Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Sport
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Sport
09.01.2026 10:19
8.9k+
Ýylyň birinji El-Klasikosy: «Real» «Atletikony» utup, Ispaniýanyň Superkubogynyň finalyna çykdy
Madridiň «Realy» 2026-njy ýylyň Ispaniýanyň Superkubogy ýaryşynyň ikinji finalçysy boldy. Geçen gije Jidda saud şäherinde geçirilen ýarym final oýnunda «Real» Madrid derbisinde «Atletikony» 2:1 hasabynda utdy. Hasap eýýäm 2-nji minutda Federiko Walwerdeniň jerime meýdançasyndan takyk urgusy bilen açyldy
08.01.2026 21:00
3.4k+
«ManÝunaýtediň» öňki tälimçisi «Twenteniň» tehniki müdiri wezipesini eýelär
Erik ten Hag resmi taýdan Niderlandlaryň «Twente» klubunyň tehniki müdiri wezipesine bellendi. Ol 2026/27 möwsüminiň başyndan öz wezipe borçlaryny doly ýerine ýetirmäge girişer, ýöne klubuň işine 1-nji fewraldan goşular
08.01.2026 16:06
21k+
«Al-Nasr» türkmen klublaryna garşy birinji gezek oýnanok
Türkmenistanyň köp sanly futbol janköýerleri AFK Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynda "Arkadag" bilen Saud Arabystanynyň "Al-Nasr" toparlarynyň arasynda geçiriljek duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Ýogsa näme, türkmen klublaryna şeýle ýokary derejedäki garşydaşlar bilen duşuşmak elmydama nesip edip durmaýar
08.01.2026 14:32
5.8k+
«Nýukasl» APL-iň taryhynda iň giçki ýeňiş goluny geçirdi
«Nýukaslyň» wingeri Harwi Barnsyň Angliýanyň çempionatynyň 21-nji tapgyrynyň «Lidse» garşy oýnunda geçiren goly Angliýanyň premýer-ligasynyň taryhynda iň giçki ýeňiş goly boldy. OptaJoe-niň X sosial ulgamynda habar berşi ýaly, gol duşuşygyň 102-nji minutynda, has takygy, 101:48-de girizildi
08.01.2026 13:26
6.2k+
«Barselona» «Atletigi» utup, Ispaniýanyň Superkubogynyň finalyna çykdy
Kataloniýanyň «Barselonasy» Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde geçirilen Ispaniýanyň Superkubogynyň ýarym finalynda Bilbaodan «Atletik» bilen duşuşdy. Duşuşyk «Barsanyň» peýdasyna 5:0 hasabynda tamamlandy. «Barselona» eýýäm birinji ýarymda 4 gol geçirip, oýnuň netijesini kesgitledi
07.01.2026 23:18
6.5k+
Ispan futbol konfederasiýasy Ispaniýanyň Superkubogyna gatnaşýanlar üçin pul baýragyny ýokarlandyrdy
Şu ýyl Ispaniýanyň Superkubogyna gatnaşylandygy üçin berilýän pul baýraklary ýokary bolar. Patyşalyk ispan futbol konfederasiýasy (RFEF) ýaryşyň abraýyny ýokarlandyrmak we toparlary höweslendirmek üçin gaznany artdyrmak kararyna geldi
07.01.2026 13:31
8.7k+
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Aşgabatda «Grassroots» çagalar futbol festiwalyny geçirdi
7-nji ýanwarda «Aşgabat» köpugurly stadionynda 2014 – 2015-nji ýyllarda doglan çagalaryň gatnaşmagynda «Grassroots» çagalar futbol festiwaly geçirildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de Geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu festiwala 150-ä golaý ýaş futbolçy gatnaşdy diýip, federasiýada habar berdiler
07.01.2026 13:24
21k+
Röwşen Muhadow «Arkadag» toparynyň baş tälimçisi wezipesinden gitdi
«Arkadag» futbol kluby Röwşen Muhadow bilen hyzmatdaşlygyň tamamlanandygyny habar berdi. Tälimçi bilen baglaşylan şertnamanyň möhleti tamamlanyp, taraplar ony uzaltmazlyk barada özara ylalaşyk esasynda karara geldiler diýip, Turkmenportal neşiri habar berýär
