IFAB eminlere milli çempionatlarda beden kameralaryny dakynmaga rugsat berdi

31.07.2025, 20:355,701
1 / 2

Halkara Futbol Assosiasiýasynyň Geňeşi (IFAB) eminler tarapyndan kameralaryň ulanylmagyny makullady diýip, El Partidazo de COPE habar berýär.

Kameralar telewideniýäniň teleýaýlymlaryna wideolary geçirmek üçin ulanylar.
Çeşmäniň habar bermegine görä, FIFA ABŞ-da geçen Klublaýyn dünýä çempionatynda tehnologiýanyň synagdan üstünlikli geçendigini belledi.
Indi dürli ýurtlaryň futbol federasiýalary ulgamy öz milli ýaryşlarynda ornaşdyrmak baradaky haýyş bilen ýüz tutup bilerler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.