Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
futbol
Baş sahypa
/
Habarlar
/
futbol
01.10.2025 12:00
8.7k+
Çempionlar ligasy: «Galatasaraý» «Liwerpuly» utdy, «Kaýrat» bolsa «Reala» garşy durup başarmady
30-njy sentýabrda we 1-nji oktýabra geçilýän gije UEFA Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji aýlawynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Stambulda «Galatasaraý» «Liwerpuldan» üstün çykdy, Kilian Mbappe het-trik bilen «Reala» ýeňiş getirdi
01.10.2025 11:37
6.6k+
AFK-2 Çempionlar ligasynda «Ahal» «Al-Husseýnden» utulyp, С toparda utuksyz galdy
30-njy sentýabrda Arkadag şäheriniň stadionynda Türkmenistanyň «Ahal» futbol kluby AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň ikinji tapgyrynda Iordaniýanyň çempiony «Al-Husseýn» bilen duşuşdy. Oýun myhmanlaryň peýdasyna 1:4 hasabynda tamamlandy
30.09.2025 22:53
11k+
“Milanyň” we “Interiň” öý stadiony ýykylar
Milanyň şäher geňeşi “San-Siro” stadionynyň ýerli “Inter” we “Milan” futbol klublaryna satylmagyny tassyklady. Bu barada La Gazzetta dello Sport habar berýär. Çözgüt 30-njy sentýabra geçilen gijede bolan mejlisde kabul edildi, şertnamanyň bahasy 197 mln ýewro boldy
30.09.2025 18:04
10k+
FIFA penalti urgusynyň düzgünlerine üýtgetmeler girizmegi gözden geçirýär
FIFA 11 metrlik jerime urgusynyň düzgünlerine üýtgetmeleri girizmegi meýilleşdirýär, bu tassyklanan halatynda indiki möwsümde güýje girer diýip, Bild neşiri habar berýär. Teklip edilen üýtgeşmelere görä, eger derwezeban jerime urgusyny “nokatdan” yzyna serpikdirse, topuň nirä gaýtjakdygyna garamazdan, topy derwezäniň agzyndan urmak bellener
30.09.2025 17:43
3.3k+
FIFA-nyň yklymara kubogynyň jemleýji ýaryşy Katarda geçiriler
Katar FIFA-nyň 2025-nji ýylda geçiriljek yklymara kubogynyň jemleýji ýaryşyny kabul eder. Bu barada Halkara Futbol Federasiýasynyň resmi web sahypasynda yglan edildi. Ýaryşyň soňky üç oýny Katarda geçer. 10-njy dekabrda "Iki Amerikanyň derbisi" geçiriler: meksikaly “Krus Asul” şu ýylky Libertadoresiň Kubogynyň ýeňijisi bilen bäsleşer
29.09.2025 14:29
5.4k+
Serhio Buskets MLS-iň möwsümi gutaranda karýerasyny tamamlajakdygyny mälim etdi
Ispaniýanyň “Inter Maýami” futbol klubunyň ýarym goragçysy Serhio Buskets sosial ulgamda, şu möwsümden soňra professional futbolçy karýerasyny tamamlaýandygyny yglan etdi. «Indi professional futbolçy karýeram hoşlaşmaly wagt geldi
29.09.2025 10:06
8.5k+
Arkadag şäherinde bejergi alýan we Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara süýjülik nygmatlary gowşuryldy
Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan hem-de Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara süýjülik nygmatlary gowşuryldy. Süýjülikler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan berildi diýip, “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär
28.09.2025 10:53
7.1k+
FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň üç tumaryny görkezdi
FIFA 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň üç resmi tumaryny hödürledi. Ýaryşyň nyşanlary ak kelleli bürgüt Klatç, los Meýpl we ýaguar Zaýu boldy. Olar çempionaty kabul etjek üç ýurdy – ABŞ-ny, Kanadany we Meksikany görkezýär
