Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Hytaý
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Hytaý
19.08.2025 14:27
6.3k+
Hytaýyň metan ýangyjynda işleýän raketa göterijisi synag wagty heläkçilige uçrady
Hytaýyň LandSpace Technology kompaniýasy suwuk kislorodda we metanda işleýän Zhuque-2E Y3 raketa göterijisiniň synagynyň şowsuz tamamlanandygyny habar berdi. Uçuryş 15-nji awgustda Szýusýuan kosmodromynyň 96A meýdançasyndan amala aşyryldy
18.08.2025 19:27
5.5k+
Volkswagen benzin bilen işleýän we gibrid modellerine hytaý tehnologiýasyny uýgunlaşdyrýar
Volkswagen we Xpeng awtoulaglaryň elektron arhitekturasy boýunça bilelikdäki işini giňeltjekdiklerini habar berdiler. Öň ol diňe Hytaý üçin niýetlenen CMP we MEB platformalaryndaky elektrik ulaglary üçin ulanylýardy, indi ony plagin gibridleri we şol ýurtda satylýan benzin hereketlendirijili awtoulaglar üçin ulanmak meýilleşdirilýär
18.08.2025 19:24
6.3k+
Hytaý dünýäde iň uly ýapyk görnüşli wodorod energiýa ulgamynyň gurluşygyna başlady
Pekinden 300 km uzaklykda, Içki Mongoliýanyň günortasynda ýerleşýän Ordos şäherinde diňe wodorod bilen işleýän 30 megawatt kuwwatly turbinanyň gurluşygyna başlandy. Ol dünýädäki iň uly ýapyk görnüşli wodorod energiýa ulgamynyň düzümine girer
18.08.2025 16:02
3.4k+
Hytaýdan totuguş Sýaoguý reňkleri tapawutlandyrmak ukyby bilen Ginnesiň kitabyna girdi
Hytaýdan totuguş Sýaoguý reňkleri çalt tapawutlandyrmak başarnygy bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol 10 reňkden ybarat ýumuşdan 33,5 sekuntda baş çykaryp, guşlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi. Synag wagtynda Sýaoguýa 10 sany kiçiräk gap we şol bir reňklerdäki 10 top berildi
16.08.2025 23:34
13k+
Hytaýda 300 metrlik kert gaýada kitap dükany açyldy
Hytaýyň Heçi okrugynda (Guansi-Çžuan awtonom sebiti) 300 metrlik kert gaýada gurlan kitap dükany açyldy. Bu barada News-Asia neşiri ýazýar. Dükan 2025-nji ýylyň maýynda işläp başlady we birnäçe aýyň içinde 100 müňden gowrak myhmany özüne çekdi
16.08.2025 16:56
3.7k+
Pekinde adam şekilli robotlaryň ilkinji Bütindünýä oýunlary geçirilýär
Pekinde gumanoid robotlaryň ilkinji Bütindünýä oýunlary açyldy. Ýaryşlara 16 ýurtdan 280 topar gatnaşýar diýip, Associated Press we GizmoChina habar berdi. Oýunlar 15 – 17-nji awgustda 2022-nji ýyldaky Olimpiada üçin gurlan “Buz lentasy” milli konki stadionynda geçirilýär
15.08.2025 19:09
2.6k+
Raşid Meredow Hytaýyň ilçisi bilen meýilleşdirilýän saparlara we duşuşyklara taýýarlygy maslahatlaşdy
14-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaý Halk Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçisi Szi Şumin bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler
15.08.2025 17:26
13k+
Hytaýda robot antilopany hakyky sürä goşup, Tibetdäki örä iberdiler
Hytaýly alymlar hakyky "kowumdaşlaryny" synlamak üçin robot antilopany ýabany tebigata iberdiler. Barlagçylar adam görse diýseň ürkýän haýwanlary doly tebigy şertlerde synlamak kararyna geldiler diýip, “Sinhua” habarlar gullugy habar berýär
