Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
futbol
Baş sahypa
/
Habarlar
/
futbol
01.02.2026 17:46
6.9k+
Dünýäniň iň uly 20 kluby bir möwsümde €12 mlrd gazandy, onuňam €1,2 milliardy — «Realda»
Deloitte kompaniýasy möwsümdäki girdejileri boýunça futbol klublaryna baha berýän Money League ýyllyk reýtingini hödürledi. 2024/25 möwsüminiň lideri tas 1,2 mlrd ýewro girdeji bilen Madridiň «Realy» boldy. Dünýäniň öňdebaryjy 20 klubunyň umumy girdejisi ilkinji gezek 12 mlrd ýewrodan geçdi
01.02.2026 11:41
9k+
Hytaýyň lideri Si Szinpin futbol janköýeri bolup çykdy
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin «Mançester Ýunaýted» futbol klubunyň hakyky janköýeri bolup çykdy. Bu barada Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmeriň Pekine bolan resmi saparynyň dowamynda mälim boldy diýip, South China Morning Post neşiri habar berýär
31.01.2026 17:28
8.6k+
Bir oýunçy birgiden topardan gymmat: CIES futbol akademiýalarynyň uçurymlaryna baha berdi
CIES Football Observatory guramasy professional futbol klublarynyň akademiýalarynyň netijelilik reýtingini çap etdi. Bu sanaw klublaryň terbiýäp ýetişdiren oýunçylarynyň umumy transfer bahasyna we olaryň professional futboldaky sanyna esaslanýar
31.01.2026 10:36
4.7k+
UEFA Ýewropa ligasynyň play-off tapgyrynyň bijeleri çekildi
UEFA Ýewropa ligasynyň 1/8 finalyna gatnaşmak hukugy ugrunda geçiriljek utulan-çykdy (play-off) oýunlarynyň bije çekişligi geçirildi. Ýaryşyň umumy tapgyrynyň netijeleri boýunça iň gowy netije görkezen sekiz klub göni 1/8 finala çykdy, galan 16 topar bolsa goşmaça tapgyrda galan ýollanmalar ugrunda bäsleşer
30.01.2026 17:57
9.2k+
«Realyň» maňlaýyndan ýene «Benfika» çykdy: ÇL-nyň play-off tapgyrynyň jübütleri belli boldy
UEFA Çempionlar ligasynyň 2025/2026-njy ýyllar möwsüminiň utulan-çykdy (play-off) tapgyrynyň bije çekişligi geçirildi. Onuň netijesine görä «Real» ýene-de arada özüni «öýkeleden» topar bilen ýüzbe-ýüz bolar. Madridli klub öňňün ýaryşyň umumy tapgyrynyň jemleýji oýnunda Lissabonly «Benfika» garşy oýnapdy
30.01.2026 10:57
5.4k+
101 müň tomaşaçy: Argentinanyň "Riwer Pleýt" klubunyň stadiony dünýäde ikinji iň uly futbol arenasy bolar
Argentinanyň “Riwer Pleýt” futbol kluby öz öý meýdançasy bolan “Monumental” stadionyny giňeltmek taslamasyna badalga berlendigini yglan etdi. Durkuny täzelemek işleri tamamlanandan soň, arenanyň sygymy 85 müňden 101 müň tomaşaça çenli artar
30.01.2026 10:48
4.1k+
Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyrynda çykyşyny dowam etdirjek 24 topar mälim boldy
UEFA Ýewropa ligasynyň 2025/26 möwsüminiň umumy tapgyry tamamlandy. 30-njy ýanwara geçýän gije tamamlan oýunlaryň netijeleri boýunça ýaryşyň pleý-off tapgyrynda çykyşyny dowam etdirjek 24 topar mälim boldy. Iň gowy netije görkezen sekiz klub göni 1/8 finala çykdy, galanlary bolsa utulan-çykdy oýunlarynda güýç synanyşarlar
30.01.2026 06:43
5k+
$13 mlrd oýun-oýunjak zat däl: dünýä futbolynyň transfer çykdajylary rekord derejä ýetdi
