Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Syýasat we ykdysadyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Syýasat we ykdysadyýet
30.08.2025 18:33
14k+
Uly we Kiçi Balkan daglary gorag astyna alnyp, goraghanalar dörediler
Türkmenistanda özeni Uly Balkan dagynda ýerleşdirilen täze goraghananyň, Kiçi Balkan dagynda we Günorta Ustýurtda bolsa ýörite goraghanalaryň döredilmegi meýilleşdirilýär. Şol bir wagtyň özünde, ýerli maldarlaryň işlerini dowam etdirmekleri üçin Balkan gerşiniň etekleri we töweregindäki öri meýdanlar olaryň ygtyýarynda galar
30.08.2025 18:18
7.4k+
"Türkmenhimiýa" DK ýod we brom öndürýän zawody gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi
Türkmenistanda “Balkanabat” ýod zawodynyň Nebitdag-Monjukly känindäki çig mal bazasynyň durkuny täzelemek bilen, ýod, brom, we brom önümlerini öndürýän zawodynyň gurulmagy meýilleşdirilýär. "Türkmenhimiýa” döwlet konserni kärhananyň taslamasyny düzmek we ony doly gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi
30.08.2025 13:26
6.4k+
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan optiki-paýlaýyş merkezleriniň ulgamyny döretmegi maslahatlaşýar
Azerbaýjan, Özbegistan we Türkmenistan optiki-paýlaýyş merkezleriniň ulgamyny döretmegi hem-de durnukly söwda-logistika zynjyrlaryny ösdürmegi meýilleşdirýärler. ORIENT agentliginiň Report neşirine salgylanyp habar
30.08.2025 11:59
6.3k+
Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidentini dekabrdaky halkara foruma çagyrdy
29-njy awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada TDH habar berýär. Serdar Berdimuhamedow Li Çže Mýony Koreýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen gutlap, oňa jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi
30.08.2025 11:52
17k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda täze uniwersitetiň açylyş dabarasyna gatnaşar
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisiniň barşynda 1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzda birnäçe bilim edaralarynyň açylyp ulanylmaga beriljekdigini aýtdy. Hususan-da, Aşgabat şäherinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berler
30.08.2025 11:45
2.6k+
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlaryny taýýarlady
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde öňümizdäki syýasy ýyl üçin Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny taýýarlady. Bu garaýyşlary 29-njy awgustda Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R
30.08.2025 10:37
8k+
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda bugdaý ekişine başlamagyň senesini belläp berdi
29-njy awgustda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda oba hojalyk toplumyna gözgçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýew Türkmenistanyň Prezidentinden 2026-njy ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine başlamagyň senesini belläp bermegi haýyş etdi
29.08.2025 16:22
3.5k+
Merkezi Aziýa döwletleriniň ilçileri Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda teglek stol geçirdiler
26-njy awgustda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky (Yslamabat şäheri) ilçihanasynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijelerine bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi
29.08.2025 16:18
3.1k+
Türkmenistanyň ilçisiniň Irlandiýa iş saparyny amala aşyrdy
25-nji awgustda Türkmenistanyň Irlandiýadaky ilçisi Ýa.Serýaýew (oturýan ýeri London ş.) Dublin şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. Saparyň dowamynda ilçi Irlandiýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Protokol bölüminiň başlygynyň orunbasary Ralf Wiktor bilen duşuşdy we ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
29.08.2025 15:41
8.3k+
Moskwada Raşid Meredowyň we Sergeý Lawrowyň duşuşygy geçirildi
28-nji awgustda Moskwada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary çuňňur strategik hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara dialogyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler
28.08.2025 17:40
12k+
Aşgabatda Ankara köçesiniň durkuny täzelemek boýunça tender yglan edildi
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabatda Ankara köçesiniň durkuny täzelemek boýunça halkara bäsleşik yglan etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär. Gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň we guramalaryň teklipleri bellenilen tertipde kabul edilýär
28.08.2025 15:49
5.9k+
BMG: 2025-nji ýylda dünýäde çaga dogluşyň derejesi her aýal başyna 2,2 çagadan düşýär
