Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
futbol
Baş sahypa
/
Habarlar
/
futbol
14.08.2025 12:53
10k+
“Real” FIFA-dan we UEFA-dan “Barsa” bilen “Wilýarrealyň” ABŞ-daky oýnuny gadagan etmegi talap etdi
Madridiň “Realy” Ispaniýanyň çempionatynyň 17-nji tapgyrynyň “Wilýarreal” bilen “Barselonanyň” arasyndaky oýnunyň Ispaniýanyň çäginden daşary geçirilmegine garşy çykdy. Ozal La Liganyň bu duşuşygy dekabrda Maýamidäki “Hard Rok” stadionynda geçirmek barada gepleşikleri alyp barýandygy, Ispaniýanyň Patyşalyk futbol federasiýasynyň bolsa bu pikiri makullap, UEFA ýüz tutandygy habar berlipdi
14.08.2025 12:22
3.8k+
«Mançester Siti» Jek Grilişi kärendesine «Ewertona» berdi
«Mançester Sitiniň» hüjümçi ýarym goragçysy Jek Griliş 2025/26 möwsüminde «Ewertonyň» düzüminde kärendesine çykyş eder. 29 ýaşly futbolçy Liwerpul klubunda bir ýyl oýnar, möwsümiň ahyrynda bolsa «Ewerton» ony 50 million funt sterlinge doly satyn almak mümkinçiligine eýe bolar
14.08.2025 12:16
7.6k+
Çempionlar ligasynyň saýlama pleý-off tapgyrynyň ähli jübütleri belli boldy
Çarşenbe gününe geçilýän gije 2025/2026 möwsümiň UEFA Çempionlar ligasynyň üçünji saýlama tapgyrynyň soňky oýunlary geçirildi. Duşuşyklaryň netijesinde Ýewropanyň esasy klub ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň pley-off jübütleri doly belli boldy
14.08.2025 07:45
9k+
“PSŽ” “Tottenhemi” penalti tapgyrynda utup, UEFA-nyň Superkubogyny gazandy
14-nji awgusta geçilen gije Italiýanyň Udine şäherinde UEFA-nyň Superkubogy üçin oýun geçirildi. Fransiýanyň “Pari Sen-Žermeni” Angliýanyň “Tottenhem” klubuny utdy. Duşuşygyň esasy wagty deňme-deň – 2:2 hasabynda tamamlandy we ýeňiji oýundan soňky penalti tapgyrynda kesgitlendi (4:3)
13.08.2025 15:25
11k+
Donnarumma “PSŽ-den” gidýär: “Kimdir biri meni toparda artyk hasaplaýar”
Italiýaly derwezeban Janluiji Donnarumma Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” klubundan gitmekçi bolýar. Bu barada futbolçy sosial ulgamlarda habar berdi. Mundan öň parižlileriň baş tälimçisi Luis Enrike Donnarummany UEFA-nyň Superkubogy üçin “Tottenheme” garşy oýunda sanawa goşmazlyk barada hut özüniň karara gelendigini aýtdy
13.08.2025 12:48
7.5k+
UEFA-nyň Superkubogy gelýär. Ýarygije “PSŽ” bilen “Tottenhem” duşuşar
Penşenbe gününe geçilýän gije Italiýanyň Udine şäherindäki “Daçiýa Arena” stadionynda UEFA-nyň Superkubogy üçin oýun geçiriler. Kubok ugrunda Çempionlar ligasynyň ýeňijisi “Pari Sen-Žermen” bilen Ýewropa ligasynyň ýeňijisi “Tottenhem Hotspur” göreşer
12.08.2025 14:55
12k+
Futbol boýunça Aziýa Kubogy - 2026-nyň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň U17 ýygyndysynyň garşydaşlary belli boldy
Türkmenistanyň U17 ýygyndy futbol topary Aziýanyň 17 ýaşa çenli ýetginjekler arasynda geçiriljek 21-nji Kubogynyň saýlama tapgyrynda garşydaşlaryny bilip galdy. Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) geçirilen çekilişiň netijesine görä, milli topar «F» toparçada Taýland, Kuweýt, Mongoliýa we Maldiw adalary bilen bilelikde oýnar
12.08.2025 14:38
13k+
Serdar Azmun BAE-niň çempionatynyň iň gymmatly oýunçysy hökmünde «Altyn top» baýragyny aldy
