Amerikan ýeňil atletikaçylary 4х400 m estafeta ýaryşynda dünýä çempionatynyň rekordyny täzeledi
22.09.2025 18:27
5.2k+

Amerikan ýeňil atletikaçylary 4х400 m estafeta ýaryşynda dünýä çempionatynyň rekordyny täzeledi

ABŞ-nyň zenanlar ýygyndysy Tokioda geçirilýän ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň altyn medalyny gazandy. Topar 4х400 m estafeta ýaryşynda 3 minut 16,16 sekunt netije bilen ýeňiji boldy. Bu dünýä çempionatynyň täze rekordydyr
Aşgabatda Talyplar sportunyň halkara güni mynasybetli forum geçirildi
22.09.2025 17:43
3.9k+

Aşgabatda Talyplar sportunyň halkara güni mynasybetli forum geçirildi

20-nji sentýabrda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Sport parahatçylygyň we ynanyşmagyň girewidir» atly milli forum geçirildi. Forum Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllyk baýramy we Talyplar sportunyň halkara güni mynasybetli guraldy
Türkmen samboçylary Duşenbede Dünýä Kubogynda 11 medal gazandylar
22.09.2025 14:26
6.9k+

Türkmen samboçylary Duşenbede Dünýä Kubogynda 11 medal gazandylar

20-21-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde sambo boýunça Dünýä Kubogy geçirildi. Bu ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndysy jemi 11 medaly, ýagny 4 altyn, 3 kümüş we 4 bürünç medal gazanyp, uly üstünliklere eýe boldy
Werstappen Azerbaýjanyň Gran-prisini utup, “Uly tuwulga” boýunça Hemilton bilen deňleşdi
22.09.2025 12:40
3k+

Werstappen Azerbaýjanyň Gran-prisini utup, “Uly tuwulga” boýunça Hemilton bilen deňleşdi

21-nji sentýabrda Bakuwda Formula-1 çempionatynyň 17-nji tapgyry bolan Azerbaýjanyň Gran-prisi geçirildi. Ýeňiji dört gezek dünýä çempiony, niderlandly Maks Werstappen (“Red Bull”) boldy. Ikinji orny Jorj Rassell (“Mersedes”), üçünji orny Karlos Saýns (“Uilýams”) eýeledi
Madridiň “Atletikosy” eýesini çalşar. Kluby Apollo amerikan gaznasy satyn alýar
22.09.2025 10:50
5.9k+

Madridiň “Atletikosy” eýesini çalşar. Kluby Apollo amerikan gaznasy satyn alýar

Madridiň “Atletiko” futbol kluby Apollo amerikan maýa goýum gaznasynyň gözegçiligine geçmäge ýakyn. Reuters agentliginiň maglumatlaryna görä, klubuň häzirki eýeleri bilen gepleşikler ahyrky tapgyrda dowam edýär
Noa Laýls 4-nji gezek DÇ-de 200 m ylgawda ýeňiji bolup, Useýn Bolduň üstünligini gaýtalady
22.09.2025 10:45
4k+

Noa Laýls 4-nji gezek DÇ-de 200 m ylgawda ýeňiji bolup, Useýn Bolduň üstünligini gaýtalady

Amerikaly sprinter Noa Laýls Tokiodaky dünýä çempionatynda 200 m aralyga ylgamakda altyn medal gazandy. Ol finalda 19,52 sekunt netijäni görkezdi. Ikinji orny onuň watandaşy Kenni Bednarek eýeledi (19,58), üçünji orna ýamaýkaly Braýan Lewell mynasyp boldy (19,64)
Keniýaly Odira dünýä çempionatynda 800 m ylgawda rekord bilen ýeňiş gazandy
22.09.2025 10:41
2k+

Keniýaly Odira dünýä çempionatynda 800 m ylgawda rekord bilen ýeňiş gazandy

Keniýaly ylgawçy Lilian Odira 800 m aralyga ylgamakda dünýä çempiony boldy. Final 21-nji sentýabrda Tokioda 2025-nji ýylyň Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde geçirildi. Odira bu aralygy 1.54,62 netije bilen geçip, dünýä çempionatynyň täze rekordyny goýdy
Gazagystanly millioner “Realy” utan ýagdaýynda “Kaýratyň” oýunçylaryna awtomobil wada berdi
22.09.2025 10:40
15k+