07.01.2026 10:58
6k+
FIDE dünýäniň küşt täji üçin dalaşgärleriň sanawyny hödürledi
Halkara küşt federasiýasy (FIDE) öz resmi saýtynda dalaşgärleriň we zenan dalaşgärleriň ýaryşlaryna gatnaşyjylaryň sanawyny hödürledi. Bu ýaryşlaryň ýeňijileri dünýäniň küşt täji üçin bäsleşmäge hukuk gazanar. Ýaryşlar 29-njy martdan 15-nji aprel aralygynda Kipriň günorta-günbataryndaky Pafos şäheriniň golaýyndaky otelde geçiriler
06.01.2026 14:19
3.8k+
«Strasburgdan» Liam Rosenýor «Çelsiniň» täze baş tälimçisi bolar
Londoniň «Çelsi» toparynyň täze baş tälimçisi häzirki wagtda Fransiýanyň «Strasburg» klubuna ýolbaşçylyk edýän Liam Rosenýor bolar. Hünärmeniň özi bu maglumaty insaýder-žurnalist Fabrisio Romano bilen bolan söhbetdeşliginde tassyklady
05.01.2026 16:35
8.8k+
«Mançester Ýunaýted» Ruben Amorimi işden çykardy
«Mançester Ýunaýted» topary baş tälimçi Ruben Amorimiň wezipesinden gidýändigini resmi taýdan yglan etdi. Portugaliýaly hünärmen 14 aýlyk işinden soňra wezipesinden çykaryldy. Ol topary Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) 20 tapgyryndan soňra ýaryş jedwelinde altynjy orunda galdyrdy
05.01.2026 12:06
7.2k+
Türkmen agyr atletikaçylary Dohada geçirilen ýaryşda 21 medal gazandylar
Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça halkara ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary şowly çykyş edip, 7 altyn, 7 kümüş, 7 bürünç medal gazandy. Halkara ýaryş 2025-nji ýylyň agyr atletika boýunça 10-njy Katar halkara kubogyny, ýetginjekleriň, ýaşlaryň we ulularyň arasynda geçirilýän Arap çempionatyny, şeýle-de Günbatar Aziýa çempionatyny özünde jemledi
05.01.2026 08:46
8.5k+
"Barselonanyň" öňki goragçysy Dani Alwes portugal futbol klubynyň şärikdeş eýesi boldy
"Barselonanyň" we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň öňki ýyldyzy Dani Alwes Portugaliýanyň derejesi boýunça üçünji diwiziony bolan "Liga 3-de" çykyş edýän "San-Žuan-de-Wer" klubunyň şärikdeş eýesi boldy. "Klubumyzyň taryhynda täze bir sahypa açylýar
05.01.2026 08:39
8.6k+
FIFA we IFAB 20-nji ýanwarda "Arsen Wengeriň ofsaýdyny" girizmek meselesine gararlar
Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) we Halkara Futbol Assosiasiýalarynyň Geňeşi (IFAB) eýýäm indiki möwsümden başlap, “Arsen Wengeriň ofsaýdyny” girizip bilerler. Bu barada "RMC Sport" neşiri habar berýär. Gürrüň Londonyň "Arsenal" toparynyň öňki tälimçisi Arsen Wengeriň tekliplerine laýyklykda ofsaýd (oýundan daşardaky ýagdaý) düzgünine düýpli üýtgetmeler girizmek barada gidýär
03.01.2026 22:48
23k+
«Arkadag» futbol klubunyň «Al‑Nasr» bilen geçirjek duşuşyklarynyň seneleri belli boldy
Aziýanyň futbol konfederasiýasy (AFK) AFK‑2 Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň duşuşyklarynyň senelerini we başlanjak wagtlaryny tassyklady. Kuala‑Lumpurda geçirilen bije çekişligiň netijesine görä, «Arkadagyň» garşydaşy portugaliýaly futbol ýyldyzy Kriştianu Ronaldunyň çykyş edýän Saud Arabystanynyň «Al‑Nasr» topary bolar
03.01.2026 11:02
678
Neýmar «Santos» bilen şertnamany 2026-njy ýyla çenli uzaltdy