14.08.2025 13:40
5.9k+
Hünärmenler dünýäniň iň köp ilatly şäherleriniň infografikasyny döretdiler
Dünýä barha şäherleşýär. Häzirki wagtda şäherlerde öňkülerden has köp adam ýaşaýar. Visualcapitalist portalynyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan täze infografika bu prosesiň doly gerimini görkezýär. Statistikada dünýäniň ilaty bir milliondan geçýän ähli şäherleri ýurtlar boýunça toparlara bölünen
13.08.2025 15:19
8.8k+
ABŞ we Hytaý paç arakesmesini 2025-nji ýylyň noýabryna çenli uzaltdy
ABŞ we HHR 12-nji awgustda tamamlanýan paç arakesmesiniň hereket edýän wagtyny ýene 90 gün uzaltmak barada ylalaşdy. Stokgolmda geçirilen gepleşikleriň netijesi boýunça taraplaryň bilelikdäki beýannamasy Hytaýyň Söwda ministrliginiň metbugat gullugy tarapyndan neşir edildi
13.08.2025 12:47
17k+
Hytaýda BYD elektromobili yzly-yzyna üç gezek ýyldyrym urmasyna döz geldi
Hytaýyň Guansi awtonom sebitinde Beýhaý şäherindäki awtoserwis meýdançasynda adatdan daşary waka wideo düşdi. BYD Song Plus elektrik ulagynyň depesindäki bagaža birnäçe gezek çyldyrym urdy, netijede güýçli elektrik razrýadlary döredi
13.08.2025 11:16
8.2k+
Hytaýda tizlikli otlular üçin ses basýan ulgam oýlanyp tapyldy
Hytaýda tizligini 600 km/sag çenli artdyryp bilýän magnit güýjüniň kömegi bilen işleýän otlular (maglew) üçin ses basýan ulgam işlenip taýýarlandy. Bu barada The Guardian gazeti habar berdi. Häzir Hytaýda tigirli otlular 350 km/sag çenli, maglewler bolsa 460 km/sag çenli tizligini artdyrýar
12.08.2025 09:53
4.9k+
Pekinde adam şekilli robotlaryň dünýäde ilkinji dükany işläp başlady
Hytaýyň paýtagtynda robot-gumanoidleriň satuwyna ýöriteleşen dünýäde ilkinji dükan açyldy. Onuň açylyşy 2025-nji ýylyň Bütindünýä robototehnika konferensiýasyna gabat geldi diýip, Global Times neşiri habar berdi
07.08.2025 12:55
16k+
Hytaýda dünýäniň iň beýik köprüsine barýan ýoly geçirmek üçin daglary “kesdiler”
Hytaýyň Guizhou welaýatynda dünýäniň iň beýik köprüsiniň gurulmagy bilen ýokary tizlikli ýoluň bir bölegi tamamlanýar. Taslamanyň haýrana goýýan suratlary we wideo şekilleri Reddit-de peýda boldy. Çylşyrymly relýefli daglyk ýerdigi sebäpli gurluşykçylar egrem-bugram ötükleri geçirmegi makul tapman, tersine, birnäçe dagyň gerşini “kesdiler”
06.08.2025 17:57
11k+
Toyota ulaglarynyň bahasyny arzanlatmak üçin hytaý komponentlerini satyn alyp başlady
Toyota Tailanddaky zawodlarynda elektromobilleri ýygnamak üçin hytaý öndürijilerinden ulag komponentlerini satyn alyp başlady. Kompaniýa önümçilik çykdajylaryny azaltmak we bazarda bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak üçin şeýle netijä geldi
06.08.2025 17:39
10k+
Hytaýda öz-özi arassalanýan aýna döredildi
Hytaýyň Çžeszýan uniwersitetiniň alymlary suw, himiýa ýa-da ep-esli energiýa çykdajysy bolmazdan öz-özüni arassalaýan aýnany döretdi. Ol bary-ýogy birnäçe sekuntda 98% tozany aýyrýar diýip, Interesting Engineering neşiri ýazýar