25.09.2025 21:15
12k+
«Arkadag» FK ikinji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny aldy
«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny yzly-yzyna ikinji gezek eýeledi. Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşykda «Arkadag» «Ahaldan» 3:0 hasabynda üstün çykdy. Ýeňijileriň düzüminde iki goly Altymyrat Annadurdyýew (52-nji hem-de 63-nji minutlar), ýene bir topy bolsa Mirza Beknazarow (14) geçirdi
23.09.2025 11:03
6.8k+
Wiktor Dýokereş iň gowy bombardir bolup, Gerd Mýuller baýragyny aldy
Tomusky transfer penjiresinde “Arsenalyň” oýunçysy bolan Wiktor Dýokereş France Football tarapyndan möwsümiň jemi boýunça iň gowy bombardir diýlip ykrar edildi. Ol Gerd Mýuller adyndaky baýraga mynasyp boldy. Geçen möwsümde Dýokereş Lissabonyň “Sportinginde” oýnap, Portugaliýanyň çempionatyny we Kubogyny utdy
23.09.2025 11:01
5.4k+
“PSŽ” – möwsümiň iň gowy kluby, Luis Enrike – iň gowy tälimçi
Fransiýanyň “PSŽ” kluby France Football žurnaly tarapyndan möwsümiň iň gowy futbol kluby, oňa ýolbaşçylyk edýän Luis Enrike bolsa iň gowy tälimçi diýlip ykrar edildi. Dabara duşenbe güni Parižde geçirildi. Geçen möwsümde “PSŽ” Çempionlar ligasynda, Fransiýanyň çempionatynda, Kubogynda we Superkubogynda ýeňiji boldy
23.09.2025 11:00
4.6k+
Donnarumma iň gowy derwezeban hökmünde Lew Ýaşin baýragyny aldy
Italiýanyň milli futbol ýygyndysynyň derwezebany Janluiji Donnarumma France Football žurnaly tarapyndan möwsümiň iň gowy derwezebany hökmünde Lew Ýaşin adyndaky baýraga mynasyp boldy. Baýragy oňa watandaşy – Italiýanyň milli ýygyndysynyň öňki derwezebany Janluiji Buffon gowşurdy
23.09.2025 10:57
5.7k+
Ýamal France Football tarapyndan ýene-de iň gowy ýaş oýunçy diýlip ykrar edildi
“Barselonanyň” ispaniýaly futbolçysy Lamin Ýamal yzygider ikinji ýyl France Football žurnaly tarapyndan ýylyň iň gowy ýaş oýunçysyna berilýän “Kopa baýragyny” aldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasy duşenbe güni Pariždäki Şatle teatrynda geçirildi
23.09.2025 08:10
9.8k+
“PSŽ-niň” futbolçysy Usman Dembele “Altyn topuň” eýesi boldy
“Pari Sen-Žermen” klubunyň fransiýaly futbolçysy Usman Dembele UEFA we L’Equipe bilen bilelikde France Football žurnaly tarapyndan möwsümiň iň gowy futbolçysyna berilýän “Altyn top” baýragynyň eýesi boldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasy duşenbe güni Pariždäki Şatle teatrynda geçirildi
22.09.2025 10:50
5.9k+
Madridiň “Atletikosy” eýesini çalşar. Kluby Apollo amerikan gaznasy satyn alýar
Madridiň “Atletiko” futbol kluby Apollo amerikan maýa goýum gaznasynyň gözegçiligine geçmäge ýakyn. Reuters agentliginiň maglumatlaryna görä, klubuň häzirki eýeleri bilen gepleşikler ahyrky tapgyrda dowam edýär
22.09.2025 10:40
15k+
Gazagystanly millioner “Realy” utan ýagdaýynda “Kaýratyň” oýunçylaryna awtomobil wada berdi
Gazagystanly işewür Tursengali Alaguzow Almatynyň “Kaýraty” Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň 2-nji oýnunda Madridiň “Realyny” utsa, toparyň futbolçylaryna awtomobil sowgat bermegi wada berdi. Oýun 30-njy sentýabrda Aşgabat wagty bilen 21:45-de bolar
20.09.2025 17:36
15k+
“Altyn topy” kim alar?