Braziliýaly hüjümçi Neýmar «Santos» bilen şertnamany 2026-njy ýylyň ahyryna çenli uzaltmak barada ylalaşdy. Bu barada insaýder Fabrisio Romano habar berýär. 33 ýaşly Neýmaryň klub bilen öňki şertnamasynyň möhleti 2025-nji ýylyň dekabrynda tamamlandy
03.01.2026 09:52
7.2k+
FIFA ýylyň iň gowy futbolçylary üçin täze baýrak döretdi
Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) iň gowy futbolçylar üçin täze baýragyň döredilendigini yglan etdi. Guramanyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu baýrak ýylyň ahyrynda Dubaýyň sport geňeşi bilen bilelikde gowşurylar
02.01.2026 15:41
14k+
Kriştianu Ronaldu soňky 16 ýylda ilkinji gezek bir senenama ýylynda het-trik edip bilmedi
«Al-Nasr» saud klubunyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu bir senenama ýylynyň dowamynda ýekeje-de het-trik etmedi. Tamamlanan 2025-nji ýylda portugaliýaly futbolçy resmi oýunlaryň hiç birinde üç we ondan köp gol geçirmedi diýip, Spor portaly ýazýar
02.01.2026 15:37
5.4k+
Enso Mareska «Çelsiniň» baş tälimçisi wezipesinden gitdi
Italiýaly hünärmen Enso Mareska Angliýanyň «Çelsi» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berdi. «Enso klubda işlän döwründe topary Konferensiýa ligasynda we Klublaýyn dünýä çempionatynda üstünlige getirdi
31.12.2025 08:30
6.6k+
IFFHS 2025-nji ýylyň iň gowy futbol tälimçilerini saýlady
Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) ýylyň iň gowy tälimçileriniň reýtingini hödürledi. Klub derejesinde birinji orny 222 utuk bilen «Pari Sen-Žermeniň» halypasy Luis Enrike eýeledi. Ikinji orunda Enso Mareska («Çelsi», 60), üçünji orunda Hans-Diter Flik («Barselona», 57) ýerleşdi
30.12.2025 14:55
19k+
«Arkadag» AFK Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynda Kriştianu Ronaldunyň «Al-Nasryna» garşy oýnar
«Arkadag» futbol kluby AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldunyň oýnaýan «Al-Nasr» saud kluby bilen duşuşar. Ýaryşyň bu tapgyrynyň oýunlary 2026-njy ýylyň 10-11-nji we 17-18-nji fewralyna meýilleşdirilýär
29.12.2025 23:21
19k+
«Barselona» Lewandowskiden gol geçirmezligi haýyş edipdir: futbolçy sebäbini açyklady
«Barselonanyň» polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski 2022/23 möwsüminiň ahyrynda klubuň özünden gol geçirmezligi haýyş edendigini aýtdy. Bu barada ol Sport ispan gazeti bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi. Ozal bu maglumaty polşaly žurnalist Sebastýan Staşewski futbolçy baradaky kitabynda neşir edipdi
29.12.2025 13:42
17k+
Globe Soccer Awards-yň ýeňijileri yglan edildi: Ýamal — iň oňat hüjümçi, Dembele — ýylyň oýunçysy, Ronaldu — Ýakyn Gündogarda iň gowy
Abraýly Globe Soccer Awards baýragynyň eýeleri mälim edildi. Sylag gowşurylyş dabarasy Dubaýda (BAE) geçirildi. Bu ýyl baýraklaryň agramly bölegine «Pari Sen-Žermen» (PSŽ) toparynyň wekilleri mynasyp boldular. Fransuz kluby geçen möwsümde Çempionlar ligasyny, Fransiýanyň çempionatyny, Kubogyny we Superkubogyny gazandy, şeýle-de Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalyna çenli ýetdi
29.12.2025 13:31
3.5k+
Magnus Karlsen rapid boýunça alty gezek dünýä çempiony boldy