Birleşen Milletler Guramasynyň hünärmenleri 2025-nji ýylda dünýäde çaga dogluşynyň derejesi baradaky maglumatlary çap etdiler. Olaryň seljermelerine görä, bu görkeziji her aýal başyna 2,2 çagadan düşýär. Çaga dogluşynyň umumy koeffisiýenti belli bir ýurtda çaga dogurmaga ukyply ýaşdaky aýalyň dogurýan çagalarynyň ortaça sanyny görkezýär
28.08.2025 15:09
4.2k+
Arabikany we robustany iň köp ösdürip ýetişdirýän ýurtlaryň reýtingi düzüldi
Kofe öndürýän ýurtlar kofe dänelerini hem içerki bazar, hem eksport üçin ösdürip ýetişdirýärler we gaýtadan işleýärler. Dünýäde kofeniň esasy görnüşleri - arabika we robusta bolup, olaryň ösdürilip ýetişdiriliş şertleri düýpgöter tapawutlanýar
28.08.2025 07:32
8.3k+
Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidentine hoşallygyny beýan edip hat ýazdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Awazada BMG-niň maslahatynyň üstünlikli geçirilmegine hoşallyk bildirip hat iberdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty 2025-nji ýylyň 5 — 8-nji awgustynda geçirildi
27.08.2025 16:43
7.9k+
6-njy sentýabrda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi bolar
6-njy sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär. Jemgyýetçilik kabul edişligine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasy gatnaşar
27.08.2025 16:22
7.1k+
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Moldowa Respublikasynyň Prezidenti hanym Maýýa Sanduwа we ýurduň ähli halkyna Moldowa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi
27.08.2025 16:18
3.9k+
Serdar Berdimuhamedow Monakonyň Şazadasyny diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 10 ýyllygy bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 10 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi
27.08.2025 15:55
4.9k+
Afrika Hytaýdan rekord mukdarda Gün panellerini satyn aldy
2025-nji ýylda Afrika ýurtlary Hytaýdan geçen ýylkydan has köp Gün panellerini satyn aldylar. Diňe maý aýynda yklym umumy kuwwaty 1,57 GWt bolan panelleri import etdi, bu bolsa taryhy maksimum boldy. Şol bir wagtyň özünde, bu ösüş ýigrimi töweregi kiçi ýurt tarapyndan amala aşyryldy diýip, Wired habar berýär
26.08.2025 16:31
10k+
Inga Ruginene Litwanyň täze premýer-ministri boldy
Litwanyň parlamenti Inga Rugineneni ýurduň premýer-ministri wezipesine tassyklady. Bu barada Litwanyň radiosy we telewideniýesi (LRT) habar berdi. Ses berişlik açyk ýagdaýda geçirildi. Litwanyň sosial-demokratik partiýasynyň 44 ýaşly wekiliniň dalaşgärligini parlamentiň 127 deputatynyň 78-isi goldady, 35-isi garşy çykdy, 14-üsi saklandy
26.08.2025 15:19
2k+
Aşgabatda Pakistanyň DIM-niň wekiliýeti bilen duşuşyklar geçirildi
25-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Günbatar Aziýa ýurtlary we Owganystan boýunça Pakistanyň DIM-niň Goşmaça sekretary Saýed Ali Asad Gillaniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň özara gyzyklanma bildirýän ugurlardaky hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar
26.08.2025 15:03
5.7k+
Raşid Meredow Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
25-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
26.08.2025 14:48
4.9k+
Türkmenistan we Hytaý tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekişdi
25-nji awgustda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekişlik dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
26.08.2025 13:29
4.8k+
BSGG we BMG: dünýäde 2,4 milliarddan gowrak işçi yssy howadan zyýan çekýär
Dünýäde 2,4 milliarddan gowrak adam iş ýerinde adatdan daşary yssy howanyň täsirine sezewar bolýar. Bu hem zähmet şikesleriniň, keselleriň sanynyň artmagyna we ýaşaýyş hiliniň ýaramazlaşmagyna getirýär diýip, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) nygtaýar
26.08.2025 10:54
2.5k+
ABŞ-nyň hökümeti Intel kompaniýasynyň paýnamalarynyň 10%-ini satyn aldy
ABŞ mikroprosessorlary we beýleki kompýuter elementlerini öndürýän Intel korporasiýasynyň paýnamalarynyň 10%-ini satyn aldy. Bu barada Prezident Donald Tramp Truth Social sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi
23.08.2025 14:43
17k+
Ermenistanyň Prezidenti we Türkmenistanyň ilçisi Garagoýunly türkmenleriniň taryhy ýadygärligine baryp gördüler
21-nji awgustda Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan Türkmenistanyň ilçisi M.Aýazow bilen Ararat welaýatynyň Argawand obasynyň çäginde ýerleşýän XV asyryň binagärlik ýadygärligi bolan Garagoýunly türkmenleriň emirleriniň aramgähine baryp gördüler
23.08.2025 08:54
22k+
Azerbaýjanyň Prezidentine ahalteke bedewi, Özbegistanyň Prezidentine köşekli düýe sowgat berildi
