Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Başlygy Si Szinpine we Döwlet Geňeşiniň premýeri Li Sýana Hytaý Halk Respublikasynyň döredilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany HHR-iň döwrebaplaşmagyň hytaý nusgasyndan yzygiderli ugur alyp, özara hormat goýmaga we deňhukukly ýörelgelere esaslanýan ählumumy hyzmatdaşlygy hem-de döredijilikli gün tertibini öňe sürmäge uly goşant goşýandygyny nygtady.
«Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasy bilen ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň häzirki derejesine ýokary baha berýär. Biziň ýurtlarymyz özara hyzmatdaşlygy iş ýüzünde yzygiderli giňeldýärler, söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrýarlar, energetika, ulag ulgamlarynda we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürýärler, halkara giňişlikde konstruktiw dialogy saklaýarlar» — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow hatynda belledi.
Döwlet Baştutany bilelikdäki tagallalaryň netijesinde türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi we mümkinçilikden peýdalanyp, Si Szinpine we Li Sýana berk jan saglyk, bagtyýarlyk, alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.
Hytaý Halk Respublikasynyň döredilen güni ýurduň esasy döwlet baýramydyr. 1949-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda Pekiniň Týananmen meýdançasynda Mao Szedun tarapyndan HHR-iň döredilýändigi resmi taýdan yglan edildi.
Baýramçylyk bilen baglylykda 1-nji oktýabrdan ýurtda «Altyn hepdelik» diýlip atlandyrylýan baýramçylyk dynç alyş günleri başlanýar. Bu waka mynasybetli ýurduň şäherleri janly güller bilen bezelýär, dabaraly çäreler, aýdym-sazly çykyşlar hem-de feýerwerkler guralýar.