Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
futbol
Baş sahypa
/
Habarlar
/
futbol
13.06.2025 10:14
4.8k+
“Bawariýa” adidas-dan täze öý eşigini görkezdi
Mýunheniň “Bawariýasy” 2025/2026 möwsümi üçin täze öý eşigini hödürledi. Klubuň tehniki hemaýatkäri bolup Germaniýanyň adidas kompaniýasy çykyş edýär. Täze eşik toplumy adaty gyzyl-ak reňklerde ýerine ýetirildi, ýöne onda “M” harpyny emele getirýän özboluşly “glitç” effekti bar
12.06.2025 12:31
4.5k+
Coldplay, Jeý Balwin, Doja Cat we Tems dagy Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalynyň arakesmesinde çykyş eder
Nýu-Jersi ştatynyň Ist-Rezerford şäher okrugyndaky MetLife stadionynda FIFA-nyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň final oýnunyň arakesmesinde aýdym-sazly şüweleň bolar. FIFA 13-nji iýulda boljak konsertde kolumbiýaly aýdymçy Jeý Balwiniň, repçi aýdymçy Doja Cat-yň we nigeriýaly artist Temsiň esasy hedlaýnerler boljakdygyny habar berdi
12.06.2025 09:44
11k+
ABŞ-da täze görnüşde Klublaýyn dünýä çempionaty başlaýar: ýaryş barada bilmeli zatlar
15-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda ABŞ-da 2025-nji ýylyň futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionaty geçiriler. Taryhda ilkinji gezek ýaryş alty kontinental konfederasiýadan 32 toparyň gatnaşmagynda giňeldilen görnüşde geçer
11.06.2025 22:36
8.9k+
Transfermarkt La Liga klublarynyň düzüm bahalaryny täzeledi: “Real” – birinji, “Barselona” – ikinji
Transfermarkt portaly ispan La Ligasynyň klublarynyň düzümleriniň bahalary boýunça maglumatlary täzeledi. Reýtingde birinji orny oýunçylarynyň umumy bahasy 1,33 mlrd ýewro bolan Madridiň “Realy” eýeledi. “Barselona” 1,07 mlrd ýewro bilen ikinji orunda ýerleşdi
11.06.2025 16:17
9.3k+
“Mançester Siti” Reýndersi, Şerkini we Ait-Nurini alandygyny habar berdi
“Mançester Siti” dört sany täze oýunçy – goragçy Raýan Ait-Nuri, ýarymgoragçylar Tijani Reýnders we Raýan Şerki hem-de derwezeban Markus Bettinelli bilen şertnama baglaşandygyny habar berdi. Niderlandlaryň milli ýygyndysynyň 26 ýaşly oýunçysy Reýnders topara soňky iki möwsümde oýnan “Milan” klubundan geçdi
11.06.2025 15:58
7.4k+
“Mançester Siti” iki reňkli zolak bilen täze eşik toplumyny hödürledi
Angliýanyň “Mançester Siti” futbol kluby 2025/2026 möwsümi üçin myhmançylykda geýjek täze eşik toplumyny hödürledi. Germaniýanyň Puma sport brendi eşigiň dizaýnyny Nýu-Ýorkdan dizaýner we hudožnik Kolm Dilleýniň KidSuper studiýasy bilen hyzmatdaşlykda taýýarlady
11.06.2025 14:58
12k+
Braziliýa Dünýä çempionatlarynyň saýlama tapgyrlarynyň ählisinden geçmegi başaran ýeke-täk ýygyndy bolmagynda galýar
Braziliýanyň milli ýygyndysy Paragwaýy 1:0 hasabynda ýeňip, resmi taýdan 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýlelikde, Braziliýa ähli dünýä çempionatlarynyň saýlama tapgyryndan geçmegi başaran taryhda ýeke-täk milli ýygyndy bolmagynda galýar
11.06.2025 13:34
21k+
Özbegistanyň milli ýygyndysynyň futbolçylaryna DÇ-2026-a çykandygy üçin awtomobil sowgat berildi