22-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň metbugat maslahaty tamamlanandan soňra, ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşyk mynasybetli medeni çäreler geçirildi
23.08.2025 08:40
6.6k+
«Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşygynda gol çekilen resminamalar
22-nji awgustda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşygy tamamlanandan soňra, resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Dabaranyň çäklerinde:
23.08.2025 08:31
4.3k+
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan söwda gatnaşyklaryny giňeltmek meselelerini maslahatlaşdy
22-nji awgustda geçirilen «Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşygyň barşynda özara haryt dolanyşygyny ep-esli artdyrmak, ykdysady ösüşi höweslendirmek meselelerine möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy
23.08.2025 08:14
7.7k+
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan bitewi ulag strategiýasyny döretmek başlangyjyny maslahatlaşýar
22-nji awgustda “Awazada” geçirilen «Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşygyň barşynda eden çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow üçtaraplaýyn hyzmatdaşlykda ulag ulgamynyň aýratyn ähmiýetli orny eýeleýändigini belledi
23.08.2025 07:59
13k+
Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen elektrik energiýasyny Azerbaýjana we Ýewropa ibermek mümkinçilikleri barada aýtdy
22-nji awgustda “Awazada” geçirilen «Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşygyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe başlangyçlar bilen çykyş etdi
23.08.2025 07:31
6.8k+
Özbegistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri Awazada üçtaraplaýyn duşuşykda çykyş etdiler
22-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi
22.08.2025 15:59
8.6k+
Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady
Şu gün, 22-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady diýip, TDH habar berýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda geçirilýän ýokary derejede duşuşyga gatnaşmak üçin Balkan welaýatyna ugrady
22.08.2025 15:35
2.8k+
Bandaru Wilsonbabu Hindistanyň Türkmenistandaky täze ilçisi bolar
Hindistanyň Daşary işler ministrligi Banderu Wilsonbabunyň Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenendigini mälim etdi. Ol ýakyn wagtda öz wezipesine girişer. Banderu Wilsonbabu 2004-nji ýylda diplomatik karýerasyna başlapdyr
22.08.2025 14:49
7.1k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Şu gün, 22-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen ýurdumyza gelen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy
22.08.2025 13:05
3k+
Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy
21-nji awgustda Kuala-Lumpur şäheriniň Parlament binasynda Türkmenistanyň ilçisi M.Maşalow Malaýziýanyň Senatynyň Başlygy Senator Dato Awang Bemee Bin Awang Ali Basahy bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
22.08.2025 12:56
4.7k+
Awazada Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ilham Aliýew bilen duşuşygy geçirildi
22-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistanyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen ýurdumyza gelen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew arasynda duşuşyk geçirildi
22.08.2025 12:00
8k+
Waşingtonda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda syýasy geňeşmeleriň 11-nji tapgyry geçirild
20-nji awgustda Waşingtonda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň 11-nji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, geňeşmeleriň dowamynda
22.08.2025 11:54
7.1k+
Raşid Meredow Waşingtonda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen duşuşdy
20-nji awgustda Waşingtonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara meselelere garaldy
22.08.2025 11:49
9.7k+
Ilham Aliýew iş sapary bilen Türkmenistana geldi
22-nji awgustda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça, iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Türkmenbaşy halkara howa menzilinde goňşy döwletiň Baştutanynyň hormatyna Hormat garawuly nyzama düzüldi
22.08.2025 09:02
7.8k+
22-nji awgustda Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň Liderleriniň sammiti geçiriler
Şu gün, 22-nji awgustda Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda «Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn sammit geçiriler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça sammite Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşar diýip, özbek Lideriniň metbugat gullugy habar berýär
«
1
…
37
38
39
…
260
»
«
1
…
34
35
36
37
38
39
40
41
42
…
260
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.