Norwegiýaly küştçi Magnus Karlsen Dohada geçirilen ýaryşda 10,5 utuk gazanyp, karýerasynda rapid boýunça altynjy dünýä çempiony titulyny gazandy. Ýaryşyň dowamynda Karlsen ýedinji raundda russiýaly grossmeýster Wladislaw Artemýewden utuldy
27.12.2025 20:56
13k+
“Arkadag” futbol kluby bassyr üçünji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy
Şu gün, Arkadag şäheriniň adybir topary Türkmenistanyň Kubogynyň final oýnunda “Ahal” toparyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “Arkadag” toparynyň futbolçylary möwsümiň dowamynda üçünji baýragyny gazandylar
27.12.2025 10:49
7.5k+
Şu gün Türkmenistanyň Kubogynyň finalynda «Arkadag» bilen «Ahal» duşuşar
Şu gün Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň final duşuşygynda «Arkadag» we «Ahal» futbol klublary garşylaşar. Oýun Arkadag şäheriniň stadionynda sagat 15:00-da başlanar. Duşuşyga Berdimämmet Atdyýewiň ýolbaşçylygyndaky eminler topary hyzmat eder
25.12.2025 13:33
6.7k+
Allanur Daýanjow ilkinji gezek tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogyny aldy
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport toplumynda tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Oňa Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndan we Aşgabatdan 72 türgen (47 erkek we 25 zenan) gatnaşdy
25.12.2025 11:23
7.1k+
Aziýanyň futbol konfederasiýasy Milletler ligasyny döretdi: milli ýygyndylar üçin täze ýaryş
Aziýanyň futbol konfederasiýasy (AFC) Milletler ligasynyň – milli ýygyndylar üçin täze yzygiderli ýaryşyň döredilendigini yglan etdi. Bu barada 21-nji dekabrda Kuala-Lumpurda habar berildi. Ýaryş FIFA-nyň halkara penjiresinde geçiriler
25.12.2025 08:27
17k+
«Arkadag» AFK Çempionlar ligasy 2-niň pleý-offuna çykdy. 1/8 finalda klubuň garşydaşy Ronaldu bilen «Al-Nasr» bolup biler
«Arkadag» futbol kluby AFK Çempionlar ligasy 2-niň pleý-offuna ýollama aldy. Ol B toparçada ikinji orny eýeledi. Altynjy tapgyryň aýgytly oýnunda Röwşen Muhadowyň topary Bahreýniň «Al-Haldiýa» klubuny 1:0 hasabynda utdy
24.12.2025 13:28
16k+
Entoni Joşua Jeýk Pol bilen söweşde gazanan pulundan 49 mln dollar salgyt tölär
IBF, WBA, WBO we IBO boýunça superagyr agramda öňki dünýä çempiony Entoni Joşua amerikaly bloger-boksçy Jeýk Pola garşy söweş üçin gazanan hakyndan, takmynan, 48,6 mln dollar salgyt tölemeli bolar. Bu barada Yahoo Sports habar berýär
24.12.2025 13:21
8.2k+
58 ýaşly ýapon futbolçysy karýerasyny «Fukusima Ýunaýtedde» dowam etdirer
58 ýaşly ýapon hüjümçisi Kadzuýosi Miura Ýaponiýanyň çempionatynyň üçünji diwizionynyň «Fukusima Ýunaýted» kluby bilen şertnama baglaşdy diýip, Japan Today habar berýär. Täze möwsüm rekord eýesi bolan futbolçy üçin 1982-nji ýylda başlanan professional karýerasynda 41-nji bolar
24.12.2025 13:17
13k+
Jeki Çan gadymy Pompei şäherinden Olimpiýa alawyny göterip geçdi
Aktýor Jeki Çan 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasyndaky estafetanyň çäklerinde gadymy rim şäheri Pompeiden Olimpiýa alawynyň fakelini göterip geçdi. Bu barada NBC News teleýaýlymy habar berýär
24.12.2025 10:25
5.6k+
Karim Benzema Pikassonyň "Sakgally adamyň portreti" atly eserini satyn aldy