04.08.2025 20:25
7.8k+
Hytaýda robot talyplyga kabul edildi: ol "dramaturgiýany we kinony" öwrener
Hytaýda Xueba 01 atly robot Şanhaý teatr akademiýasynyň "dramaturgiýa we kino" ugry boýunça doktorantura maksatnamasyna kabul edildi. Bu barada South China Morning Post neşiri habar berýär. Okuw dört ýyl dowam eder
04.08.2025 19:27
6.3k+
Hytaýda baryp II asyrda oýlanyp tapylan dünýäde ilkinji seýsmograf dikeldildi
Hytaýda Betbagtçylyklaryň öňüni alyş institutyndan Sýuý Goudunyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary dünýäde ilkinji seýsmograf hasaplanýan gadymy enjamy dikeltdi. Bu barada Progress in Geophysics žurnalyna salgylanýan South China Morning Post ýazýar
03.08.2025 17:04
13k+
Hytaýda altyndan nyşanlary we 1196 at güýji bolan kaşaň ulag satylyp başlandy
Hytaýda BYD konserniniň doly göwrümli Yangwang U8L ulagy üçin sargytlar açyldy. Ulanyjylar islege görä daşynda 24 karat altyndan ýasalan iki nyşan we rulda ýene bir altyn logotip bolan wersiýany satyn alyp biler
02.08.2025 00:13
7.9k+
Gonkongda dyz bogunlaryna düşýän agramy iki esse azaltmaga kömek edýän ekzoskelet döredildi
Gonkongly inženerler adam bedeniniň aşaky bölegi üçin geýilýän ýörite ekzoskelet işläp taýýarladylar. Bu enjam dyzyň bogunlaryna düşýän agramy 50%-e çenli azaldýar. Enjam 20 ýaşdan uly, işjeň hereketdäki adamlar üçin niýetlenendir
01.08.2025 17:51
4.6k+
Apple-iň Hytaýdaky ilkinji öňdebaryjy dükany işlemegini bes eder
Apple kompaniýasy Hytaýyň Dalýan şäherindäki flagman dükanynyň ýapyljakdygyny mälim etdi. Ol 9-njy awgustda işlemegini bes eder diýip, 21st Century Business Herald gazeti habar berdi. Dükan 2015-nji ýylyň oktýabrynda açylyp, amerikan tehnologiýa ägirdiniň Dalýanda ilkinji we Lýaonin welaýatynda ikinji resmi dükany bolupdy
31.07.2025 21:00
6.4k+
Hytaýyň Robotera başlangyjy dünýäde iň çalt robot-adamy döretdi
Hytaýyň Robotera başlangyjy Robotera L7 atly täze gumanoid roboty hödürledi. Täze önümi dünýäniň iň çalt gumanoid roboty diýip atlandyrýarlar, ol tizligini sagatda 14,4 kilometre çenli ýetirip bilýär diýip, Interesting Engineering ýazýar
30.07.2025 18:21
17k+
Hytaý çaga dogluşyny artdyrmak üçin 3 ýaşa çenli çagalara ýylda bir gezek 500 dollar töläp başlar
Hytaýyň hökümeti çaga dogluşyny ýokarlandyrmak maksady bilen çaga seretmek boýunça kömek pullarynyň täze ulgamyny yglan etdi diýip, “Sinhua” agentligi habar berýär. Umumymilli maksatnama laýyklykda, maşgalalara üç ýaşa ýetmedik her bir çaga üçin ýylda 3600 ýuan (takmynan 503 dollar) kömek puly berler
30.07.2025 14:48
3.3k+
ABŞ emeli aň pudagynda öňde barýar, Hytaý ikinji orunda
ABŞ emeli aňyň ösüş derejesi boýunça ýurtlaryň global reýtinginde birinji orunda durýar. Hytaý ikinji orny, Beýik Britaniýa üçünji orny eýeledi. Şeýle maglumatlar Hytaýyň Ylmy we tehnologiki maglumat instituty tarapyndan Pekin uniwersiteti bilen bilelikde hödürlenen EA pudagynda global innowasiýa indeksi baradaky hasabatda getirilýär