Özbegistanyň milli ýygyndysy Aziýa yklymynda 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynyň üçünji tapgyrynyň jemleýji oýnunda Katary 3:0 hasabynda utdy. Topar taryhda ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy
11.06.2025 12:13
8.2k+
“Real” öz stadionyna bagyşlanan dizaýn bilen 2025/26 möwsüminiň eşik toplumyny görkezdi
Madridiň “Realy” adidas tarapyndan taýýarlanan 2025/26 möwsüminiň öý eşik toplumyny görkezdi. Dizaýn “Santýago Bernabeu” stadionynyň taryhyndan ylham alyp, klubuň mahsus reňklerini döwrebap tehnologiýalar bilen utgaşdyrýar
11.06.2025 11:32
15k+
Türkmenistanyň milli ýygyndysy Tailandyň derwezesine taryhynda iň çalt goluny geçirdi
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy-2027-niň üçünji saýlama tapgyrynyň ikinji oýnunda öz meýdanynda Tailandyň ýygyndy toparyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy. “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilen oýunda ýygyndy toparymyza ýeňiş getiren toplary Mihail Titow (1-nji minutda), Yhlas Saparmämmedow (37-nji) we Mekan Saparow (66-njy minutda) geçirdiler
10.06.2025 21:44
10k+
Ýamal Winisiusdan öňe geçip, Transfermarkt tarapyndan iň gymmat futbolçy diýlip saýlandy
“Barselonanyň” we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lamin Ýamal Transfermarkt portaly tarapyndan düzülen dünýäniň iň gymmat futbolçylarynyň reýtinginde birinji orny eýeledi. Täzelenen reýtingde 17 ýaşly oýunçynyň bahasy 180 mln ýewrodan 200 mln ýewro çenli artdy
10.06.2025 21:38
5.9k+
Hosep Gwardiola Mançester uniwersitetiniň hormatly doktorlyk derejesine mynasyp boldy
“Mançester Sitiniň” baş tälimçisi Hosep Gwardiola Mançester uniwersitetiniň hormatly doktorlyk derejesini aldy. Ol şäheriň ösüşine goşan goşandy we futboldan daşary işleri, şol sanda Guardiola Sala Foundation haýyr-sahawat gaznasynyň işi üçin sylaglandy
10.06.2025 15:35
7.3k+
“Interiň” baş tälimçisi klubuň öňki goragçysy Kristian Kiwu boldy
Milanyň “Inter” futbol kluby Kristian Kiwuny toparyň baş tälimçisi wezipesine belledi. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär. 44 ýaşly rumyniýaly hünärmen bilen şertnama 2027-nji ýylyň tomsuna çenli hereket eder
10.06.2025 15:27
8.5k+
Ançelotti milli ýygyndylaryň arasynda iň köp zähmet hakyny alýan tälimçi boldy
Karlo Ançelotti Madridiň “Realyndaky” tälimçi ygtyýarlyklaryny Habi Alonso berenden soň, tiz wagtdan Braziliýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçy boldy. Taraplaryň arasyndaky gepleşikler bir ýyldan köp dowam etdi. KHBS-iň maglumatlaryna görä, Ançelotti Braziliýa toparynyň başyna geçenden soň, ähli milli ýygyndylaryň arasynda iň köp zähmet hakyny alýan tälimçi boldy
09.06.2025 11:13
12k+
Portugaliýa penalti tapgyrynda Ispaniýany utup, Milletler ligasynyň ýeňijisi boldy
Portugaliýanyň milli ýygyndysy UEFA-nyň Milletler ligasynyň finalynda Ispaniýanyň toparyny utup, ýaryşda iki gezek ýeňiji bolan ilkinji topar boldy. Mýunhende geçirilen final oýnunyň esasy wagty 2:2 hasabynda tamamlandy
08.06.2025 23:21
9.6k+
Fransiýa Germaniýany utup, UEFA Milletler ligasynyň bürünç medallaryny aldy