Gazagystanly millioner “Realy” utan ýagdaýynda “Kaýratyň” oýunçylaryna awtomobil wada berdi

Gazagystanly işewür Tursengali Alaguzow Almatynyň “Kaýraty” Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň 2-nji oýnunda Madridiň “Realyny” utsa, toparyň futbolçylaryna awtomobil sowgat bermegi wada berdi. Oýun 30-njy sentýabrda Aşgabat wagty bilen 21:45-de bolar
“Altyn topy” kim alar?
20.09.2025 17:36
15k+

“Altyn topy” kim alar?

22-nji sentýabrda Parižde 2024/25 möwsüminiň “Altyn top” baýragynyň 69-njy gezek gowşurylyş dabarasy geçiriler. Şu ýyl ol dördünji gezek senenama ýylynyň däl-de, möwsümiň jemi boýunça berilýär. Geçen ýyl ýeňiji “Mançester Sitiniň” ispaniýaly ýarymgoragçysy Rodri bolupdy
“Mançester Ýunaýted” möwsümiň jemi boýunça rekord girdeji barada hasabat berdi
20.09.2025 06:26
4.2k+

“Mançester Ýunaýted” möwsümiň jemi boýunça rekord girdeji barada hasabat berdi

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” futbol kluby 2024/25 möwsüminiň jemi boýunça rekord girdeji barada hasabat berdi. Sky Sports-yň maliýe hasabatyna salgylanyp habar bermegine görä, girdeji 666,5 mln funt sterling boldy
Naoýa Inoueniň indiki garşydaşy ýeňilmedik meksikaly söweşiji Alan Pikasso bolar
19.09.2025 20:07
8.2k+

Naoýa Inoueniň indiki garşydaşy ýeňilmedik meksikaly söweşiji Alan Pikasso bolar

Ikinji has ýeňil agramda (55,3 kg çenli) absolýut dünýä çempiony Naoýa Inoue (31 ýeňiş, 27-si nokaut bilen) 27-nji dekabrda Er-Riýadda söweş geçirer. Bu barada The Ring neşiri habar berdi. Ýaponiýaly boksçynyň garşydaşy 25 ýaşly ýeňilmedik meksikaly söweşiji Alan Pikasso bolar (32 ýeňiş, 17-si nokaut bilen)
Sidni Maklaflin-Lewron rekord bilen 400 m ylgawda DÇ-2025-iň altyn medalyny gazandy
19.09.2025 18:03
4.1k+

Sidni Maklaflin-Lewron rekord bilen 400 m ylgawda DÇ-2025-iň altyn medalyny gazandy

ABŞ-dan dört gezek Olimpiýa çempiony Sidni Maklaflin-Lewron Tokioda geçirilýän ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynda 400 metr aralyga ylgamakda altyn medal gazandy. Onuň netijesi 47,78 sekunt bolup, bu dünýä çempionatynyň rekordy we taryhda ikinji görkezijidir
Reşford “Barselona” üçin ilkinji gollaryny geçirdi, Holand ÇL-iň rekordyny täzeledi
19.09.2025 14:35
7k+

Reşford “Barselona” üçin ilkinji gollaryny geçirdi, Holand ÇL-iň rekordyny täzeledi

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň birinji tapgyry täsirli oýunlar we rekordlar bilen tamamlandy. “Mançester Siti” öýünde “Napolini” 2:0 hasabynda utdy. Erling Holand Çempionlar ligasynda 50-nji goluny geçirip, bu görkezijä hemmelerden çalt ýeten oýunçy boldy
“Benfikadan” utulandan soň boşadylan Mourinýu “Benfika” tälimçi bellendi
19.09.2025 14:30
6.3k+

