Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Serdar Berdimuhamedow
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Serdar Berdimuhamedow
02.03.2026 23:06
6.5k+
Serdar Berdimuhamedow häkimlere ýazky meýdan işleri boýunça tabşyryklary berdi
2-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk meselelerine gözegçilik edýän orunbasary T. Atahallyýewiň we welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi
28.02.2026 14:08
4.3k+
Döwlet Baştutany 2052-nji ýyla çenli ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň strategiýasyny taýýarlamagy tabşyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026–2052-nji ýyllar üçin Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň Milli strategiýasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Degişli tabşyryk anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde berildi diýip, TDH habar berýär
28.02.2026 12:54
13k+
Köp çagaly enelere 8-nji mart baýramy mynasybetli täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşurylar
Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, şeýle hem welaýatlarda baýramçylyk dabaralary geçiriler. Olaryň çäginde sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň nyşanlary we döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşurylar
25.02.2026 14:24
2.5k+
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini Milli güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha we ýurduň halkyna Kuweýt Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady
24.02.2026 04:29
1.6k+
Serdar Berdimuhamedow Estoniýanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karise we ýurduň halkyna milli baýram — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny ýollady. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berdi
24.02.2026 00:15
5k+
Döwlet Baştutany ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk barada tabşyryklary berdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T. Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler barada iş maslahatyny geçirdi
23.02.2026 10:12
4.8k+
Türkmenistanyň Prezidenti Bruneýiň Soltanyny we halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bruneý-Darussalam Döwletiniň Soltany Hajy Hassanal Bolkiaha ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada 23-nji fewralda TDH döwlet habarlar agentligi habar berdi
21.02.2026 12:02
9k+
Türkmenistanyň aýal-gyzlaryna 60 manat möçberinde pul sowgatlary 2-6-njy mart aralygynda gowşurylar
Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň aýal-gyzlaryna döwlet Baştutanynyň adyndan 60 manat möçberinde pul sowgatlary gowşurylar. Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekdi diýip, TDH habar berýär
21.02.2026 02:05
6.9k+
Türkmenistanda mart aýynda geçiriljek çäreleriň Tertibi mälim edildi
Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda, hususan-da, baharyň birinji aýy üçin meýilleşdirilen medeni çäreleriň Tertibi hödürlendi diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berýär
21.02.2026 01:58
25k+
Döwlet Baştutany Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek baradaky teklibi makullady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek baradaky teklibi makullady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümetiň nobatdaky mejlisiniň dowamynda hasabat bilen çykyş eden wise-premýer B
21.02.2026 01:46
2.6k+
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG bilen 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlyk meýilnamasyny tassyklady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyny makullady. Bu barada anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri boýunça «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi
21.02.2026 01:43
10k+
Türkmenistanyň Prezidenti ýaşlary Rumyniýa okuwa ibermek baradaky teklibi makullady
Prezident Serdar Berdimuhamedow 2026–2027-nji okuw ýylynda türkmen ýaşlaryny Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa ibermek baradaky teklibi makullady diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berýär. Bu baradaky maglumat sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde mälim edildi
21.02.2026 01:40
6.8k+
Türkmenistanyň zenanlary Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny alar
Prezident Serdar Berdimuhamedow 20-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurduň zenanlaryna pul sowgatlaryny bermek hakyndaky Buýruga gol çekdi
20.02.2026 09:03
4.4k+
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini wezipä gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow hanym Sanae Takaitä Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Gutlag hatynda Döwlet Baştutany Tokio şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň ilkinji sammitiniň çäklerindäki duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi
18.02.2026 12:46
3.7k+
Türkmenistanyň Prezidenti diplomatik gullugynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady
Şu gün Türkmenistanda diplomatik işgärleriň güni bellenilip geçilýär. Bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň diplomatik gullugynyň işgärlerine gutlag hatyny iberdi. Gutlag hatynyň teksti resmi türkmen metbugatynda neşir edildi
17.02.2026 06:17
3.7k+
Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygyny Bahar baýramy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we dostlukly ýurduň halkyna Bahar baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär
17.02.2026 05:42
5.3k+
Türkmenistanyň Prezidentine BSGG-niň ýörite sylagy gowşuryldy
16-njy fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebiti boýunça direktory Hans Henri P.Klýugeni kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Hans Henri P
16.02.2026 11:26
1.1k+
Serdar Berdimuhamedow Litwanyň Prezidentini ýurduň milli baýramy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Litwa Respublikasynyň Prezidenti Gitanas Nauseda we ýurduň ähli halkyna Litwa döwletiniň dikeldilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi
16.02.2026 11:25
1.2k+
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýanyň Döwlet güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Serbiýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli Prezident Aleksandr Wuçiçe we ýurduň ähli halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habarlar agentligi habar berýär
