulgamda assortimentdäki ilkinji önümiň — oturgyç-diwanyň maket suratyny paýlaşdy. Şeýle hem Biber prototipiň dörediliş tapgyrlaryndan birnäçe pursatlary görkezdi
22.08.2025 13:15
4.7k+
Tango atly it Vogue žurnalynyň Dogue moda bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
Vogue žurnaly Dogue ady bilen özboluşly bäsleşik geçirip, ýylyň iň ýaraşykly stili bolan itini saýlady. Ýeňiji Tango atly it boldy. Ol eminleri özüniň “agras, ýöne täsirli” garaýşy we oturgyçda ykjam oturyşy bilen haýran galdyrdy
18.08.2025 19:29
6.4k+
Jud Bellingem Louis Vuitton-yň täze ýaz/tomus toplumyny hödürledi
Louis Vuitton 2026-njy ýylyň ýaz-tomus möwsüminiň mahabat kampaniýasyny görkezdi. Madridiň “Realynyň” we Angliýanyň ýygyndysynyň ýarym goragçysy Jud Bellingem onuň ýüzi boldy diýip, Hypebeast habar berýär. Toplumda agras nusgawy şekiller - penjekler, balaklar we köýnekler - žakkard bomberler, trikotaž we minimalistik aýakgap ýaly häzirki zaman elementleri bilen sazlaşýar
15.08.2025 15:00
7k+
Balenciaga ýygrylan polietilen pakedi ýada salýan 995 dollarlyk torba çykardy
Balenciaga brendi öz resmi saýtynda ýygrylan polietilen pakediň görnüşinde erkek torbasyny hödürledi. Marché Packable atly aksessuar Italiýada taýýarlandy we 995 dollara durýar. Gök reňkli tout torbasy ýyrtylmaga durnukly poliamidden taýýarlandy
02.08.2025 15:38
4.5k+
“Oskar” baýragynyň eýesi Zoi Saldana Cartier-iň ilçisi boldy
Cartier öýi amerikan-dominikan aktrisasy we “Oskar” baýragynyň eýesi Zoi Saldanany özüniň täze global ilçisi diýip yglan etdi. Bu barada şaý-sepler öýüniň uly wise-prezidenti we marketing boýunça müdiri Arno Karrez WWD neşirine habar berdi
02.08.2025 07:39
5.4k+
Vogue neşirinde ilkinji gezek AI-model peýda boldy. Ol sosial torlarda işjeň çekişmeleri döretdi
Vogue žurnalynyň awgust aýyndaky sanynda emeli aňyň döreden modeliniň ilkinji suratlary ýerleşdirildi. Fotosessiýa Guess brendiniň mahabat kampaniýasy üçin döredildi. Suratlarda uzyn zolakly köýnekli we gülli mawy kombinezon geýen saryýagyz gyz şekillendirilen
02.08.2025 07:35
5.5k+
Gucci modalar öýüniň amal girdejisi 52% azaldy
Fransiýanyň Kering holding kompaniýasy 2025-nji ýylyň birinji ýarymynyň maliýe netijelerini neşir etdi. Holdinge Gucci, Yves Saint Laurent, Balenciaga, Bottega Veneta, Alexander McQueen ýaly modalar öýleri we beýleki brendler degişli
01.08.2025 19:28
3.9k+
Tom Holland täze Prada Paradigme erkekler parfýumynyň ýüzi boldy
Aktýor Tom Holland Prada Paradigme atly erkekler üçin täze parfýumyň resmi ýüzi hökmünde saýlandy. Täze ys dünýä bazarynda duşenbe güni satuwa çykarylýar. Holland bu atyr bilen baglanyşykly beren interwýusynda parfýum saýlamakdaky garaýyşlaryny paýlaşdy: «Maňa sada zatlar ýaraýar» diýip, aktýor aýtdy
30.07.2025 18:18
5.3k+
Nikol Kidman Clé de Peau Beauté kosmetika brendiniň ýüzi boldy
Shiseido kompaniýalar toparyna girýän Clé de Peau Beauté kosmetika brendi Nikol Kidmany markanyň täze global ilçisi hökmünde yglan etdi. Kompaniýanyň resmi beýanynda awstraliýa-amerikaly aktrisasynyň ekrandaky we durmuşdaky täsirli şahsyýeti, aýal-gyzlaryň hukuklaryny goramak meselesinde eýeleýän işjeň orny bilen tanalýandygy bellenildi
28.07.2025 19:11
3.5k+
Freywille zergärlik brendi suratkeş Frida Kalonyň hormatyna şaý-sep kolleksiýasyny çykardy
Awstriýanyň Freywille zergärlik brendi meksikaly suratkeş Frida Kalonyň (1907-1954) döredijiliginden ylham alyp döredilen ¡Viva la Vida! şaý-sep kolleksiýasyny çykardy. Dizaýnerler Kalonyň dört suratyna ýüzlendi: “Maýmynlar bilen awtoportret”, “Men we totuguşlarym”, “Tikenekli monjuk we kolibri bilen awtoportret” hem-de kolleksiýa ady dakylan “Ýaşasyn durmuş
13.07.2025 18:42
3.1k+
Dior we Lýuis Hemilton täze egin-eşik kolleksiýasyny hödürledi
Dior moda öýi “Formula-1-iň” meşhur ýaryşa gatnaşyjysy Lýuis Hemilton bilen bilelikde täze egin-eşik kolleksiýasyny hödürledi. Ol Marokkonyň, Senegalyň, Mozambigiň, Beniniň we Madagaskaryň medeniýetlerinden ylham alyp döredildi
04.07.2025 18:53
5.6k+
Louis Vuitton 10 müň dollara halas ediş halkasynyň şekilinde ýantorba çykardy
Louis Vuitton fransuz moda öýi halas ediş halkasynyň şekilinde üýtgeşik ýantorba hödürledi. Onuň bahasy 10 müň dollara barabar. Aksessuar wintaž stilindäki ýazgy bilen brendiň nusgawy reňkinde ýerine ýetirildi, bu hem ony tomusky obraz üçin tüýs laýyk edýär
«
1
2
3
4
…
16
»
«
1
2
3
4
5
6
7
…
16
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.