22-nji sentýabrda Parižde 2024/25 möwsüminiň “Altyn top” baýragynyň 69-njy gezek gowşurylyş dabarasy geçiriler. Şu ýyl ol dördünji gezek senenama ýylynyň däl-de, möwsümiň jemi boýunça berilýär. Geçen ýyl ýeňiji “Mançester Sitiniň” ispaniýaly ýarymgoragçysy Rodri bolupdy
20.09.2025 06:26
4.2k+
“Mançester Ýunaýted” möwsümiň jemi boýunça rekord girdeji barada hasabat berdi
Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” futbol kluby 2024/25 möwsüminiň jemi boýunça rekord girdeji barada hasabat berdi. Sky Sports-yň maliýe hasabatyna salgylanyp habar bermegine görä, girdeji 666,5 mln funt sterling boldy
19.09.2025 14:35
7k+
Reşford “Barselona” üçin ilkinji gollaryny geçirdi, Holand ÇL-iň rekordyny täzeledi
UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň birinji tapgyry täsirli oýunlar we rekordlar bilen tamamlandy. “Mançester Siti” öýünde “Napolini” 2:0 hasabynda utdy. Erling Holand Çempionlar ligasynda 50-nji goluny geçirip, bu görkezijä hemmelerden çalt ýeten oýunçy boldy
19.09.2025 14:30
6.3k+
“Benfikadan” utulandan soň boşadylan Mourinýu “Benfika” tälimçi bellendi
Žoze Mourinýu tälimçi karýerasynyň başlan ýerine gaýdyp geldi. 18-nji sentýabrda Lissabonyň “Benfikasy” 62 ýaşly portugaliýaly hünärmeniň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini habar berdi. Şertnama 2027-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär, ýöne indiki tomus taraplar hyzmatdaşlygy möhletinden ir bes edip biler
19.09.2025 00:47
5k+
CIES: “Çelsi” häzirki oýunçylaryny satyn almak üçin beýleki klublardan köp sarp etdi
Halkara sport gözlegleri merkezi (CIES) esasy düzümiň häzirki oýunçylaryny satyn almak üçin çykarylan çykdajylar boýunça futbol klublarynyň reýtingini hödürledi. Hasaplamalarda hemişelik transferler we kärende şertnamalary göz öňünde tutuldy
18.09.2025 13:49
5.8k+
FIFA dünýä çempionatyna gatnaşandygy üçin klublara $355 mln tölär
Halkara futbol federasiýasy (FIFA) oýunçylary 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama we ahyrky tapgyr oýunlaryna gatnaşýan klublara 355 mln dollar tölär. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berdi. Ilkinji gezek töleg oýunçylaryny diňe bir ýaryşyň özüne däl, eýsem saýlama oýunlaryna gatnaşdyrýan klublara hem berler
18.09.2025 13:06
6.3k+
“Liwerpul” ÇL-de “Atletikony” utdy. “Bawariýa”, “Inter” we “PSŽ” 3 utuk gazandy
2025/2026 möwsüminiň UEFA-nyň Çempionlar ligasy ýaryşynyň umumy tapgyrynyň ikinji oýun güni “Bawariýanyň”, “Interiň”, “Liwerpulyň” we “Pari Sen-Žermeniň” ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Olaryň her biri 3 utuk gazandy
18.09.2025 09:27
6.4k+
«Arkadag» FK AFK Çempionlar ligasy - 2-niň ilkinji duşuşygynda "Andijon" bilen deňme-deň oýnady
17-nji sentýabrda «Arkadag» futbol kluby AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda ilkinji duşuşygyny geçirdi. Türkmenistanyň çempiony hem-de AFK Çagyryş ligasynyň ýeňijisi Arkadag şäherindäki öý stadionynda «Andijan» özbek kluby bilen duşuşdy
17.09.2025 17:40
12k+
"Ahal" FK AFC-2 Çempionlar ligasynyň birinji tapgyrynda myhmançylykda 3 utuk gazandy