Birleşen Arap Emirliklerinde 2024/25 möwsüminiň iň gowy futbolçylaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Çärede «Şabab Al-Ahli» klubunyň hüjümçisi Serdar Azmun liganyň iň gymmatly oýunçysy hökmünde «Altyn top» baýragyna mynasyp boldy
12.08.2025 14:13
20k+
Kriştianu Ronaldu öýlenýär. Jorjina Rodriges adaglanandygyny aýtdy
Portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu öz söýgülisi Jorjina Rodrigese durmuşa çykmagy teklip etdi. Adaglama barada Jorjina sosial ulgamlarda habar berip, nika ýüzüginiň suraty we “Razy. Şu we ähli ömrümde” (Sí, quiero
11.08.2025 15:45
7.4k+
“Barselona” “Komony” utup, Žoan Gamperiň Kubogyny gazandy
"Barselona” möwsümden öňki taýýarlygyny Žoan Gamperiň Kubogy ugrunda “Komo 1907” toparyna garşy oýun bilen tamamlady. Bu Seriýa A ligasyna täze goşulan topar bolup, oňa kataloniýalylaryň öňki oýunçysy Sesk Fabregas tälim berýär
11.08.2025 15:01
10k+
UEFA Lewandowski bilen Ýamala doping-gözegçilik düzgünlerini bozandygy üçin jerime saldy
UEFA “Barselonanyň” iki oýunçysyna geçen möwsüm Çempionlar ligasynyň 1/2 finalynyň “Intere” garşy jogap oýnundan soň doping-gözegçilik düzgünlerini bozandygy üçin jerime saldy. Bu barada AS gazeti habar berdi. Katalon klubunyň hüjümçileri Lamin Ýamal we Robert Lewandowski doping işgäriniň görkezmesini berjaý etmedi we düzgünnamanyň talaplaryna laýyklykda derrew barlag nokadyna gelmedi
11.08.2025 14:36
5.9k+
“Kristal Pelas” “Liwerpuly” utup, taryhynda ikinji kubogyny gazandy
Londonyň “Kristal Pelas” kluby Angliýanyň Superkubogy ugrundaky oýunda penalti tapgyrynda “Liwerpuly” utdy. Topar öz taryhynda we 2025-nji ýylda ikinji titulyny gazandy. Mundan öň klub finalda “Mançester Sitini” utup, Angliýanyň Kubogyny gazanypdy
09.08.2025 19:19
10k+
Şeşko “ManÝunaýtediň” düzümine goşuldy, Inýigo Martines “Barselonadan” gidýär
“Mançester Ýunaýted” 22 ýaşly sloweniýaly hüjümçi Benýamin Şeşko bilen şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Klub bilen oýunçynyň şertnamasy 2030-njy ýylyň iýunyna çenli hereket eder. Resmi däl maglumatlara görä, “MÝ” transfer üçin “RB Leýpsige” 76,5 mln ýewro töledi, şeýle-de 8,5 mln ýewro möçberde bonus göz öňünde tutuldy
09.08.2025 18:16
23k+
Kriştianu Ronaldu "Altyn topy" ýalan diýip atlandyrdy
Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» futbol klubunyň portagaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu «Altyn top» baýragyny guramaçylaryň adalatlylygyna şübhelenýändigini aýtdy. «Meniň üçin bu galp», – diýip, futbolçy şu ýyl baýrak üçin iň esasy dalaşgärler barada berlen soraga jogap berdi
09.08.2025 14:21
11k+
Dünýäniň iň gowy ýaş futbolçysy üçin baýraga dalaşgärleriň sanawy yglan edildi
“Barselonanyň” hüjümçisi Lamin Ýamal 21 ýaşa çenli dünýäniň iň gowy ýaş futbolçysyna berilýän Kopa baýragyna dalaşgärleriň sanawyna goşuldy. Bu barada “Altyn top” baýragynyň metbugat gullugy X sosial ulgamynda habar berdi
08.08.2025 17:03
14k+
France Football 2025-nji ýylyň “Altyn top” baýragyna dalaşgärleri yglan etdi
