«ManÝunaýtediň» öňki tälimçisi «Twenteniň» tehniki müdiri wezipesini eýelär

08.01.2026, 16:003,461

Erik ten Hag resmi taýdan Niderlandlaryň «Twente» klubunyň tehniki müdiri wezipesine bellendi. Ol 2026/27 möwsüminiň başyndan öz wezipe borçlaryny doly ýerine ýetirmäge girişer, ýöne klubuň işine 1-nji fewraldan goşular.

Hünärmeniň şertnamasy 2028-nji ýyla çenli hereket edýär.
Niderlandly tälimçiniň soňky iş ýeri Lewerkuzeniň «Baýeri» bolupdy. Ol topara häzirki möwsümiň başynda bary-ýogy üç oýunda ýolbaşçylyk etdi, şondan soň işden çykaryldy.
Ozal ten Hag belli klublaryň birnäçesi bilen işleşdi. Ol 2017-nji ýyldan 2022-nji ýyl aralygynda «Aýaksa» ýolbaşçylyk etdi, 2022-nji ýyldan 2024-nji ýyl aralygynda bolsa «Mançester Ýunaýtede» tälimçi boldy.
Häzirki wagtda «Twente» Niderlandlaryň Erediwizi ligasynyň ýaryş jedwelinde ýedinji orny eýeleýär. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.