UEFA-nyň Milletler ligasynyň üçünji orny ugrunda geçirilen duşuşykda Fransiýanyň milli ýygyndysy Germaniýany ýeňlişe sezewar etdi. Oýun 8-nji iýunda Ştutgartda geçirildi we Didýe Deşamyň şägirtleriniň peýdasyna 2:0 hasap bilen tamamlandy
08.06.2025 21:07
9.5k+
«Tottenhem» 17 ýyldan soň kluba ilkinji kubogyny gazandyryp beren tälimçisini wezipeden boşatdy
Enj Postekoglu Londonyň «Tottenhem» futbol klubunyň baş tälimçiliginden gitdi. 59 ýaşly gresiýaly hünärmeniň wezipeden boşadylandygy barada toparyň metbugat gullugy resmi taýdan habar berdi. Postekoglu «Tottenhemiň» Ýewropa ligasynda ýeňiş gazanmagyndan iki hepde soň işden boşadyldy
07.06.2025 13:34
15k+
«Barselona» Çempionlar ligasynda utuklaryndan mahrum edilip bilner
Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) «Barselona» maliýe fair play düzgünlerini gaýtadan bozandygy üçin berk çäre görüp biler. «Barselona», «Çelsi» we «Aston Willa» bilen baglanyşykly kararlaryň iýun aýynda mälim edilmegine garaşylýar diýip, «The Times» habar berýär
06.06.2025 15:41
9.1k+
Ispaniýa Fransiýany 5:4 hasabynda utup, yzygider üçünji gezek Milletler ligasynyň finalyna çykdy
Ispaniýanyň milli ýygyndysy UEFA-nyň Milletler ligasynyň ýarym finalynda Fransiýany 5:4 hasabynda utdy. Oýun Ştutgartda geçirildi. Oýnuň dowamynda ispanlar iki gezek hasapda dört gol tapawudy saklady (4:0 we 5:1), ýöne soňky minutlarda has rahatlanyp, fransuzlara tas kambek etmäge mümkinçilik beripdi
06.06.2025 15:38
15k+
Özbegistanyň milli ýygyndysy taryhda ilkinji gezek futbol boýunça dünýä çempionatyna çykdy
Özbegistanyň milli ýygyndysy öz taryhynda ilkinji gezek futbol boýunça dünýä çempionatyna çykdy. Topar 5-nji iýunda Birleşen Arap Emirlikleriniň milli ýygyndysy bilen geçirilen oýundan soň ýaryşda özüne ýer kepillendirdi
06.06.2025 09:30
11k+
Simone Indzagi “Al-Hilýalyň” başyna geçip, dünýäde iň köp zähmet hak alýan tälimçileriň biri boldy
Italiýaly hünärmen Simone Indzagi Saud Arabystanynyň “Al-Hilýal” futbol toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellendi. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär. 49 ýaşly hünärmen bilen şertnama 2026/27 möwsüminiň ahyryna çenli hereket eder
05.06.2025 16:35
14k+
Portugaliýa ikinji gezek Milletler ligasynyň finalyna çykdy. Ýarym finalda ol Germaniýany utdy
Portugaliýanyň milli ýygyndysy Milletler ligasynyň ýarym finalynda Germaniýanyň toparyny utdy. Duşuşyk Mýunhende geçirildi we portugaliýalylaryň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde gollary Fransişku Konseýsau we Kriştianu Ronaldu geçirdi
05.06.2025 10:14
11k+
IFAB penalti urgusynyň düzgünlerine täze düşündiriş girizdi
Halkara Futbol Assosiasiýalarynyň Geňeşi (IFAB) penalti urgusynyň düzgünlerini aýdyňlaşdyrdy. Olar guramanyň resmi saýtynda ýerleşdirildi. Düzgünlere görä, eger 11 metrlik urgy wagtynda topa iki gezek deglen we şol bir wagtyň özünde top derwezä giren bolsa, emin urgyny ikilenç bellemeli
05.06.2025 10:09
10k+
Goal “Altyn topa” dalaşgärleriň sanawyny täzeledi: oňa Hwiça we Due goşuldy