2025-nji ýylda dünýäniň futbol klublary transferler üçin rekord derejedäki pul möçberini — 13,08 milliard dollary sarp etdiler. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) hasabatynda bellenilýär. 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, çykdajylar 52,3% ýokarlandy
29.01.2026 20:39
8.8k+
CAF Afrika Kubogynyň finalyndaky bidüzgünçilikleri üçin Senegal bilen Marokko temmi berdi
Afrika Futbol Konfederasiýasy (CAF) Senegal bilen Marokkonyň ýygyndylarynyň arasynda Afrika Milletler Kubogynyň finalynda bolup geçen düzgün bozmalar boýunça temmilerini yglan etdi. Şol duşuşykda Senegal Marokkony goşmaça wagtda 1:0 hasabynda ýeňip, taryhynda ikinji gezek ýaryşyň ýeňijisi bolupdy
29.01.2026 09:14
9.7k+
Diňe ýeňip gelen «Arsenal», «Realyň» şowsuzlygy, derwezebanyň salan goly: ÇL-de umumy tapgyr jemlendi
29-njy ýanwara geçilýän gije UEFA Çempionlar ligasynda umumy tapgyryň oýunlary jemlendi. Olaryň netijesinde, Ýewropanyň iň esasy klub ýaryşynyň göni 1/8 finalyna çykan sekiz topar belli boldy. Ýaryş jedweliniň birinji ornuny «Arsenal» topary eýeledi
27.01.2026 22:40
6.5k+
«Barselona» Fermin Lopes bilen şertnama baglaşdy, ýöne Drony PSŽ-ä goýberdi
«Barselona» futbol klubunyň ýetişdiren oýunçysy Dro Fernandes PSŽ-niň oýunçysy boldy. Bu transfer barada parižli klubuň resmi saýty habar berdi. 18 ýaşly ispaniýaly ýarymgoragçy 2030-njy ýyla çenli möhlet bilen şertnama baglaşdy
25.01.2026 23:14
5.1k+
Ýewropanyň çempiony Nani Gazagystanyň «Aktobe» klubunyň oýunçysy boldy
«Aktobe» futbol kluby Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we «Mançester Ýunaýtediň» öňki wingeri Luiş Nani bilen şertnama baglaşandygyny yglan etdi. 39 ýaşly futbolçy bilen baglaşylan ylalaşyk şu ýylyň ahyryna çenli niýetlenendir
24.01.2026 16:54
4k+
Laporta «Barselonanyň» prezident saýlawlarynyň senesini yglan etdi
15-nji martda «Barselona» futbol klubunyň prezident saýlawy geçiriler. Şeýle karar Kataloniýaly klubuň direktorlar geňeşiniň mejlisinden soň kabul edildi. Bu barada toparyň metbugat gullugy klubuň häzirki prezidenti Joan Laporta salgylanyp habar berdi
23.01.2026 23:33
5.1k+
Aşgabatda FIFA-nyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda höwesjeň futbol gurşawynyň seljermesine bagyşlanan çäre geçirildi
Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen bilelikde Aşgabatda üç günlük okuw maslahatyny gurady. Maslahatyň çäklerinde 23-nji ýanwarda "Ýyldyz" myhmanhanasynda Aşgabatda höwesjeň futbol gurşawynyň seljermesine bagyşlanan çäre geçirildi
23.01.2026 15:33
4.7k+
Ýewropa ligasynyň 7-nji tapgyry: «Lion» we «Aston Willa» möhletinden ir 1/8 finala çykdy
23-nji ýanwara geçilen gije UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň umumy tapgyrynyň ýedinji oýunlary geçirildi. Onuň netijesi boýunça möhletinden ir 1/8 finala çykmagy kepillendiren ilkinji klublar kesgitlendi. Olar 18 utuk gazanan «Lion» (Fransiýa) we «Aston Willa» (Angliýa) boldy
22.01.2026 23:25
4.1k+
«Barselona» emeli aňyň kömegi bilen parfýum döredýän startap bilen şertnama baglaşdy
