Hytaýda dünýäniň iň beýik köprüsine barýan ýoly geçirmek üçin daglary “kesdiler”

07.08.2025, 12:5516,173
1 / 2

Hytaýyň Guizhou welaýatynda dünýäniň iň beýik köprüsiniň gurulmagy bilen ýokary tizlikli ýoluň bir bölegi tamamlanýar. Taslamanyň haýrana goýýan suratlary we wideo şekilleri Reddit-de peýda boldy.

Çylşyrymly relýefli daglyk ýerdigi sebäpli gurluşykçylar egrem-bugram ötükleri geçirmegi makul tapman, tersine, birnäçe dagyň gerşini “kesdiler”.
Ýoluň esasy elementi Huaszýan jülgesiniň üstünden geçýän köprüdir. Onuň gurluşygy 2021-nji ýylda başlandy.
Köpriniň umumy uzynlygy 2948 metr, esasy sütünleriniň aralygy 1449 metre ýetýär. Ýol ýerden 625 metr belentlikde ýerleşip, bu köprini dünýäde iň beýik köpri edýär.
Desgany 2025-nji ýylyň ahyrynda açmak meýilleşdirilýär. Bu köpriniň sebit üçin täze syýahatçylyk merkezine öwrülmegine we sportuň ekstremal görnüşlerine  höwesjeňleri özüne çekmegine garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.