Saud Arabystanynyň “Al-Ittihad” klubunyň hüjümçisi Karim Benzema Pablo Pikassonyň 1964-nji ýylda döreden “Sakgally adamyň portreti” (Portrait d'homme barbu) atly eserini satyn alandygyny mälim etdi. Fransuz futbolçysy bu gymmatbahaly söwdasy barada Instagram sahypasynda habar berdi
24.12.2025 10:04
3.5k+
«Napoli» taryhda üçünji gezek futbol boýunça Italiýanyň Superkubogyny gazandy
«Napoli» futbol boýunça Italiýanyň Superkubogynyň ýeňijisi boldy. Ol final oýnunda «Bolonýany» 2:0 hasabynda utdy. Ýaryş Saud Arabystanynda geçirildi. Neapol klubunyň düzüminde iki goly hem Dawid Neres geçirdi (39-njy we 57-nji minutlar)
24.12.2025 09:58
5.9k+
Türkmen agyr atletikaçylary Katardaky halkara ýaryşynda 6 medal gazandylar
Dohada 19-27-nji dekabr aralygynda geçirilýän Agyr atletika boýunça 10-njy halkara Katar kubogynda (Qatar Weightlifting Cup) türkmenistanly türgenler Bunýat Raşidow we Ogulşat Amanowa alty medal gazandylar. Bu barada Katar sport metbugat komiteti (The Qatar Sports Press Committee) habar berdi
24.12.2025 09:44
7.3k+
"Ahal" AFK-2 Çempionlar ligasyndaky çykyşyny "Al-Husseýinden" ýeňilmek bilen tamamlady
Türkmenistanyň "Ahal" futbol kluby AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky çykyşyny Iordaniýanyň "Al-Husseýin" toparyna garşy myhmançylykda geçiren duşuşygy bilen tamamlady. 23-nji dekabrda Ammanyň Halkara stadionynda geçirilen oýun 3:1 hasabynda ýerli toparyň peýdasyna tamamlandy
23.12.2025 19:27
10k+
«Barselona» agyr keselli çagalara goldaw bermek üçin haýyr-sahawat çäresini geçirdi
«Barselona» futbol kluby we «Barsa» gaznasy (Barca Foundation) agyr keselli çagalary we ýetginjekleri goldamaga gönükdirilen haýyr-sahawat Roždestwo kampaniýasyny geçirdi. Maksatnama bejergi döwründe çagalara we olaryň maşgalalaryna emosional goldawy bermäge gönükdirilýär we Polseres Blaugrana («Gök-gyzyl bilezikler») taslamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär
23.12.2025 17:24
10k+
Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy FIFA-nyň täzelenen reýtinginde öz ornuny saklady
Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndylaryň täzelenen reýtingini hödürledi. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň orny üýtgewsiz galdy – ol 1087,52 utuk bilen 137-nji orny eýeleýär. 2025-nji ýylda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýanyň Kubogy-2027-niň saýlama ýaryşynyň toparlaýyn tapgyrynyň çäklerinde 5 oýun geçirdi
23.12.2025 11:56
7.8k+
Saud Arabystany DÇ-2034 üçin stadion gurluşygynyň çykdajylaryny azaldar
Saud Arabystanynyň garaşsyz gaznasy (PIF) 2034-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty üçin stadion gurluşygynyň çykdajylaryny azaltmak kararyna geldi. Çykdajylary azaltmak meýilnamalary barada The Guardian neşiri habar berýär
22.12.2025 17:15
7.9k+
Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Baş baýragynyň ýeňijileri belli boldy
13-21-nji dekabr aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Baş baýrak ugrundaky tapgyrlarynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýaryş olimpiýa ulgamy (pleý-off) boýunça guraldy. Jemleýji tapgyrda jemi 32 küştçi — 16-sy açyk we 16-sy zenanlar derejesinde gatnaşdy
«
1
…
16
17
18
…
161
»
«
1
…
13
14
15
16
17
18
19
20
21
…
161
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.