“PSŽ” we “Tottenhem” UEFA-nyň Superkobugy ugrunda bäsleşer

02.06.2025, 06:235,834

2025-nji ýylda UEFA-nyň Superkubogy ugrunda Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” kluby bilen Angliýanyň “Tottenhemi” duşuşar. Bu oýun, adatça, täze möwsüm başlamazdan öň geçirilýär. Onda Çempionlar ligasynyň ýeňijisi bilen Ýewropa ligasynyň ýeňijisi duşuşýar.

1-nji iýuna geçilen gije “PSŽ” Çempionlar ligasynyň finalynda Italiýanyň “Interini” ynamly utdy. Duşuşyk ýaryşyň finaly üçin rekord 5:0 hasabynda tamamlandy (mundan öň ýekeje klub hem Ýewropanyň esasy klub ýaryşynyň finalynda bäş gol tapawudy bilen ýeňiş gazanmandy).
22-nji maýa geçilen gije “Tottenhem” Ýewropa ligasynyň kubogyny aldy. Ol final oýnunda “Mançester Ýunaýtedi” 1:0 hasabynda utdy.
Superkubogyň häzirki ýeňijisi Madridiň “Realydyr”. 2024-nji ýylyň 14-nji awgustynda topar “Atalantany” 2:0 hasabynda utdy. Duşuşyk Warşawadaky (Polşa) “Narodowy” stadionynda geçirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.