Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Syýasat we ykdysadyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Syýasat we ykdysadyýet
21.08.2025 15:25
3k+
Arabika üçin birža bahalary Braziliýadaky ýaramaz howa sebäpli gymmatlady
Arabika kofesi üçin birža bahalary iki aýlyk iň ýokary derejä ýetdi. Kofe däneleri üçin dekabr fýuçersiniň bahasy 19-njy awgustda 3,32% ýokarlanyp, bir funt üçin 3,47 dollara (bir kilogram üçin 7,63 dollar) ýetdi
21.08.2025 11:23
7.7k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
20-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
21.08.2025 11:15
6.4k+
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde dekabrdaky çärelere taýýarlyk maslahatlaşyldy
20-nji awgustda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy
21.08.2025 11:06
15k+
Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde täze etraplary döretmek bilen bagly teklipler maslahatlaşylar
20-nji awgustda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde wise-premýer T.Atahallyýew täze etraplaryň birnäçesini döretmek bilen bagly teklipleriň taýýarlanylandygy barada aýtdy
21.08.2025 11:01
7.3k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň wezipelerini kesgitledi
20-nji awgustda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde çykyş etdi. geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyň 19-njy sentýabrynda
21.08.2025 08:06
10k+
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek senesi kesgitlenildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriler. Degişli Karar 20-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy tarapyndan kabul edildi
21.08.2025 07:57
4.4k+
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi ýakynda geçiriljek çäreleri maslahatlaşdy
20-nji awgustda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy
20.08.2025 23:08
5.4k+
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy
19-njy awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Palestina Döwletiniň ýurdumyzdaky ilçisi Rana Abu Hijleh bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
20.08.2025 23:03
9.4k+
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Seulda dabaraly çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň ilçisi bilen duşuşdy
15-nji awgustda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew Seul şäherinde Koreýa Respublikasynyň milli baýramy – Azat ediş gününiň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk çärelerine gatnaşdy
20.08.2025 13:57
2.9k+
Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň ýolbaşçylaryny Keramatly Stefanyň güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň Prezidenti Tamaş Şuýoka, Premýer-ministri Wiktor Orbana hem-de ýurduň ähli halkyna Wengriýanyň milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi
20.08.2025 13:52
14k+
Halk Maslahatynyň we Haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşine täze agzalar kabul edildi
19-njy awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi
20.08.2025 13:36
6.8k+
Aşgabatda Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky maslahatynda geňeşiniň agzalarynyň ýerlerde alyp barýan işleri maslahatlaşyldy
19-njy awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Aşgabatdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi
19.08.2025 18:12
3k+
Bitkoin 124 müň dollara ýetenden birnäçe gün soň 115 müň dollara düşdi
Bitkoiniň bahasy geçen hepde rekord 124 496 dollara ýetenden soň, 2% - 115 527 dollara çenli pese düşdi diýip, CNBC habar berdi. Duşenbe güni söwdalaryň dowamynda ol 114 706 dollara çenli peseldi. Öz gezeginde, Ethereum 4%, 4290 dollara çenli arzanlady
19.08.2025 15:38
2.6k+
Geçen hepdede Türkmenistanyň birža söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 4 million dollardan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 38 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 48-si hasaba alyndy. Bu barada TDH agentligi habar berýär. Daşary ýurt puluna Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar
18.08.2025 19:24
6.3k+
Hytaý dünýäde iň uly ýapyk görnüşli wodorod energiýa ulgamynyň gurluşygyna başlady
Pekinden 300 km uzaklykda, Içki Mongoliýanyň günortasynda ýerleşýän Ordos şäherinde diňe wodorod bilen işleýän 30 megawatt kuwwatly turbinanyň gurluşygyna başlandy. Ol dünýädäki iň uly ýapyk görnüşli wodorod energiýa ulgamynyň düzümine girer