14.02.2026 23:32
16k+
Ýanwar aýynyň jemlerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
14-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi
14.02.2026 23:20
36k+
Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri täzelendi
General-maýor Nazar Muhammetmyradowiç Atagaraýew, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä general-maýor Döwletgeldi Gurbangeldiýewiç Meredow bellenildi
14.02.2026 15:52
15k+
Oba hojalyk pudagynda wezipeler kesgitlenildi we ýolbaşçylar bellenildi
Türkmenistanyň oba hojalyk pudagy täze işgärler düzümi we 2026-njy ýyl üçin anyk meýilnamalar bilen täze önümçilik tapgyryna girişýär. Degişli çözgütler döwlet Baştutany tarapyndan geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda kabul edildi
14.02.2026 15:23
12k+
2026-njy ýylda Türkmenistanda 900 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýy ulanmaga berler
2026-njy ýylda Türkmenistanda umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti anna güni geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde aýtdy
14.02.2026 14:54
4.6k+
Türkmenistanda 2026-njy ýylda 3 million düýp nahal ekiler
Türkmenistanda 2026-njy ýylyň dowamynda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň üç million düýp nahalyny ekmek meýilleşdirilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara 13-nji fewralda geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekdi diýip, TDH habar berýär
14.02.2026 12:26
16k+
Aşgabat şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeler geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Aşgabat şäheriniň häkimliginiň we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleri geçirip, degişli Kararlara gol çekdi
14.02.2026 12:09
23k+
Türkmenistanyň welaýatlarynda birnäçe etraplaryň häkimleri täzelendi
Prezident Serdar Berdimuhamedow 13-nji fewralda, anna güni geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň birnäçe etraplarynyň häkimlerini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky resminamalara gol çekdi
14.02.2026 12:04
15k+
Türkmenbaşy, Mary we Türkmenabat şäherleriniň häkimleri täzelendi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda welaýat merkezi bolan şäherleriň häkimlerinde wezipe üýtgeşmelerini geçirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda: Kakageldi Atajanowiç Saryýew Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy
14.02.2026 10:55
16k+
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri täzelendi
Myrat Akmyradowiç Mämmedow pensiýa gitmegi sebäpli Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinden boşadyldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde yglan edildi
14.02.2026 10:34
16k+
Türkmenistanda Awtomobil ýollary ministrligi döredildi
13-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awtomobil ýollary ministrligini döretmek baradaky Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi
14.02.2026 09:53
7.1k+
«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze başlyk bellenildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Resul Annaçaryýewiç Myradowy «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesine belledi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Şol bir wagtda Myradow senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy
14.02.2026 09:23
7.5k+
«Altyn asyr» teleradioýaýlymynyň başlygy pensiýa gitmegi sebäpli wezipesinden boşadyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow O.Hojanazarowy pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşatdy
14.02.2026 09:00
7.8k+
Daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Çarygeldi Gurbangeldiýewiç Babanyýazowy daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşatdy. Babanyýazow bu wezipäni 2023-nji ýylyň iýul aýyndan bäri ýerine ýetirýärdi
14.02.2026 08:41
23k+
Hökümet Başlygynyň orunbasary wezipesinde Mämmethan Çakyýewiň ýerine Batyr Annaýew bellenildi
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyp, degişli resminamalara gol çekdi
14.02.2026 07:31
15k+
Ylym, bilim, sport we saglygy goraýyş toplumyna täze wise-premýer bellenildi
Baýramgül Orazdurdyýewa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport, ýaşlar we jemgyýetçilik toplumyna jogap berýän orunbasary wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gelen bu karary barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi
14.02.2026 07:09
12k+
Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşadyldy
Aşyrguly Begliýew pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşadyldy. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda yglan etdi, diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi
14.02.2026 06:38
13k+
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna gözegçilik edýän täze wise-premýer bellenildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumy boýunça orunbasary Batyr Amangeldiýewiç Amanowy wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutany bu çözgüdi Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda yglan etdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi
14.02.2026 06:06
13k+
2025-nji ýylyň jemleri boýunça Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi
13-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisiň dowamynda 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi we 2026-njy ýylda ileri tutuljak wezipeler kesgitlenildi
11.02.2026 11:52
5.6k+
Serdar Berdimuhamedow Eýrany milli baýramy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we ýurduň halkyna milli baýram — Ynkylap güni mynasybetli gutlag hatyny ýollady. Bu barada TDH habar berýär
11.02.2026 11:51
3.1k+
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Duşuşygyň başynda myhman Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi diýip, TDH habar berýär
10.02.2026 10:44
8.6k+
Serdar Berdimuhamedow ýazky ekişi geçirmek boýunça wezipeleri belledi
Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk toplumyny ösdürmek we sebit maksatnamalaryny ýerine ýetirmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi. Maslahata oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T
«
1
…
3
4
5
…
88
»
«
1
2
3
4
5
6
7
8
…
88
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.