Naoýa Inoueniň indiki garşydaşy ýeňilmedik meksikaly söweşiji Alan Pikasso bolar

19.09.2025, 15:078,255
1 / 2

Ikinji has ýeňil agramda (55,3 kg çenli) absolýut dünýä çempiony Naoýa Inoue (31 ýeňiş, 27-si nokaut bilen) 27-nji dekabrda Er-Riýadda söweş geçirer. Bu barada The Ring neşiri habar berdi.

Ýaponiýaly boksçynyň garşydaşy 25 ýaşly ýeňilmedik meksikaly söweşiji Alan Pikasso bolar (32 ýeňiş, 17-si nokaut bilen).
Naoýa Inoue 32 ýaşynda. Ol professional karýerasyna 2012-nji ýylda başlady we birnäçe agram derejesinde: iň ýeňil agramda (50,8 kg çenli), ikinji iň ýeňil agramda (52,2 kg çenli) dünýä çempiony titullaryna eýe boldy, şeýle-de has ýeňil (53,5 kg) we ikinji has ýeňil (55,3 kg çenli) diwizionlarda absolýut çempion boldy.
14-nji sentýabrda Nagoýada (Aýti prefekturasy, Ýaponiýa) geçen soňky söweşinde Inoue emin agzalarynyň biragyzdan karara gelmeginde özbegistanly boksçy Murojon Ahmadaliýewi ýeňdi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.