Türkmenistan we BAE hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler

18.08.2025, 10:051,928

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Arap Emirlikleriniň ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem yzygiderli dialogy dowam etdirmegiň ähmiýetini bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny has hem giňeltmekde özara gyzyklanma bildirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.