«Barselona» emeli aňyň kömegi bilen parfýum döredýän Scircle startapynda paý satyn aldy. Şertnama klubuň janköýerler bilen gatnaşygyň täze görnüşlerini ösdürmek strategiýasynyň bir bölegidir. Klub atyra «emosional aragatnaşygyň goşmaça ýoly» hökmünde garaýandygyny belledi
22.01.2026 13:19
8.9k+
Çempionlar ligasy: «Barselona», «Liwerpul», «Bawariýa» we «Ýuwentus» ýeňiş gazandy
Çarşenbe güni UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň galan ýedinji oýunlary geçirildi. Öňdebaryjy toparlaryň köpüsi ýeňiş gazanyp, öz hasabyna üç utuk goşdy. «Bawariýa» – «Ýunion» 2:0 «Bawariýa» taryhda Çempionlar ligasynda 250 ýeňiş gazanan ikinji klub boldy
22.01.2026 01:25
14k+
AFK Aşgabatdaky Olimpiýa stadionyny «Arkadag» - «Al-Nasr» duşuşygynyň geçjek ýeri hökmünde tassyklady
Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) Aşgabadyň köpugurly «Olimpiýa» stadionyny AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynyň birinji duşuşygy üçin «Arkadag» toparynyň öý meýdançasy hökmünde resmi taýdan tassyklady
22.01.2026 01:14
11k+
FIFA 2026-njy ýyldaky ilkinji täzelenen reýtingini çykardy: Türkmenistan öňki ornuny saklady
Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndy toparlaryň 2026-njy ýyldaky ilkinji sanawyny neşir etdi. Türkmenistanyň milli ýygyndysy sanawda öňki ornuny saklap, 137-nji basgançakda ýerleşdi. Ýygyndymyz sanawda Filippinleriň (136) we Merkezi Afrika Respublikasynyň (138) arasynda ýerleşýär
21.01.2026 13:18
7.1k+
ÇL: «Arsenal» «Interi» utdy, «Siti» we «PSŽ» utuldy, «Real» «Monakodan» üstün çykdy
Çarşenbe gününe geçilen gije Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň 7-nji oýunlary geçirildi. Oýun güni uly ýeňişler we garaşylmadyk ýeňlişler bilen dartgynly boldy. «Inter» – «Arsenal» – 1:3 Günüň esasy oýny Milandaky duşuşyk boldy
21.01.2026 10:18
9.2k+
«Ýuwentus» Ronalduwa 9,7 mln ýewro tölemeli boldy. Turinde kazyýet klubuň arzasyny ret etdi
Turiniň kazyýeti «Ýuwentus» klubunyň arbitraž kazyýetiň Kriştianu Ronalduwa 9,7 mln ýewro tölemek baradaky kararyna garşy arzasyny ret etdi. Bu barada La Gazzetta dello Sport neşiri habar berdi. 2024-nji ýylda arbitraž «Ýuwentusy» futbolça 9,7 mln ýewro tölemäge borçlandyrypdy
20.01.2026 14:02
21k+
Türkmenistanyň ýygyndysynyň iň gymmat futbolçysy Gyrgyzystanyň «Bars» klubuna geçdi
«Bars» gyrgyz futbol kluby Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 25 ýaşly merkezi ýarym goragçysy Teýmur Çaryýewiň transferini resmi taýdan yglan etdi. «"Bars" futbol kluby türkmenistanly ýarym goragçy Teýmur Çaryýew bilen şertnama baglaşylandygyny şatlyk bilen habar berýär» diýlip, klubuň metbugat gullugynyň maglumatynda aýdylýar
20.01.2026 11:54
13k+
Dünýäniň iň köp hak alýan türgenleri: Ronaldu Messiden iki esse köp gazanýar
Sportico neşiri 2025-nji ýylda dünýäniň iň köp girdeji gazanan on türgeniniň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny ýene-de Kriştianu Ronaldu eýeledi. Portugaliýaly futbolçy bir ýyl ozalky görkezijiler ($260 mln) bilen öňdebaryjylygy saklady
20.01.2026 11:02
5.8k+
Le Monde: Janni Infantinonyň FIFA-daky aýlygy 10 ýylda dört esse artdy
FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň bu wezipede işlän döwründe alýan girdejisi dört esse ýokarlandy. Bu barada Fransiýanyň meşhur Le Monde neşiri habar berýär. Gazetiň berýän maglumatlaryna görä, futbol wekiliniň girdejisi ýyllar boýy şu görnüşde üýtgedi: 2016-njy ýyl: 1,28 million ýewro (Prezidentlik wezipesine saýlanan ilkinji ýyly)
19.01.2026 22:55
2.5k+
Antonio Banderas we Denni Treho «Armadillo Ýunaýted» futbol dramasyna gatnaşar
Troublemaker amerikan studiýasy «Armadillo Ýunaýted» sport filmini döretmäge girişdi diýip, Variety habar berýär. Taslamada baş keşpleri aktýorlar Antonio Banderas («13-nji söweşiji», «Ýaşaýan derim») we Denni Treho («Gün ýaşandan daň atýança») ýerine ýetirer
19.01.2026 22:13
5.9k+
Senegalda Afrikanyň Kubogyndaky ýeňişden soň dynç güni yglan edildi
Senegalyň Prezidenti Bassiru Diomaýe Faýe duşenbe gününi (19-njy ýanwar) tölegli dynç güni diýip yglan etdi. Çözgüt Senegalyň Afrika milletleriniň kubogynyň finalynda ýeňiş gazanmagy bilen baglanyşykly boldy diýip, RTS 1 teleýaýlymy habar berdi
19.01.2026 15:16
5.7k+
Afrikanyň Kubogy – 2026 ýaryşynyň indiwidual baýraklarynyň eýeleri yglan edildi
Marokkoda 2026-njy ýylyň Afrika milletleriniň kubogy ýaryşy tamamlandy. Senegalyň milli ýygyndysy öz taryhynda ikinji gezek ýaryşyň ýeňijisi boldy. Ýaryşyň netijesi boýunça Halkara futbol federasiýasy (FIFA) has tapawutlanan oýunçylara aýratyn baýraklary gowşurdy
19.01.2026 12:54
1.8k+
«Eýforiýa» serialynyň 3-nji möwsüminiň treýleri HBO rekordyny goýdy
«Eýforiýa» serialynyň üçünji möwsüminiň ilkinji treýleri çykandan soňky ilkinji 48 sagadyň dowamynda 100 milliona golaý tomaşaçy toplady. Bu hakda Warner Bros. Discovery kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanýan Deadline habar berýär
19.01.2026 11:49
26k+
«Arkadag» – «Al-Nasr» futbol klublarynyň duşuşygynyň biletleri satylyp başlandy
Aşgabat şäheriniň häkimligi Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby bilen Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň arasynda AFC-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygyna biletleriň onlaýn satuwyny ýola goýdy
19.01.2026 07:06
7k+
Senegal dawaly finalda Marokkony utup, Afrikanyň Kubogyny gazandy
Senegalyň milli ýygyndysy öz taryhynda ikinji gezek Afrika milletleriniň kubogyny aldy. Marokko toparyna garşy final oýny Rabat şäherinde geçirildi we Senegalyň goşmaça wagtda ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Oýnuň esasy wagty 0:0 hasabynda gutardy
18.01.2026 16:02
6.4k+
DÇ-2026 üçin petek utuşyna ýarym milliard adam gatnaşar
Janköýerler 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna petek satyn almak üçin Random Selection Draw tapgyrynyň çäklerinde 500 milliondan gowrak arza tabşyrdy. Arzalary kabul ediş möhleti 2025-nji ýylyň 11-nji dekabryndan 2026-njy ýylyň 13-nji ýanwaryna çenli dowam etdi
18.01.2026 10:14
4.7k+
Nigeriýanyň milli ýygyndysy penalti tapgyrynda Müsüri utup, Afrikanyň Kubogynyň bürünç medalyny gazandy
Nigeriýanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary Marokkoda geçirilýän Afrika milletleriniň kubogynda üçünji ýer üçin oýunda Müsüriň toparyny penalti tapgyrynda utdy. Oýnuň esasy wagty golsuz tamamlandy – 0:0. Penalti tapgyrynda Nigeriýanyň topary güýçli geldi – 4:2