16-njy sentýabrda AFC-2 Çempionlar ligasynda «Ahal» futbol kluby myhmançylykda toparçalaýyn tapgyrdaky ilkinji duşuşygynda Hindistanyň «Mohun Bagan» toparyna garşy meýdança çykyp, bu topary 1:0 hasap bilen ýeňmegi başardy
17.09.2025 16:12
8.2k+
“Karabah” ÇL-de “Benfikany” utup, ony tälimçisiz galdyrdy: günüň netijeleri
16-njy sentýabrda 2025/2026 möwsüminiň UEFA-nyň çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň ilkinji oýunlary başlady. Oýun gününiň esasy täsirli wakasy Lissabondaky duşuşyk boldy, bu ýerde “Karabah” ýerli “Benfikany” 3:2 hasabynda utdy
17.09.2025 09:34
6k+
Louis Vuitton Madridiň “Realynyň” zenanlar topary üçin kolleksiýa döretdi
Louis Vuitton Madridiň “Realynyň” zenanlar toparynyň futbolçylary üçin kolleksiýa çykardy. Bu oýunlar üçin däl-de, meýdançadan daşary resmi çäreler üçin niýetlenen eşikdir diýip, Hypebae habar berýär. Kolleksiýa klassyk kostýumlar, aýakgap, dürli aksessuarlar we el goşy girdi
16.09.2025 14:43
10k+
Kriştianu Ronaldu yzygider ikinji ýyl Saud Arabystanynda “Altyn butsy” aldy
“Al-Nasryň” portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu geçen möwsümde Saud Arabystanynyň çempionatynyň iň gowy bombardiri hökmünde “Altyn butsy” baýragyny aldy. “Kriştianu Ronaldu, “Al-Nasryň” kapitany 2024/2025 möwsüminiň “Altyn butsy” baýragyny aldy – yzygider ikinji gezek
15.09.2025 11:23
10k+
El Nacional: 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyndan soň Fransiýanyň ýygyndysyna Zidan ýolbaşçylyk eder
Fransiýanyň Futbol federasiýasy Zinedin Zidan bilen 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyndan soň milli ýygyndynyň baş tälimçisi wezipesine bellenilmegi barada ylalaşyk gazandy. Zidan Didýe Deşamyň ýerine geler diýip, El Nacional gazeti habar berýär
14.09.2025 15:36
4.1k+
FIFA milli ýygyndylaryň sentýabr we oktýabr arakesmelerini bir 16 günlük arakesmä birleşdirer
2026-njy ýyldan Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli toparlaryň oýunlary üçin sentýabr we oktýabr arakesmelerini birleşdirer. Ol umumylykda 16 gün dowam eder. Noýabrdaky halkara arakesme üýtgewsiz galar diýip, El Desmarque habar berýär
14.09.2025 15:30
8.5k+
“Bawariýa” öz stadionynyň öňünde Frans Bekkenbauere ýadygärlik dikdi
“Bawariýa” özüniň “Arena Mýunhen” stadionynyň öňünde dabaraly ýagdaýda klubuň we Germaniýanyň milli ýygyndysynyň meşhur goragçysy Frans Bekkenbauere ýadygärlik açdy. Klubuň prezidenti Gerbert Haýner täze ýadygärligiň ähmiýetini belläp geçdi
13.09.2025 13:09
5.1k+
Angliýanyň Futbol assosiasiýasy “Çelsini” 74 düzgün bozmasynda aýyplady
Angliýanyň Futbol assosiasiýasy (FA) Londonyň “Çelsi” klubuny 74 düzgün bozmasynda aýyplady. Bu barada FA-nyň metbugat gullugy habar berdi. Assosiasiýanyň maglumatlaryna görä, düzgün bozmalar agentlikleriň, araçylaryň işi we üçünji şahslaryň maýa goýumlary bilen baglanyşykly
13.09.2025 12:55
6.1k+
2027-nji ýylyň Çempionlar ligasynyň finaly Madriddäki “Metropolitano” stadionynda geçiriler