“Benfikadan” utulandan soň boşadylan Mourinýu “Benfika” tälimçi bellendi

Žoze Mourinýu tälimçi karýerasynyň başlan ýerine gaýdyp geldi. 18-nji sentýabrda Lissabonyň “Benfikasy” 62 ýaşly portugaliýaly hünärmeniň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini habar berdi. Şertnama 2027-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär, ýöne indiki tomus taraplar hyzmatdaşlygy möhletinden ir bes edip biler
CIES: “Çelsi” häzirki oýunçylaryny satyn almak üçin beýleki klublardan köp sarp etdi
19.09.2025 00:47
5k+

CIES: “Çelsi” häzirki oýunçylaryny satyn almak üçin beýleki klublardan köp sarp etdi

Halkara sport gözlegleri merkezi (CIES) esasy düzümiň häzirki oýunçylaryny satyn almak üçin çykarylan çykdajylar boýunça futbol klublarynyň reýtingini hödürledi. Hasaplamalarda hemişelik transferler we kärende şertnamalary göz öňünde tutuldy
FIFA dünýä çempionatyna gatnaşandygy üçin klublara $355 mln tölär
18.09.2025 13:49
5.8k+

FIFA dünýä çempionatyna gatnaşandygy üçin klublara $355 mln tölär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) oýunçylary 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama we ahyrky tapgyr oýunlaryna gatnaşýan klublara 355 mln dollar tölär. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berdi. Ilkinji gezek töleg oýunçylaryny diňe bir ýaryşyň özüne däl, eýsem saýlama oýunlaryna gatnaşdyrýan klublara hem berler
“Liwerpul” ÇL-de “Atletikony” utdy. “Bawariýa”, “Inter” we “PSŽ” 3 utuk gazandy
18.09.2025 13:06
6.3k+

“Liwerpul” ÇL-de “Atletikony” utdy. “Bawariýa”, “Inter” we “PSŽ” 3 utuk gazandy

2025/2026 möwsüminiň UEFA-nyň Çempionlar ligasy ýaryşynyň umumy tapgyrynyň ikinji oýun güni “Bawariýanyň”, “Interiň”, “Liwerpulyň” we “Pari Sen-Žermeniň” ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Olaryň her biri 3 utuk gazandy
«Arkadag» FK AFK Çempionlar ligasy - 2-niň ilkinji duşuşygynda "Andijon" bilen deňme-deň oýnady
18.09.2025 09:27
6.4k+

«Arkadag» FK AFK Çempionlar ligasy - 2-niň ilkinji duşuşygynda "Andijon" bilen deňme-deň oýnady

17-nji sentýabrda «Arkadag» futbol kluby AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda ilkinji duşuşygyny geçirdi. Türkmenistanyň çempiony hem-de AFK Çagyryş ligasynyň ýeňijisi  Arkadag şäherindäki öý stadionynda «Andijan» özbek kluby bilen duşuşdy
"Ahal" FK AFC-2 Çempionlar ligasynyň birinji tapgyrynda myhmançylykda 3 utuk gazandy
17.09.2025 17:40
12k+

"Ahal" FK AFC-2 Çempionlar ligasynyň birinji tapgyrynda myhmançylykda 3 utuk gazandy

16-njy sentýabrda AFC-2 Çempionlar ligasynda «Ahal» futbol kluby myhmançylykda toparçalaýyn tapgyrdaky ilkinji duşuşygynda Hindistanyň «Mohun Bagan» toparyna garşy meýdança çykyp, bu topary 1:0 hasap bilen ýeňmegi başardy
“Karabah” ÇL-de “Benfikany” utup, ony tälimçisiz galdyrdy: günüň netijeleri
17.09.2025 16:12
8.2k+

“Karabah” ÇL-de “Benfikany” utup, ony tälimçisiz galdyrdy: günüň netijeleri

16-njy sentýabrda 2025/2026 möwsüminiň UEFA-nyň çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň ilkinji oýunlary başlady. Oýun gününiň esasy täsirli wakasy Lissabondaky duşuşyk boldy, bu ýerde “Karabah” ýerli “Benfikany” 3:2 hasabynda utdy
Kipýegon 1500 m aralyga ylgamakda dördünji gezek dünýä çempionatynda ýeňiji boldy
17.09.2025 15:55
2.3k+

