«Arkadag» FK AFK Çempionlar ligasy - 2-niň ilkinji duşuşygynda "Andijon" bilen deňme-deň oýnady

18.09.2025, 09:276,412
1 / 2

17-nji sentýabrda «Arkadag» futbol kluby AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda ilkinji duşuşygyny geçirdi. Türkmenistanyň çempiony hem-de AFK Çagyryş ligasynyň ýeňijisi  Arkadag şäherindäki öý stadionynda «Andijan» özbek kluby bilen duşuşdy.

Oýun golsuz deňme-deňlikde tamamlandy — 0:0.
«B» topardaky beýleki duşuşykda Kataryň «Al-Ahli»topary bilen Bahreýniň «Al-Haldiýa» toparlary hem şeýle netijäni görkezdi.

Şeýlelikde, bu toparçada çykyş edýän dört klub hem ilkinji tapgyrda bir utukdan gazandy.
Indiki tapgyrda 1-nji oktýabrda «Arkadag» myhmançylykda «Al-Haldiýa» bilen, «Andijan» bolsa öz meýdançasynda «Al-Ahli» topary bilen duşuşar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.