France Football fransuz žurnaly 2025-nji ýylyň “Altyn top” baýragyna dalaşgärleriň sanawyny hödürledi. Bu barada baýragyň X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berilýär. 2024/25 möwsüminiň iň gowy oýunçysy üçin baýraga 30 futbolçy dalaş edýär, olaryň arasynda dokuz oýunçy Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” klubundan
07.08.2025 16:27
20k+
Futbolçy Russiýanyň Kubogynyň oýnunda penaltiden üýtgeşik gol geçirdi
Russiýanyň Kubogy Fonbet-iň birinji raundynyň Krasnodar ülkesinden höwesjeň futbol kluby “PSK” bilen Maýkopdan “Družba” toparynyň arasyndaky oýnunda täsin ýagdaý bolup geçdi. “Sport Mail-iň” habar bermegine görä, oýnuň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy
07.08.2025 15:24
7.3k+
Son Hyn Min we Tomas Mýuller MLS ligasynyň klublaryna geçdi
MLS-iň “Los-Anjeles” kluby hüjümçi Son Hyn Min bilen şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Şertnama 2028-nji ýylyň ahyryna ýa-da 2029-njy ýylyň ortasyna çenli uzaltmak mümkinçiligi bilen 2027-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereket edýär
05.08.2025 10:56
10k+
“ManÝunaýted” ýer dawasy sebäpli täze stadionyň gurluşygyna başlap bilmeýär
“Mançester Ýunaýted” futbol kluby täze stadionyň gurluşygyna taýýarlyk tapgyrynda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. The Guardian neşiriniň habar bermegine görä, işe başlamak üçin kluba häzirki “Old Trafford” stadionynyň gapdalyndaky ýer bölegini satyn almak gerek
04.08.2025 16:29
5.2k+
Nowak Jokowiç “Le-Man” fransuz futbol klubunyň maýadary boldy
Braziliýanyň OutField wençur gaznasy “Le-Man” fransuz futbol klubunyň egindeş eýesi boldy. Klubuň maýadarlarynyň biri serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç boldy diýlip, toparyň resmi saýtynda habar berilýär. Dünýäniň öňki birinji raketkasyndan başga-da, maýa goýum taslamasyna gatnaşyjylaryň arasynda “Formula-1-iň” öňki iki sürüjisi: braziliýaly Felipe Massa we daniýaly Kewin Magnussen bar
04.08.2025 16:26
5.6k+
“Bawariýa” ýüz ýyl ozalky logotip bilen oýun eşigini hödürledi
Mýunheniň “Bawariýasy” geljek möwsüm üçin üçünji eşik toplumyny hödürledi. Toplumyň dizaýny gözenek nagşy bilen gara reňkde ýerine ýetirildi. Köýnekçäniň ýeňiniň agzy we ýakasy gyzyl, şeýle-de ýaşyl öwüşginler bilen bezeldi
02.08.2025 19:29
16k+
Son Hyn Min «Tottenhemden» gidýändigi barada habar berdi
Londonyň “Tottenhem” futbol klubunyň hem-de Günorta Koreýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Son Hyn Min iňlis toparyndan gidýändigini mälim etdi. Klubuň kapitany tomusky transfer döwründe topar bilen hoşlaşar diýip, Sky Sports habar berýär
02.08.2025 17:43
11k+
UEFA Çempionlar ligasynyň finalynda janköýerleriň başbozarlygy üçin “PSŽ-ä” jerime saldy
UEFA “Pari sen-Žermen” klubuna Çempionlar ligasynyň finalynda klubuň janköýerleriniň özüni talabalaýyk alyp barmandygy üçin 148 müň ýewro jerime saldy. Bu barada Sport.es neşiri habar berýär. Final oýnunda fransuz kluby Milanyň “Interini” 5:0 hasabynda utup, ilkinji gezek Ýewropanyň esasy klub ýaryşynyň ýeňijisi boldy
02.08.2025 17:41
5.3k+
Erling Holand “Time” žurnalynyň daşynda peýda boldy