2026/2027 möwsüminiň Çempionlar ligasynyň finaly Madriddäki “Metropolitano” stadionynda geçiriler. Bu barada Tiranda geçen ýerine ýetiriji komitetiň mejlisiniň jemi boýunça Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň (UEFA) saýtynda habar berilýär
12.09.2025 11:50
9.4k+
Ronaldu öz watanynda “Ähli döwürleriň iň gowy futbolçysy” hökmünde baýrak aldy
Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we “Al-Nasr” saud klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Liga Portugal Awards dabarasynda “Ähli döwürleriň iň gowy futbolçysy” baýragyny aldy. Bu barada Portugaliýa ligasynyň saýtynda habar berilýär
11.09.2025 19:52
11k+
Superkompýuter Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanyp biljek topary aýtdy
Opta analitiki kompaniýasynyň superkompýuteri toparlaýyn tapgyr başlamazdan öň 2025/26 möwsüminiň Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanmak üçin esasy dalaşgäri aýtdy. Superkompýuter uly artykmaçlygy Angliýanyň “Liwerpul” klubuna berýär
11.09.2025 00:04
11k+
Norwegiýanyň milli ýygyndysy Moldowa garşy 11 gol geçirdi: Holand rekord goýdy
2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin Ýewropada saýlama ýaryşynyň 6-njy tapgyr oýunlarynyň birinde Norwegiýanyň milli ýygyndysy Moldowadan uly hasap bilen üstün çykdy. Oslodaky oýun 11:1 hasabynda tamamlandy. “Mançester Sitiniň” hüjümçisi Erling Holand bäş gol geçirip, iki assist etdi
09.09.2025 23:42
14k+
Özbegistan CAFA Milletler Kubogynyň finalynda Eýrandan üstün çykdy
Özbegistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň Milletler Kubogynda (CAFA Nations Cup 2025) final oýunda Eýrany ýeňdi. Duşuşyk 8-nji sentýabrda Daşkentdäki täze «Olimpik» stadionynda geçirildi we ýer eýeleriniň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy
09.09.2025 23:10
6.8k+
“Liwerpul” deňiz tolkunynyň reňkinde täze eşik toplumyny hödürledi
Angliýanyň “Liwerpul” futbol kluby 2025/2026 möwsümi üçin üçünji eşik toplumyny hödürledi. Ol tomusdan bäri toparyň tehniki hemaýatkäri hökmünde çykyş edýän adidas tarapyndan taýýarlandy. Täze eşik deňiz tolkunynyň reňkinde ýerine ýetirildi we 1990-njy ýyllardaky we 2000-nji ýyllaryň başyndaky klub eşiginiň stilinde döredildi
08.09.2025 17:16
15k+
Braziliýaly işewür Neýmara 1 mlrd dollar miras goýdy
Braziliýaly işewür “Santos” klubunyň hüjümçisi Neýmara 1 mlrd dollar miras galdyrdy. Bu barada Terra ispan neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, işewür 31 ýaşynda. Onuň ady aýan edilmeýär, ýöne onuň maşgalasynyň we çagalarynyň ýokdugy hem-de saglyk näsazlygyndan ejir çekýändigi belli
08.09.2025 13:25
6k+
“Tottenhemiň” ýolbaşçysy 25 ýyldan soň wezipeden aýryldy
Londonyň “Tottenhem” futbol kluby Deniel Lewiniň 25 ýyl bäri eýelän başlyk wezipesinden gidendigini habar berdi. Ol Angliýanyň premýer-ligasynyň toparlarynyň arasynda iň köp işlän ýolbaşçy boldy. Indi bu wezipäni klubuň esasy paýdary bolan Lýuis maşgalasynyň bähbitlerine wekilçilik edýän Piter Çarrington eýeledi
«
1
…
14
15
16
…
76
»
«
1
…
11
12
13
14
15
16
17
18
19
…
76
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.