«Arkadag» AFK Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynda Kriştianu Ronaldunyň «Al-Nasryna» garşy oýnar

30.12.2025, 09:5519,103

«Arkadag» futbol kluby AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldunyň oýnaýan «Al-Nasr» saud kluby bilen duşuşar.

Ýaryşyň bu tapgyrynyň oýunlary 2026-njy ýylyň 10-11-nji we 17-18-nji fewralyna meýilleşdirilýär.
Pleý-off tapgyrynyň bije çekilişiginiň netijeleri şu gün belli boldy.
Türkmen toparynyň garşydaşynyň düzüminde diňe bir Kriştianu Ronaldu däl-de, eýsem Sado Mane, Žoau Feliks, Kingsli Koman, Inýigo Martines we Marselo Brozowiç ýaly dünýä futbolynyň ýyldyzlary-da çykyş edýär.
Günbatar zolak:

  • «Al-Zawraa» (Yrak) — «Al-Wasl» (BAE)
  • «Arkadag» (Türkmenistan) — «Al-Nasr» (Saud Arabystany)
  • «Sepahan» (Eýran) — «Al-Ahli» (Saud Arabystany)
  • «Esteglýal» (Eýran) — «Al-Huseýn» (Iordaniýa)

Gündogar zolak:

  • «Phohan Stilers» (Günorta Koreýa) — «Gamba Osaka» (Ýaponiýa)
  • «Ratçaburi» (Tailand) — «Persib Bandung» (Indoneziýa)
  • «Bangkok Ýunaýted» (Tailand) — «Makartur» (Awstraliýa)
  • «Kong An Hanoý» (Wýetnam) — «Tampins Rowers» (Singapur)
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.