Angliýanyň “Mançester Siti” futbol klubunyň we Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand “Time” žurnalynyň daşynda peýda boldy. Futbolçy neşiriň täze sanynyň daşyny X sosial ulgamynda paýlaşdy. Suratda Holand ellerini kellesiniň yzynda goýan görnüşde dur we “GOLA GÖNÜKDIRILEN” (GOAL ORIENTED) ýazgysy bar
02.08.2025 15:27
2.5k+
Angliýada ilkinji gezek futbol oýny wirtual hakykat görnüşinde ýaýlyma berer
“Býornli” futbol kluby taryhda ilkinji gezek futbol oýnuny wirtual hakykat görnüşinde ýaýlyma berer. Synag görkezilişi 9-njy awgustda bolar, şol gün klub öýünde “Lasio” italýan toparyna garşy ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer
02.08.2025 14:25
4.1k+
“Liwerpul” “Alisa täsinlikler dünýäsinde” ertekisiniň stilindäki wideo bilen täze eşigini tanyşdyrdy
Angliýanyň “Liwerpul” futbol kluby 2025/26 möwsümi üçin öýde we myhmançylykda ulanyljak eşik toplumyny hödürledi. Ol Adidas bilen hyzmatdaşlyk dikeldilenden soň ilkinji toplum boldy. Klub eşigini “Alisa täsinlikler dünýäsinde” ertekisiniň äheňinde düşürilen wideoda görkezdi
01.08.2025 19:15
7.3k+
“Galatasaraý” Osimheni türk kluby üçin rekord 75 mln ýewro satyn aldy
Nigeriýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Wiktor Osimhen Italiýanyň “Napoli” klubundan “Galatasaraý” türk klubuna geçdi. Bu barada Stambulyň futbol klubunyň resmi saýtynda habar berilýär. 26 ýaşly hüjümçi bilen şertnama dört ýyl möhlet bilen baglaşyldy
01.08.2025 15:10
9.2k+
Futbol boýunça DÇ-2026-nyň bije çekişigi dünýäniň iň uly şar şekilli zalynda geçer
2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekişigi 5-nji dekabrda Las-Wegasda geçiriler. Bellemeli ýeri, şäheriň özi ýaryşyň ýekeje-de oýnuny kabul etmeýär. ESPN-iň maglumatlaryna görä, bije çekişik 17,5 müň tomaşaça niýetlenen dünýäniň iň uly şar görnüşli binasy bolan “Sfera” zalynda geçiriler
31.07.2025 20:35
5.7k+
IFAB eminlere milli çempionatlarda beden kameralaryny dakynmaga rugsat berdi
Halkara Futbol Assosiasiýasynyň Geňeşi (IFAB) eminler tarapyndan kameralaryň ulanylmagyny makullady diýip, El Partidazo de COPE habar berýär. Kameralar telewideniýäniň teleýaýlymlaryna wideolary geçirmek üçin ulanylar
31.07.2025 14:14
6.4k+
“Barselona” Kobi Braýantyň hormatyna “Leýkersiň” reňkinde eşik toplumyny hödürledi
“Barselona” 2025/26 möwsümi üçin myhmançylykda geýjek täze eşik toplumyny hödürledi. Köýnekçe gara we benewşe öwüşgin bilen sary reňkde ýerine ýetirildi – ol Kobi Braýantyň çykyş eden “Los-Anjeles Leýkers” basketbol toparynyň reňklerine salgylanýar
31.07.2025 13:13
5.1k+
“Bawariýa” 75 mln ýewro “Liwerpuldan” Luis Diasy aldy
Luis Dias resmi taýdan Mýunheniň “Bawariýasynyň” oýunçysy boldy. Klub kolumbiýaly wingeriň “Liwerpuldan” geçendigini we onuň bilen 2029-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli dörtýyllyk şertnamanyň baglaşylandygyny habar berdi
29.07.2025 12:35
5k+
Angliýanyň milli zenanlar futbol ýygyndysy yzygider ikinji gezek Ýewropa çempionatyny utdy
Angliýanyň futbol boýunça milli zenanlar ýygyndysy yzygider ikinji gezek Ýewropa çempionatynda ýeňiji boldy. Bazelde geçen ýaryşyň finalynda iňlis topary häzirki dünýä çempiony bolan Ispaniýanyň toparyny utdy. Oýnuň esasy we goşmaça wagty 1:1 hasabynda tamamlandy, penalti tapgyrynda bolsa Angliýa has takyk boldy – 3:1
