UEFA 2025/26 möwsümiň öň ýanynda klublaryň täzelenen koeffisentli jedwelini neşir etdi

04.06.2025, 08:1611,945

UEFA soňky bäş möwsümiň netijeleri boýunça täzelenen klub koeffisentleriniň reýtingini çap etdi. 2025/26 möwsüm başlamazyndan ozal bu sanawyň birinji basgançagynda Madridiň "Real" topary ýerleşýär.

UEFA-nyň koeffisentleri klublaryň soňky bäş ýylda Ýewropa kuboklarynda gazanan üstünliklerini görkezýär. Bu görkeziji Çempionlar ligasynyň we Ýewropa ligasynyň bije çekilişinde sebetleriň düzülmegine, şeýle-de klubuň ýaryşa haýsy tapgyrdan başlajakdygyna täsir edýär. Koeffisent näçe ýokary bolsa, ýeňil garşydaşlar bilen duşuşmak mümkinçiligi şonça ýokary bolýar. Mundan başga-da, ýokary reýting klubuň baýrak pullaryndan, teleýaýlym hukuklaryndan we hemaýatkärlik şertnamalaryndan alýan girdejisini hem artdyrýar.
UEFA-nyň koeffisenti boýunça ilkinji 25 klubuň sanawy:

  1. Real (Ispaniýa) – 143,5
  2. Mançester Siti (Angliýa) – 137,75
  3. Bawariýa (Germaniýa) – 135,25
  4. Liwerpul (Angliýa) – 125,5
  5. PSŽ (Fransiýa) – 118,5
  6. Inter (Italiýa) – 116,25
  7. Çelsi (Angliýa) – 109
  8. Borussiýa Dortmund (Germaniýa) – 106,75
  9. Roma (Italiýa) – 104,5
  10. Barselona (Ispaniýa) – 103,25
  11. Mançester Ýunaýted (Angliýa) – 102,5
  12. Arsenal (Angliýa) – 98
  13. Baýer (Germaniýa) – 95,25
  14. Atletiko (Ispaniýa) – 93,5
  15. Benfika (Portugaliýa) – 87,75
  16. Atalanta (Italiýa) – 82
  17. Willarreal (Ispaniýa) – 82
  18. Portu (Portugaliýa) – 79,75
  19. Milan (Italiýa) – 78
  20. Leýpsig (Germaniýa) – 78
  21. Lasio (Italiýa) – 76
  22. Ýuwentus (Italiýa) – 74,25
  23. Aýntraht (Germaniýa) – 74
  24. Brýügge (Belgiýa) – 71,75
  25. Reýnjers (Şotlandiýa) – 71,25
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.