UEFA Çempionlar ligasynyň finalynda janköýerleriň başbozarlygy üçin “PSŽ-ä” jerime saldy

02.08.2025, 17:4311,313

UEFA “Pari sen-Žermen” klubuna Çempionlar ligasynyň finalynda klubuň janköýerleriniň özüni talabalaýyk alyp barmandygy üçin 148 müň ýewro jerime saldy. Bu barada Sport.es neşiri habar berýär.

Final oýnunda fransuz kluby Milanyň “Interini” 5:0 hasabynda utup, ilkinji gezek Ýewropanyň esasy klub ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ýeňşi baýram etmek bilen, janköýerleriň bir bölegi meýdança çykyp, partlaýjy we ýanýan enjamlary ulandy hem-de predmetleri zyňdy.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, kluba birbada birnäçe jerime salyndy: 100 müň ýewro – meýdança çykylandygy we faýerleriň ýakylandygy üçin, 30 müň ýewro – dürli zatlaryň zyňylandygy üçin, 10 müň ýewro – sport çäresine laýyk gelmeýän habarlaryň ýaýradylandygy we UEFA-a dil ýetirilendigi üçin, ýene 8 müň ýewro – ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak üçin. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.