30.07.2025 14:46
10k+
Hytaýyň Hunan şäherindäki uniwersitetde kebap taýýarlamagy hünär hökmünde öwredip başladylar
Hytaýyň Ýueýan şäherinde (Hunan welaýaty) kebapçy aşpezleri taýýarlaýan dünýäde ilkinji kollej açyldy. Okuw jaýy ýerli hökümetiň we Ýueýan barbekýu birleşiginiň goldamagynda Ýueýanyň Açyk Uniwersitetiniň düzüminde döredildi diýip, China Daily portaly habar berýär
29.07.2025 13:28
7.7k+
Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Pekiniň uniwersitetinde tejribelik geçdiler
14–28-nji iýul aralygynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Hytaýyň däp bolan lukmançylygy boýunça Pekin uniwersitetinde önümçilik tejribeligini geçdiler. Hytaý tarapy geljekki türkmen lukmanlary üçin baý okuw we medeni maksatnamany taýýarlady
28.07.2025 13:45
7.2k+
Hytaýda tizligi sagatda 400 km-a ýetýän demirýol otlusyny synagdan geçirdiler
Hytaýyň Demirýol Ylymlary akademiýasy tizligi sagatda 400 km-a ýetip bilýän täze CR450 demirýol otlusyny döretdi. Häzir otly işe başlamazdan ozal soňky synaglardan geçýär diýip, Interesting Engineering ýazýar. Artdyrylan tizlik aerodinamiki üýtgeşmeler we kämilleşdirilen şassi netijesinde gazanyldy
26.07.2025 18:18
8.6k+
Hytaýda 6G öýjükli ulgamy synagdan geçirildi: ol 50 Gb faýly 1,5 sekuntda iberýär
China Mobile aragatnaşyk operatory altynjy nesil torunyň ilkinji synaglarynyň başlanandygyny habar berdi. Synag infrastrukturasyna 10 esasy stansiýa gatnaşýar. Taslama diňe gözleg maksatlary bilen durmuşa geçirilýär we täjirçilik taýdan ulanylyşy göz öňünde tutmaýar diýip, MyDrivers portaly ýazdy
26.07.2025 16:42
5.5k+
Hytaýda öz işinden ýadan adamlar üçin klinika açyldy
Hytaýyň Sinhuandao şäherindäki adaty hytaý we günbatar lukmançylyk hassahanasynda argynlykdan ejir çekýän adamlar üçin "Dislike Going to Work Clinic" ady bilen klinika açyldy. Bu barada South China Morning Post neşiri habar berýär
26.07.2025 13:05
3.6k+
Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň täze bellenen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
25-nji iýulda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy. “Biz ähli derejede syýasy dialogyň has-da giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýäris
22.07.2025 19:45
13k+
Hytaý dünýäde iň uly gidroelektrostansiýanyň gurluşygyna başlady
HHR-iň Döwlet geňeşiniň premýeri Li Sýan Tibet awtonom sebitindäki Ýarlung Sangpo derýasynda dünýäde iň uly gidroelektrostansiýanyň gurluşygynyň başlandygyny yglan etdi. Bu barada Interesting Engineering habar berýär
22.07.2025 12:37
6k+
Hytaý we Şwesiýa 350 aýlawdan soň hem kuwwatyny ýitirmeýän batareýa döretdiler
Hytaýly we şwesiýaly alymlar batareýalaryň geljegini düýpgöter üýtgedip biljek täze F-QSCE30 elektrolitini oýlap tapdylar. Ol 60 gradus Selsiýada 350 gezek zarýad berliş-zarýad çöküş aýlawyndan soň batareýanyň kuwwatynyň 100%-ini diýen ýaly saklamaga we 4000 sagatdan gowrak peselmezden durnukly işlemäge mümkinçilik berdi
