“Bawariýa” ýüz ýyl ozalky logotip bilen oýun eşigini hödürledi

04.08.2025, 11:265,571
1 / 8

Mýunheniň “Bawariýasy” geljek möwsüm üçin üçünji eşik toplumyny hödürledi.

Toplumyň dizaýny gözenek nagşy bilen gara reňkde ýerine ýetirildi. Köýnekçäniň ýeňiniň agzy we ýakasy gyzyl, şeýle-de ýaşyl öwüşginler bilen bezeldi.
Klub eşik toplumynyň bezeginiň Mýunhendäki Marienplas meýdançasyndan ylham alandygyny belledi. Bu ýer, adatça, “Bawariýanyň” janköýerleriniň ýeňşi baýram edýän ýerine öwrülýär.


Täze eşigiň esasy aýratynlygy klubuň 1920-nji ýyllardaky retro-logotipiniň ulanylmagy boldy.
Mýunhen toparynyň tehniki hemaýatkäri adidas bolmagynda galýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.