Kipýegon 1500 m aralyga ylgamakda dördünji gezek dünýä çempionatynda ýeňiji boldy

Keniýaly ylgawçy Feýt Kipýegon ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynda zenanlaryň arasynda 1500 metr aralyga ylgaw ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Tokiodaky ýaryşlarda türgen ony 3:52,15 netijesi bilen tamamlady. Kümüş medaly onuň watandaşy Dorkus Ewoý (3:53,92), bürünç medaly awstraliýaly Jessika Hall (3:55,16) aldy
Louis Vuitton Madridiň “Realynyň” zenanlar topary üçin kolleksiýa döretdi
17.09.2025 09:34
6k+

Louis Vuitton Madridiň “Realynyň” zenanlar topary üçin kolleksiýa döretdi

Louis Vuitton Madridiň “Realynyň” zenanlar toparynyň futbolçylary üçin kolleksiýa çykardy. Bu oýunlar üçin däl-de, meýdançadan daşary resmi çäreler üçin niýetlenen eşikdir diýip, Hypebae habar berýär. Kolleksiýa klassyk kostýumlar, aýakgap, dürli aksessuarlar we el goşy girdi
Krouford iň gowy boksçylaryň reýtinginde Aleksandr Usikden öňe geçip, birinji orny eýeledi
16.09.2025 20:02
6.5k+

Krouford iň gowy boksçylaryň reýtinginde Aleksandr Usikden öňe geçip, birinji orny eýeledi

The Ring žurnaly boýunça amerikaly boksçy Terens Krouford agram derejesine garamazdan (p4p) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde birinji orna çykdy. 14-nji sentýabrda Krouford emin agzalarynyň biragyzdan karara gelmeginde meksikaly Saul “Kanelo” Alwaresi ýeňip, ikinji orta agramda (76,2 kg çenli) absolýut dünýä çempiony titulyna eýe boldy
Kriştianu Ronaldu yzygider ikinji ýyl Saud Arabystanynda “Altyn butsy” aldy
16.09.2025 14:43
10k+

Kriştianu Ronaldu yzygider ikinji ýyl Saud Arabystanynda “Altyn butsy” aldy

“Al-Nasryň” portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu geçen möwsümde Saud Arabystanynyň çempionatynyň iň gowy bombardiri hökmünde “Altyn butsy” baýragyny aldy. “Kriştianu Ronaldu, “Al-Nasryň” kapitany 2024/2025 möwsüminiň “Altyn butsy” baýragyny aldy – yzygider ikinji gezek
Şwesiýaly Dýuplantis 6,30 m beýiklikden aşyp, 14-nji rekordyny goýdy
16.09.2025 12:16
5.8k+

Şwesiýaly Dýuplantis 6,30 m beýiklikden aşyp, 14-nji rekordyny goýdy

15-nji sentýabrda Tokiodaky ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynda şwesiýaly şestli böküji Arman Dýuplantis karýerasynda nobatdaky, eýýäm 14-nji dünýä rekordyny goýdy. Ol 6,30 m beýiklikden geçdi. Şonuň bilen türgen awgustda Budapeştdäki “Memorial Iştwan Dýulaý” ýaryşynda goýan öňki rekordyny (6,29 m) täzeledi
0,03 sekunt tapawut: Tokioda marafon boýunça dünýä çempiony fotofiniş arkaly kesgitlendi
15.09.2025 23:20
8.5k+

0,03 sekunt tapawut: Tokioda marafon boýunça dünýä çempiony fotofiniş arkaly kesgitlendi

Tokioda ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynda taryhda ilkinji gezek marafonyň ýeňijisi fotofinişiň kömegi bilen kesgitlendi. Dünýä çempiony Alfons Feliks Simbu (Tanzaniýa) we kümüş baýragyň eýesi Amanal Petros 42,195 km aralygy birmeňzeş wagtda – 2 sagat 9 minut 48 sekuntda ylgap geçdi
Wengriýaly figuralaýyn typyjy buzuň üstünde ýüpden bökmek boýunça rekord goýdy
15.09.2025 23:10
5k+