27.07.2025 19:48
7.3k+
“Arsenal” 73,5 mln ýewro “Sportingden” Wiktor Dýokereşi satyn aldy
Londonyň “Arsenaly” Lissabonyň “Sporting” klubunyň hüjümçisi Wiktor Dýokereş bilen şertnama baglaşdy. Çeşmeleriň we Fabrisio Romanonyň maglumatlaryna görä, transfer mukdary 63,5 mln ýewro (goşmaça 10 mln bonus) boldy
26.07.2025 16:48
5.5k+
Beýik Britaniýada depressiýaly hassalary futbol bilen “bejererler”
Beýik Britaniýada ýeňil we ortaça depressiýasy bolan hassalara lukmançylyk görkezmesi hökmünde futbol oýunlaryna baryp görmek maslahat berler. Özboluşly başlangyç barada The Independent ýazýar. Taslama Leýboristik partiýadan parlamentiň agzasy Saýmon Ofer we Ecotricity energetika kompaniýasynyň eýesi Deýl Wins tarapyndan işlenip taýýarlandy
24.07.2025 17:34
10k+
Ispaniýanyň futbol federasiýasy eminleriň tehniki komitetine AI boýunça bilermeni belledi. Ol “Realyň” janköýeri
Ispaniýanyň Patyşalyk futbol federasiýasy (RFEF) emeli aň boýunça hünärmen Çema Alonsony eminleriň tehniki komitetiniň (CTA) AI meseleleri we innowasiýa boýunça geňeşçisi edip belledi. Bu barada guramanyň resmi web sahypasynda habar berildi
24.07.2025 14:21
9.8k+
Kilian Mbappe “Realda” 10-njy belgini aldy
Madridiň “Realynyň” hüjümçisi Kilian Mbappe täze möwsümde 10-njy belgi bilen çykyş eder diýip, L'Équipe habar berýär. Bu ozal bu belgini göteren horwatiýaly ýarymgoragçy Luka Modriç klubdan gidenden soň bolup geçdi
24.07.2025 12:32
5.1k+
«Liwerpul» «Aýntrahtyň» hüjümçisi Ýugo Ekitikeni aldy
Fransiýaly hüjümçi Ýugo Ekitike resmi taýdan «Liwerpulyň» täze oýunçysy boldy. Klub 23 ýaşly futbolçyny Frankfurtuň «Aýntrahtyndan» bonuslary bilen birlikde €95 milliona satyn aldy. «Mersisaýdlaryň» habar bermegine görä, şertnama 2031-nji ýylyň iýunyna çenli niýetlenendir
23.07.2025 15:15
8k+
Kamerunly Braýan Mbemo “Mançester Ýunaýtediň” oýunçysy boldy
Hüjümçi Braýan Mbemo “Brentforddan” “Mançester Ýunaýtede” geçdi. Transfer barada iňlis klubunyň resmi saýtynda habar berilýär. Kamerunly futbolçy bilen şertnama ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligi bilen 2030-njy ýylyň tomsuna çenli hereket edýär
23.07.2025 14:30
8.7k+
BYD “Interiň” hyzmatdaşy boldy we oýunçylara, tälimçilere hem menejerlere 70 ulag berer
Milanyň “Inter” futbol kluby Hytaýyň BYD awtoöndürijisi bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy. 2028-nji ýyla çenli niýetlenen hyzmatdaşlygyň çäklerinde kompaniýa klubuň oýunçylary, tälimçiler ştaby we top-menejmenti üçin 70 töweregi elektromobil we gibrid hödürlär
23.07.2025 06:47
8.3k+
EA Sports FC 26 bildiriş edildi: Täze futbol simulýatory barada bilmeli zatlar
Electronic Arts täze EA Sports FC 26 futbol simulýatoryny bildiriş etdi. Ol 2025-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda çykar. Ultimate Edition neşiriniň eýeleri oýna bir hepde öň, 19-njy sentýabrdan başlap girip bilerler
«
1
…
16
17
18
…
76
»
«
1
…
13
14
15
16
17
18
19
20
21
…
76
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.