Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Serdar Berdimuhamedow
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Serdar Berdimuhamedow
09.02.2026 09:06
13k+
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife Yslamabat şäherindäki metjitde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren partlama zerarly gynanç hatyny iberdi
07.02.2026 12:58
17k+
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň geçiriljekdigini aýtdy: ýylyň jemleri jemlener
Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň jemleri boýunça geljek hepdede Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň geçiriljekdigini habar berdi. Onda 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerini jemlemek, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini, şeýle hem ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişini we beýleki meseleleri gözden geçirmek meýilleşdirilýär
06.02.2026 23:48
9.8k+
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde ýanwar aýynda durmuş-ykdysady ösüşiň jemleri jemlendi
Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi
04.02.2026 09:46
1.7k+
Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lankanyň döwlet Baştutanyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. TDH-nyň habar
03.02.2026 05:55
9.3k+
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatynda oba hojalyk meseleleri we gurluşyklary ara alyp maslahatlaşdy
2-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde
31.01.2026 01:38
1.2k+
Magtymguly adyndaky TDU-nyň «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» elektron žurnaly dörediler
30-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» atly täze ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalyny döretmek baradaky teklibi hödürledi
27.01.2026 09:02
6.6k+
Türkmenistanyň Prezidenti Watan goragçylaryny baýramçylyk bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow 27-nji ýanwarda harby gullukçylary we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini Watan goragçylarynyň güni bilen gutlady
27.01.2026 00:12
10k+
Türkmenistanyň Prezidenti gyş möwsüminde durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň durnukly işini üpjün etmegi tabşyrdy
26-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T. Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
26.01.2026 11:06
4.5k+
Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň Prezidentini Respublika güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa ýurduň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär
25.01.2026 11:12
14k+
Serdar Berdimuhamedow Saýat etrabynda harby bölümleriň täze binalar toplumynyň açylyşyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda harby bölümleriň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
24.01.2026 09:15
3.4k+
«Türkmenturba» zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge degişli teklipler makullandy
Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Türkmenturba» zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge degişli teklipleri makullady. Degişli teklipleri wise-premýer B.Annamämmedow 23-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde hödürledi
24.01.2026 09:13
2.5k+
Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalary işläp taýýarlanylar
Türkmenistanda emeli aň ulgamyny düzgünleşdirmek üçin kadalaşdyryjy binýady döretmek boýunça işler durmuşa geçiriler. Ministrler Kabinetiniň 23-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalaryny işläp taýýarlamak, şeýle hem degişli subýektleriň özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek baradaky teklip hödürlenildi
24.01.2026 04:08
2.1k+
Raşid Meredow Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça teklipleri hödürledi
23-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşyda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Hökümeti bilen bu guramanyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» çäklerinde hyzmatdaşlyk alnyp baryldy
24.01.2026 03:55
4.7k+
Mart aýynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 3-si halkara internet olimpiadalaryny geçirer
2026-njy ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde halkara olimpiadalar geçiriler. Bu barada anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Orazdurdyýewa hasabat berdi. Hususan
24.01.2026 03:48
29k+
Fewral aýynda Türkmenistanda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi yglan edildi
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Seýidowa şu ýylyň fewral aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geljek aýyň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz
24.01.2026 03:40
7.1k+
Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» makullady
23-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasyny hödürledi
24.01.2026 03:18
4.6k+
Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň wekiliýetini kabul etdi
23-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň goşun ministri Deniýel Driskolly hem-de ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gory kabul etdi
22.01.2026 11:10
11k+
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby gullukçylar medallar bilen sylaglanyldy
Prezident Serdar Berdimuhamedow Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň bir toparyny Türkmenistanyň medallary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi
22.01.2026 01:04
2.5k+
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady
21-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory Suý Dunýuýy kabul etdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Duşuşygyň barşynda bellenilişi
22.01.2026 00:48
13k+
Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylyň netijelerine seretdi
21-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi hem-de şu ýylda bu düzümleriň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi
22.01.2026 00:16
19k+
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy wezipesinden boşadyldy