22.07.2025 09:57
4.3k+
Hytaýyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
21-nji iýulda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowa özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
21.07.2025 18:50
4.1k+
Hytaýyň suwda sinhronly ýüzmek boýunça ýygyndysy Dünýä çempionatynda altyn medal aldy
Hytaýyň suwda sinhronly ýüzmek boýunça milli ýygyndysy Singapurda geçirilýän dünýä çempionatynda 348,4779 utuk gazanyp, topar hasabynda altyn medal aldy. Bu barada World Aquatics halkara federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär
21.07.2025 18:21
5.4k+
Hytaýyň täze ilçisi Szi Şumin Türkmenistana geldi
19-nji iýulda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin maşgalasy bilen bilelikde Aşgabada geldi. Aşgabadyň halkara howa menzilinde ilçini Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri we HHR-iň ilçihanasynyň işgärleri garşyladylar
21.07.2025 13:59
5.1k+
2026-njy ýyla çenli Astanada Merkezi Aziýanyň iň uly maglumat merkezi gurlar
2026-njy ýyla çenli Astanada Merkezi Aziýada maglumatlary gaýtadan işleýän iň uly maglumat merkezi gurlar. Taslama Gazagystanyň Akashi Data Center kompaniýasy bilen Hytaýyň China Mobile telekommunikasiýa korporasiýasynyň hyzmatdaşlygynda durmuşa geçiriler diýip, “Kompaniýa” neşiri habar berýär
20.07.2025 14:24
5.3k+
Ford Hytaýda Bronco-nyň adaty bolmadyk has uly görnüşini çykarar
Ford kompaniýasy Bronco modeliniň dünýä bazaryna hödürlenen ähli wersiýalaryndan tapawutlanýan, üýtgedilen görnüşini Hytaý bazaryna çykarmaga taýýarlanýar. Täze model Jiangling Ford bilelikdäki kärhanasy tarapyndan işlenip düzüldi we gibrid hem-de doly elektrik görnüşinde hödürlener
19.07.2025 17:39
7.2k+
Hytaýda robot-pingwinler metro arkaly sargytlary eltip başlady
Hytaýyň Şençžen şäheriniň metrosynda jemgyýetçilik ulagyna birleşdirilen, dünýäde ilkinji eltip beriş ulgamy işe girizildi: daşky görnüşi pingwine meňzeş 41 sany özbaşdak robot 7-Eleven dükanlar zynjyry üçin haryt daşap başlady
19.07.2025 14:22
4.9k+
Hytaýda dünýäniň iň güýçli ýel turbinasy 40 müň öýi elektrik energiýasy bilen üpjün eder
China Huaneng Group we Dongfang Electric Corporation döwlet kompaniýalary dünýäde iň güýçli diýlip hasaplanylýan 17 megawattlyk göni birikdirilen deňiz ýel turbinasyny işe girizdi diýip, Interesting Engineering ýazýar
19.07.2025 14:20
6.6k+
Täze BMW Neue Klasse Hytaýda ýerli Momenta-dan awtopilot alar
BMW konserni Hytaýyň şertlerine uýgunlaşdyrylan elektrik ulaglary bolan Neue Klasse maşgalasy üçin ýarym awtonom dolandyryş ulgamyny işläp taýýarlajak Hytaýyň Momenta başlangyjy bilen şertnama baglaşdy. Hytaýda modelleriň satuwy 2026-njy ýylda başlamaly diýip, Tencent News neşiri habar berýär
«
1
…
10
11
12
…
42
»
«
1
…
7
8
9
10
11
12
13
14
15
…
42
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.