«Türkmenturba» zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge degişli teklipler makullandy

24.01.2026, 04:153,398

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Türkmenturba» zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge degişli teklipleri makullady.

Degişli teklipleri wise-premýer B.Annamämmedow 23-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde hödürledi.
Wise-premýer “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, konserniň “Türkmenturba” zawodynyň önümçiligini bökdençsiz işletmek we ony tehnologik kadalara laýyklykda dolandyrmak maksady bilen, önümçilikde zerur bolan enjamlar, himiýa önümleri bilen öz wagtynda üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.