Ý.Nuryýew, başga işe geçýändigi sebäpli, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy, serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesinden boşadyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli resminama 21-nji ýanwarda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisiniň barşynda gol çekdi
21.01.2026 10:24
3.4k+
Türkmenistanyň Prezidenti SPEKA hepdeliginiň çäklerinde Ykdysady foruma gatnaşyjylary gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow SPEKA hepdeliginiň çäklerinde Ykdysady foruma gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Türkmenistanyň Prezidenti gutlagynda «Garaşsyz
19.01.2026 23:11
7.3k+
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Şu gün, 19-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy
17.01.2026 11:10
8.3k+
Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoly döwrebaplaşdyrylar
16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Çakyýew Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak babatda taýýarlanan teklibi Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürledi. Bellenilişi
17.01.2026 09:02
9.7k+
Türkmenistanyň Prezidenti protokol gullugynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen teklipleri goldady
16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň protokol gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi
17.01.2026 08:54
4.2k+
Türkmenistanda söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş topary dörediler
Türkmenistanda söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş toparyny döretmek babatda degişi işler alnyp barylýar. Bu barada wise-premýer N.Atagulyýew Hökümet mejlisinde habar berdi. Hususan-da, wise-premýer ýurdumyzyň goşulyşan Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde serhetüsti söwdany ýeňilleşdirmek hakynda çarçuwaly Ylalaşygy ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi
17.01.2026 08:47
5.6k+
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler
16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi
17.01.2026 08:43
4.3k+
Serdar Berdimuhamedow SPECA hepdeligini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada wise-premýer H
13.01.2026 10:20
6.7k+
Türkmenistanyň Prezidenti häkimler bilen oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleri maslahatlaşdy
12-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy
10.01.2026 11:59
17k+
Serdar Berdimuhamedow wise-premýerleriň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullady
9-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň 2026-njy ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda wise-premýerler garamagyndaky pudaklarda 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdiler
08.01.2026 16:50
15k+
Donald Tramp Serdar Berdimuhamedowy Täze ýyl bilen gutlady
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Täze ýyl baýramy bilen gutlady. Gutlag hatynyň tekstini TDH döwlet habarlar agentligi çap etdi. «Roždestwo we Täze ýyl baýramyňyz gutly bolsun
08.01.2026 16:30
8.9k+
Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda welaýatlarda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasyny tassyklady
Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlar boýunça 2026-njy ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasyny tassyklady. Karara laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna
06.01.2026 13:57
12k+
Türkmenistanyň Prezidenti häkimler bilen möwsümleýin oba hojalyk işleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
5-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy
05.01.2026 12:32
3.9k+
Serdar Berdimuhamedow Frank-Walter Ştaýnmaýeri 70 ýaş toýy bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere şanly 70 ýaş toýy mynasybetli, tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli berkidilýär we mazmun taýdan baýlaşdyrylýar
05.01.2026 12:16
3.5k+
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýanyň täze Prezidentini wezipesine girişmegi bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Gi Parmeline Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli, tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gi Parmeline berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de Şweýsariýanyň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň, gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi
01.01.2026 18:33
2.1k+
Türkmenistanyň Prezidenti Kubanyň halkyny ýurduň milli baýramy bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Mario Dias-Kanel Bermudese ýurduň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden
01.01.2026 18:28
5.9k+
Türkmenistanda resmi taýdan GDA-da başlyklyk edip başlady
2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň edaralarynda başlyklyk Täjigistandan Türkmenistana geçdi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Aşgabat Guramanyň mümkinçilikleriniň iň ýokary derejede amala aşyrylmagyna ýardam bermegi meýilleşdirýär
01.01.2026 18:00
12k+
Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Täze - 2026-njy ýyl bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy bilen ýüzlendi. "2026-njy ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýyly. Türkmen halky öz arzuwlaryny, belent maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrýar
31.12.2025 13:25
18k+
Serdar Berdimuhamedow pagtanyň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça karara gol çekdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri ýokary hilli geçirmek arkaly pagtanyň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen, Karara gol çekdi
29.12.2025 10:54
16k+
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasyna bardy
27-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Joşgunly aýdym-sazlaryň astynda Prezident Serdar Berdimuhamedow çagalar bilen bilelikde ajaýyp Täze ýyl arçasynyň ýanyna bardy
«
1
…
4
5
6
…
88
»
«
1
2
3
4
5
6
7
8
9
…
88
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.