Goal internet neşiri 2025-nji ýylyň “Altyn top” baýragyna esasy dalaşgärleriň sanawyny täzeledi. Ilkinji onlukda Çempionlar ligasynyň finalyna gatnaşan Milanyň “Interiniň” ýekeje-de oýunçysy ýok. Ýaryşyň ýeňijisi “PSŽ” boldy
04.06.2025 16:12
8.9k+
“Inter” Simone Indzaginiň baş tälimçi wezipesinden gidendigini mälim etdi
Simone Indzagi ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda “Interiň” baş tälimçisi wezipesini terk etdi. Maglumat italýan klubunyň resmi saýtynda tassyklandy. Indzagi “Intere” 2021-nji ýylyň tomsundan bäri ýolbaşçylyk etdi
04.06.2025 16:10
10k+
Ýamal CIES tarapyndan dünýäniň iň gymmat futbolçysy diýlip atlandyryldy
Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lamin Ýamal Halkara sport gözlegleri merkeziniň (CIES Football Observatory) wersiýasy boýunça dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy. “Barselona” bilen täze şertnama baglaşandan soň, onuň transfer bahasy 402,3 mln ýewro diýlip hasaplandy
04.06.2025 08:16
11k+
UEFA 2025/26 möwsümiň öň ýanynda klublaryň täzelenen koeffisentli jedwelini neşir etdi
UEFA soňky bäş möwsümiň netijeleri boýunça täzelenen klub koeffisentleriniň reýtingini çap etdi. 2025/26 möwsüm başlamazyndan ozal bu sanawyň birinji basgançagynda Madridiň "Real" topary ýerleşýär. UEFA-nyň koeffisentleri klublaryň soňky bäş ýylda Ýewropa kuboklarynda gazanan üstünliklerini görkezýär
02.06.2025 12:20
11k+
UEFA Çempionlar ligasy 2024/25-iň iň gowy oýunçylaryny we simwolik toparyny kesgitledi
“Pari Sen-Žermeniň” hüjümçisi Usman Dembele 2024/2025 möwsüminiň Çempionlar ligasynyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň (UEFA) resmi saýtynda habar berilýär
02.06.2025 11:32
8.8k+
UEFA “PSŽ-e” €148,4 mln möçberde rekord pul baýragyny berer
Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Çempionlar ligasy möwsüminiň netijesi boýunça “PSŽ” fransuz klubuna 148,4 mln ýewro tölär. Bu barada X sosial ulgamynda Football Meets Data habar berýär. Bu mukdar 5:0 hasabynda tamamlanan “Inter” bilen final oýnundaky ýeňiş üçin 6,5 mln ýewrony öz içine alýar
02.06.2025 11:27
9.3k+
Çempionlar ligasynyň iň gowy bombardiri we iň gowy asistenti şol bir oýunçy boldy
Fransiýanyň “Pari Sen-Žermeni” UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň finalynda Milanyň “Interini” 5:0 hasabynda utdy. 2024/2025 möwsüminiň tamamlanmagy bilen ýaryşyň iň gowy bombardirleri we iň gowy assistentleri (gol pasyny berenler) kesgitlendi
02.06.2025 11:23
5.8k+
“PSŽ” we “Tottenhem” UEFA-nyň Superkobugy ugrunda bäsleşer
2025-nji ýylda UEFA-nyň Superkubogy ugrunda Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” kluby bilen Angliýanyň “Tottenhemi” duşuşar. Bu oýun, adatça, täze möwsüm başlamazdan öň geçirilýär. Onda Çempionlar ligasynyň ýeňijisi bilen Ýewropa ligasynyň ýeňijisi duşuşýar
01.06.2025 13:47
4.2k+
“Liwerpul” “Baýer” toparyndan Žeremi Frimpong bilen gol çekişdi
“Liwerpul” Lewerkuzeniň “Baýeriniň” sag goragçysy Žeremi Frimpongyň topara geçendigini resmi taýdan yglan etdi. Klubuň web sahypasynda 24 ýaşly niderlandly futbolçynyň iňlis kluby bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşandygy habar berildi
