Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň ýolbaşçylaryny Keramatly Stefanyň güni bilen gutlady

20.08.2025, 08:572,901

Prezident Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň Prezidenti Tamaş Şuýoka, Premýer-ministri Wiktor Orbana hem-de ýurduň ähli halkyna Wengriýanyň milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Tamaş Şuýoka we Premýer-ministr Wiktor Orbana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Wengriýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.
Wengriýada Keramatly Stefanyň güni 20-nji awgustda bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk ýurduň ilkinji patyşasy we wenger döwletini esaslandyryjy hasaplanylýan Iştwan I-niň (Stefan) hormatyna bellenilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.