Wengriýaly figuralaýyn typyjy buzuň üstünde ýüpden bökmek boýunça rekord goýdy

Wengriýada figuralaýyn typmak boýunça çempion Ester Sombatheýi konkide towsulýan ýüpden bökmek boýunça Ginnesiň rekordyny goýdy. Ol bir minutda 136 gezek bökmegi başardy. Bu synanyşyk ABŞ-nyň Aýdaho ştatynyň San-Walli şäherindäki typylýan meýdançada geçirildi
Naoýa Inoue absolýut çempion adyny gorady. Ol Murojon Ahmadaliýew bilen söweşdi
15.09.2025 15:12
7.7k+

Naoýa Inoue absolýut çempion adyny gorady. Ol Murojon Ahmadaliýew bilen söweşdi

14-nji sentýabrda Nagoýada (Aýti prefekturasy, Ýaponiýa) ikinji iň ýeňil agramda (55,2 kg çenli) absolýut dünýä çempiony ady ugrunda söweş geçirildi. Ringe titulyň häzirki eýesi ýaponiýaly Naoýa Inoue bilen özbegistanly boksçy Murojon Ahmadaliýew çykdy
El Nacional: 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyndan soň Fransiýanyň ýygyndysyna Zidan ýolbaşçylyk eder
15.09.2025 11:23
10k+

El Nacional: 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyndan soň Fransiýanyň ýygyndysyna Zidan ýolbaşçylyk eder

Fransiýanyň Futbol federasiýasy Zinedin Zidan bilen 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyndan soň milli ýygyndynyň baş tälimçisi wezipesine bellenilmegi barada ylalaşyk gazandy. Zidan Didýe Deşamyň ýerine geler diýip, El Nacional gazeti habar berýär
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Ýewropanyň iň beýik nokadyna galdyryldy
14.09.2025 21:33
13k+

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Ýewropanyň iň beýik nokadyna galdyryldy

«Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalar toparynyň işgärleri Ýewropanyň iň beýik depeleri bolan Elbrus dagynyň günbatar we gündogar belentliklerine çykdylar. Bu belentliklerde alpinistler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrdylar
Krouford meksikaly Kanelodan üstün çykyp, üç agram derejesinde ilkinji absolýut çempion boldy
14.09.2025 15:37
8.5k+

Krouford meksikaly Kanelodan üstün çykyp, üç agram derejesinde ilkinji absolýut çempion boldy

14-nji sentýabrda Las-Wegasdaky Allegiant Stadium arenasynda (Newada ştaty, ABŞ) professional boks agşamy geçirildi. Ikinji orta agramda (76,2 kg çenli) jedelsiz dünýä çempiony tituly ugrunda bolan esasy söweşde meksikaly Saul “Kanelo” Alwares bilen amerikaly Terens “Bad” Krouford duşuşdy
FIFA milli ýygyndylaryň sentýabr we oktýabr arakesmelerini bir 16 günlük arakesmä birleşdirer
14.09.2025 15:36
4.1k+

FIFA milli ýygyndylaryň sentýabr we oktýabr arakesmelerini bir 16 günlük arakesmä birleşdirer

2026-njy ýyldan Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli toparlaryň oýunlary üçin sentýabr we oktýabr arakesmelerini birleşdirer. Ol umumylykda 16 gün dowam eder. Noýabrdaky halkara arakesme üýtgewsiz galar diýip, El Desmarque habar berýär
Toyota kompaniýasy Land Cruiser bilen RAV4-üň elektrik görnüşlerini döreder
14.09.2025 15:31
3.4k+

Toyota kompaniýasy Land Cruiser bilen RAV4-üň elektrik görnüşlerini döreder

Toyota Kentukkidäki zawodynda iki sany täze doly elektrik ulaglarynyň – Land Cruiser bilen RAV4-üň önümçiligi üçin ýer boşatmagy meýilleşdirýär. Amerikan alyjylarynyň ýolsuz ýerden ýöreýän ulaglara gyzyklanmalarynyň
“Bawariýa” öz stadionynyň öňünde Frans Bekkenbauere ýadygärlik dikdi
14.09.2025 15:30
8.5k+