18.08.2025 10:26
4.1k+
Serdar Berdimuhamedow Indoneziýany Garaşsyzlyk gününiň 80 ýyllygy bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianto ýurduň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi
18.08.2025 10:08
1.8k+
Türkmenistanyň DIM-nde Katar Döwletiniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Katar Döwletiniň ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbi bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
18.08.2025 10:05
1.9k+
Türkmenistan we BAE hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Arap Emirlikleriniň ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem yzygiderli dialogy dowam etdirmegiň ähmiýetini bellediler
16.08.2025 23:26
8.4k+
Dünýä döwletleri plastik hapalanmasyna garşy göreş boýunça şertnama barada ylalaşyp bilmedi
Dünýäniň 184 ýurdunyň wekilleri Ženewada on gün dowam eden plastik hapalanmasyna garşy göreş boýunça gepleşikleri global şertnama gol çekmezden tamamlady. Bu barada Reuters agentligi habar berdi. Gepleşikleriň ýolbaşçysy, Ekwadoryň wekili Waýas Waldiwiýeso gatnaşyjylaryň tekliplerine esaslanan iki resminama taslamasyny hödürledi
16.08.2025 18:03
18k+
Ýedi ýurduň Liderleri Trampy Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlemek teklibini goldady
Ak tam ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlenmegini goldan daşary ýurt Liderleriniň sanawyny çap etdi. Bu habar Ak tamyň resmi saýtynda, X sosial ulgamynda ýerleşdirildi
15.08.2025 19:14
2.3k+
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi bilen geljekdäki duşuşyklaryň tertibi maslahatlaşyldy
14-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Hirosi Sasaki bilen duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda diplomatlar ýakyn geljekde meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerdäki duşuşyklaryň tertibini ara alyp maslahatlaşdylar
15.08.2025 19:09
2.6k+
Raşid Meredow Hytaýyň ilçisi bilen meýilleşdirilýän saparlara we duşuşyklara taýýarlygy maslahatlaşdy
14-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaý Halk Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçisi Szi Şumin bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler
15.08.2025 18:46
1.7k+
Blue Origin kosmos uçuşlary üçin tölegleri kriptowalýutada kabul edip başlady
Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos tarapyndan döredilen we kosmos gözlegleri bilen meşgullanýan Blue Origin kompaniýasy kosmos uçuşlary üçin töleg hökmünde kriptowalýuta kabul edip başlady. Bu barada kompaniýanyň şeýle tölegleri amal etjek Shift4-den kripto-hyzmatdaşlary habar berdi
15.08.2025 17:34
8.6k+
ABŞ-nyň döwlet bergisi 37 trln dollardan geçdi – bu taryhy rekord
ABŞ-nyň umumy döwlet bergisi 37 trln dollardan geçdi. Bu barada ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň ýurduň gündelik maliýe amallary baradaky hasabatda görkezilen maglumatlaryna salgylanyp, Associated Press habar berýär
15.08.2025 12:30
2.8k+
Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň ýolbaşçylaryny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa, Premýer-ministri Narendra Modä we ýurduň ähli halkyna Hindistan Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi
15.08.2025 12:28
4.1k+
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasyny Azat ediş gününiň 80 ýyllygy bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Li Çže Mýona we ýurduň ähli halkyna Koreýa Respublikasynyň milli baýramy — Azat ediş gününiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi
14.08.2025 17:06
3.7k+
Türkmen ilçisi Pakistanda maliýe-ykdysady pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
11-nji awgustda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Möwlamow ýurduň federal maliýe we girdejiler ministri, senator Muhammad Aurangzeb bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär
14.08.2025 15:08
1.8k+
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä we Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife hem-de ýurduň ähli halkyna Pakistan Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi
14.08.2025 14:00
3.2k+
Bitkoin 124 müň dollardan geçdi