01.06.2025 02:49
16k+
“PSŽ” “Interi” uly hasap bilen utup, ilkinji gezek Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy
Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” futbol kluby ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Mýunhendäki “Alýans Arena” stadionynda geçirilen final oýnunda Luis Enrikäniň topary “Interi” 5:0 hasabynda utdy. Hasaby 12-nji minutda parižlileriň goragçysy Aşraf Hakimi açdy
31.05.2025 17:28
6.3k+
Ronaldinýo «Rematch» futbol simulýatorynyň ilçisi boldy
Meşhur braziliýaly futbolçy Ronaldinýo täze «Rematch» futbol simulýatorynyň ilçisi boldy. Ol oýny döreden studiýanyň edarasyna baryp, simulýatory hut özi synap gördi. Taslamanyň topary Ronaldinýonyň saparyndan wideo paýlaşdy
31.05.2025 10:59
3.9k+
Massimiliano Allegri ýene-de “Milana” tälimçi bellendi
Italýan futbol kluby “Milan” Massimiliano Allegriniň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini habar berdi. Ýylyň başynda “Milana” ýolbaşçy bolan portugaliýaly hünärmen Seržiu Konseýsau bir gün öň işden çykaryldy
31.05.2025 10:54
6.3k+
“Real” Trent Aleksandr-Arnoldyň geçendigini resmi taýdan yglan etdi
Madridiň “Realy” “Liwerpulyň” ýetişdiren oýunçysy we Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Trent Aleksandr-Arnoldyň topara geçendigini resmi taýdan yglan etdi. Futbolçy bilen şertnama 2031-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli möhlet bilen baglaşyldy
30.05.2025 13:03
13k+
Ýewropanyň iň gymmat futbol klublarynyň reýtingi düzüldi
Football Benchmark Group agentligi Ýewropada bazar bahasy ýokary bolan klublaryň reýtingini düzdi. Sanawda öňdebaryjy Madridiň “Realy” boldy. Onuň bahasy 6,3 mlrd ýewro barabar. Bloomberg “patyşalyk klubunyň” girdejileriniň “Bernabeu” stadionynyň durkunyň täzelenmegi netijesinde ep-esli artandygyny belleýär
30.05.2025 12:27
4.7k+
Alwaro Arbeloa “Realyň” ýaşlar toparyna baş tälimçi bellendi
Madridiň “Realynyň” öňki goragçysy Alwaro Arbeloa klubuň ýaşlar topary “Kastilýa” ýolbaşçy boldy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär. 42 ýaşly ispaniýaly ýaşlaryň tälimçisi wezipesinde 2019-njy ýyldan bäri topara ýolbaşçy bolan Rauly çalyşdy
29.05.2025 12:16
6.5k+
“Çelsi” Konferensiýalar ligasynyň finalynda “Betisi” utdy
Penşenbe gününe geçilen gije Polşanyň Wroslaw şäherinde UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň final oýny geçirildi. Kubok ugrunda Ispaniýanyň “Betis” topary bilen Angliýanyň “Çelsisi” bäsleşdi. London kluby 4:1 hasabynda ýeňiş gazandy
28.05.2025 23:06
5k+
“Liwerpulyň” tälimçisi Arne Slot jenap Aleks Fergýuson adyndaky baýragy aldy
“Liwerpulyň” baş tälimçisi Arne Slot Menejerler assosiasiýasy (LMA) tarapyndan ýylyň tälimçisi diýlip ykrar edildi. Ol “Mançester Ýunaýtediň” öňki tälimçisi Aleks Fergýusonyň hormatyna atlandyrylan baýragy aldy
«
1
…
19
20
21
…
76
»
«
1
…
16
17
18
19
20
21
22
23
24
…
76
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.