17.01.2026 14:21
13k+
Türkmen futbolçysy Wepa Jumaýew Özbegistanyň «Aral» klubuna geçdi
Türkmenistanly goragçy Wepa Jumaýew karýerasyny Özbegistanyň Pro-ligasynda dowam etdirer. Maglumatlara görä, milli ýygyndynyň futbolçysy Nukus şäheriniň «Aral» kluby bilen şertnama baglaşdy. 25 ýaşly goragçy soňky 5 möwsümini Belarus çempionatynda geçirdi
17.01.2026 10:48
3.6k+
Mbappe, Dembele, Holand we Pedri EA Sports FC 26-da «Ýylyň toparyna» girdi
Electronic Arts kompaniýasy ulanyjylaryň ses bermeginiň netijesi boýunça EA Sports FC 26 oýnunda «Ýylyň toparyny» hödürledi. Sanawa senenama ýylynyň dowamynda has tapawutlanan 11 oýunçy girdi. Bu futbolçylar Ultimate Team režiminde ýokary häsiýetnamalar bilen (94-den 97-ä çenli) ýörite wirtual kartoçkalary alar
16.01.2026 23:02
5.7k+
Romano: «Žirona» ter Ştegeni kärendesine alýar, «Mançester Siti» Mark Gehi bilen şertnama baglaşdy
«Barselonanyň» germaniýaly derwezebany Mark-Andre ter Ştegen ýakyn wagtda «Žironanyň» oýunçysy bolar. Taraplar häzir oýunçyny kärendesine almak boýunça şertnamany ylalaşmagyň ahyrky tapgyrynda diýip, insaýder Fabrisio Romano X sosial ulgamynda habar berdi
16.01.2026 17:59
4.1k+
Aşgabatda "Köpetdag" stadionynda çagalaryň futbol festiwaly geçirildi
Paýtagtymyzyň «Köpetdag» stadionynda ýaş türgenler üçin nobatdaky futbol festiwaly geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň futzal kluby bilen bilelikde guraldy
16.01.2026 16:18
19k+
«Arkadag» — «Al-Nasr» duşuşygy üçin Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda 500 meýletinçi taýýarlanýar
2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäginde Türkmenistanyň «Arkadag» we Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparlarynyň arasynda duşuşyk geçiriler
15.01.2026 22:30
11k+
«Barselona» ikinji gezek Kanseluny, «Aýaks» Ibragimowiçiň ogluny kärendesine aldy
Ýewropa futbolynda gyşky transfer penjiresi eýýäm birnäçe gyzykly transferlere getirdi. Klublar möwsümiň ahyrky bölegine taýýarlanmak bilen, işjeň ýagdaýda öz düzümlerini güýçlendirýär. «Barselona» öz resmi saýtynda gyraky goragçy Žoau Kanseluny möwsümiň ahyryna çenli kärendesine alandygy barada habar berdi
15.01.2026 22:14
4.2k+
Katar zenanlaryň arasynda ilkinji Klublaýyn dünýä çempionatyny geçirmek üçin FIFA bilen gepleşik geçirýär
Katar 2028-nji ýylyň ýanwarynda taryhda ilkinji gezek guraljak zenanlaryň arasyndaky Klublaýyn dünýä çempionatyny geçirmek ugrunda FIFA bilen gepleşikleri alyp barýar. Bu barada "The Guardian" neşiri habar berýär
15.01.2026 16:09
14k+
«Indi biz ahyrky derejämize düşdük»: «Real» 2-nji liganyň toparyndan utulyp, Ispaniýanyň Kubogyndan çykdy
Ispaniýanyň Kubogynyň 1/8 final oýnunda Madridiň «Realy» «Albaseteden» 2:3 hasabynda garaşylmadyk ýagdaýda utuldy. Aýgytly gol oýnuň ikinji ýarymyna goşulan wagtda geçirildi. Duşuşyk Albasete şäherindäki «Karlos Belmonte» stadionynda boldy
«
1
…
8
9
10
…
76
»
«
1
…
5
6
7
8
9
10
11
12
13
…
76
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.