Hytaý çaga dogluşyny artdyrmak üçin 3 ýaşa çenli çagalara ýylda bir gezek 500 dollar töläp başlar

30.07.2025, 18:2117,467

Hytaýyň hökümeti çaga dogluşyny ýokarlandyrmak maksady bilen çaga seretmek boýunça kömek pullarynyň täze ulgamyny yglan etdi diýip, “Sinhua” agentligi habar berýär.

Umumymilli maksatnama laýyklykda, maşgalalara üç ýaşa ýetmedik her bir çaga üçin ýylda 3600 ýuan (takmynan 503 dollar) kömek puly berler.  Kömek puluny 20 milliondan gowrak maşgala alar diýip, Bloomberg habar berýär. Bu başlangyjyň maksady - ýaş maşgalalary goldamak we olaryň çagany terbiýelemegiň çykdajylary baradaky aladalaryny ýeňilleşdirmek.
Hytaýyň ilaty indi üç ýyl bäri azalýar diýip, Bloomberg ýazýar. 2024-nji ýylda ýurtda 9,5 million çaga dünýä indi, ýogalanlaryň sany bolsa 10,9 million boldy.
Şeýle hem, agentlik soňky on ýylda nikalaşýanlaryň sanynyň ep-esli azalandygyny görkezýär: 2013-nji ýylda 13,47 milliondan bolanlygyndan 2024-nji ýylda 6,11 milliona çenli azaldy. Mundan başga-da, ilkinji nikada ortaça ýaş 2010-njy ýylda 24,9 ýaş bolanlygyndan 2020-nji ýylda 28,7 ýaşa çenli ýokarlandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.