“Bawariýa” öz stadionynyň öňünde Frans Bekkenbauere ýadygärlik dikdi

“Bawariýa” özüniň “Arena Mýunhen” stadionynyň öňünde dabaraly ýagdaýda klubuň we Germaniýanyň milli ýygyndysynyň meşhur goragçysy Frans Bekkenbauere ýadygärlik açdy. Klubuň prezidenti Gerbert Haýner täze ýadygärligiň ähmiýetini belläp geçdi
Türkmen karateçileri Hytaýda Aziýa çempionatynda iki medal gazandylar
13.09.2025 18:02
6.7k+

Türkmen karateçileri Hytaýda Aziýa çempionatynda iki medal gazandylar

Türkmenistanly karateçiler 21 ýaşa çenli ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen 23-nji Aziýa çempionatynda iki sany bürünç medal gazandylar. Ýaryş Hytaýyň Guandun welaýatynyň şäher etrabynda geçirildi diýip, «Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron neşiri habar berýär
Türkmen türgenleri Gresiýada geçirilýän jiu-jitsu boýunça çempionatda 8 altyn medal gazandylar
13.09.2025 17:21
6.8k+

Türkmen türgenleri Gresiýada geçirilýän jiu-jitsu boýunça çempionatda 8 altyn medal gazandylar

Türkmenistanyň jiu-jitsu boýunça milli ýygyndysy 11–14-nji sentýabr aralygynda Afinada geçirilýän 20-nji Balkan açyk çempionatynda uly üstünlik gazandylar. Ilkinji iki bäsleşik gününde milli ýygyndymyz 21 medal – 8 altyn, 6 kümüş we 7 bürünç medala mynasyp boldy
Angliýanyň Futbol assosiasiýasy “Çelsini” 74 düzgün bozmasynda aýyplady
13.09.2025 13:09
5.1k+

Angliýanyň Futbol assosiasiýasy “Çelsini” 74 düzgün bozmasynda aýyplady

Angliýanyň Futbol assosiasiýasy (FA) Londonyň “Çelsi” klubuny 74 düzgün bozmasynda aýyplady. Bu barada FA-nyň metbugat gullugy habar berdi. Assosiasiýanyň maglumatlaryna görä, düzgün bozmalar agentlikleriň, araçylaryň işi we üçünji şahslaryň maýa goýumlary bilen baglanyşykly
2027-nji ýylyň Çempionlar ligasynyň finaly Madriddäki “Metropolitano” stadionynda geçiriler
13.09.2025 12:55
6.1k+

2027-nji ýylyň Çempionlar ligasynyň finaly Madriddäki “Metropolitano” stadionynda geçiriler

2026/2027 möwsüminiň Çempionlar ligasynyň finaly Madriddäki “Metropolitano” stadionynda geçiriler. Bu barada Tiranda geçen ýerine ýetiriji komitetiň mejlisiniň jemi boýunça Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň (UEFA) saýtynda habar berilýär
Ronaldu öz watanynda “Ähli döwürleriň iň gowy futbolçysy” hökmünde baýrak aldy
12.09.2025 11:50
9.4k+

Ronaldu öz watanynda “Ähli döwürleriň iň gowy futbolçysy” hökmünde baýrak aldy

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we “Al-Nasr” saud klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Liga Portugal Awards dabarasynda “Ähli döwürleriň iň gowy futbolçysy” baýragyny aldy. Bu barada Portugaliýa ligasynyň saýtynda habar berilýär
Kanelo – Krouford söweşinde taryhda ilkinji absolýut çempionyň ýüzügi berler
12.09.2025 11:40
7.2k+

Kanelo – Krouford söweşinde taryhda ilkinji absolýut çempionyň ýüzügi berler

Bütindünýä boks geňeşi (WBC) absolýut çempiony üçin taryhda ilkinji ýüzügi hödürledi. Ol ikinji orta agramda titulyň eýesi meksikaly Saul “Kanelo” Alwares bilen amerikaly Terens Kroufordyň arasyndaky söweşiň ýeňijisine berler
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.