Aşgabatda Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky maslahatynda geňeşiniň agzalarynyň ýerlerde alyp barýan işleri maslahatlaşyldy

20.08.2025, 13:366,868

19-njy awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Aşgabatdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň ýerlerde alyp barýan işleri, öňde durýan wezipeler baradaky hem-de käbir guramaçylyk meseleleri girizildi.

Maslahatda çykyş edenler häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça uly ösüşleri gazanyp, bedew bady bilen öňe barýandygyny, dünýä derejesinde abraýynyň barha belende göterilýändigini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli gowulandyrylýandygyny nygtadylar. Bu gazanylanlary wagyz-nesihat etmekde uly durmuş tejribesi bolan ýaşulular halkymyzyň, hususan-da, ýaşlaryň arasynda degişli işleri alyp barýarlar.
Maslahatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň işine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ýaşuly nesliň wekilleriniň milli ynsanperwer ýörelgelere ygrarly bolup, howandarlyga mätäçlere goldaw bermäge taýýardyklary, ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalary üns-alada bilen gurşap alýandyklary bellenildi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döwlet derejesinde döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýaş nesilleri watansöýüjilik we zähmetsöýerlik esasynda terbiýelemek, milli ýörelgeleri wagyz etmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.