Post Malone öz moda brendini döredip, ilkinji egin-eşik kolleksiýasyny hödürledi

27.10.2025, 16:063,671
1 / 4

Repçi Post Malone tarapyndan döredilen Austin Post brendi The Permanent Collection ady bilen ilkinji egin-eşik kolleksiýasyny hödürledi. Onuň görkezilişi Pariždäki Moda hepdeliginde geçdi diýip, Hypebeast habar berýär.

Ýygynda esasy we ýörgünli eşikler – jinsler, köýnekçeler, üstki eşik, ýapon twilinden, flisden we jersiden tikilen modeller girdi. Ähli önümler Austin Post-yň resmi saýtynda satyn almak üçin elýeterli.
Mahabatyň düşürilişi Ýuta we Waýoming ştatlarynyň serhedinde geçirildi. Oňa sazandanyň ýakyn dostlary gatnaşdy. Şeýle-de, olar kolleksiýanyň ilkinji görkezilişinde münbere çykdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.