Bitkoiniň hümmeti taryhy iň ýokary derejäni täzeledi. 14-nji awgustda kriptowalýuta 124,1 müň dollara ýetip, 2,86% ösüş görkezdi. Muny Binance kriptobiržasynyň maglumatlary delillendirýär. Aşgabat wagty bilen 11:40-a çenli ýagdaýa görä, bitkoin 121,8 müň dollara durýardy
14.08.2025 13:40
5.9k+
Hünärmenler dünýäniň iň köp ilatly şäherleriniň infografikasyny döretdiler
Dünýä barha şäherleşýär. Häzirki wagtda şäherlerde öňkülerden has köp adam ýaşaýar. Visualcapitalist portalynyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan täze infografika bu prosesiň doly gerimini görkezýär. Statistikada dünýäniň ilaty bir milliondan geçýän ähli şäherleri ýurtlar boýunça toparlara bölünen
13.08.2025 15:51
3.9k+
Aşgabatda “Bitewi saglyk” çemeleşmesini durmuşa geçirmek boýunça 3-nji maslahat geçirildi
12-nji awgustda Aşgabatda Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde Türkmenistanda «Bitewi saglyk» çemeleşmesini durmuşa geçirmek meseleleri boýunça Milli pudagara utgaşdyryjy komitetiň üçünji maslahaty geçirildi
13.08.2025 15:19
8.8k+
ABŞ we Hytaý paç arakesmesini 2025-nji ýylyň noýabryna çenli uzaltdy
ABŞ we HHR 12-nji awgustda tamamlanýan paç arakesmesiniň hereket edýän wagtyny ýene 90 gün uzaltmak barada ylalaşdy. Stokgolmda geçirilen gepleşikleriň netijesi boýunça taraplaryň bilelikdäki beýannamasy Hytaýyň Söwda ministrliginiň metbugat gullugy tarapyndan neşir edildi
13.08.2025 13:20
19k+
Garagum derýasyndan "Gurtly" ýaşaýyş toplumyna çenli kadaly dolandyrylýan suwaryş ulgamy gurlar
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän Garagum derýasyndan «Gurtly» ýaşaýyş toplumyna çenli suwaryş ulgamyny gurmak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär
13.08.2025 08:27
3.6k+
12-nji awgustda Awazada Hazar deňziniň güni bellenildi
12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi. Baýramçylygyň öňüsyrasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Hasyl» dynç alyş we sagaldyş merkezinde sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi
12.08.2025 16:30
5.4k+
Ýewropada pes hünär taýýarlykly işgärleriň 2,3 million iş orny ýitirim boldy
Soňky on ýylda Ýewropanyň zähmet bazary düýpli üýtgeşmelere sezewar boldy. Randstad agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 2014-nji we 2024-nji ýyllar aralygynda 2,3 million pes hünär taýýarlykly işgärler üçin iş orny ýitirim boldy, şol bir wagtyň özünde ýokary bilimli hünärmenler üçin boş iş orunlarynyň sany 20,8 million artdy
12.08.2025 14:03
7.9k+
Serdar Berdimuhamedow «Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylary gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda ýokary guramaçylyk derejesinde bellenilýän Hazar deňziniň güni hem-de “Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi” atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy mynasybetli gutlag iberdi
11.08.2025 23:14
13k+
Türkmenistan Hirosima we Nagasakiniň atom ýaragy bilen bombalanmagynyň ýatlama çärelerine gatnaşdy
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow 6-njy awgustda Hirosimada we 9-njy awgustda Nagasakide agzalan ýapon şäherleriniň atom ýaragy bilen bombalanmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi
11.08.2025 23:08
4.6k+
Türkmenistanly karateçiler Samarkantda Merkezi Aziýa çempionatynda 16 medal gazandylar
Karate boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy 3-13-nji awgust aralygynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilýän adaty karate boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatynda ýokary netijeleri görkezdiler. Ýaryşyň netijelerine görä türkmen türgenleri 9 altyn, 3 kümüş we 4 bürünç medal gazandylar
11.08.2025 23:03
2.1k+
Koreýa Respublikasynyň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlady
11-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýurdumyzda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Tek bilen duşuşdy
11.08.2025 23:00
1.8k+
Türkmenistanyň we Çad Respublikasynyň diplomatlary hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
9-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Çad Respublikasynyň daşary işler, afrikan integrasiýasy we daşary ýurtdaky çadlylaryň işleri boýunça ministri - wekili Fatima Aljina Garfa bilen duşuşdy
«
1
…
38
39
40
…
260
»
«
1
…
35
36
37
38
39
40
41
42
43
…
260
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.